Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Täze häsiýetlere geýniň

Täze häsiýetlere geýniň

«Täze häsiýetlere geýniň». KOL. 3:10

AÝDYMLAR: 43, 106

1, 2. a) Täze häsiýetlere geýinmegiň mümkindigini nireden bilýäris? b) Koloslylar 3:10—14-nji aýatlarda täze häsiýetleriň nähili aýratynlyklary agzalýar?

«INJILIŇ Täze dünýä terjimesinde» «täze häsiýetler» diýen sözler iki gezek duş gelýär (Efes. 4:24; Kol. 3:10). Bu ýerde «Hudaýyň islegine laýyk gelýän» häsiýetler göz öňünde tutulýar. Eýsem, adam şeýle häsiýetleri ösdürip bilermi? Hawa. Ýehowa adamlary öz keşbine görä ýaratdy. Şol sebäpli biz oňa mahsus häsiýetleri ösdürip bilýäris (Gel. çyk. 1:26, 27; Efes. 5:1).

2 Adam ata bilen How eneden bikämilligi miras alandygymyz üçin, biz günäli işleri etmäge ýykgyndyrys; daş-töweregiň täsirine hem aňsatlyk bilen düşýäris. Emma Ýehowanyň kömegi bilen, biz onuň islegine laýyk gelýän adam bolup bileris. Ýehowa ýaramly ýaşamak islegimizi berkitmek üçin, geliň, Pawlus resulyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan täze häsiýetleriniň käbir aýratynlyklaryna seredeliň (Koloslylar 3:10—14-nji aýatlary okaň). Şeýle-de Hudaýa sežde edenimizde, şol häsiýetleri nädip görkezip biljekdigimizi bileris.

«ÄHLIŇIZ BIR BOLDUŇYZ»

3. Täze häsiýetleriň bir aýratynlygy näme?

3 Pawlus resul täze häsiýetlere geýinmegi maslahat berensoň: «Grek bilen ýehudynyň, sünnetlenen we sünnetlenmedik adamyň, gelmişegiň, skifiň, guluň ýa-da azat adamyň arasynda tapawut ýokdur» diýýär *. Bu sözler täze häsiýetleriň bir aýratynlygyny, ýagny hiç kimi ala tutmaly däldigini görkezýär. Eýsem, ýygnakda näme üçin adamlary jynsyna, milletine ýa-da derejesine görä bölmeli däl? Sebäbi Mesihiň hakyky şägirtleri hökmünde biziň «ählimiz bir bolduk» (Kol. 3:11; Gal. 3:28).

4. a) Ýehowanyň gullukçylary bir-birine nähili garamaly? b) Mesihçileriň agzybirligini näme bozup biler?

4 Täze häsiýetlere geýnen mesihçi imandaşlarynyň we başga adamlaryň derejesine hem-de milletine garaman hormat goýýar (Rim. 2:11). Emma käbir ýurtlarda muny etmek aňsat däl. Meselem, Günorta Afrikadaky mesihçileriň köpüsi jynsy tapawutlanýandygy üçin obalarda, diňe garaýagyzlaryň arasynda ýa-da birwagtlar tire-taýpalaryň garyşan ýerlerinde ýaşaýar. Şol sebäpli Ýolbaşçylyk maslahaty doganlarymyzy «ýüregini giňden açmaga» höweslendirmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda ýörite çäreleri gurnamagy makul bildi. Bu olara bir-birini gowy tanamaga kömek ederdi (2 Kor. 6:13). Olar näme etmelidiler?

5, 6. a) Bir ýurtda Hudaýyň halkynyň agzybirligini berkitmek üçin näme etdiler? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Bu nähili netije berdi?

5 Dynç günleri dürli dilde gepleýän ýa-da dürli jynsdaky iki ýygnak bile ýygnanyşmalydy. Şeýdip, olar bile wagza çykýardylar, ýygnak duşuşyklaryny geçirýärdiler we bir-birlerini myhmançylyga çagyrýardylar. Muňa ýüzlerçe ýygnak gatnaşdy we filiala dogan-uýalardan, hatda Ýehowanyň Şaýatlary bolmadyk adamlardan köp hatlar gelip gowuşdy. Meselem, bir adam: «Men Ýehowanyň Şaýady däl, ýöne siziň guramaňyzyň wagyz işini şeýle ajaýyp edip gurnandygyny we dürli jynsda bolandygyňyza garamazdan, agzybirdigiňizi aýdasym gelýär» diýdi. Eýsem, bu çäre Ýehowanyň Şaýatlarynyň özlerine nähili täsir etdi?

