Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykaryň

Öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykaryň

«Öňki häsiýetleriňizi işleri bilen birlikde egniňizden çykaryň». KOL. 3:9

AÝDYMLAR: 52, 54

1, 2. Adamlar Ýehowanyň Şaýatlary hakda näme diýýärler?

ÝEHOWANYŇ gullukçylarynyň ajaýyp häsiýetleri adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Meselem, Anton Gill atly alym II Jahan urşy döwründe ýaşan dogan-uýalar hakda şeýle ýazdy: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň özüni alyp barşy, esasan-da, faşistleriň ünsüni özüne çekipdir... 1939-njy ýylda olaryň 6 müň sanysyny (konslagerlere) ugradýarlar». Şeýle-de ol Şaýatlaryň ýowuz yzarlamalara garamazdan, «dowla düşmändiklerini (agyr ýagdaýda rahatlygy saklandyklaryny), ynamdar, wepaly hem-de agzybir bolandyklaryny» aýdýar.

2 Ýaňy-ýakynda Günorta Afrikada Hudaýyň halkynyň gowy häsiýetleri adamlary özüne çekýändiklerini aýtdylar. Bir wagtlar Afrikada Ýehowanyň garaýagyz we akýagyz Şaýatlary bir-biri bilen arkaýyn gatnaşyk edip bilmeýärdiler. Emma 2011-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ýekşenbe güni Günorta Afrikadan we goňşy ýurtlardan gelen 78 müňden gowrak dogan-uýalarymyz ak hem-de garaýagyzdyklaryna garamazdan, Ýohannesburg şäheriniň uly stadionynda kongresi diňlemek üçin ýygnanyşdylar. Stadionyň gözegçileriniň biri olar hakda şeýle diýdi: «Bu stadionda şeýle gowy häsiýetli adamlary men öň hiç haçan görmändim. Siziň baryňyz arassa geýnipsiňiz, stadiony-da gaty gowy arassalapsyňyz. Iň täsin zat bolsa, siz dürli-dürli milletli halk ekeniňiz».

3. Hudaýyň gullukçylary beýleki adamlardan nämede tapawutlanýar?

3 Şeýle öwgüli sözler dogan-uýalaryň beýleki adamlardan tapawutlanýandygyny görkezýär (1 Pet. 5:9). Eýsem, biz olardan nämede tapawutlanýarys? Mukaddes Ýazgylaryň we Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, biz «öňki häsiýetlerimizi... egnimizden çykaryp», ýerine «täze häsiýetleri geýmek» üçin jan edýäris (Kol. 3:9, 10).

4. Şu makalada nämä serederis we näme üçin?

4 Öňki häsiýetleriňi diňe bir egniňden çykarman, eýsem, olardan daşda durmaly. Biz şu makalada olary näme üçin haýal etmän we nädip egnimizden çykarmalydygy hem-de kök urandygyna garamazdan, erbet häsiýetlerden doly dynyp bolýandygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de ençeme ýyl bäri Ýehowa gulluk edip gelýän mesihçileriň hem öňki häsiýetlerini egninden çykarmak üçin näme edip biljekdigine serederis. Bu näme üçin wajyp? Gynansak-da, mesihçileriň käbiri hüşgärligi elden berip, öňki ýaşaýşyna dolandylar. Şol sebäpli biz: «Berk durandyryn diýip pikir edýän adam ýykylmagyndan seresap bolsun» diýen maslahata ýürekden eýermeli (1 Kor. 10:12).

«AHLAKSYZLYGA» ITERÝÄN ISLENDIK HÖWESI «ÖLDÜRIŇ»

5. a) Öňki häsiýetleri egniňden çykarmagyň wajypdygyny mysal arkaly düşündiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Koloslylar 3:5—9-njy aýatlara görä öňki häsiýetlere nämeler degişli?

5 Eger siziň egin-eşigiňiz hapalanan, hatda ondan ýakymsyz ys gelýän bolsa näme ederdiňiz? Elbetde, ony egniňizden çaltrak çykarsaňyz gerek. Hudaýa ýaramaýan endiklerden dynmalydygy baradaky tabşyryga-da haýal etmän eýermeli. Biz Pawlus resulyň öz döwründäki mesihçilere ýazan görkezmesine eýermek isleýäris. Geliň, häzir Pawlusyň agzan günäli höwesleriniň ikisine, ýagny ahlaksyzlyk we hapalyk barada gürrüň edeliň (Koloslylar 3:5—9-njy aýatlary okaň).

