Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?

Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?

«Hudaý size Mesih Isanyňky ýaly pikirde bolmaga ýardam etsin». RIM. 15:5

AÝDYMLAR: 25, 5

1, 2. a) Dogan-uýalaryň köpüsi ruhy taýdan ýetişen bolmaga nähili garaýar? b) Şu makalada haýsy soraglara serederis?

KANADADA ýaşaýan uýa şeýle diýýär: «Ruhy taýdan ýetişen bolmak özümi bagtly duýmaga we gündelik kynçylyklaryma hötde gelmäge kömek edýär». Braziliýaly dogan bolsa şeýle diýýär: «Ruhy garaýyşda bolmak üçin eden tagallamyz aýalym ikimize 23 ýyl bäri örän bagtly ýaşamaga ýardam edýär». Filippinde ýaşaýan dogan hem şeýle diýýär: «Ruhy taýdan ýetişen bolmak maňa kalbymda parahatlygy saklamaga we dürli medeniýetden bolan dogan-uýalar bilen agzybir bolmaga kömek edýär».    

2 Bu sözler ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolmagyň peýdalydygyny görkezýär. Mümkin, biz özümizden: «Menem şol dogan-uýalar ýaly ruhy taýdan ösüp, bagtly bolmak üçin näme edip bilerin?» diýip soraýandyrys. Bu soraga jogap bermezden öň, geliň, Mukaddes Ýazgylardan ruhy taýdan ýetişen ýa-da ruhy garaýyşda bolmagyň näme aňladýandygyny bileliň. Şu makalada üç soraga serederis: 1. Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar? 2. Ruhy taýdan ýetişen bolmaga bize haýsy mysallar kömek eder? 3. «Mesihiňki ýaly pikirde bolmak» üçin tagalla etsek, ruhy taýdan ýetişen bolmaga nädip kömek eder?

RUHY TAÝDAN ÝETIŞEN BOLMAK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

3. Mukaddes Ýazgylarda ten islegine görä ýaşaýan adam bilen ruhy adamyň arasyndaky tapawut barada näme diýilýär?

3 Pawlus resul ruhy garaýyşdaky adamyň nähili bolýandygyna düşünmäge kömek etmek üçin, «Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam» bilen «ten islegine görä ýaşaýan adamyň» aratapawudyny düşündirýär (1 Korinfliler 2:14—16-njy aýatlary okaň). Eýsem, olaryň arasynda nähili tapawut bar? «Ten islegine görä ýaşaýan adam Hudaýyň ruhy arkaly açan zatlaryny kabul edip bilmeýär. Bu zatlar onuň üçin akmaklykdyr. Ol oňa düşünip hem bilmeýär». «Ýöne Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam ähli zada düşünýändir... Mesihiň pikir edişi ýaly, pikir edýändir». Pawlus resul bizi ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga höweslendirýär. Ten islegine görä ýaşaýan adam bilen Hudaýyň islegine görä ýaşaýan adamyň arasynda ýene nähili tapawut bar?

4, 5. Ten islegine görä ýaşaýan adam nähili bolýar?

4 Geliň, başda ten islegine görä ýaşaýan adamyň garaýşynyň nähili bolýandygyny bileliň. Şu dünýäde ten islegiňe görä ýaşamak öňe sürülýär. Pawlus resul muny: «Hudaýa gulak asmaýan adamlarda hereket edýän garaýşa görä ýaşaýardyňyz» diýip düşündirdi (Efes. 2:2). Bu garaýyş gaty köp adamlara täsir edýär, ýagny olar köpçüligiň yzyna eýerip ýaşaýarlar. Şeýle adamlar ten islegini ileri tutýarlar. Şol sebäpli olar Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermek üçin jan etmän, gaýtam, öz gözünde dogry hasaplaýan zatlaryny edýärler. Ten islegine görä ýaşaýan adam köplenç at-abraýa, baýlyga kowalaşýar ýa-da dogry hasaplaýan zatlaryny öňe sürýär.

5 Ten islegine görä ýaşaýan adamy ýene nähili suratlandyrsa bolar? Muňa «ten işlerini» edýän adamlaryň hemmesi degişli (Gal. 5:19—21). Pawlus resul Korinfdäki ýygnaga ýazan birinji hatynda ten islegine görä ýaşaýan adamyň bildirýän başga-da käbir häsiýetlerini agzady. Olara bölünişik döretmek, tarapgöýlük etmek, agzalalyk, birek-biregiň üstünden kazyýete arz etmek, ýolbaşçylara hormat goýmazlyk, açgözlük ýaly zatlar degişli. Dogrudan-da, ten islegine görä ýaşaýan adam synaga düşende, ruhy taýdan gowşak bolýar we derrew ýan berýär (Sül. tym. 7:21, 22). Ýahuda şägirt şeýle adamlara hatda «Hudaýyň ruhy bolmadyklar» diýdi (Ýahd. 18, 19).