6 Kosa dilinde gepleýän Noma uýamyz iňlis dilinde geçirilýän ýygnagyň akýagyz dogan-uýalaryny sadaja öýüne myhmançylyga çagyrmak isleýär. Emma başda olar bilen wagza çykyp, öýlerinde myhmançylykda bolýar. Bu oňa güýçli täsir edýär. Ol begenip: «Olaram özümiz ýaly adamlar eken!» diýýär. Soňra iňlis ýygnagyň dogan-uýalary kosa dilinde geçirilýän ýygnaga gelýär. Noma uýamyz nahar bişirip, olaryň käbirini öýüne myhmançylyga çagyrýar. Myhmanlaryň arasynda akýagyz ýygnak ýaşulusy hem bardy. Noma: «Men onuň biziň ýaly höwes bilen ýerde oturjak bolandygyny görenimde, gaty geň galdym» diýýär. Şeýdip, dogan-uýalaryň köpüsi täze dost tapyndylar we mundan beýlägem «ýüregiňizi giňden açyň» diýen maslahata eýermegi maksat edindiler.

«DUÝGUDAŞLYK, MÄHRIBANLYK»

7. Biz näme üçin duýgudaş bolmaly?

7 Şeýtanyň dünýäsi ýok bolýança, biz kynçylyk çekeris. Biz işsizlik, agyr keselçilik, yzarlama, tebigy betbagtçylyk, jenaýatçylyk ýaly zatlara çydamaly bolýarys. Horluk çekenimizde ýa-da betbagtçylyga uçranymyzda, bir-birimizi goldamak üçin duýgudaş bolmaly. Duýgudaşlyk häsiýeti adamlaryň mähir bilen aladasyny etmäge höweslendirýär (Efes. 4:32). Bu häsiýetler bize Hudaýdan görelde almaga we başgalara teselli bermäge kömek eder (2 Kor. 1:3, 4).

8. Biziň duýgudaşlygymyz we mähribanlygymyz nähili gowy netije berip biler? Mysal getiriň.

8 Biz ýygnagymyzdaky daşary ýurtly adamlar ýa-da mätäçlik çekýänler barada alada edýändigimizi nädip görkezip bileris? Olar bilen dostlaşmaly we özlerini gerekli duýmaga kömek etmeli (1 Kor. 12:22, 25). Geliň, Filippinden Ýaponiýa göçüp baran Danykarl bilen bolan waka seredeliň. Işinde ony gelmişek hasaplap, äsgermeýärdiler. Soňra ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň duşuşygyna baranda, özüne hormat bilen garandyklaryny şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdakylaryň köpüsi ýaponiýalydy. Emma olar meni şeýle gowy garşy aldylar welin, hamala öňden bäri tanaýan ýalydy». Ol dogan-uýalaryň mährini duýýardy, bu bolsa oňa ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Wagtyň geçmegi bilen, ol suwa çümdürilýär we häzir ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýär. Beýleki ýaşulular Danykarl bilen onuň aýaly Jeniferi ýygnak üçin uly bereket hasaplaýarlar. Doganlar: «Olar pioner bolup gulluk edýärler we sada ýaşap, Patyşalygy birinji orunda goýmak babatda gowy görelde görkezýärler» diýýär (Luka 12:31).

9, 10. Wagyzda adamlara duýgudaş bolmagyň nähili peýda getirýändigi barada mysal getiriň.

9 Biz Patyşalyk habary bilen paýlaşanymyzda, «hemme adamlara... ýagşylyk etmäge» gowy mümkinçilik bolýar (Gal. 6:10). Başga ýurtdan gelen adamlara wagyz etmek üçin, mesihçileriň köpüsi olaryň dilini öwrenmäge jan edýärler (1 Kor. 9:23). Bu bol bereketleri getirýär. Meselem, Awstraliýada ýaşaýan Tiffani uýamyz Brisben şäherindäki ýygnaga kömek etmek üçin suahili dilini öwrenýär. Bu dili öwrenmek kyn bolsa-da, Ýehowa Tiffaniniň eden tagallasyny patalaýar. Ol şeýle diýýär: «Eger siz wagyzdan has köp şatlyk almak isleýän bolsaňyz, onda başga dilde geçirilýän ýygnakda gulluk ediň. Bu edil ýaşaýan şäheriňden gitmän, syýahat eden ýalydyr. Şonda siz bütindünýä doganlygymyzyň agzasydygyňyzy duýarsyňyz we agzybirligimiziň gudratdygyna göz ýetirersiňiz».

