Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Başda garypdym, indi baýadym

Başda garypdym, indi baýadym

Men ABŞ-nyň Liberti (Indiýana ştaty) atly örän kiçijik şäherinde agaçdan ýasalan öýde dünýä indim. Men maşgalamyzda dördünji çagadym, meniň bir oglan we iki gyz doganym bardy. Soňra iki oglan we bir gyz jigim boldy.

Agaçdan ýasalan öýde dünýä indim

Mekdep ýyllarym känbir üýtgeşik geçmedi. Sebäbi 1-den 10-njy klasa çenli men şol bir okuwçylar bilen okapdym. Dogrusyny aýtsam, şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsini tanaýardyk, olaram bizi tanaýardy.

Men ýedi çaganyň biridim, ýaşlygymda ekerançylyk bilen bagly köp zatlary öwrendim

Şäherimiziň töwereginde kiçiräk fermalar bardy, ol ýerde, esasan, mekgejöwen ösdürilip ýetişdirilýärdi. Çagakam, kakam ýerli kärendeçileriň biriniň elinde işleýärdi. Ýetgitjekkäm bolsa, men traktor sürmegi we ekerançylyk bilen bagly käbir esasy zatlary öwrendim.

Men kakamyň ýaş wagtyny görmändim. Sebäbi dünýä inenimde, kakam 56, ejem bolsa 35 ýaşyndady. Muňa garamazdan, kakam horrak, sagdyn, güýçli we zähmetsöýer adamdy. Ol biziň hemmämize-de zähmetsöýer bolmagy öwretdi. Ol köp gazanmasa-da, bizi hiç zada zar etmeýärdi; ol bizi geýindirýärdi, iýdirýärdi we hemişe aladamyzy edýärdi. Kakam 93, ejem bolsa 86 ýaşynda aradan çykdy. Olaryň ikisem Ýehowanyň Şaýady däldi. Diňe bir oglan jigim hakykaty kabul edip, 1970-nji ýyldan bäri ýaşuly bolup Ýehowa wepaly gulluk edýär.

ÝETGINJEKLIK DÖWRÜM

Ejem hudaýhon aýaldy. Ol bizi her dynç güni baptistleriň buthanasyna äkiderdi. 12 ýaşymdakam, ilkinji gezek Troisa barada eşitdim. Bilesigelijilik bilen ejemden: «Isa nädip hem Ogul, hem Ata bolup bilýär?» diýip soradym. Şonda ejemiň: «Oglum, bu bir syr. Biz onuň manysyna düşünip bilmeýäris» diýendigi ýadyma düşýär. Meniň üçin bu dogrudanam syrdy. Ýöne şonda-da 14 ýaşymdakam, ýaşaýan ýerimizdäki derýada Troisanyň adyndan üç gezek suwa çümdürildim!

17 ýaşymda, harby gulluga gitmezimden öň (1952 ýyl)

Ýokary klasda okaýarkam, ökde boksçy dostum bardy. Ol maňa boks bilen meşgullanmagy teklip etdi. Şeýdip, men türgenleşip başladym we «Altyn ellikler» atly boks guramasyna ýazyldym. Ýöne muny oňarmamsoň, biraz wagt gatnap, taşladym. Soňra meni ABŞ-nyň harby gullugyna çagyrdylar we Germaniýa ugratdylar. Şol ýerde gulluk edenimde, serkerdelerim «ýolbaşçy bolmak ukyby bar» diýip, meni Harby akademiýa iberdiler. Olar meniň harby ugurdan wezipe edinmegimi isleýärdiler. Men bolsa harby gullukda galmak islemeýärdim. Şol sebäpli iki ýyl doly gulluk edenimden soň, 1956-njy ýylda meni harby gullukdan boşatdylar. Biraz wagtdan men düýbünden başga gulluga başladym.

