Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaý söýýänini terbiýeleýändir

Hudaý söýýänini terbiýeleýändir

«Ýehowa söýýänini terbiýeleýändir». ÝEW. 12:6

AÝDYMLAR: 125, 20

1. Mukaddes Ýazgylarda terbiýe diýlende, köplenç näme göz öňünde tutulýar?

«TERBIÝE» diýlende, siziň näme göz öňüňize gelýär? Mümkin, derrew kimdir birine temmi bermek diýip düşünýänsiňiz, ýöne bu has köp zady öz içine alýar. Mukaddes Ýazgylarda terbiýe diýlende, köplenç gowy manyda ulanylyp, bilim, akyldarlyk, söýgi we ýaşaýyş ýaly zatlar bilen bilelikde agzalýar (Sül. tym. 1:2—7; 4:11—13). Hudaý söýýändigi we ebedi ýaşamagymyzy isleýändigi üçin bize terbiýe berýär (Ýew. 12:6). Ol terbiýelände, käte temmi berse-de, muny hiç haçan zalymlyk ýa-da zorluk bilen etmeýär. Aslynda, terbiýe bermek nämedir bir zady öwretmekligi öz içine alýar. Meselem, ene-ata çagasyny söýgi bilen terbiýeläp ýetişdirýär.

2, 3. Terbiýe nädip hem öwretmegi, hem temmi bermegi öz içine alýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Geliň, bir mysala seredeliň. Ýakup atly oglanjyk öýde top oýnaýar. Ejesi oňa: «Ýakup, öýde top oýnama! Ýogsam, bir zatlary döwersiň» diýýär. Oglanjyk ejesiniň aýdanlaryna gulak asman, top oýnap duran küýzäni döwýär. Indi ejesi näme eder? Ol ogluny terbiýeläp, hem tälim, hem temmi berer. Ejesi oglunyň eden işiniň nädogrudygyny ýatladyp, oňa tälim berýär. Ol görkezmäniň wajyp hem-de paýhaslydygyny düşündirip, ene-ataňa gulak asmagyň peýdalydygyny aýtmakçy bolýar. Soňra aýdanlaryny tassyklamak üçin ogluna ýerlikli temmi berýär. Meselem, Ýakubyň topyny wagtlaýyn alýar. Mümkin, şonda ol gulak asmazlygyň nähili netije berýändigine düşüner.

3 Biz mesihçiler ýygnagynyň agzasy hökmünde Hudaýyň maşgalasyna degişli hasaplanýarys (1 Tim. 3:15). Şol sebäpli Ýehowanyň adyl kadalaryna we Hudaýyň söýgi bilen berýän terbiýesine hormat goýýarys. Galyberse-de, eden hereketimiz erbet netije berse, Hudaýyň terbiýesi gökdäki Atamyza gulak asmagyň wajypdygyny ýatladýar (Gal. 6:7). Hudaý biz barada ýürekden alada edýär we gaýgy-aladalarymyzdan dynmagymyzy isleýär (1 Pet. 5:6, 7).

4. a) Ýehowa nähili terbiýäni patalaýar? b) Şu makalada nämä serederis?

4 Mukaddes Ýazgylara esaslanan terbiýe çagamyza ýa-da okuw geçýän adama Mesihiň şägirdi bolmak ýaly maksatlara ýetmäge kömek edip biler. Hudaýyň Sözi öwretmek we dogry kadalar boýunça terbiýelemek üçin esasy gural bolup durýar. Bu çagamyza ýa-da okuw geçýän adama Isanyň «tabşyran zatlaryna» düşünmäge we olary berjaý etmäge kömek edip biler (2 Tim. 3:16; Mat. 28:19, 20). Ýehowa şeýle berlen tälimi patalaýar, sebäbi bu has köp adamlara Mesihiň şägirdi bolmaga kömek edýär (Titus 2:11—14-nji aýatlary okaň). Geliň, şu üç wajyp soragyň jogabyny bileliň: 1. Hudaýyň terbiýesi bize bolan söýgüsini nädip görkezýär? 2. Hudaýyň geçmişde terbiýelän adamlarynyň mysalyndan näme öwrenip bileris? 3. Terbiýe berenimizde, biz Ýehowanyň we Oglunyň göreldesine nädip eýerip bileris?