6, 7. a) Pawlusyň sözleri öňki häsiýetleriňi egniňden çykarmak üçin aýgytly göreş alyp barmalydygyny nädip görkezýär? b) Sakura öň nähili durmuş alyp barýardy we oňa özgermäge näme kömek etdi?

6 Ahlaksyzlyk. «Ahlaksyzlyk» diýip terjime edilen grek sözi ýanýoldaşyň bolmadyk adam bilen jynsy gatnaşyk etmegi aňladýar. Şeýle-de azgyn erkekler, beçebazlar göz öňünde tutulýar. Pawlus resul mesihçilere «beden agzalaryňyzdaky» höwesleri «öldürmegi», ýagny ahlaksyzlyga eltýän islendik höwesi ýok etmelidigini aýtdy. Pawlusyň sözleri erbet höwesleri aýyrmak üçin aýgytly göreş alyp barmalydygyny aýdyň görkezýär. Ýöne biz bu söweşde ýeňiş gazanyp bileris.

7 Geliň, ýaponiýaly Sakura * uýa bilen bolan waka seredeliň. Ol kiçilikden göwnüçökgünlik we ýekelik duýgusy bilen göreşýärdi. Duýgularyny ýeňmek üçin, ol 15 ýaşynda ahlaksyzlyga baş goşýar. Sakura şeýle gürrüň berýär: «Men üç sapar çagamy aýyrtdym. Ahlaksyzlyk edip başlanymda, men özümi gerekli, söýülýän ýaly görýärdim we ýekelik duýgymy ýeňendirin öýdýärdim. Emma ahlaksyzlyk etdigim saýyn, özümi öňküdenem dereksiz duýup başladym». Sakura 23 ýaşyna çenli şeýle durmuşy alyp barýar. Emma soňra Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlaýar. Öwrenen zatlary Sakura ýaraýar we ol Ýehowanyň kömegi bilen özüni günäkärlemek duýgusyny ýeňip, ahlaksyz durmuşyny taşlaýar. Häzir ol pioner bolup gulluk edýär we özüni ýeke duýmaýar. Ol şeýle diýýär: «Ýehowa meni her gün mähirli söýgüsi bilen çoýýar».

HAPA IŞLERDEN SAPLANYŇ

8. Hudaý nähili işleri hapa hasaplaýar?

8 Hapalyk. «Hapalyk» diýip terjime edilen grek sözi ahlaksyzlyk etmekden has köp zady aňladýar. Oňa çilim çekmek ýaly zyýanly endikler we ýerliksiz degişmeler degişli (2 Kor. 7:1; Efes. 5:3, 4). Şeýle-de ahlaksyz höwesleri oýarýan kitaplary okamak we pornografiýa görmek ýaly hapa işleri hem öz içine alýar. Bular masturbasiýa etmeklige eltip bilýär * (Kol. 3:5).

9. «Erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleriňi» iýmitlendirmegiň netijesi nähili bolýar?

9 Pornografiýa görmegi endik edinen adamlar «erk edip bolmaýan ahlaksyz isleglerini» iýmitlendirýärler. Netijede, olar ahlaksyz işleriň guly bolýarlar. Maglumatlara görä, pornografiýanyň küýüne düşen adamlar arakkeş we neşekeşler ýaly erbet höwesini kanagatlandyrmasalar, oňup bilmeýärler. Olar özüňi günäkärlemek, işiňe ünssüz bolmak, maşgalanyň bagtyny ýatyrmak, aýrylyşmak, janyňa kast etmek ýaly zatlardan ejir çekýärler. Pornografiýa görmek endigini goýan bir adam şeýle diýýär: «Men gaty pese düşüpdim, ýöne ýene-de mertebämi dikeldip bildim».

