Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz Ýehowany Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber ýaly tanaýarsyňyzmy?

Siz Ýehowany Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber ýaly tanaýarsyňyzmy?

«Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir; Rebbi agtarýanlar bolsa ähli zada düşünýändir». SÜL. TYM. 28:5

AÝDYMLAR: 43, 133

1—3. a) Şu soňky günlerde Hudaýa wepaly galmaga näme kömek eder? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

DÜNÝÄNIŇ ahyry golaýladygyça, «erbetler ot kimin gögerýär» (Zeb. 92:7). Bu bizi geň galdyrmaýar, sebäbi adamlar Hudaýyň ahlak kadalaryny äsgermezçilik edýärler. Şeýle kyn döwürde biz «düşünmekde çagalar ýaly bolmaň-da, erbet işleri etmekde çagalar ýaly boluň» diýen maslahata nädip eýerip bileris? (1 Kor. 14:20).

2 Biz bu soragyň jogabyny makalanyň başynda getirilen aýatdan tapyp bileris. Onda: «Rebbi agtarýanlar (Hudaýyň halaýan) ähli zadyna düşünýändir» diýilýär (Sül. tym. 28:5). Süleýmanyň tymsallary 2:7, 9-njy aýatlarda hem şuňa meňzeş pikire duş gelse bolýar. Onda: «(Ýehowa) gönüler üçin sagdyn maslahat saklaýandyr» diýilýär. «Gönüler», ýagny dogry adamlar «haka we adalata, hawa, her bir gowy ýola... düşünýärler».

3 Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber Hudaýa mahsus akyldarlygy edindiler (Ezek. 14:14). Hudaýyň häzirki gullukçylary barada hem şeýle diýse bolar. Eýsem, siz barada şeýle diýip bolarmy? Siz Ýehowanyň göwnünden turmak üçin «ähli zada düşünýärsiňizmi»? Munuň üçin ol hakda dogry bilim almaly. Geliň, 1) Nuh, Danyýel we Eýýup pygamberiň Hudaý barada nädip bilim alandyklaryna, 2) bu bilimiň olara nähili peýda berendigine, 3) olaryňky ýaly imany nädip ösdürip biljekdigimize seredeliň.

NUH ZALYM DÜNÝÄDE ÝAŞASA-DA, HUDAÝYŇ HUZURYNDA GEZDI

4. Nuh pygamber Ýehowa barada nädip öwrendi we bu oňa nädip kömek etdi?

4 Nuh pygamber Ýehowa barada nädip öwrendi? Adamzat taryhynyň başynda Hudaýa iman edýän erkekdir aýallar ony, esasan, üç usul, ýagny ýaradan zatlaryna syn edip, hudaýhon adamlar bilen gürrüňdeş bolup we dogry kada-kanunlaryna hem-de prinsiplerine eýerip, alan bereketleri arkaly tanaýardylar (Iş. 48:18). Nuh pygamber hem Hudaýyň ýaradan zatlaryna syn edip, diňe bir Onuň bardygyna däl, eýsem, «güýjüne» we göze görünmeýän başga-da ençeme ajaýyp häsiýetlerine göz ýetirdi (Rim. 1:20). Netijede, Nuh pygamber Hudaýa ýöne bir ynanman, oňa bolan berk imany hem ösdürip bildi.

5. Nuh pygamber Hudaýyň ilkibaşdaky niýetini nädip bildi?

5 Ýazgylarda: «Adam sözi eşidensoň iman edýändir» diýilýär (Rim. 10:17). Nuh pygamber Ýehowa barada kimden eşitdi? Elbetde, oňa dogan-garyndaşlary köp zatlary gürrüň berendir. Meselem, Adam atanyň döwründe ýaşan kakasy Lemek Ýehowa iman edýärdi (Makalanyň başyndaky surata serediň). Nuhuň atasy Metuşalah we garry atasy Ýaret hem Ýehowa barada bilýärdi; Ýaret Nuh pygamber doglandan soň, onuň bilen 366 ýyl bile ýaşapdy * (Luka 3:36, 37). Mümkin, Nuh pygamber Hudaýyň ilkibaşdaky niýeti, ýagny ýer ýüzüniň dogry adamlardan dolmalydygyny we Erem bagynda turan pitne barada şol adamlar hem-de olaryň aýallary arkaly eşidendir (Gel. çyk. 1:28; 3:16—19, 24). Her näme-de bolsa, Nuhuň eşiden zatlary ýüregine täsir edip, ony Hudaýa gulluk etmäge höweslendirdi (Gel. çyk. 6:9).