HUDAÝ SÖÝGI BILEN TEMMI BERÝÄR

5. Bize terbiýe berlende, Ýehowanyň söýgüsi nädip görünýär?

5 Ýehowanyň söýgüsinde hem-de ýaşaýyş ýolunda galmagymyz üçin, ol bizi söýgi bilen düzedýär, öwredýär we tälim berýär (1 Ýah. 4:16). Özümizi dereksiz duýmaz ýaly, Hudaý bizi hiç haçan kemsitmeýär ýa-da mertebämizi peseltmeýär (Sül. tym. 12:18). Gaýtam, ol biziň gowy häsiýetlerimize üns berip, erkinligimize hormat goýýar. Eýsem, biz Hudaýyň öz Sözi, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar, mesihçi ene-atamyz ýa-da ýygnak ýaşululary arkaly berýän terbiýesine nähili garaýarys? Dogrudan-da, ýaşulular «ýalňyş ädim äden» adama ýumşaklyk we söýgi bilen düzediş bermäge jan edýärler. Şeýdip, Ýehowanyň söýgüsinden görelde alýarlar (Gal. 6:1).

6. Terbiýe haçan maslahat ýa-da düzediş bermekden has köp zady aňladýar we bu Hudaýyň bizi söýýändigini nädip görkezýär?

6 Käte terbiýe diňe bir maslahat ýa-da düzediş bermekden has köp zady aňladyp biler. Eger biri agyr günä eden bolsa, ýygnakdaky hormatly borjuny ýitirmegi mümkin. Hatda şeýle terbiýe hem Hudaýyň bize bolan söýgüsini görkezýär. Bu hormatly borçlaryny ýitiren mesihçä şahsy okuwy geçirmegiň, okan zatlaryň hakda oýlanmagyň we doga etmegiň wajypdygyna düşünmäge kömek eder. Şeýdip, ol ruhy saglygyny berkider (Zeb. 19:7). Mümkin, wagtyň geçmegi bilen, oňa ýene-de hormatly borçlar ynanylar. Hatda ýygnak gatnaşygyndan kesilmek Ýehowanyň söýgüsini aýan edýär. Sebäbi şeýle çäre ýygnagy erbet täsirden goraýar (1 Kor. 5:6, 7, 11). Hudaý hemişe ýerlikli terbiýe berýär. Şonuň üçin bu çäre gatnaşykdan kesilen adamy eden günäsiniň agyrdygyna düşünmäge we toba etmäge höweslendirip biler (Res. iş. 3:19).

OL ÝEHOWANYŇ TEMMISINI KABUL ETDI

7. Şebna kim we ol nädip erbet ýola düşdi?

7 Terbiýäniň gymmatyna düşünmek üçin, geliň, Ýehowanyň düzedişini kabul eden iki adam, ýagny Hizkiýa patyşanyň günlerinde ýaşan Şebna we biziň günlerimizde ýaşaýan Graham dogan bilen bolan waka seredeliň. Şebna Hizkiýa patyşanyň köşk häkimi bolupdy we ýokary wezipäni eýeleýärdi (Iş. 22:15). Gynansak-da, ol özüni şöhratlandyrmak üçin tekepbirlige ýüz urýar. Ol hatda özüne gymmatbaha gabyr gazdyrýar we «ajaýyp söweş arabalaryny» edinýär (Iş. 22:16—18).

Garaýşymyzy pesgöwünlilik bilen düzetsek, Hudaýyň berekedini alarys (8-10-njy abzaslara serediň)

8. Ýehowa Şebnany nädip terbiýeledi we bu nähili netije berdi?