ABŞ-da harby gullukda bolan ýyllarym (1954-1956 ýyllar)

TÄZE DURMUŞA BAŞLAÝARYN

Öňler men özüne göwni ýetýän adam bolmaga çalyşýardym. Filmlerde görkezilýän zatlar we daş-töwerekdäki adamlaryň täsiri meni şeýle bolmaga iterdi. Meniň pikirimçe, wagyzçylar onçakly dogumly däldi. Emma öwrenen käbir zatlarym durmuşymy düýbünden özgertdi. Bir gezek gyzyl maşynymda şäherde aýlanyp ýörkäm, iki sany gyz elini galgatdy. Men olary tanaýardym, olar aýal doganymyň ýanýoldaşynyň jigileridi we Ýehowanyň Şaýatlarydy. Olar maňa öň «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny beripdiler. Ýöne dogrymy aýtsam, men «Garawul diňini» okamagy känbir halamaýardym. Şol gün olar meni öýlerinde geçirilýän «Mukaddes Ýazgylary öwrenmek» duşuşygyna çagyrdylar. Men olara: «Oýlanyp göreýin» diýenimde, gyzlar ýylgyryp: «Söz berýärsiňmi?» diýdiler. Menem: «Söz berýärin» diýdim.

Men gidesim gelmese-de, söz berendigim üçin barmaly boldum. Şeýdip, şol gün agşam duşuşyga gitdim. Aýratynam, çagalar mende has güýçli täsir galdyrdy. Men olaryň Mukaddes Ýazgylary şeýle gowy bilýändigine haýran galdym! Her dynç günleri ejem bilen buthana gitsemem, Mukaddes Ýazgylary känbir gowy bilmeýärdim. Şondan soň men has köpräk öwrenmegi ýüregime düwdüm we Mukaddes Ýazgylar okuwyna başladym. Men Gudratygüýçli Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny öňem eşidipdim. Şondan birnäçe ýyl öň ejemden Ýehowanyň Şaýatlary hakda soranymda, ol: «Aý, olar Ýehowa atly bir garry adama sežde edýärler» diýipdi. Emma häzir meniň gözüm açylan ýaly boldy!

Hakykaty tapandygym üçin ruhy taýdan çalt ösdüm. Duşuşyklara gatnap başlanymdan dokuz aý geçensoň, 1957-nji ýylyň mart aýynda suwa çümdürildim. Meniň dünýägaraýşym üýtgedi, özüne göwni ýetýän adam bolmak barada öň nädogry pikir eden ekenim. Men Mukaddes Ýazgylary öwrenip, hakyky dogumlylygyň nämedigini bilendigime begenýärin. Isa kämil adamdy; ol özüni dogumly saýýan islendik adamdan hem batyr we güýçlüdi. Emma ol söweşmegiň deregine, pygamberlik edilişi ýaly, başgalar üçin «ejir çekdi» (Iş. 53:2, 7). Men Isanyň şägirtleriniň özüni «hemmeler bilen ýumşak» alyp barmalydygyny öwrendim (2 Tim. 2:24).

Bir ýyldan 1958-nji ýylda pioner gullugyna başladym. Tizden men ony wagtlaýynça goýmaly boldum. Näme üçin? Sebäbi men Gloriýa öýlenmek kararyna geldim. Ol meni ýygnaga çagyran gyzlaryň biridi! Men oňa öýlenendigime asla ökünmeýärin. Gloriýa meniň üçin öňem, häzirem gyzyldan gymmatly hazyna ýaly. Men ony göwher daşyna meňzedýärin we oňa duşandygyma gaty begenýärin! Goý, ol özi barada biraz gürrüň bersin:

«Men 17 çaganyň biridim. Ejem Ýehowa wepaly gulluk edip, 14 ýaşymdakam aradan çykdy. Şondan soň kakam Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady. Ejem aradan çykansoň, kakam mekdebimiziň müdiri bilen gürleşdi. Şol wagtlar uly gyz doganym soňky klasda okaýardy. Kakam gyz doganym ikimizden mekdebe günaşa gitmegimizi haýyş etdi. Biz gezekleşip, kakam işden gelýänçä nahar bişirýärdik we jigilerimize seredýärdik. Mekdebimiziň müdiri bize rugsat berdi. Şeýdip, gyz doganym mekdebi tamamlaýança, biz gezekleşýärdik. Biziň bilen iki sany mesihçi maşgala okuw geçdi, maşgalamyzdan 11 adam Ýehowanyň Şaýady boldy. Men hemişe çekinjeňligim bilen göreşsem-de, wagyz etmegi gowy görýärdim. Semýuel hem köp ýyllaryň dowamynda meni goldady».