10. Ribero pornografiýa görmek endigini nädip taşlady?

10 Köp adamlara pornografiýa görmek endigine garşy göreşmek kyn bolýar. Emma Braziliýada ýaşaýan Ribero muňa hötde gelip bildi. Ol ýetginjekkä, öýünden gidýär we kagyzy gaýtadan işläp çykarýan zawoda işe girýär. Ol ýerde Ribero ahlaksyz suratlary köp görýärdi. Ol şeýle ýatlaýar: «Gynansam-da, men pornografiýanyň toruna düşdüm. Pornografiýa görmek islegimi kanagatlandyrmak üçin hatda bile ýaşaşýan aýalymy hem taşladym». Bir gezek Ribero zyňlan kagyzlaryň içinde birgiden kitaplara gözi düşýär. «Maşgala bagtynyň syry» atly kitap onuň ünsüni çekýär. Ol kitaby alyp okaýar. Okan zatlary ony Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçmäge höweslendirse-de, erbet endigini taşlaýança ençeme wagt gerek bolýar. Oňa näme kömek etdikä? Ribero şeýle gürrüň berýär: «Doga etmek, Mukaddes Ýazgylary öwrenip, bilen zatlarymyň üstünde oýlanmak, Hudaýyň häsiýetlerine bolan minnetdarlyk Ýehowa söýgimi şeýle bir artdyrdy welin, pornografiýa bolan islegimdenem üstün çykdy». Hudaýyň Sözüniň we mukaddes ruhunyň kömegi bilen, Ribero öňki häsiýetlerini egninden çykaryp, suwa çümdürilýär. Häzir ol ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýär.

11. Pornografiýanyň torundan azat bolmak üçin näme etmeli?

11 Üns beren bolsaňyz, Ribero Mukaddes Ýazgylary öwrenmek bilen çäklenmedi. Ol Ýazgylardaky habaryň ýüregine täsir etmegi üçin wagt sarp edýärdi. Doga edip we öwrenen zatlarynyň üstünde oýlanyp, ol Hudaýa bolan söýgüsini artdyrdy. Bu bolsa oňa pornografiýa görmek islegini ýeňmäge güýç berdi. Hawa, pornografiýanyň torundan azat bolmak üçin, Ýehowa bolan söýgiňi artdyrmaly we ýamanlygy ýigrenmeli (Zebur 97:10-y okaň).

GAHAR-GAZABY, HAPA SÖZLERI, ÝALANY EGNIŇIZDEN ÇYKARYŇ

12. Stiwene gaharjaňlyk häsiýetini ýeňmäge näme kömek etdi?

12 Adatça, duýgularyna erk edip bilmeýän adam gaharjaň bolýar we göwne degiji sözleri aýdýar. Şeýle adam maşgalasynyň bagtyny ýatyrýar. Awstraliýada ýaşaýan Stiwen şeýle gürrüň berýär: «Hapa sözleri aýtmak, gaharlanmak meniň üçin bolaýmaly zat ýalydy. Aýalym bilen üç gezek aýry ýaşaşdym we tas aýrylyşypdyk». Soňra ol aýaly bilen bile Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Ondaky maslahatlara eýermegi Stiwene nähili täsir etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Maşgalamyz düýbünden özgerdi. Men öň sähelçe zat üçin gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardym. Indi bolsa Ýehowanyň kömegi bilen özümi rahat alyp barmagy öwrendim». Häzir Stiwen ýygnakda hyzmatçy, aýaly bolsa birnäçe ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýär. Stiweniň ýygnagyndaky ýaşulular şeýle diýýär: «Stiwen ýuwaş, zähmetsöýer we kiçigöwünli dogan». Olar Stiweniň gaharlanan wagtyny asla görmändiklerini aýdýarlar. Şeýle ýagşy ady Stiwen nädip gazandy? Ol: «Eger men öz üstümde işlemek üçin Ýehowanyň berýän kömegini kabul etmedik bolsam, onda bu ajaýyp bereketleri asla alyp bilmezdim» diýýär.

13. Gahar-gazap näme üçin howply we Mukaddes Ýazgylarda bu babatda nähili duýduryş berilýär?

13 Mukaddes Ýazgylarda gahar-gazap, gykylyk we hapa sözler babatda maslahat berilmegi örän ýerlikli (Efes. 4:31). Sebäbi bu zatlar zalymlyga eltýär. Gynansak-da, şu dünýäde gahar-gazaba bolaýmaly zat ýaly seredýärler. Emma bu Ýaradyjymyzyň adyna ysnat getirýär. Gaharjaň adamlaryň köpüsi üýtgäp, täze häsiýetlere geýinmegi başardylar (Zebur 37:8—11-nji aýatlary okaň).