6. «Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam» nähili bolýar?

6 Eýsem, «Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam» nähili bolýar? Ol Hudaýy razy edip ýaşaýar we ten islegine görä ýaşaýan adamdan düýpgöter tapawutlanýar. Ruhy garaýşyny saklaýan adamlar «Hudaýdan görelde almaga» jan edýärler (Efes. 5:1). Başgaça aýdanyňda, olar Ýehowanyň pikir edişi ýaly pikirlenip, ähli zada onuň garaýşy ýaly garamaga çalyşýarlar. Olar Hudaýyň bardygyna berk ynanýarlar. Ten islegine görä ýaşaýanlardan tapawutlylykda, olar hemme ýagdaýda Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermek üçin tagalla edýärler (Zeb. 119:33; 143:10). Olar ten islegini öňe sürmän, gaýtam, «ruhuň miwesini» görkezmäge çalyşýarlar (Gal. 5:22, 23). Ruhy garaýyşda bolmagyň ýene näme aňladýandygyny bilmek üçin, şu barada oýlanyň: Hemişe dogry garaýşyny saklaýan adam pikirini gowy zatlara gönükdirýär. Ruhy zatlary gymmat saýýan adam bolsa pikirini ruhy zatlara gönükdirýär.

7. Mukaddes Ýazgylarda ruhy garaýyşdaky adamlar hakda näme diýilýär?

7 Mukaddes Ýazgylarda ruhy garaýyşdaky adamlaryň öwgä mynasypdygy aýdylýar. Meselem, Matta 5:3-de: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr, çünki gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr» diýilýär. Rimliler 8:6-da bolsa ruhy garaýyşdaky adam barada: «Ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär, ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär» diýilýär. Biz ünsümizi ruhy zatlara gönükdirsek, häzirden Hudaý bilen parahatlygy saklap, kalbymyzda rahatlyk duýarys. Gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowşarys.

8. Ruhy taýdan ösmek we ruhy saglygyňy saklamak näme üçin wajyp?

8 Biz howply döwürde ýaşaýarys. Daş-töweregimizi diňe ten islegine görä ýaşaýan adamlaryň gurşap alandygy üçin, biz ruhy taýdan ösmäge jan etmeli we ruhy saglygymyzy hemişe goramaly. Eger adam ruhy taýdan gowşasa, onuň ahlak kadalara bolan garaýşy pese gaçýar we özüne zyýan ýetirýär. Şeýle ýagdaýa düşmezlige bize näme kömek eder? Biz ruhy taýdan nädip ösüp bileris?

RUHY TAÝDAN ÝETIŞEN ADAMLARYŇ GÖRELDESI

9. a) Ruhy taýdan ösmäge bize näme kömek eder? b) Biz kimleriň göreldesine serederis?

9 Çaga ene-atasyny synlap we olaryň gowy göreldesine eýerip, ruhy taýdan ýetişen adam bolup biler. Şonuň ýaly bizem ruhy taýdan berk dogan-uýalaryň özüni alyp barşyny synlap we olaryň göreldesine eýerip bileris. Munuň tersine, ten isleglerini ileri tutýan adamlar biziň üçin sapak bolup biler (1 Kor. 3:1—4). Mukaddes Ýazgylarda gowy hem erbet mysallar agzalýar. Ýöne biz ruhy taýdan ýetişen adam bolmak isleýändigimiz üçin, geliň, gowy görelde galdyran adamlaryň mysallaryndan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň. Biz Ýakubyň, Merýemiň we Isanyň galdyran göreldesi hakda gürrüň ederis.

Biz Ýakubyň mysalyndan näme öwrenip bileris? (10-njy abzasa serediň)

10. Ýakubyň ruhy taýdan ýetişen adam bolandygy nämeden görünýär?

10 Geliň, başda Ýakup pygamber barada gürrüň edeliň. Ýakup ýaly biziň köpümize şu günler ýaşamak aňsat däl. Ol ten islegine görä ýaşaýan dogany Esaw bilen oňşup ýaşamaly bolýardy. Esaw ony öldürmek hem isledi. Şeýle-de Ýakup öz bähbidi üçin ençeme gezek aldan gaýynatasy bilen iş salyşmaly bolýardy. Ol «ten islegine görä ýaşaýan» adamlaryň arasynda-da ruhy garaýşyny saklamagy başardy. Ýakup Ýehowanyň Ybraýym pygambere beren wadasyna iman edýärdi we maşgala agzalarynyň aladasyny edip ýaşaýardy. Sebäbi olar Hudaýyň ajaýyp niýetinde wajyp orun tutmalydy (Gel. çyk. 28:10—15). Ýakubyň sözlerinden we hereketinden Hudaýyň kadalaryna hem-de islegine görä ýaşaýandygyny aýdyň görse bolýar. Meselem, dogany Esaw howp salanda, Ýakup Hudaýa şeýle doga edipdi: «Ýalbarýaryn, meni... halas et... Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň» (Gel. çyk. 32:6—12). Ol Ýehowanyň özüne we ata-babalaryna beren wadasyna iman edip, Hudaýyň islegine hem-de niýetine laýyk ýaşamak isleýärdi.

