Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ene-atalar, çagalaryňyza halas bolar ýaly, akyldar bolmaga kömek ediň

Ene-atalar, çagalaryňyza halas bolar ýaly, akyldar bolmaga kömek ediň

«Mukaddes Ýazgylary bäbeklikden bilýärsiň, olar halas bolmagyň üçin seni akyldar edip bilýär». 2 TIM. 3:15

AÝDYMLAR: 1, 41

1, 2. Çagasy Hudaýa özüni bagyş edip, suwa çümdürilmek islese, käbir ene-atalar näme üçin biynjalyk bolýar?

HER ýyl Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän müňlerçe adamlar özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýärler. Olaryň arasynda hakykatda ulalan ençeme ýaşlaram bar (Zeb. 1:1—3). Eger siziň hem çagalaryňyz bar bolsa, olaryň suwa çümdüriljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýansyňyz (3 Ýahýa 4-i deňeşdiriň).

2 Muňa garamazdan, siz şonda-da alada edýänsiňiz. Mümkin, siz suwa çümdürilen käbir ýaşlaryň wagtyň geçmegi bilen Hudaýyň kadalarynyň dogrudygyna şübhelenip başlandygyny görensiňiz. Olaryň käbiri hatda hakykat ýoluny hem terk etdiler. Şol sebäpli siz çagaňyzyň mesihçi bolup, soňra I asyrdaky Efesde ýaşan mesihçiler ýaly başdaky söýgüsini ýitirer öýdüp alada edýänsiňiz. Isa olara: «Seniň başdaky söýgiň sowapdyr» diýdi (Ylh. 2:4). Şeýle ýagdaýyň öňüni alyp, çagaňyz «halas bolar» ýaly, siz nädip kömek edip bilersiňiz? (1 Pet. 2:2). Muny bilmek üçin, geliň, Timoteos bilen bolan waka seredeliň.

«MUKADDES ÝAZGYLARY... BILÝÄRSIŇ»

3. a) Timoteos haçan mesihçi boldy we ol öwrenen zatlaryna nähili garaýardy? b) Pawlus Timoteosa nähili maslahat berdi?

3 B. e. takmynan 47-nji ýylynda Pawlus resul ilkinji gezek Listra şäherine baranda, Timoteos ýaňy mesihçi bolupdy. Ol ýetginjek bolsa-da, öwrenen zatlaryny durmuşynda gowy ulanan bolmaly. Iki ýyldan ol Pawlus resula ýoldaş bolup, missioner syýahatyna gidýär. Aradan takmynan 16 ýyl geçende, Pawlus oňa şeýle sözleri ýazdy: «Öwrenen we iman eden zatlaryňa eýermegiňi dowam et, sebäbi bulary ynamdar adamlardan öwrenipdiň. Sen mukaddes (Ýewreý) ýazgylary bäbeklikden bilýärsiň, olar halas bolmagyň üçin seni akyldar edip bilýär, sebäbi sen Mesih Isa iman edýärsiň» (2 Tim. 3:14, 15). Üns beren bolsaňyz, Pawlus üç zady agzaýar: 1) Mukaddes Ýazgylary bilmek, 2) iman eden zatlaryňa eýermek we 3) halas bolmak üçin Mesih Isa iman edip, akyldar bolmak.

4. Siz çagalaryňyza tälim bermekde haýsy esbaplary has peýdaly hasaplaýarsyňyz? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Mesihçi ene-atalar, sizem çagaňyzyň Mukaddes Ýazgylary bilmegini isleýänsiňiz. Ukybynyň nähilidigine garamazdan, hatda ýaş çagalaram Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlar we wakalar barada esasy zatlary öwrenip bilýärler. Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasy çagalara kömek etmek üçin ene-atalary dürli esbaplar bilen üpjün edýär. Siz öz diliňizde nähili edebiýatlaryň bardygy hakda oýlanyp görüpdiňizmi? Diňe Mukaddes Ýazgylardaky bilim arkaly Ýehowa bilen dostlaşyp, ony berkidip bolýandygyny unutmaň.

«IMAN EDEN ZATLARYŇ»

5. a) Iman eden zatlaryňa eýermek nämäni aňladýar? b) Timoteosyň Isa baradaky hoş habara bolan ynamy nähili derejede berkdi?