Gloriýa ikimiz 1959-njy ýylyň fewralynda toý etdik. Pioner gullugy bize şatlyk berýärdi. Şol ýylyň iýul aýynda biz Beýtelde gulluk etmek üçin arza doldurdyk. Sebäbi bütindünýä baş edaramyzda gulluk etmegi arzuw edýärdik. Doganymyz Saýmon Kreýker biziň bilen söhbetdeş boldy. Ol bize Beýtele är-aýallaryň çagyrylmaýandygyny aýtdy. Biz Beýtelde gulluk etmek islegimizden hiç haçan el çekmedik, ýöne munuň üçin köp garaşmaly bolduk!

Biz bütindünýä baş edaramyza wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek isleýändigimiz barada hat ýazdyk. Bize diňe Arkanzas ştatynyň Paýn-Blaff şäherinde gulluk edip biljekdigimizi aýtdylar. Şol wagt Paýn-Blaff şäherinde iki ýygnak bardy. Olaryň biri akýagyz, beýlekisi bolsa garaýagyz adamlar üçindi. Bizi bary-ýogy 14 wagyzçysy bolan garaýagyzlaryň ýygnagyna iberdiler.

BÖLÜNIŞIGE WE MILLETPARAZLYGA GARŞY GÖREŞ

Belki-de, siz Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagynda bölünişigiň bolandygyna geň galýansyňyz. Munuň jogaby ýönekeý, sebäbi şol wagt başga çykalga ýokdy. Şol döwürde dürli tire-taýpalaryň bilelikde ýygnanyşmagyny gadagan edýän kanunlar bardy. Şeýle-de milletparazlyk sebäpli zalymlyk möwç urýardy. Köp ýerlerde dürli taýpadan bolan dogan-uýalar bilelikde ýygnanyşmaga gorkýardylar. Sebäbi Ýygnak jaýyny hem ýumurmaklary mümkindi. Şeýle zatlar öň bolupdy. Garaýagyz Ýehowanyň Şaýatlary akýagyz adamlaryň öýlerine baryp wagyz etseler, olary tussag edip, hatda ýenjip hem bilýärdiler. Şol sebäpli wagyz işini dowam edip biler ýaly, biz kanuna boýun bolýardyk we ýagdaýyň gowulanjykdygyna umyt edýärdik.

Wagyzda käbir kynçylyklar bolýardy. Garaýagyz adamlaryň ýaşaýan ýerinde wagyz edenimizde käte tötänden akýagyz adamlaryň gapysyny kakýardyk. Şeýle ýagdaýda biz Mukaddes Ýazgylar esasynda olar bilen gürüňdeş bolmalymy ýa-da ýalňyşyp gelendigimizi aýdyp, gitmelidigimizi derrew çözmeli bolýardyk. Şol wagtlar käbir ýerlerde şeýle kynçylyklar bolýardy.

Elbetde, pioner gullugyny dowam eder ýaly, biz köp işlemeli bolýardyk. Edýän işlerimiziň köpüsinde günümize bary-ýogy 3 dollardan tölenýärdi. Gloriýa birki sany öýi arassalaýardy. Ýarym günde işini gutarar ýaly, men oňa kömek edýärdim. Bize doňdurylan önümlerden günortanlyk naharyny taýýarlap berýärdiler. Gloriýa ikimiz ony gaýtmazdan öň iýýärdik. Şeýle-de Gloriýa her hepde bir maşgalanyň zatlaryny ütükleýärdi. Men bolsa howluda işleýärdim, aýnalary ýuwýardym, garaz näme iş tabşyrylsa, şony edýärdim. Biz bir akýagyz maşgalanyň öýünde aýnalaryny, Gloriýa iç ýüzüni, men bolsa daşyny ýuwýardym. Tutuş günümiz şol ýerde geçensoň, bize günortanlyk naharyny berýärdiler. Gloriýa öýde şol maşgaladan aýratyn, men bolsa daşarda garažyň içinde naharlanýardym. Bir tarapdan bu erbedem däldi; nahar diýseň tagamlydy. Aslynda, bu maşgala adamkärçiliklidi, ýöne şol wagtky adamlaryň garaýşy olara täsir edýärdi. Bir gezek ýangyç guýulýan ýerde ulagyma ýangyç guýduryp bolanymdan soň, işgärleriň birinden: «Aýalym hajathana girse bolarmyka?» diýip soradym. Ol hem çiňerilip seretdi-de: «Ol ýapyk» diýdi.