8 Şebna özüne şöhrat agtarýandygy üçin, Hudaý ony «wezipesinden boşadyp», ýerine Elýakymy goýýar (Iş. 22:19—21). Bu waka Aşur patyşasy Sanheribiň Iýerusalime howp salýan döwründe bolupdy. Biraz wagtdan Sanherip patyşa ýehudylary gorkuzmak we Hizkiýa patyşany boýun egdirmek maksady bilen baş wekilleriniň ýolbaşçylygynda uly goşunyny Iýerusalime ugradýar (2 Pat. 18:17—25). Şonda olar bilen gepleşmäge Elýakym iberilýär, ýöne ol ýeke däldi. Onuň ýanynda iki adam bardy. Olaryň biri şol wagt kätip bolup gulluk edýän Şebnady. Eýsem, bu Şebnanyň hormatly borçlaryny ýitirendigine gaharlanman we nägilelik bildirmän, gaýtam, düzedişi pesgöwünlilik bilen kabul edendigini görkezmeýärmi?! Biz bu wakadan azyndan üç zady öwrenip bileris. Geliň, olara seredeliň.

9—11. a) Biz Şebna bilen bolan wakadan nähili wajyp zatlary öwrenip bileris? b) Ýehowanyň Şebna bolan garaýşy sizi nädip ruhlandyrýar?

9 Birinjiden, Şebna hormatly borjuny ýitirýär. Onuň bilen bolan waka «heläkçilikden öň tekepbirlik gelýändir, ýykylmadan öň ulumsy ruh gelýändir» diýen duýduryşa çynlakaý garamalydygyny görkezýär (Sül. tym. 16:18). Eger siz ýygnakda jogapkärli, hatda guramada abraýly borçlary ýerine ýetirýän bolsaňyz, pesgöwünli bolmaga jan edersiňizmi? Berýän sowgatlary ýa-da eden işleriňiz üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirersiňizmi? (1 Kor. 4:7). Pawlus resul: «Men size özüňiz hakda çendenaşa köp pikir etmezligiňizi we... sagdyn düşünjeli bolmagyňyzy ündeýärin» diýip ýazdy (Rim. 12:3).

10 Ikinjiden, Şebna berk käýinç berilse-de, Ýehowa ony ýaramaz adam hasaplamaýardy (Sül. tym. 3:11, 12). Şu günler ýygnakda hormatly borçlaryny ýitiren mesihçiler üçin nähili gowy sapak! Olar gaharlanman we nägile bolman, gaýtam, berlen terbiýe arkaly Ýehowanyň söýgüsini görüp, täze ýagdaýda Oňa gulluk etmek üçin elinde baryny edip bilerler. Eger pesgöwünli bolsak, gökdäki Atamyz hiç haçan bizden ýüz öwürmez (1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň). Hudaý şeýle terbiýe arkaly bize gerekli düzedişleri berýär. Şol sebäpli, geliň, oňa gulak asyp, tabyn bolalyň.

11 Üçünjiden, ene-atalar we ýygnagyň gözegçileri ýaly temmi bermäge ygtyýary bolan adamlar Ýehowanyň Şebna bolan garaýşyndan wajyp zatlary öwrenip biler. Nädip? Ýehowanyň terbiýesi onuň günäli işleri ýigrenýändigini, şol sanda günä eden adam hakda ýürekden alada edýändigini görkezýär. Eger siziň ene-ata ýa-da ýygnak ýaşulusy hökmünde düzediş bermek jogapkärçiligiňiz bar bolsa, Ýehowanyň göreldesine eýerip, erbetligi ýigrenersiňizmi we çagaňyzyň, ýa-da imandaşyňyzyň gowy häsiýetlerine üns berersiňizmi? (Ýahd. 22, 23).

12—14. a) Käbirleri Hudaýyň terbiýesine nähili garaýar? b) Hudaýyň Sözi bir dogana garaýşyny özgertmäge nädip kömek etdi we bu nähili netije berdi?

