Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Parahatlyk däl-de, agzalalyk getirýän» hakykat

«Parahatlyk däl-de, agzalalyk getirýän» hakykat

«Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl-de, agzalalyk getirdim». MAT. 10:34

AÝDYMLAR: 125, 24

1, 2. a) Nähili parahatlyk bize häzirden şatlyk getirýär? b) Şu günler bize parahat ýaşamaga näme päsgel berýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

BIZIŇ hemmämiziň aladasyz we parahat durmuşda ýaşasymyz gelýär. «Hudaýyň parahatlygy» içki dünýämize rahatlyk berip, biynjalyk edýän pikirlerden we duýgulardan goraýar. Munuň üçin biz Ýehowa ýürekden minnetdar! (Flp. 4:6, 7). Biz özümizi Ýehowa bagyş edip, onuň bilen gowy hem-de «parahat» gatnaşykdan lezzet alyp ýaşaýarys (Rim. 5:1).

2 Emma Hudaýyň bütin ýer ýüzünde doly parahatlygy dikeltjek wagty heniz gelmedi. Şu soňky günlerde adamlaryň arasynda dawa-jenjel we agzalalyk gitdigiçe güýjeýär (2 Tim. 3:1—4). Biz, mesihçiler Şeýtana we onuň giňden ýaýran ýalan taglymatlaryna garşy ruhy taýdan aýgytly söweş alyp barmaly (2 Kor. 10:4, 5). Emma iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz tarapyndan bolýan garşylyklar biziň üçin has-da uly synag bolup biler. Käbirleri ynanýan zatlarymyzyň üstünden gülüp biler, başgalar bolsa bizi maşgalada bölünişik döredýän adamlar hasaplamaklary ýa-da imanymyzdan dändirjek bolup haýbat atmaklary mümkin. Ýöne biz maşgalada bolýan garşylyklar barada nämeleri bilmeli? Olara nädip döz gelip bileris?

MAŞGALADAKY GARŞYLYKLAR

3, 4. a) Isanyň öwredýän zatlary nähili netije berip bilýär? b) Isanyň yzyna eýermek esasan-da haçan kyn bolup biler?

3 Isa pygamber öwredýän zatlarynyň bölünişik döretjekdigini we yzyna eýerýän adamlaryň garşylyklara duş gelende, imanyny goramak üçin batyrgaý hereket etmeli boljakdyklaryny bilýärdi. Şeýle garşylyk maşgala agzalaryň arasyndaky parahat gatnaşyga täsir edip bilýärdi. Şol sebäpli Isa: «Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl-de, agzalalyk getirdim. Sebäbi men ogly atasyndan, gyzy enesinden we gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim. Size dogrusyny aýdýaryn, adamyň duşmany öý-içerisindäkileri bolar» diýdi (Mat. 10:34—36).

4 Isa «men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň» diýende, diňleýjileri onuň yzyna eýermegiň netijesi barada oýlanmaga höweslendirdi. Hawa, Isanyň habary adamlaryň arasynda bölünişik döredip bilýärdi. Elbetde, Isa Hudaýyň hakykat habaryny agzalalyk döretmek üçin wagyz etmeýärdi (Ýah. 18:37). Emma onuň sözleri ýakyn dostlaryň ýa-da maşgala agzalaryň hakykaty inkär etse, wepalylygyň synalyp bilýändigini görkezýär.

5. Isanyň şägirtleri nähili kynçylyklara uçradylar?

5 Isa şägirtleriniň görgi görjekdigini aýdanda, maşgalada bolýan garşylyklara hem çydamaly boljakdyklaryny göz öňünde tutupdy (Mat. 10:38). Dogrudan-da, Mesihiň yzyna eýerýän adamlar ýaňsylamalara, hatda maşgala agzalary tarapyndan kemsitmelere çydamaly boldular. Emma olar ýitiren zadyndan has köp zady gazandylar (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň).

6. Dogan-garyndaşlarymyz Ýehowa gulluk etmäge päsgel berende nämäni unutmaly däl?

6 Dogan-garyndaşlarymyz Ýehowa gulluk etmäge päsgel berseler-de, biz olary söýmegimizi bes etmeýäris. Emma biz, ilki bilen, Hudaýy hem-de Mesihi söýmelidigimizi unutmaly däl (Mat. 10:37). Şeýle-de biz garyndaşlyk duýgusy arkaly Şeýtanyň aýypsyzlygymyzy gowşatjak bolýandygyna düşünmeli. Geliň, maşgalada bolýan käbir garşylyklara we olara nädip hötde gelip bolýandygyna seredeliň.

ÝANÝOLDAŞYŇ HUDAÝA IMAN ETMESE

7. Ýanýoldaşy Hudaýa iman etmeýän mesihçiler öz ýagdaýyna nähili garamaly?