5 Mukaddes Ýazgylary öwrenmek örän wajyp. Emma çagalara ruhy taýdan bilim bermek üçin, Ýazgylarda gürrüň berilýän adamlar we wakalar barada aýtmak ýeterlikli däl. Timoteos «iman eden zatlaryna» berk eýerýärdi. Bu jümle asyl nusgada «bir zadyň hakykatdygyna ynanmagy» ýa-da «doly göz ýetirmegi» aňladýar. Timoteos Ýewreý ýazgylaryny bäbeklikden bilýärdi. Meselem, ol ynandyryjy deliller arkaly Isanyň Mesihdigine göz ýetirdi. Oňa bolan ynamy bolsa imanynyň berkemegine kömek etdi. Hawa, Timoteosyň hoş habara bolan ynamy şeýle güýçlüdi welin, bu oňa suwa çümdürilmäge we Pawlus bilen missioner gullugyna gitmäge höweslendirdi.

6. Siz çagaňyza Hudaýyň Sözünden öwrenen zatlarynyň dogrudygyna ynamly bolmaga nädip kömek edip bilersiňiz?

6 Siz çagalaryňyzyň Timoteosyňky ýaly berk imany bolmagy üçin näme edip bilersiňiz? Ilki bilen, sabyrly boluň. Ynam bir günüň içinde peýda bolmaýar; ýa-da siziň ynamyňyz çagaňyza öz-özünden geçer öýtmäň. Çaganyň özi «pikirlenmek ukybyny» ulanyp, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata göz ýetirmeli (Rimliler 12:1-i okaň). Bu babatda, esasan-da, çagaňyz sorag berende, siziň etmeli işiňiz örän wajyp. Geliň, bir mysala seredeliň.

7, 8. a) Bir mesihçi ata gyzyna tälim berende nädip sabyrlylyk görkezýär? b) Siz nädip sabyrly bolup bilersiňiz?

7 11 ýaşly gyzy bolan Tomas şeýle gürrüň berýär: «Gyzym: „Ýehowa ýer ýüzündäki janly-jandarlary ýaradanda, ewolýusiýany ulanyp bilmezmidi?“ ýa-da „Biz näme üçin ýagdaýy gowulandyrmaga kömek edýän saýlaw ýaly jemgyýetçilik işlerine gatnaşyp bilmeýäris?“ diýip soramagy mümkindi. Käte çürt-kesik jogap bermez ýaly, men dilimi dişlemeli bolýardym. Galyberse-de, ençeme kerpiçlerden gurulýan jaý ýaly ynam hem köp subutnamalardan ybarat bolup durýar».

8 Tomasyň aýdyşy ýaly, tälim bermek üçin sabyrlylyk gerek. Dogrudanam, mesihçileriň ählisi sabyrly bolmaly (Kol. 3:12). Munuň üçin ol wagtal-wagtal gürrüňdeşlik geçirmegiň wajypdygyna düşünýärdi. Onuň Mukaddes Ýazgylar esasynda geçiren gürrüňdeşligi gyzyna öwrenen zatlaryna ynamyny artdyrmaga kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Aýalym ikimiz gyzymyzyň öwrenýän zatlaryna ýürekden iman edýändigini we manysyna düşünýändigini bilmegi wajyp hasaplaýarys. Gyzymyz sorag berende bolsa begenýäris. Gaýtam, ol sorag bermän nämedir bir zat bilen razylaşsa, men biynjalyk bolýaryn».

9. Hudaýyň Sözüni çagaňyzyň ýüregine guýmak üçin näme edip bilersiňiz?

9 Ene-atalar çagalaryna tälim berende sabyrly bolsalar, olar kem-kemden «hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünip bilerler» (Efes. 3:18). Siz olaryň ýaşyny we ukybyny göz öňüne tutup bilersiňiz. Olar öwrenen zatlaryna ynamly bolsalar, başgalaryň, şol sanda klasdaşlarynyň ýanynda imanyny goramagy başararlar (1 Pet. 3:15). Meselem, olar Mukaddes Ýazgylar arkaly ölüleriň nähili ýagdaýdadygyny düşündirip bilýärmi? Ýazgylaryň öwredýän taglymatlaryny gymmat saýýarmy? * Hawa, Hudaýyň Sözüni çagaňyzyň ýüregine guýmak üçin sabyrly bolmaly. Ýöne bu eden tagallaňa degýär (Kan. tag. 6:6, 7).

10. Çagalara tälim bereniňde näme wajyp?

10 Elbetde, çagaňyzyň ynamly bolmagy üçin, siziň öz göreldäňiz hem örän wajyp. Üç gyzyny terbiýelän Stefani uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Heniz çagalarym kiçikä, men özüme şeýle soraglary berýärdim: „Men çagalaryma Ýehowanyň diri Hudaýdygyna, bizi söýýändigine we onuň ýollarynyň dogrudygyna näme üçin ynanýandygymy gürrüň berýärinmi? Ýehowany ýürekden söýýändigimi çagalarym görýärmi?“ Hawa, özüm ynamly bolmasam, çagalarymdan muňa nädip garaşaýyn».