6, 7. Nuh pygamberiň gelejege bolan umydy imanyny nädip berkitdi?

6 Iman hem umyt arkaly berkeýär. Adynyň manysynyň «dynçlyk; teselli» diýmegi aňladýandygyny we umyt berýändigini bilende, Nuh pygamberiň nähili duýgulary başdan geçirendigini göz öňüne getiriň! (Gel. çyk. 5:29). Lemek Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Rebbiň topragy näletländigi sebäpli, biz agyr zähmet çekmeli bolýarys. (Nuh) biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer». Nuh pygamber Hudaýa umyt edýärdi. Habyl we Hanok ýaly ol hem «tohumyň», ýagny wada edilen nesliň ýylanyň kellesini owratjakdygyna ynanýardy (Gel. çyk. 3:15).

7 Nuh Gelip çykyş 3:15-däki pygamberlige jikme-jik düşünmese-de, gelejekde ol arkaly gutulyşyň boljakdygyna umyt edýärdi. Mundan başga-da Erem bagynda berlen bu wada Hudaýyň zalym adamlary höküm etjekdigi barada yglan eden Hanogyň habary bilen baglanyşyklydy (Ýahd. 14, 15). Hawa, Hanogyň habary Armageddon söweşinde doly ýerine ýetse-de, bu Nuh pygamberiň imanyny we gelejege bolan umydyny berkitdi.

8. Hudaý barada alan bilimi Nuh pygamberi nämeden gorady?

8 Hudaý barada alan dogry bilimi Nuh pygambere nähili peýda berdi? Bu bilim Nuh pygamberiň imanyny berkitdi we Hudaýa mahsus akyldarlygy edinmäge kömek edip, ony dürli howplardan, esasan-da, ruhy taýdan gorady. Sebäbi ol hudaýsyz adamlar bilen däl-de, hak Hudaý bilen gezdi. Ol ynsan keşbine giren we adatdan daşary ukyplary, güýçleri bilen imansyz hem-de ynanjaň adamlary azdyran jynlaryň täsirine düşmedi (Gel. çyk. 6:1—4, 9). Şeýle-de Nuh pygamber adamlaryň köpelip, bütin ýer ýüzüni doldurmalydygyny bilýärdi (Gel. çyk. 1:27, 28). Şol sebäpli ol adam keşbine giren Hudaýyň ruhy ogullarynyň özlerine aýal almaklarynyň nädogrudygyny bilen bolmaly. Olardan üýtgeşik çagalar doglanda, bu has-da aýdyň boldy. Wagtyň geçmegi bilen, Hudaý oňa ýer ýüzüni Tupan bilen ýok etjekdigini duýdurdy. Nuh pygamberiň Hudaýa bolan imany maşgalasynyň halas bolmagy üçin, ony gämi gurmaga höweslendirdi (Ýew. 11:7).

9, 10. Biz Nuh pygamberiň imanyndan nädip görelde alyp bileris?

9 Biz Nuh pygamberiňki ýaly imany nädip ösdürip bileris? Munuň üçin Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmeli, bilen zatlarymyzy ýürekden kabul etmeli we olaryň durmuşymyza täsir edip, ýol görkezmegine mümkinçilik bermeli (1 Pet. 1:13—15). Şeýle imany we Hudaýa mahsus akyldarlygy ösdürsek, Şeýtanyň mekir hilelerinden hem-de dünýäniň erbet täsirinden gorar (2 Kor. 2:11). Dünýäniň ruhy zorlugy we ahlaksyzlygy öňe sürýär. Bu bolsa adamlary ten islegini hemme zatdan ileri tutmaga höweslendirýär (1 Ýah. 2:15, 16). Hatda adamy ruhy taýdan gowşadyp, Hudaýyň beýik gününiň golaýlaýandygyny inkär etmäge iterýär. Isa biziň günlerimizi Nuhuň günleri bilen deňeşdirende, zorlugy ýa-da ahlaksyzlygy däl-de, esasan, ruhy taýdan hüşgärligi elden bermegiň howpludygyny belläp geçdi (Matta 24:36—39-njy aýatlary okaň).