14. Gaharjaň adam ýumşak bolup bilermi? Düşündiriň.

14 Geliň, Awstriýadaky ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän Hans bilen bolan waka seredeliň. Onuň ýygnagynyň koordinatory şeýle diýýär: «Şeýle ýumşak dogana men öň hiç haçan duşmandym». Emma Hans öň ýumşak däldi. Ol ýetginjekkä, spirtli içgileriň guly bolandygy üçin gaharyny saklap bilmeýärdi. Bir gezek ol spirtli içgileriň täsirine düşüp, halaşýan gyzyny öldürýär we 20 ýyl türmä basylýar. Türmedäki ýaşaýşy Hansy özgerdip bilmeýär. Bir gezek onuň ejesi ýygnak ýaşulusyndan ogly bilen gürrüňdeş bolmagy haýyş edýär. Şonda Hans Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Öňki häsiýetlerimi taşlamak maňa aňsat bolmady. Işaýa 55:7-däki: „Pisler öz ýollaryndan... dänsin“ we 1 Korinfliler 6:11-däki: „Siziň hem käbiriňiz şeýlediňiz“ diýen sözler meni gaty ruhlandyrdy. Ýehowa ençeme ýyllap sabyrlylyk bilen mukaddes ruhy arkaly maňa täze häsiýetlere geýinmäge kömek etdi». Hans on ýedi ýarym ýyldan Ýehowanyň Şaýady bolup türmeden boşadylýar. Ol: «Men Ýehowanyň çäksiz rehimdarlygyna we geçirimliligine örän minnetdar!» diýýär.

15. Şu günler näme giňden ýaýran, ýöne Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?

15 Öňki häsiýetlere diňe bir göwne degiji sözler däl, eýsem, ýalan sözlemek hem degişli. Meselem, adamlar salgyt tölemejek bolup ýa-da etmişini gizlejek bolup ýalan sözleýärler. Emma Ýehowa «hakykat Hudaýy» (Zeb. 31:5). Ol «her birimizden ýakynymyza dogrymyzy aýtmagy» we «biri-birimize ýalan sözlemezligi» talap edýär (Efes. 4:25; Kol. 3:9). Şonuň üçin biz oňaýsyz ýagdaýa düşsek-de, hakykaty aýtmaly (Sül. tym. 6:16—19).

OLAR ÝEŇIŞ GAZANDYLAR

16. Öňki häsiýetlerimizi taşlamak üçin näme edip bileris?

16 Biz öňki häsiýetlerimizi öz güýjümiz bilen egnimizden çykaryp bilmeris. Şu makalada agzalan Sakura, Ribero, Stiwen we Hans dagylar erbet endiklerini taşlamak üçin aýgytly göreş alyp barmaly boldular. Olar Hudaýyň Sözüniň we mukaddes ruhunyň güýjüniň aňyna hem-de ýüregine täsir etmegine ýol berendikleri üçin ýeňiş gazandylar (Luka 11:13; Ýew. 4:12). Şol güýjüň peýdasyny görmek üçin, bizem her gün Mukaddes Ýazgylary okamaly, olaryň üstünde oýlanmaly, Ýazgylardaky maslahata eýerip biler ýaly, Hudaýdan akyldarlyk we güýç sorap, dyngysyz doga etmeli (Ýeş. 1:8; Zeb. 119:97; 1 Sel. 5:17). Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, olara gatnaşmaly (Ýew. 10:24, 25). Galyberse-de, Hudaýyň bütindünýä halkyna elýeterli bolan dürli ruhy iýmitden doly peýdalanmaly (Luka 12:42).

Öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarmak üçin näme edip bileris? (16-njy abzasa serediň)

17. Biz indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

17 Biz mesihçileriň nähili işlerden el çekip, olardan daşda durmalydygyna seretdik. Eýsem, Hudaýyň razylygyny gazanmak üçin şu zatlary etmek ýeterlikmi? Elbetde, ýeterlik däl. Biz täze häsiýetlere hem geýinmeli. Indiki makalada göçme manydaky egin-eşigimiziň aýrylmaz bölegi bolan birnäçe täze häsiýetler hakda gürrüň ederis.

^ abzas 7 Käbir atlar üýtgedildi.

^ abzas 8 «Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» kitabynyň (I tom) 25-nji babyna serediň.