«HALAS BOLMAGYŇ ÜÇIN SENI AKYLDAR EDIP BILÝÄR»

11, 12. Akyldarlyk näme we ol näme üçin adamyň ýaşyna bagly bolmaýar?

11 Görşümiz ýaly, Timoteos 1) Ýazgylary gowy bilýärdi we 2) öwrenen hem-de iman eden zatlaryna bolan ynamy güýçlüdi. Emma Pawlus resul Timoteosa Mukaddes Ýazgylar «halas bolmagyň üçin seni akyldar edip bilýär» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

12 «Ýazgylara düşünmek» kitabyna görä, Hudaýyň Sözünde akyldar diýlende, «kynçylyklary çözmek, howply ýagdaýlardan gaça durmak, belli bir maksatlara ýetmek ýa-da başgalara maslahat bermek üçin öwrenen we düşünen zatlaryňy ökdelik bilen ulanmagy aňladýar. Ol akylsyzlygyň gapma-garşylygydyr». Mukaddes Ýazgylarda: «Akylsyzlyk çaganyň ýüreginde kök urandyr» diýilýär (Sül. tym. 22:15). Görşümiz ýaly, akyldarlyk akylsyzlygyň gapma-garşylygy bolup, adamyň ruhy taýdan ösendigini görkezýär. Ol ýaşyňa bagly bolmaýar; şeýle adam Ýehowany gynandyrmakdan gorkýar we onuň tabşyryklaryny höwes bilen berjaý edýär (Zebur 111:10-y okaň).

13. Ýaşlar halas bolmak üçin akyldardygyny nädip görkezip biler?

13 Ruhy taýdan ösen ýaşlar isleginiň guly bolmakdan ýa-da deň-duşlarynyň täsirine düşmekden gaça durýarlar. Olar «eýläk-beýläk çaýkanýan we ýel bilen her tarapa kowulýan gaýyk ýaly bolmaýarlar» (Efes. 4:14). «Olar aň-düşünjesini ýagşy we ýamany saýgarmagy öwrenişdirýärler» (Ýew. 5:14). Hatda ýanlarynda ene-atasy ýa-da başga adamlar bolmasa-da, olar paýhasly karara gelip, ruhy taýdan ösendigini aýan edýärler (Flp. 2:12). Şeýle akyldarlyk halas bolmak üçin wajyp (Süleýmanyň tymsallary 24:14-i okaň). Siz çagalaryňyza bu häsiýeti edinmäge nädip kömek edip bilersiňiz? Ilki bilen, çagalaryňyza Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlaryň olar üçin gymmatlydygyny görkeziň. Goý, olar aýdýan sözleriňiz we edýän işleriňiz bilen bu zatlaryň siziň üçin hem örän gymmatlydygyny görsünler (Rim. 2:21—23).

Ene-atalar näme üçin hemişe tagalla etmeli? (14—18-nji abzaslara serediň)

14, 15. a) Suwa çümdürilmek isleýän ýaşlar haýsy soraglaryň üstünde oýlanmaly? b) Siz çagalaryňyza Hudaýyň kanunlaryna gulak asmagyň peýdalydygyna düşünmäge nädip kömek edip bilesiňiz?

14 Emma çagalara nämäniň ýagşy we nämäniň erbetdigini aýtmak ýeterlikli däl. Siz olara: «Mukaddes Ýazgylar ten höweslerine eýermegi näme üçin gadagan edýär? Ondaky kadalaryň hemişe peýdalydygyna meni näme ynamly edýär?» diýen ýaly soraglaryň üstünde oýlanmaga kömek etseňiz, gowy bolar (Iş. 48:17, 18).

15 Şeýle-de suwa çümdürilmek isleýän çaga mesihçi bolmagyň jogapkärlidigine düşünmäge kömek ediň. Eýsem, mesihçi bolmagyň nähili peýdasy bar? Ol nämelerden geçmeli bolar? Aljak bereketleriň muňa degýärmi? (Mar. 10:29, 30). Suwa çümdürileniňden soňam, bularyň üstünde oýlanmaly bolar. Şol sebäpli aýgytly ädimi ätmeziňden öň, bu barada pikirlenmeli. Çagalar gulak asmagyň berýän bereketleri, gulak asmazlygyň bolsa nähili netijä getirýändigi barada çuňňur oýlansalar, alan bilimine ynamy has-da artar. Nädip? Olar Mukaddes Ýazgylardaky kadalaryň hemişe peýda getirýändigine düşünerler (Kan. tag. 30:19, 20).