10 Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Meniň durmuşym Ýehowany hakykatdanam tanaýandygymy görkezýärmi? Hudaýa bolan imanym diňe bir onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga däl-de, eýsem, olary başgalara-da gürrüň bermäge höweslendirýärmi?» Bu soraglara berýän jogabymyz bize «Hudaýyň huzurynda gezýändigimizi» anyklamaga kömek eder.

DANYÝEL BUTPARAZ ŞÄHERDE HUDAÝA MAHSUS AKYLDARLYGY GÖRKEZDI

11. a) Danyýeliň Hudaýa wepalylygyndan alan terbiýesi barada nämäni bilse bolýar? b) Siz Danyýel pygamberiň haýsy häsiýetinden görelde almak isleýärsiňiz?

11 Danyýel pygamber Ýehowa barada nädip öwrendi? Danyýele Ýehowany we onuň Sözüni söýmegi ene-atasy öwreden bolmaly. Bu oňa ömrüniň ahyryna çenli şeýle söýgini saklamaga kömek etdi. Ol hatda garran wagtynda hem Ýazgylar barada oýlanýardy (Dan. 9:1, 2). Pygamberiň Danyýel 9:3—19-njy aýatlardaky ýürekden syzdyryp aýdan sözleri Hudaý barada öwrenen, şol sanda Ýehowanyň ysraýyl halky bilen gatnaşygy barada bilen zatlarynyň oňa güýçli täsir edendigini görkezýär. Eýsem, bu dileg barada okap oýlanmak we Danyýel hakda näme diýilýändigini bilmek üçin wagt sarp etsek gowy bolmazmy?!

12—14. a) Danyýel pygamber Hudaýa mahsus akyldarlygy ösdürendigini nädip görkezdi? b) Hudaýa batyrgaýlyk bilen wepaly galandygy üçin, Danyýel nähili bereket aldy?

12 Hudaý barada alan dogry bilimi Danyýel pygambere nähili peýda berdi? Wepaly ýehudylara butparazlykdan doly şäherde, ýagny Wawilonda ýaşamak örän kyndy. Meselem, muny Ýehowanyň ýehudylara: «Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň» diýen sözlerinden görse bolýar (Ýer. 29:7). Emma şol bir wagtyň özünde Hudaý olardan doly wepaly bolmagy talap edýärdi (Müs. çyk. 34:14). Eýsem, Danyýel pygambere bu iki tabşyrygy ýerine ýetirmäge näme kömek etdikä? Danyýeliň Hudaýa mahsus akyldarlygy oňa ynsan hökümetine tabyn bolmak baradaky prinsipe düşünmäge kömek etdi. Ençeme asyr geçenden soň, Isa şägirtlerine şoňa meňzeş prinsipi öwretdi (Luka 20:25).

13 Patyşadan başga hiç bir adama ýa-da taňra otuz günüň dowamynda doga etmezlik barada karar çykarylanda, Danyýeliň näme edendigi hakda oýlanyp görüň! (Danyýel 6:7—10-njy aýatlary okaň) *. Danyýel pygamber: «Bary-ýogy otuz gün, ebedilik däl ahyryn» diýip, özüni aklap bilerdi. Ýöne ol patyşanyň karary üçin Ýazgylardan öwrenen zatlaryndan el çekmek islemeýärdi. Elbetde, ol gizlinlikde hem doga edip bilerdi. Emma ol Hudaýa her gün dileg edýändigini başgalaryň görýändigini bilýärdi. Şol sebäpli janyna howp abansa-da, ol hatda pikirinde-de hakyky seždeden ýüz öwürmezligi ýüregine düwdi.

14 Ýehowa Danyýeliň ynsabyna görä batyrgaýlyk bilen gelen kararyny patalap, ony gudrat bilen ölümden halas etdi. Netijede, Ýehowanyň eden ajaýyp işini Midiýa hem Pars patyşalygyň uzak künjeklerinde ýaşaýan adamlar hem eşitdi! (Dan. 6:25—27).   