Biz Merýemiň mysalyndan näme öwrenip bileris? (11-nji abzasa serediň)

11. Merýemiň ruhy taýdan ýetişen adam bolandygy nämeden görünýär?

11 Geliň, indi Merýemiň galdyran göreldesi hakda gürrüň edeliň. Ýehowa ony näme üçin Isanyň ejesi bolmaga saýlady? Sebäbi ol ruhy taýdan ýetişen adamdy. Biz muny nireden bilýäris? Ol garyndaşy Zakarýa bilen Elizabediň öýüne baranda, Hudaýy şöhratlandyrýan sözleri aýdyp, ruhy taýdan ýetişendigini aýdyň görkezdi (Luka 1:46—55-nji aýatlary okaň). Merýemiň ynam bilen aýdan sözleri onuň Hudaýyň Sözüni çuňňur söýýändigini we Ýewreý ýazgylaryny gowy bilendigini görkezýär (Gel. çyk. 30:13; 1 Şam. 2:1—10; Mal. 3:12). Şeýle-de üns beren bolsaňyz, ol Ýusup bilen ýaňy durmuş guran hem bolsa, Isa dünýä inýänçä, jynsy gatnaşykda bolmady. Bu nämäni görkezýär? Bu olaryň ikisiniňem Ýehowanyň islegini özüniňkiden ileri tutandyklaryny görkezýär (Mat. 1:25). Wagt geçdigi saýyn, Merýem Isanyň durmuşynda bolan wakalara we aýdýan paýhasly sözlerine üns berýärdi. Şeýle-de «onuň aýdan zatlarynyň barysyny ýüreginde saklaýardy» (Luka 2:51). Ol Hudaýyň Mesih baradaky niýeti bilen içgin gyzyklanýardy. Eýsem, Merýemiň göreldesi bizi Hudaýyň islegini durmuşymyzda birinji orunda goýmaga höweslendirmeýärmi?

12. a) Isa nädip Atasynyň göreldesine eýerdi? b) Biz nädip Isanyň göreldesine eýerip bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

12 Ruhy taýdan ýetişen adamlaryň içinde iň ajaýyp göreldäni kim galdyrdy? Elbetde, Isa. OI ýer ýüzünde ýaşanda we gulluk edende, Atasy Ýehowanyň göreldesine eýermek isleýändigini aýdyň görkezdi. Muny onuň pikirlenişinden, duýgusyndan we eden işlerinden görse bolýar. Ol Hudaýyň islegine we kadalaryna laýyk ýaşaýardy (Ýah. 8:29; 14:9; 15:10). Meselem, Işaýa pygamberiň kitabyndaky Ýehowanyň halkyna görkezen duýgudaşlygy bilen Markusyň Hoş habarynda beýan edilýän Isanyň duýgularyny deňeşdirip görüň (Işaýa 63:9 *; Markus 6:34-nji aýatlary okaň). Bizem kömege mätäç adamlary görenimizde, Isa ýaly duýgudaşlyk bilen olaryň aladasyny ederismi? Mundan başga-da Isa özüni hoş habary wagyz etmek we adamlara tälim bermek işine bagyş etdi (Luka 4:43). Elbetde, şeýle häsiýetler we hereketler adamyň ruhy taýdan ýetişendigini görkezýär.

13, 14. a) Biz ruhy garaýşy saklaýan imandaşlarymyzdan näme öwrenip bileris? b) Mysal getiriň.

13 Diňe bir geçmişde däl, eýsem, şu günlerem mesihi häsiýetleri ösdürip, ruhy garaýşyny saklaýan adamlar az däl. Mümkin, siz olaryň yhlasly wagyz edişini, ýürekden myhmansöýerlik görkezişini, duýgudaşlyk bildirişini we başga-da ajaýyp häsiýetlerini görýänsiňiz. Olaram Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürende, biziň ýaly ejizlikleri we bikämilligi bilen göreşýärler. Braziliýada ýaşaýan Reýçel uýa şeýle diýýär: «Täze çykan egin-eşiklere kowalaşýandygym üçin, men salykatly geýinmeýärdim. Emma hakykaty bildigimçe, ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga islegim artdy. Elbetde, bu maňa aňsat düşmedi. Ýöne häzir özümi has bagtly duýýaryn, sebäbi durmuşyň manysyna düşündim».