SUWA ÇÜMDÜRILEN ÝAŞLARYŇ GÖREŞI

16. Çagasynyň imanynyň gowşandygyny görende, ene-atalar näme etmeli?

16 Ogluňyz ýa-da gyzyňyz suwa çümdürilenden soň, käbir zatlar babatda şübhelenip başlasa näme? Meselem, ýaş mesihçini bu dünýä özüne çekip biler ýa-da Ýazgylardaky prinsiplere eýermegiň paýhaslydygyna şübhelenip başlamagy mümkin (Zeb. 73:1—3, 12, 13). Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, ene-atalar özüni alyp barşy bilen çagasyny hakykat ýoluna ýa çekip, ýa-da daşlaşdyryp biler. Çagaňyza gaharlanyp, oňa garşy gitmekden seresap boluň. Şeýle-de ony heniz ýaş ýa-da ýetginjek görüp, bu dörän ýagdaýa gözüňizi ýummaň. Ene-atanyň maksady çagasyny söýgi bilen goldamak we hakykat ýolunda ýeňiş gazanmaga kömek etmek bolmaly.

17, 18. Çagalarynda şübhe dörese, ene-atalar näme edip biler?

17 Suwa çümdürilen ýaşlar Ýehowa özüni bagyş etmek bilen, wajyp karara geldiler. Şeýdip, olar Hudaýy söýýändigini we onuň islegini ähli zatdan ileri tutjakdygyny wada berdiler (Markus 12:30-y okaň). Ýehowa bu wadany gymmat saýýar, şonuň üçin wadany beren adam hem oňa sowuk-sala garamaly däl (Wag. 5:4, 5). Ene-atalar, siz amatly wagty saýlap, çagaňyza muny ýumşaklyk bilen ýatladyň. Munuň üçin ilki Ýehowanyň guramasynyň ene-atalar üçin berýän esbaplaryny ulansaňyz gowy bolar. Şonda siz olara Ýehowa özüňi bagyş edip, suwa çümdürilmäge çynlakaý garamalydygyny we munuň bol bereketleri getirýändigini düşündirip bilersiňiz.

18 Bu babatda «Ýaşlaryň sowallary» (I tom) kitabynyň goşmaça maglumatyndaky «Ene-atalaryň sowallary» diýen bölümden peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz. Onda şeýle diýilýär: «Çagaňyz hakykaty doly taşlaýar diýip pikir etmäň. Belki-de, onuň özüni şeýle alyp barmagynyň bir sebäbi bardyr». Mümkin, deň-duşlary ony ýaňsylaýandyr. Käbir ýaş mesihçiler bolsa özlerini ýeke ýa-da başga ýaşlaryň ruhy taýdan has gowy ösýändigini görüp, özlerini oňaýsyz duýýandyr. Şeýle-de goşmaça maglumatda: «Üns beren bolsaňyz, bu zatlaryň Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlar bilen kän bir baglanyşygy ýok. Ýöne şol zatlar çagaňyza hakykat ýolundan ýöremäge päsgel berýändir» diýilýär. Kitabyň bu bölüminde mesihçi ene-atalar üçin dürli maslahatlar berilýär. Olar imany gowşap başlan çagalaryna kömek etmekde gowy esbap bolup hyzmat edýär.

19. Ene-atalar çagalaryna «halas bolmaklary üçin» akyldar bolmaga nädip kömek edip biler?

19 Ene-atalar, siz çagalaryňyzy «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmagy» uly jogapkärçilik we şol sanda hormat saýýansyňyz (Efes. 6:4). Şu makaladan görnüşi ýaly, çagalara Mukaddes Ýazgylaryň diňe bir näme diýýändigini öwretmän, eýsem, öwrenen zatlaryna ynamyny artdyrmaga kömek etmeli. Hawa, özüni Ýehowa bagyş edip, oňa bütin ýüregiň bilen gulluk etmek üçin, olar iman edýän zatlaryna ynamly bolmaly. Goý, Ýehowanyň Sözi, mukaddes ruhy we siziň tagallaňyz çagalaryňyzy «halas bolmagy üçin akyldar etsin»!

^ abzas 9 «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitap dürli ýaşdaky adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünmäge we başgalara düşündirmäge kömek edýän ajaýyp gural. Bu kitaby jw.org saýtyndan ençeme dilde tapyp bolýar. Munuň üçin «TAGLYMATLAR > ÝAZGYLARY ÖWRENMEK ÜÇIN ESBAPLAR» diýen bölüme girip bilersiňiz.