Mesihçileri daşary ýurtdan gelen adamlara kömek etmäge näme höweslendirýär? (10-njy abzasa serediň)

10 Geliň, indi Ýaponiýada ýaşaýan bir maşgalanyň mysalyna seredeliň. Olaryň gyzy Sakiko şeýle gürrüň berýär: «1990-njy ýyllarda biz wagyzda Braziliýadan gelen adamlara köp duş gelýärdik. Biz olara portugal dilindäki Mukaddes Ýazgylardan Ylham 21:3, 4-nji ýa-da Zebur 37:10, 11, 29-njy aýatlary okanymyzda, olar ünsli diňleýärdi. Käte bolsa olaryň gözlerinden ýaş akýardy». Bu maşgala duýgudaşlyk bildirmegini bes etmedi. Sakiko sözüni dowam edip: «Biz olaryň ruhy taýdan açdygyny görenimizde, tutuş maşgalamyz bolup portugal dilini öwrenip başladyk» diýýär. Bu maşgalanyň kömegi bilen, ol ýerde portugal dilinde ýygnak döredildi. Birnäçe ýylyň içinde olar daşary ýurtdan gelen köp adamlara Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek etdiler. Sakiko: «Portugal dilini öwrenmek üçin köp wagt sarp edenem bolsak, eden tagallamyz ýerine düşdi. Biz Ýehowa örän minnetdar» diýip, sözüni jemleýär (Resullaryň işleri 10:34, 35-nji aýatlary okaň).

«PESGÖWÜNLILIGI... GEÝIŇ»

11, 12. a) Täze häsiýetlere geýnenimizde, niýetimiziň dogry bolmagy näme üçin wajyp? b) Pesgöwünli bolmaga bize näme kömek eder?

11 Biziň täze häsiýetlere geýinmegimiziň maksady adamlaryň öwgüsini gazanmak däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak bolmaly. Hatda kämil perişdäniň hem özi hakda köp oýlanyp, tekepbirlige ýol berendigi we netijede günä edendigi ýadymyzdadyr (Ezekiýel 28:17-ni deňeşdiriň). Onda günäli adamlara tekepbirlikden we gopbamsylykdan gaça durmak has-da kyn bolsa gerek! Muňa garamazdan, biz pesgöwünliligi ösdürip bileris. Nädip?

12 Pesgöwünli bolmak üçin, biz Hudaýyň Sözünden okan zatlarymyz barada oýlanmaga wagt sarp etmeli (Kan. tag. 17:18—20). Esasan-da, Isanyň taglymatlary we pesgöwünlilik bilen eden ajaýyp işleri barada oýlanmaly (Mat. 20:28). Isa resullarynyň aýaklaryny hem ýuwupdy (Ýah. 13:12—17). Biz sähelçe-de bolsa özümizi başgalardan ýokary tutup başlandygymyzy duýsak, Hudaýdan mukaddes ruhuny diläp, gyzgyn doga etmeli (Gal. 6:3, 4; Flp. 2:3).

13. Pesgöwünlilik nädip sylaglanýar?

13 Süleýmanyň tymsallary 22:4-i okaň. Mesihçileriň ählisi pesgöwünliligi ösdürmeli. Bu häsiýet bol sylag getirýär. Pesgöwünli bolsak, ýygnagymyzyň parahat we agzybir bolmagyna ýardam ederis. Şeýle-de pesgöwünliligi ösdürip, ony berkitsek, Hudaýyň merhemetini gazanarys. Petrus resul: «Hemmäňiz birek-birek bilen pesgöwünli boluň. Sebäbi Hudaý tekepbirlere garşy çykýandyr, pesgöwünlilere bolsa merhemet edýändir» diýdi (1 Pet. 5:5).

«ÝUMŞAKLYGY WE SABYRLYLYGY GEÝIŇ»

14. Ýumşak we sabyrly bolmakda iň ajaýyp göreldäni kim görkezýär?

14 Şu dünýäde ýumşak we sabyrly adamlary gowşak hasaplaýarlar. Bu düşünje hakykata düýbünden garşy gelýär. Sebäbi şeýle ajaýyp häsiýetler älem-jahanda iň güýçli Şahsyýete mahsus! Dogrudan-da, Ýehowa Hudaý ýumşak we sabyrly bolmakda ajaýyp görelde görkezýär (2 Pet. 3:9). Ýadymyzda bolsa, Ybraýym pygamber bilen onuň doganoglany Lut çekinmän birnäçe soraglary berende, Ýehowa perişdeleri arkaly jogap beripdi (Gel. çyk. 18:22—33; 19:18—21). Şeýle-de Ýehowa ysraýyl halkyna 1 müň 500 ýyldan gowrak sabyr edipdi (Ezek. 33:11).

15. Ýumşak we sabyrly bolmakda Isa nähili görelde galdyrdy?