7 Mukaddes Ýazgylarda: «Maşgala gurýan adamlaryň durmuşynda täze kynçylyklary dörär» diýip duýduryş berilýär (1 Kor. 7:28). Eger siziň ýanýoldaşyňyz Hudaýa iman etmeýän bolsa, maşgalanyň her günki aladalaryndan daşary has köp kynçylyklara uçramagyňyz mümkin. Emma şeýle kyn ýagdaýlarda-da Hudaýyň garaýşy ýaly garamak wajyp. Ýanýoldaşyňyz Mesihiň şägirdi bolmak islemeýän bolsa, bu onuň bilen aýry ýaşamaga ýa-da aýrylyşmaga sebäp bolmaly däl (1 Kor. 7:12—16). Hatda ýoldaşy maşgalanyň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmasa-da, aýaly oňa maşgalabaşy hökmünde hormat goýmaly. Şonuň ýaly mesihçi är hem iman etmeýän aýalyny ýürekden söýüp, mähir bilen aladasyny etmeli (Efes. 5:22, 23, 28, 29).

8. Ýanýoldaşy Hudaýa gulluk etmäge päsgel berse, mesihçi özüne nähili soraglary bermeli?

8 Ýanýoldaşyňyz Hudaýa gulluk etmäge päsgel berse näme etmeli? Meselem, bir uýamyzyň ýanýoldaşy oňa hepdäniň belli bir günleri wagza çykmaga rugsat berýär. Eger siz hem şeýle ýagdaýy başdan geçirýän bolsaňyz, özüňize şu soraglary beriň: «Ýanýoldaşym maňa Hudaýa gulluk etmegimi bes etdirjek bolýarmy? Ýa-da ol muny köplenç ýanynda bolmagymy isleýändigi üçin aýdýarmy? Eger şeýle bolsa men onuň talabyny näme üçin berjaý etmeli däl?» Paýhasly bolsak, bize gerekmejek düşünişmezlikleriň öňüni almaga kömek eder (Flp. 4:5).

9. Mesihçiler çagalaryna iman etmeýän ata-enesine hormat goýmagy nädip öwredip biler?

9 Eger ýanýoldaşyňyz Hudaýa iman etmeýän bolsa, çagalaryňyzy terbiýelemek has-da kyn bolup biler. Meselem, siz olara Mukaddes Ýazgylardaky: «Ata-eneňe hormat goý» diýen tabşyryga gulak asmagy öwretmeli (Efes. 6:1—3). Emma ýanýoldaşyňyz Mukaddes Ýazgylaryň ýokary kadalaryna eýermeýän bolsa näme? Ýanýoldaşyňyza hormat goýuň we bu babatda görelde görkeziň. Onuň gowy häsiýetlerine üns beriň we oňa minnetdardygyňyzy görkeziň. Çagalaryňyzyň ýanynda ýanýoldaşyňyz barada erbet zatlary aýtmakdan gaça duruň. Gaýtam, olara Ýehowa gulluk etmegi her bir adamyň özüniň saýlaýandygyny düşündiriň. Çagalaryňyzyň ýagşy edim-gylymy iman etmeýän ýanýoldaşyňyzyň hakykata gelmegine kömek edip biler.

Her bir mümkinçilikden peýdalanyp, çagalaryňyza Ýazgylardaky hakykaty öwretmäge jan ediň (10-njy abzasa serediň)

10. Dini ynançlary tapawutlanýan maşgalada ýaşaýan mesihçi ata-eneler çagalaryny nädip hakykat boýunça terbiýeläp biler?

10 Käte iman etmeýän ýanýoldaşyňyz çagalaryňyzdan baýramçylyklara gatnaşmagy talap etmegi ýa-da olara ýalan dini ynançlaryny öwretjek bolmagy mümkin. Käbir atalar bolsa aýalynyň çagalaryna Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmegine garşy çykmagy mümkin. Emma şonda-da mesihçi aýal çagalaryna Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwredip biler (Res. iş. 16:1; 2 Tim. 3:14, 15). Meselem, äri uýamyza çagalary bilen okuw geçmäge ýa-da olary ýygnak duşuşyklaryna alyp gitmäge rugsat bermezligi mümkin. Aýaly ýanýoldaşynyň gelen kararyna hormat goýsa-da, çagalaryna hakykaty öwredip, imanyny görkezip biler. Bu bolsa çagalara Ýehowany tanamaga we hakykatda kök urmaga kömek eder (Res. iş. 4:19, 20). Elbetde, çagalar ulalanda, Hudaýa sežde etmegi özleri saýlamaly bolýar * (Kan. tag. 30:19, 20).