12 Gynansak-da, käbir mesihçiler terbiýe berlenden soň, etmişine düşünmän, Hudaýdan we onuň halkyndan daşlaşýarlar (Ýew. 3:12, 13). Emma şeýle adamlaryň goldawsyz galandygyny görkezýärmi? Geliň, Graham dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol ýygnak gatnaşygyndan kesilenden soň, wagtyň geçmegi bilen ýene-de dikeldilýär. Ýöne ruhy taýdan gowşaýar. Birnäçe ýyl geçenden soň, ol ýygnak ýaşulusyndan özi bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş edýär.

13 Ýaşuly dogan şeýle ýatlaýar: «Graham tekepbirligi bilen göreşýärdi. Şol sebäpli biz okuwyň dowamynda birnäçe gezek tekepbirlik bilen bagly aýatlary ara alyp maslahatlaşdyk. Bu oňa gowy täsir etdi. Ol Hudaýyň Sözi arkaly özüni edil aýnada görýän ýaly aýdyň görüp başlady we biynjalyk boldy. Bu bolsa gowy netije berdi. Ol tekepbirligiň özüni kör edendigine we doganlara nädogry garaýyşda bolandygyna düşünip, gowy tarapa özgerip başlady. Ol ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşýardy, Hudaýyň Sözüni erjellik bilen öwrenýärdi we Ýehowa her gün doga edýärdi. Şeýle-de ol maşgalabaşy hökmünde aýalynyň we çagalarynyň ruhy taýdan aladasyny etmek jogapkärçiligine has-da çynlakaý garap başlady» (Luka 6:41, 42; Ýak. 1:23—25).

14 Ýygnak ýaşulusy sözüni şeýle dowam edýär: «Bir gezek Graham ýanyma gelip, aýdan şu sözleri maňa güýçli täsir etdi: „Men köp ýyl bäri hakykatda, hatda pioner bolup hem gulluk etdim. Emma diňe häzir Ýehowany söýýärin diýip çyn ýürekden aýdyp bilýärin“. Birnäçe wagt mundan öň oňa Ýygnak jaýynda mikrofon bilen hyzmat etmegi haýyş etdiler. Ol bu hormatly borja diýseň minnetdar boldy. Onuň göreldesi maňa berlen terbiýäni pesgöwünlilik bilen kabul etsek, Hudaýyň bol bereket berýändigine düşünmäge kömek etdi».

HUDAÝYŇ WE MESIHIŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ

15. Biz düzediş berýän adamlarymyzyň ýüregine täsir etmek islesek näme etmeli?

15 Gowy mugallym bolmak üçin, biz başda gowy okuwçy bolmaly (1 Tim. 4:15, 16). Şonuň ýaly düzediş bermäge ygtyýary bolan adamlaryň özleri Ýehowanyň görkezmesine höwes bilen tabyn bolmaly. Şeýle pesgöwünli garaýyş kimdir birine tälim ýa-da düzediş bereniňde, muny arkaýyn etmäge mümkinçilik berýär. Geliň, Isanyň bu babatda nähili görelde galdyrandygyna seredeliň.

16. Ýerlikli terbiýe we netijeli tälim bermek babatda Isadan näme öwrenip bileris?

16 Isa hemişe Atasyna gulak asýardy, hatda kyn ýagdaýda-da oňa tabyn bolýardy (Mat. 26:39). Ol Atasynyň beren tälimine we akyldarlygyna örän minnetdardy (Ýah. 5:19, 30). Isanyň pesgöwünliligi we gulak asyjylygy akýürekli adamlary özüne çekýärdi. Şeýle-de oňa duýgudaş we mähirli mugallym bolmaga kömek etdi (Luka 4:22-ni okaň). Onuň ýakymly sözleri, göçme manyda, egrelen gamşa we sönüp barýan peltä meňzeş adamlaryň ýüregine melhem bolýardy (Mat. 12:20). Hatda sabyrlylygy synalanda-da, Isanyň mähirliligi we söýgüsi gowşamady. Muny onuň tekepbirlik we ulumsylyk bildiren resullaryna düzediş berşinden aýdyň görse bolýar (Mar. 9:33—37; Luka 22:24—27).