14 Filippinli Raýlen uýa bolsa başga kynçylyklar bilen göreşmeli boldy. Onuň bar ünsi ýokary bilim almaga we gowy aýlykly işe girmäge gönükdirilendi. Ol şeýle diýýär: «Meniň ruhy maksatlarym ýitip başlady. Şonda men durmuşda nämedir bir zady, has dogrusy işimdenem wajyp zady ünsden düşürýändigime göz ýetirdim. Bu maňa ünsümi Ýehowa gulluk etmäge gönükdirmäge kömek etdi». Şondan soň Raýlen Ýehowanyň Matta 6:33, 34-nji aýatlarda beren wadasyna görä ýaşap başlaýar. Ol: «Men Ýehowanyň aladamy etjekdigine asla şübhelenmeýärin!» diýýär. Mümkin, siziňem ýygnagyňyzda şeýle dogan-uýalar bardyr. Bu bizi Mesihiň yzyna eýerip ýaşaýan wepaly imandaşlarymyzyň göreldesine eýermäge höweslendirmeýärmi?! (1 Kor. 11:1; 2 Sel. 3:7).

«MESIH ISANYŇKY ÝALY PIKIRDE BOLUŇ»

15, 16. a) Mesihe meňzemek üçin biz näme etmeli? b) «Mesihiň pikirine» düşünmäge bize näme kömek eder?

15 Biz Mesihiň göreldesine nädip eýerip bileris? 1 Korinfliler 2:16-da: «Mesihiň pikir edişi ýaly, pikir ediň», Rimliler 15:5-de bolsa: «Mesih Isanyňky ýaly pikirde boluň» diýilýär. Şol sebäpli biz Isadan görelde almak üçin, onuň pikirlenişi ýaly pikirlenmeli we onuň häsiýetlerinden görelde almaly. Soňra onuň yzyna eýermeli. Isa bar pikirini Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyna gönükdirdi. Biz Isanyň göreldesine eýermäge näçe jan etsek, şonça-da Ýehowanyň häsiýetlerini görkezeris. Ine, şol sebäpli-de Isanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek örän wajyp.

16 Munuň üçin biz näme edip bileris? Isanyň şägirtleri onuň görkezen gudratlaryny görüp, eden gürrüňlerini diňlediler; şeýle-de onuň dürli adamlar bilen özüni nähili alyp barandygyny we Hudaýyň prinsiplerine nädip eýerendigini gördüler. Şol sebäpli olar: «Biz onuň... eden ähli işlerine şaýatdyrys» diýip bildiler (Res. iş. 10:39). Bizde şeýle mümkinçilik bolmasa-da, Ýehowa Matta, Markus, Luka we Ýahýanyň Hoş habary arkaly Isanyň nähili adam bolandygyny janlandyryp beýan edilmeginiň aladasyny etdi. Şeýdip, bize bolan söýgüsini görkezdi. Biz bu kitaplary okasak we oýlansak, Mesihiň pikirine düşünmäge kömek eder. Şonda biz Mesihiň «yzyna doly eýerip», «onuň pikir edişi ýaly pikirlenmegi» öwrenip bileris (1 Pet. 2:21; 4:1).   

17. Mesihiňki ýaly pikirde bolmagyň bize nähili peýdasy bar?

17 Mesihiňki ýaly pikirde bolmagy öwrenmeklik bize nädip kömek eder? Iýmitiň bedenimizi berkidişi ýaly, aňymyzy Mesihiň pikiri bilen iýmitlendirsek, ruhy taýdan berkäris. Wagtyň geçmegi bilen, biz Isanyň dürli ýagdaýlarda özüni nähili alyp barandygyna düşüneris. Bu bolsa bize arassa ynsaply bolmaga we Hudaýyň razylygyny gazanmaga kömek edýän karara gelmäge ýardam berer. Eýsem, bu bereketler bizi «Halypamyz Isa Mesihiň göreldesine eýermäge» höweslendirmeýärmi näme? (Rim. 13:14).

18. Ruhy taýdan ýetişen adam bolmak babatda nämeleri bildik?

18 Biz şu makalada ruhy taýdan ýetişen adam bolmagyň näme aňladýandygyna seretdik. Şeýle-de ruhy taýdan ýetişen adamlardan näme öwrenip bolýandygyny we «Mesihiň pikir edişi ýaly, pikir etsek», ruhy taýdan ösmäge kömek etjekdigini bildik. Ýöne ruhy taýdan ýetişen adam bolmak üçin, biziň başga-da bilmeli zatlarymyz bar. Meselem, biz ruhy taýdan berkdigimizi nädip anyklap bileris? Ruhy taýdan ösmek üçin ýene näme etmeli? Bu biziň gündelik durmuşymyza nähili täsir eder? Şu soraglaryň jogabyny indiki makaladan bileris.

^ abzas 12 Işaýa 63:9 Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.