DOGAN-GARYNDAŞLARYMYZ HAKYKATA GARŞY ÇYKANDA

11. Iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz bilen nähili kynçylyklar ýüze çykyp biler?

11 Biz başda dogan-garyndaşlarymyza Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýändigimizi aýtmasak-da, imanymyz ösdügi saýyn, olara ynanýan zatlarymyzy gürrüň bermäge höwesimiz artýar (Mar. 8:38). Hakykatyň tarapyny batyrgaýlyk bilen tutup, dogan-garyndaşlaryňyz bilen araňyzda kynçylyk döreýän bolsa, aşakda getirilen maslahatlar size düşünişmezligi çözmäge we aýypsyz galmaga kömek eder. 

12. Iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz bize näme üçin garşy çykyp biler? Biz olara nädip duýgudaşlyk bildirip bileris?

12 Duýgudaş boluň. Biz Mukaddes Ýazgylardan öwrenýän zatlarymyza ýürekden begenýäris. Emma dogan-garyndaşlarymyz bize aldanandyrys ýa-da haýsydyr bir ýalan dini guramanyň toruna düşendiris öýdýärler. Ýa-da baýramçylyklara gatnaşmaýandygymyz üçin olar özlerini söýmeýändiris diýip pikir edýärler. Hatda betbagtçylyga uçrarys öýdüp gorkýarlar. Biz olaryň garaýşyna hormat goýup we ünsli diňläp, duýgudaşlyk bildirip bileris (Sül. tym. 20:5). Pawlus resul hoş habary «her kese» wagyz edip biler ýaly, olaryň her biriniň ýagdaýyna düşünmek üçin elinde baryny edýärdi. Biz hem onuň göreldesine eýerip bileris (1 Kor. 9:19—23).

13. Iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz bilen nädip gepleşmeli?

13 Ýumşak gepläň. Mukaddes Ýazgylarda: «Sözleriňiz ýakymly bolsun» diýilýär (Kol. 4:6). Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen gepleşenimizde, ruhuň miwelerini görkezip biler ýaly, Ýehowadan güýç diläp bileris. Şeýle-de ynanýan zatlarynyň ýalandygyny aýdyp, olar bilen dawalaşmakdan gaça durmaly. Eger olar sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degseler, resullaryň göreldesine eýerip bileris. Pawlus resul: «Bize sögenleri patalaýarys; yzarlanlarynda, sabyrlylyk bilen çydaýarys; töhmet atanlarynda, ýumşaklyk bilen jogap berýäris» diýip ýazdy (1 Kor. 4:12, 13).

14. Özüňi mynasyp alyp barmagyň nähili peýdasy bar?

14 Özüňizi mynasyp alyp baryň. Ýumşaklyk dogan-garyndaşlarymyzyň dilini tapmaga kömek etse-de, özümizi alyp barşymyz olara has-da güýçli täsir edip biler (1 Petrus 3:1, 2, 16-njy aýatlary okaň). Özüňizi mynasyp alyp baryň. Şonda dogan-garyndaşlaryňyz Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynyň agzybirdigine, çagalarynyň aladasyny edýändigine, ahlak we beden taýdan arassa ýaşap, manyly durmuş alyp barýandyklaryna göz ýetirer. Dogan-garyndaşlarymyz hakykaty kabul etmese-de, biz Ýehowa wepaly gulluk edip, onuň göwnünden tursak, hiç haçan şatlygymyzy ýitirmeris.

15. Düşünişmezlige eltýän ýagdaýlaryň nädip öňüni alyp bileris?

15 Öňünden taýýarlanyň. Düşünişmezlige eltýän ýagdaýlar hakda öňünden oýlanyp, nähili hereket etjekdigiňizi çözüň (Sül. tym. 12:16, 23). Awstraliýaly bir uýa şeýle diýýär: «Gaýynatam hakykata güýçli garşy bolansoň, ýoldaşym ikimiz oňa jaň etmezden öň, birden gahary gelse, mähirli gürleşip biler ýaly, Ýehowa doga edip, kömek soramagy maksat edindik. Şeýle-de biz parahat gürrüňdeş bolup biler ýaly, öňünden gowy taýýarlyk görýäris. Mundan başga-da gürrüňdeşlik jedele ýazmaz ýaly, biz uzak däl-de, gysga wagtlyk jaňlaşmagy planlaşdyrýarys».