15 Isa-da «ýumşakdy» (Mat. 11:29). Ol şägirtleriniň gowşak taraplaryna sabyrlylyk bilen çydady. Isa ýer ýüzünde gulluk eden döwri dini ýolbaşçylar tarapyndan hemişe adalatsyzlyga uçraýardy, hatda ony nähak ýazgaranlarynda-da, ýumşaklyk we sabyrlylyk görkezdi. Ol jebir pürsünde asylyp durka-da, Atasyndan olaryň günälerini bagyşlamagy sorap: «Olar näme edýändiklerini bilmeýärler» diýdi (Luka 23:34). Şeýle ýowuz we kyn ýagdaýda ýumşaklyk hem-de sabyrlylyk görkezip, Isa, gör, nähili ajaýyp görelde galdyrdy! (1 Petrus 2:21—23-nji aýatlary okaň).

16. Biz haýsy ýagdaýlarda ýumşak we sabyrly bolup bileris?

16 Biz nädip ýumşak we sabyrly bolup bileris? Munuň bir ýoluny Pawlus resul imandaşlaryna ýazan hatynda görkezdi: «Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamalysyňyz» (Kol. 3:13). Dogrudan-da, bu tabşyryga eýermek üçin ýumşak we sabyrly bolmaly. Emma geçirimli bolsak, ýygnagymyzyň agzybirligini berkidip, ony saklamaga ýardam ederis.

17. Ýumşaklyk we sabyrlylyk näme üçin wajyp?

17 Ýumşak we sabyrly bolmak mesihçileriň ählisinden edilýän talap. Bu häsiýetler biziň halas bolmagymyz üçin örän wajypdyr (Mat. 5:5; Ýak. 1:21). Esasan-da, şeýle häsiýetleriň kömegi bilen, biz Ýehowa şöhrat getirýäris we başgalary Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýermäge höweslendirýäris (Gal. 6:1; 2 Tim. 2:24, 25).

«SÖÝGI HÄSIÝETINE GEÝNIŇ»

18. Söýgi bilen ala tutmazlygyň nähili baglanyşygy bar?

18 Biziň ara alyp maslahatlaşan häsiýetlerimiziň ählisi söýgi häsiýeti bilen berk baglanyşykly. Meselem, Ýakup şägirt baýlary garyplardan ýokary tutýan doganlara maslahat beripdi. Ol şeýle häsiýetiň Patyşalyk kanunyna garşy gelýändigini görkezip: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý... adamlary ala tutýan bolsaňyz, günä edýärsiňiz» diýdi (Ýak. 2:8, 9). Hawa, söýgi häsiýeti bizi adamyň bilimine, milletine, tire-taýpasyna ýa-da derejesine garap baha bermekden gaça durmaga höweslendirýär. Emma hiç kimi ala tutmazlyk ýöne bir ýüz görmezlikden has köp zady aňladýar. Ol durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolmaly.

19. Biz näme üçin söýgi häsiýetine geýinmeli?

19 Ýazgylarda: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir» diýilýär (1 Kor. 13:4). Dogrudan-da, adamlara Patyşalyk habaryny aýtmak üçin sabyrlylyk, mähribanlyk we pesgöwünlilik gerek (Mat. 28:19). Bu häsiýetler ähli dogan-uýalar bilen oňşukly ýaşamaga kömek edýär. Eýsem, şeýle söýgi sylaglanýarmy? Ýygnagymyzyň agzybirligi Ýehowa şöhrat getirýär we adamlary guramamyza çekýär. Şol sebäpli Ýazgylarda täze häsiýetleriň biri bolan söýgi hakda: «Bulardan başga-da söýgi häsiýetine geýniň, sebäbi ol adamlary doly agzybir edýändir» diýilmegi örän ýerlikli (Kol. 3:14).

«ELMYDAMA TÄZELÄP DURUŇ»

20. a) Biz özümize nähili soraglary bermeli we näme üçin? b) Biz nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys?

20 Biziň her birimiz özümizden: «Men täze häsiýetlere geýinmek üçin ýene näme etmeli?» diýip soramaly. Munuň üçin Hudaýa gyzgyn doga edip, ondan kömek soramaly we Hudaýyň Patyşalygyny miras almaga päsgel berýän islendik garaýyşdan ýa-da işlerden gaça durmak üçin köp tagalla etmeli (Gal. 5:19—21). Şeýle-de özümizden: «Pikirimi we garaýşymy elmydama täzeläp durýarynmy?» diýip soramaly (Efes. 4:23, 24). Mesihçileriň bary täze häsiýetlere doly geýinýänçä, öz üstlerinde işlemegini dowam etmeli. Göz öňüne getiriň, her bir adam täze häsiýetlere kämil derejede geýnende, ýaşaýyş, gör, nähili ajaýyp bolar!

^ abzas 3 Gadymy döwürde «skifler» diýlende, gödek we zalym adamlar göz öňünde tutulýardy.