Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýakup Esawyň nowbaharlyk hakyny alandygy üçin Mesihiň nesil şejeresine degişli boldumy?

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Gadymy Ysraýylda Mesihiň nowbaharlyk hakynyň bolandygyny görkezýän nesil şejere bardymy?

Biz wagtal-wagtal bu barada gürrüň edýäris. Ol Ýewreýler 12:16-daky sözlere gabat gelýär. Onda Esawyň «mukaddes zatlary hapalandygy» we «nowbaharlyk hakyndan ýüz öwrüp, ony (Ýakuba) bir tabak nahara» satandygy aýdylýar. Bu sözler Ýakubyň «nowbaharlyk hakyny» almaga mynasyp bolup, Mesihiň nesil şejeresine degişli bolandygyny görkezýär (Mat. 1:2, 16; Luka 3:23, 34).

Mukaddes Ýazgylardan görnüşi ýaly, Mesihiň nesil şejeresine degişli bolmak üçin nowbahar ogul bolmak hökman däldi. Geliň, käbir subutnamalara seredeliň:

Ýakubyň (Ysraýyl) Leýadan bolan ilkinji oglunyň ady Rubendi. Soňra Ýakubyň gowy görýän aýalyndan Ýusup dogulýar. Ruben akylsyz hereket edende, onuň nowbaharlyk haky Ýusuba geçýär (Gel. çyk. 29:31—35; 30:22—25; 35:22—26; 49:22—26; 1 Ýyl. 5:1, 2). Muňa garamazdan, Ruben hem, Ýusup hem Mesihiň nesil şejeresine girmeýär. Ol Ýakubyň aýaly Leýanyň dördünji ogly Ýahudanyň neslinden gelýär (Gel. çyk. 49:10).

Luka 3:32-de Mesihiň kimiň neslinden bolandygyny görkezýän bäş adamyň ady agzalýar. Olaryň hemmesi-de nowbahar ogul ýalydy. Bowaz Obediň atasydy, Obed bolsa Ýessäniň atasydy (Rut 4:17, 20—22; 1 Ýyl. 2:10—12).

Emma Dawut nowbahar ogul däldi. Ol Ýessäniň sekizinji, ýagny ogullarynyň iň kiçisidi. Muňa garamazdan, Mesihiň Dawudyň neslinden bolandygy aýdylýar (1 Şam. 16:10, 11; 17:12; Mat. 1:5, 6). Şonuň ýaly Süleýman hem Mesihiň nesil şejeresine degişli bolsa-da, ol Dawudyň nowbahar ogly däldi (2 Şam. 3:2—5).

Bu nowbahar ogul bolmagyň hiç hili peýdasynyň ýokdugyny aňlatmaýar. Aslynda, nowbahar ogul jogapkärli wezipäni eýeleýärdi we köplenç maşgalada atasy aradan çykansoň, maşgalabaşy bolýardy. Şeýle-de onuň ähli zatdan iki esse paý almaga haky bardy (Gel. çyk. 43:33; Kan. tag. 21:17; Ýeş. 17:1).

Nowbaharlyk haky başga birine hem geçip bilýärdi. Meselem, Ybraýym ogly Ysmaýyly ejesi bilen öýünden çykaryp goýberende, nowbaharlyk haky Yshaga geçýär (Gel. çyk. 21:14—21; 22:2). Ýokarda bellenilişi ýaly, Rubeniň nowbaharlyk haky hem Ýusuba geçipdi.

Geliň, ýene-de Ýewreýler 12:16-daky sözlere üns bereliň. Onda: «Araňyzda ahlaksyzlyk edýän we nowbaharlyk hakyndan ýüz öwrüp, ony bir tabak nahara çalşan Esaw ýaly mukaddes zatlary hapalaýan adam bolmasyn» diýilýär. Biz mundan näme öwrenýäris?

Pawlus resul Mesihiň nesil şejeresi hakda gürrüň etmeýär. Ol mesihçileri «dogry ýoldan ýöremäge» çagyrýar. Olar ahlaksyz işlerden el çekmelidiler, «ýogsam Hudaýyň merhemetinden mahrum bolardylar» (Ýew. 12:12—16). Eger olar ahlaksyzlyk etmegini dowam etseler, Esaw ýaly bolardylar. Esaw ten höweslerine özüni aldyryp, «mukaddes zatlary hapalapdy».

Esaw ysraýyl halkynyň ata-babasy Ybraýymyň döwründe ýaşapdy; ol hatda mal gurbanlaryny getirmek hormatyna hem eýe bolupdy (Gel. çyk. 8:20, 21; 12:7, 8; Eýp. 1:4, 5). Emma ten höwesine berlip, Esaw ähli alan bereketlerini bir tabak çorba çalyşdy. Ol Ybraýymyň nesliniň görgi görjekdigi baradaky pygamberligi bilýärdi. Mümkin, Esaw şondan gaçjak bolandyr (Gel. çyk. 15:13). Şeýle-de ol özge milletden iki aýal öýlenip, ene-atasyny gynandyrdy we mukaddes zatlary gymmat saýman, dünýä mahsus bolan garaýşy görkezdi (Gel. çyk. 26:34, 35). Ol hak Hudaýa sežde edýän aýala öýlenen Ýakupdan düýbünden tapawutlanýardy (Gel. çyk. 28:6, 7; 29:10—12, 18).

Onda Isa Mesihiň kimiň neslinden bolandygy barada näme diýip bileris? Käte nesil şejere nowbahar ogla geçýärdi, emma hemişe beýle bolmaýardy. Ýehudylar muny bilýärdiler we Mesihiň Ýessäniň iň kiçi ogly Dawudyň neslinden geljekdigini inkär etmeýärdiler (Mat. 22:42).