15. Biz Danyýel pygamberiňki ýaly imany nädip ösdürip bileris?

15 Biz Danyýeliňki ýaly imany nädip ösdürip bileris? Munuň üçin Hudaýyň Sözüni ýöne bir okaman, eýsem, «onuň manysyna düşünmeli» (Mat. 13:23). Biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler arkaly Ýehowanyň pikirine düşünmek isleýäris. Şonuň üçin okaýan zatlarymyzyň üstünde oýlanmaga wagt sarp etmeli. Şeýle-de synaglara ýa-da kyn ýagdaýlara uçranymyzda, Hudaýa yzygider ýürekden doga etmek örän wajyp. Eger biz Hudaýdan iman bilen akyldarlyk hem güýç dilesek, Ýehowa bu zatlary jomartlyk bilen berer (Ýak. 1:5).

EÝÝUP ÝAGŞY HEM ÝAMAN GÜNÜNDE HUDAÝYŇ PRINSIPLERINE EÝERDI

16, 17. Eýýup pygamber Hudaý baradaky dogry bilimi nädip edindi?

16 Eýýup pygamber Ýehowa barada nädip öwrendi? Eýýup pygamber ysraýylly däldi. Emma ol Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň daşgynrak garyndaşydy. Ýehowa olara Özi we ilkibaşdaky niýeti barada käbir jikme-jiklikleri aýan edipdi. Bu gymmatly hakykatlary nähilidir bir ýol bilen Eýýup hem eşidýär (Eýp. 23:12). Ol: «Sen hakda gulagym bilen eşidipdim» diýdi (Eýp. 42:5). Mundan başga-da Ýehowanyň özi-de Eýýubyň wepalydygy barada aýdypdy (Eýp. 42:7, 8).

Hudaýyň ýaradan zatlary arkaly onuň ajaýyp häsiýetlerini bilenimizde, imanymyz has-da berkeýär (17-nji abzasa serediň)

17 Eýýup pygamber ýaradylan zatlar arkaly hem Hudaýyň göze görünmeýän ençeme ajaýyp häsiýetlerini bilýärdi (Eýp. 12:7—9, 13). Soňra Elihu bilen Ýehowa ýaradylan zatlaryň käbir aýratynlyklaryny ulanyp, Eýýubyň ynsan düşünjesini Hudaýyň beýikligi bilen deňeşdirmäge çagyrdy (Eýp. 37:14; 38:1—4). Ýehowanyň sözleri Eýýubyň ýüregine güýçli täsir etdi. Şonuň üçin ol pesgöwünlilik bilen: «Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň... başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin» diýdi (Eýp. 42:2, 6).

18, 19. Eýýup pygamber Ýehowany hakykatdan tanaýandygyny nädip görkezdi?

18 Hudaý barada alan dogry bilimi Eýýup pygambere nähili peýda berdi? Eýýup pygamber Hudaýyň prinsiplerini gowy bilýärdi. Ol Ýehowany gowy tanaýardy we öwrenen zatlaryna görä ýaşaýardy. Eýýup ýakynyňy söýmeseň, Hudaýy hakykatdan söýüp bolmaýandygyna düşünýärdi (Eýp. 6:14). Ol özüni başgalardan ýokary tutmaýardy, gaýtam, hemmelere, baýlara-da, garyplara-da doganlyk söýgüsini bildirýärdi. Meselem, ol: «Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme?» diýdi (Eýp. 31:13—22). Görşümiz ýaly, Eýýup at-abraýyna we baýlygyna buýsanyp, özüne hem-de başgalara nädogry garaýyşda bolmady. Bu häzirki wezipeli we baý adamlaryň garaýşyndan düýpgöter tapawutlanýar!

19 Eýýup pygamber hatda ýüreginde-de butparazlygyň ähli görnüşini inkär edýärdi. Ol ýalan seždäniň, şol sanda baýlyga bil baglamagyň «gökdäki Hudaýy inkär etmekdigine» düşünýärdi (Eýýup 31:24—28-nji aýatlary okaň) *. Eýýup pygamber nika gatnaşyklaryna erkek adam bilen aýal maşgalanyň arasyndaky mukaddes zat hökmünde garaýardy. Ol hatda: «Boý gyza (gelin-gyzlara) gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim» diýdi (Eýp. 31:1). Şol döwürde Ýehowa Hudaý köp aýal almaklyga ýol berýärdi. Şonuň üçin Eýýup ýene bir aýala öýlenip bilerdi *. Emma ol Hudaýyň Erem bagynda döreden nikasyny göz öňünde tutup, maşgalada diňe bir aýal bilen ýaşamagy ýüregine düwen bolmaly (Gel. çyk. 2:18, 24). Takmynan 1 600 ýyl geçensoň, Isa Mesih şägirtlerine nika we ahlak kadalary babatda şol prinsiplere eýermegi maslahat berdi (Mat. 5:28; 19:4, 5).

