Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlaryny şahsy web-saýtyňa ýa-da başga bir sosial ulgamyna goýmaga näme üçin rugsat berilmeýär?

Biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary we wideomateriallary mugtuna paýlaýandygymyz üçin, käbir adamlar olaryň nusgasyny başga saýtlara ýa-da sosial ulgamyna goýmaga rugsat berilýändir öýdýärler. Emma bu saýtymyzy «Ulanmagyň şertleri» * bilen bagly talaplara eýermezlik hasaplanýar we köp kynçylyklary döredýär. Şol şertnamada hiç bir adamyň «çekilen we düşürilen suratlary, edebiýatlarymyzyň elektron görnüşini, söwda markasyny, aýdymlary, wideolary ýa-da saýtdaky makalalary (hiç bir web-saýta, faýllary we wideolary alyş-çalyş saýtyna ýa-da başga bir sosial ulgamyna)» goýup bilmeýändigi aýdyň düşündirilýär. Şeýle çäklendirmeler näme üçin gerek?

Edebiýatlarymyzy başga saýtlara goýmaga hiç kime rugsat berilmeýär

Web-saýtymyzdaky zatlaryň ähli hukuklary saklanylýar. Imandan dänen we hakykata garşy çykýan adamlar saýtymyzdaky edebiýatlar arkaly Ýehowanyň Şaýatlaryny hem-de başgalary aldawa saljak bolýarlar. Olar okyjylarda şübhe döretmek maksady bilen käbir saýtlary döredýärler (Zeb. 26:4; Sül. tym. 22:5). Başgalary bolsa edebiýatymyzdaky zatlary ýa-da jw.org belgimizi reklama etmek, ýa-da satlyk üçin önümlerde we elektron enjamlarynda ulandylar. Hukuklarymyzy we söwda markamyzy goramak üçin biziň ýuridiki taýdan şeýle zatlaryň öňüni almaga hakymyz bar (Sül. tym. 27:12). Eger biz şu zatlary bilip-de, adamlara, hatda dogan-uýalara saýtymyzdaky zatlary başga saýtlara goýmaga ýa-da jw.org söwda markamyzy söwda-satyk işler üçin ulanmaga ýol bersek, onda şeýle adamlara we täjirçilik bilen bagly zatlara garşy göreşmekde edýän tagallamyzy kazyýet goldap bilmez.

Edebiýatlarymyzy jw.org saýtymyzdan başga islendik ýerden ýüklemek örän howply. Ýehowa ruhy iýmiti wagtly-wagtynda paýlamak jogapkärçiligini diňe «wepaly we paýhasly hyzmatkäre» ynandy (Mat. 24:45). Bu «hyzmatkär» ruhy iýmiti paýlamak üçin www.pr418.com, tv.pr418.com we wol.pr418.com resmi web-saýtlarymyzy ulanýar. Şeýle-de biziň elektron enjamlary üçin niýetlenen JW Language®, JW Library® we JW Library Sign Language® atly üç sany programmamyz bar. Biz bu gurallaryň reklamalaryň ýa-da Şeýtanyň dünýäsiniň ruhy bilen hapalanmandygyna doly ynanyp bileris. Eger biz ruhy iýmiti başga saýtlardan alsak, onda onuň üýtgedilmändigine ýa-da zäherlenmändigine kepil geçip bilmeris (Zeb. 18:26; 19:8).

Şeýle-de käbir saýtlar adamlara öz pikirini ýazmaga mümkinçilik berýär. Eger edebiýatlarymyz şeýle saýtlara goýulsa, onda bu imandan dänenlere we başga tankytçylara Ýehowanyň guramasyna şübhe döretmäge mümkinçilik berýär. Käbir doganlar Internet arkaly şeýle jedellere baş goşup, Ýehowanyň adyna ysnat getirdiler. Emma şeýle zatlar Ýazgylardaky: «Aýdýan zatlaryňa garşy çykýanlara mylakatlylyk bilen görkezme ber» diýen tabşyryga laýyk gelmeýär (2 Tim. 2:23—25; 1 Tim. 6:3—5). Galyberse-de, sosial ulgamyndaky sahypalaryň we şübheli saýtlaryň Ýolbaşçylyk maslahatynyň, onuň agzalarynyň hem-de guramamyzyň adyndan döredilýändigi mälim boldy. Emma Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň Internetde ýa-da başga bir sosial ulgamynda şahsy sahypasy ýok.

Adamlary jw.org saýtyna girmäge höweslendirmek «hoş habaryň» ýaýramagyna ýardam berýär (Mat. 24:14). Guramamyzyň wagyzda ulanmak üçin çykarýan esbaplarynyň hili hemişe gowulandyrylýar. Biz hemmeleriň ondan peýdalanmagyny isleýäris. Şol sebäpli «Ulanmagyň şertleri» diýen bölümde bellenilişi ýaly, siz edebiýatlarymyzyň elektron görnüşini ýa-da jw.org saýtymyzdaky beýleki zatlary elektron poçta arkaly, ýa-da başga bir usul bilen kimdir birine ugradyp bilýärsiňiz. Biz gyzyklanan adamlary resmi web-saýtymyza girmäge höweslendirmek bilen, olara hakyky ruhy iýmitiň çeşmesi bolan «wepaly we paýhasly hyzmatkär» bilen aragatnaşyk saklamaga kömek edýäris.

^ abzas 1 «Ulanmagyň şertleri» diýen bölümi jw.org saýtynyň baş sahypasynyň aşagyndan tapyp bilersiňiz. Ondaky çäklendirmeler saýtymyzdaky zatlaryň ählisine degişli.