16. Dogan-garyndaşlaryňyz bilen düşünişmezlik bolanda, özüňi günäkärlemek duýgusyny nädip ýeňip bilersiňiz?

16 Elbetde, iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolanymyzda düşünişmezlik hem bolup biler. Şeýle ýagdaýda, esasanam, ol siziň gowy görýän we hemişe gowy gatnaşýan adamyňyz bolsa, özüňizi günäkär duýmagyňyz mümkin. Eger siz hem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaňyz, maşgalaňyza bolan söýgiňiziň Ýehowa wepalylygyňyzyň ornuny eýelemegine ýol bermäň. Siziň synaglarda berk durýandygyňyzy görüp, dogan-garyndaşlaryňyz hem Mukaddes Ýazgylardaky halas ediji habara seslenip biler. Nähili bolaýanda-da, siz başgalara hakykaty kabul etmäge mejbur etmeli däldigiňizi unutmaň. Gaýtam, olara Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamagyň peýdalydygyna düşünmäge kömek ediň. Söýgüden doly Hudaýymyz bize mümkinçilik berşi ýaly, olara-da ýörejek ýoluny saýlamaga mümkinçilik berýär (Iş. 48:17, 18).

ÝAKYNYMYZ ÝEHOWANY TERK EDENDE

17, 18. Ýakynymyz Ýehowany terk edende, ruhdan düşmezlige näme kömek eder?

17 Eger maşgala agzalaryňyzyň biri ýygnak gatnaşygyndan kesilse ýa-da imandan dänse, gylyjyň sanjylyşy ýaly, gaty agyr degip biler. Şeýle ajy hasrata nädip döz gelip bilersiňiz?

18 Ruhy işleri goýmaň. Mukaddes Ýazgylary her gün okaň; ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, olara yzygiderli gatnaşyň; yzygiderli wagyz ediň we çydamly bolup biler ýaly, Hudaýdan kömek soraň (Ýahd. 20, 21). Emma siz özüňizi bu işleri ýürekden däl-de, borçly hasaplap edýän ýaly duýýan bolsaňyz näme? Ruhdan düşmäň! Ruhy işleri etmegiňizi dowam etseňiz, ýaramaz pikirleriňizi ýeňmäge we duýgularyňyza erk etmäge kömek eder. 73-nji mezmury ýazan adam hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi. Ol erbet pikirlere ýol berip, göwnüçökgünlige düşüpdi. Emma Hudaýa sežde edilýän ýere baranda, ol garaýşyny üýtgedip bildi (Zeb. 73:16, 17). Ýehowa wepaly gulluk etmegiňizi dowam etseňiz, siz hem köp bereketler alarsyňyz.

19. Biz Ýehowanyň düzedişine hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

19 Ýehowanyň düzedişine hormat goýuň. Hudaýyň berýän temmisi başda agyryly ýaly bolsa-da, ol hemmelere, şol sanda günä eden adamyň özüne-de köp peýda getirýär (Ýewreýler 12:11-i okaň). Meselem, Ýehowa toba etmeýän günäkär bilen hiç hili «gatnaşyk» etmezligi tabşyrýar (1 Kor. 5:11—13). Bu tabşyryk bize nähili agyr degse-de, gatnaşykdan kesilen dogan-garyndaşlarymyz bilen telefon, sms ýa-da hat ýazyp we beýleki aragatnaşyk ulgamlary arkaly gatnaşyk saklamakdan gaça durmaly.

20. Umydyňy üzmezlige näme kömek eder?

20 Umydyňyzy üzmäň. Söýgi «ähli zada», şol sanda Ýehowadan daşlaşan adamlaryň hem yzyna dolanjakdygyna «umyt baglaýar» (1 Kor. 13:7). Eger siz ýakynyňyzyň gowy tarapa özgerýändigine göz ýetirseňiz, olar üçin doga edip bilersiňiz. Şonda olar Ýazgylardaky teselli beriji sözlerden güýç alyp, Ýehowanyň: «Maňa dolan» diýen mähirli çakylygyna seslenip biler (Iş. 44:22).

21. Isanyň şägirdidigiňiz üçin maşgalada agzalalyk dörese näme edip bilersiňiz?

21 Isa ýakynlaryny özünden artyk söýen adamyň şägirdi bolup bilmejekdigini açyk aýdypdy. Emma ol şägirtleriniň maşgalada bolýan garşylyklara batyrgaýlyk bilen döz gelip, wepaly galjakdyklaryna ynanýardy. Eger Isanyň şägirdi bolandygyňyz üçin siziňem maşgalaňyzda «agzalalyk» döreýän bolsa, onda kynçylyklara döz gelip biler ýaly, Ýehowadan kömek soraň (Iş. 41:10, 13). Ýehowanyň hem-de Isanyň sizden razydygyny we wepalylygyňyz üçin hökman sylaglajakdygyny unutmaň.

^ abzas 10 Çagalary terbiýelemek babatda köpräk bilmek üçin 2002-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan (rus.) «Garawul diňindäki» «Okyjylaryň sowallary» atly makala serediň.