20. Ýehowa we onuň kadalary hakda dogry bilim alsak, dost saýlamak hem-de dynç almak meselesinde paýhasly bolmaga nädip kömek eder?

20 Biz Eýýubyňky ýaly imany nädip ösdürip bileris? Ýokarda agzalyşy ýaly, munuň üçin Ýehowa barada dogry bilim almaly we öwrenen zatlarymyzyň durmuşymyzyň ähli ýagdaýyna täsir etmegine ýol bermeli. Meselem, mezmurçy Dawut Ýehowanyň «zorlugy söýýäni ýigrenýändigini» bilýärdi. Şonuň üçin ol «ýalançylar bilen» hiç hili gatnaşyk etmezligi ündedi (Zebur 11:5; 26:4-nji aýatlary okaň). Dawudyň sözleri size Hudaýyň garaýşy barada nämäni aýan edýär? Bu siziň durmuşda ileri tutýan zatlaryňyza, Interneti ulanyşyňyza, dost saýlaýyşyňyza we dynç almak meselesine bolan garaýşyňyza nähili täsir etmeli? Siziň berýän jogaplaryňyz Ýehowany ýakyndan tanaýandygyňyzy anyklamaga kömek eder. Şu zalym dünýäde Hudaýa wepaly galmak üçin, biz diňe bir «aň-düşünjämizi ýagşy we ýamany saýgarmaga öwrenişdirmän», eýsem, paýhasly hereket etmegi öwrenmeli (Ýew. 5:14; Efes. 5:15).   

21. Gökdäki Atamyzyň göwnünden turmak üçin «ähli zada düşünmäge» bize näme kömek eder?

21 Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber Ýehowany bütin ýüregi bilen agtarandygy üçin, ol özüni olara tanatdy. Hudaý olara özüne ýaraýan «ähli zada düşünmäge» kömek etdi. Şeýdip, olar dogruçyl bolmakda ajaýyp görelde galdyrdylar we hakykatdan manyly durmuşy alyp bardylar (Zeb. 1:1—3). Biz özümize şeýle sorag berip bileris: «Men Ýehowany Nuh, Danyýel we Eýýup pygamber ýaly gowy tanaýarynmy?» Biz «gitdigiçe parlaýan» ruhy ýagtylyga minnetdar bolsak, Ýehowany olardanam has gowy tanap bileris (Sül. tym. 4:18). Şonuň üçin Hudaýyň Sözüni çuňňur öwreneliň, okan zatlarymyz barada oýlanalyň we mukaddes ruh barada doga edeliň. Şonda gökdäki Atamyza has-da ýakynlaşarys we bu hudaýsyz dünýäde düşgür hem paýhasly hereket ederis (Sül. tym. 2:4—7).

^ abzas 5 Nuhuň garry atasy Hanok hem «Hudaýyň huzurynda gezdi». Emma Nuhuň dogulmazyndan takmynan 69 ýyl öň Hudaý ony «aldy» (Gel. çyk. 5:23, 24).

^ abzas 13 Danyýel 6:7 «Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn. 8 Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol çek» diýdiler. 9 Şeýdip, Darýuş patyşa bu permana we karara gol çekdi. 10 Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.

^ abzas 19 Eýýup 31:24 Altyna bil baglan bolsam, sap altyna ynam eden bolsam, 25 ummasyz baýlygyma buýsanyp, elimiň gazanjyna guwanan bolsam, 26 parlaýan Güne garap, asmandaky ajaýyp Aýa bakyp, 27 köňlümiň meýlini azdyryp, Aýa, Güne sežde hökmünde ýüzüme sylan bolsam, 28 bu hem höküme laýyk etmiş bolardy, gökdäki Hudaýy inkär etdigim bolardy.

^ abzas 19 Nuh pygamber barada hem şeýle diýse bolýar. Erem bagynda turan pitneden biraz wagt geçensoň, köp aýallylyk giňden ýaýrasa-da, onuň diňe bir aýaly bardy (Gel. çyk. 4:19).