17. Haýsy häsiýetler ýaşululara Hudaýyň sürüsiniň aladaçyl çopany bolmaga kömek eder?

17 Mukaddes Ýazgylar esasynda düzediş bermäge ygtyýary bolan adamlar Mesihiň göreldesine eýerende, paýhasly hereket edýärler. Dogrudan-da, olaryň edýän işleri Hudaýyň we Oglunyň terbiýesini kabul etmek isleýändiklerini görkezýär. Petrus resul: «Özüňize ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň. Hudaýyň öňünde olara mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň; haram gazanç üçin däl-de, höwes bilen gulluk ediň. Hudaýyň mülküniň üstünden agalyk etmän, gaýtam, sürä görelde boluň» diýip ýazdy (1 Pet. 5:2—4). Hudaýa hem-de Mesihe höwes bilen tabyn bolýan we ýygnaga ýolbaşçylyk edýän gözegçiler hem özüne, hem-de dogan-uýalara köp peýda getirýärler (Iş. 32:1, 2, 17, 18).

18. a) Ýehowa ene-atalardan näme talap edýär? b) Hudaý ene-atalara borçlaryny ýerine ýetirmäge nädip kömek edýär?

18 Bu esasy prinsiplere maşgalada-da eýermeli. Maşgalabaşylara şeýle maslahat berilýär: «Atalar, çagalaryňyzy gaharlandyrmaň, gaýtam, olary Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» (Efes. 6:4). Muňa eýermek nähili derejede wajyp? Süleýmanyň tymsallary 19:18-de: «Umyt barka ogluňy ýola getir; onuň heläklenmegine razy bolma» diýilýär. Görşümiz ýaly, çagasyna gerekli terbiýäni bermeýän mesihçi ene-atalar Ýehowanyň öňünde jogap bererler (1 Şam. 3:12—14). Emma ene-atalar pesgöwünlilik bilen doga etseler, Hudaýyň Sözünden görkezme agtaryp, mukaddes ruhy dileseler, Ýehowa olara akyldarlyk we güýç berer (Ýakup 1:5-i okaň).

HÄZIRDEN PARAHAT ÝAŞAMAGY ÖWRENIŇ

19, 20. a) Hudaýyň terbiýesini kabul etsek nähili bereketleri alarys? b) Indiki makalada nämä serederis?

19 Hudaýyň terbiýesini kabul edip we başgalara düzediş berenimizde, Ýehowanyň hem-de Isanyň göreldesine eýerip alýan bereketlerimiziň ählisini agzap geçmek aňsat bolmasa gerek. Şol bereketleriň biri maşgalada we ýygnakda parahatlygyň bolmagydyr. Sebäbi dogan-uýalar ol ýerde özüniň söýülýändigini, gymmat saýylýandygyny we goralýandygyny duýýarlar (Zeb. 72:7). Dogrudan-da, Ýehowanyň berýän terbiýesiniň bize häzirden bir maşgala ýaly parahat we agzybir ýaşamagy öwredýändigini hiç kim inkär etmese gerek (Işaýa 11:9-y okaň) *. Eger biz Hudaýyň terbiýesine dogry garaýyşda bolsak, oňa minnetdar bolarys. Sebäbi ol Hudaýyň bize bolan ajaýyp söýgüsini aýan edýär.

20 Indiki makalada maşgalada we ýygnakda berilýän terbiýäniň başga aýratynlyklaryna serederis. Şeýle-de özüňi terbiýelemegiň nämedigini we terbiýäni inkär etmegiň netijesiniň berilýän terbiýedenem has agyrdygyny bileris.

^ abzas 19 Işaýa 11:9 Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.