ÝATDAN ÇYKMAJAK ÝAGŞYLYK

Biz şol ýerdäki dogan-uýalar bilen wagtymyzy hoş geçirýärdik we wagyz etmegi gowy görýärdik. Paýn-Blaff şäherine ilkinji gezek gelenimizde, ýygnagyň gullukçysy (ýygnagyň koordinatory) bolup gulluk edýän doganyň öýünde ýaşadyk. Onuň aýaly şol wagtlar hakykat bilen gyzyklanmaýardy. Gloriýa onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlady. Men bolsa onuň gyzy we giýewsi bilen okuw geçýärdim. Ejesem, gyzam suwa çümdürilip, Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwdüler.

Akýagyz dogan-uýalaryň ýygnagynda biziň ýakyn gatnaşýan dostlarymyz bardy. Olar bizi nahara çagyrýardy, ýöne muny gizlin etmeli bolýardylar. Şol wagt milletparazlygy we zorlugy öňe sürýän Ku-Kluks-Klan (KKK) atly gurama örän işjeň hereket edýärdi. Bir gezek Hellouin baýramçylygynda biriniň buýsanç bilen egnine we kellesine KKK-nyň agzalarynyň eşigini geýip, öýüniň eýwanynda oturandygy ýadyma düşýär. Ýöne şeýle zatlar dogan-uýalara bir-birine ýagşylyk etmäge päsgel bermeýärdi. Tomus günleriniň birinde kongrese gitmek üçin bize pul gerek boldy. Şonda bir dogan bize kömek etjek bolup, 1950-nji ýylda çykan Ford maşynymyzy satyn aldy. Bir aý geçensoň, günleriň birinde öýden-öýe wagyz etmäge we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge gitdik. Howa yssy bolansoň, şol gün gaty ýadapdyk, ýöne öýe gelenimizde, örän geň galdyk. Görsek, howluda maşynymyz duran eken! Aýnasynda bolsa: «Maşynyňyzy yzyna berýärin. Bu menden size sowgat! Hormat bilen doganyňyz» diýen hatjagaz bardy.

Ýene bir edilen ýagşylyk maňa gaty täsir etdi. 1962-nji ýylda meni Saut-Lansingdäki (Nýu-Ýork) «Patyşalyk gullugynyň mekdebinde» okamaga çagyrdylar. Onda ýygnagyň, etrap we welaýat gözegçilerine 1 aýlyk tälim berilýärdi. Men mekdebe çagyrylanymda, hiç ýerde işlemeýärdim we puldan kösenýärdim. Ýöne Paýn-Blaffdaky telefon kompaniýasy iş babatda meniň bilen gürrüňdeş boldy. Eger olar meni işe kabul eden bolsalar, onda şol kompaniýada işleýän ilkinji garaýagyz adam bolardym. Ahyrsoňy, olar meni işe almak isleýändiklerini aýtdylar. Indi men näme etmeli? Nýu-Ýorka gider ýaly pulum bolmansoň, men çakylygy yzyna berip işe girmek barada çynlakaý oýlandym. Dogrusyny aýtsam, çakylygy yzyna gaýtarmak barada hat ýazjak bolup ýörkäm, bir täsin zat boldy. Men muny hiç haçan ýadymdan çykarmaryn.

Ýygnagymyzda ýanýoldaşy iman etmeýän bir uýa bardy. Bir gün irden ol gapymyzy kakyp, içi puldan doly konwerti elime tutdurdy. Ol çagalary bilen daňdan turup, meýdana pagta ýygmaga gidýän eken. Şeýdip, men Nýu-Ýorka gidip biler ýaly pul ýygnapdyr. Ol maňa: «Mekdebe git-de, köpräk zatlary öwren. Geleniňden soň, bize-de öwredersiň» diýdi. Soňra men telefon kompaniýasyndan: «Işe bäş hepdeden soň başlap bilerinmi?» diýip rugsat soradym. Olar maňa çürt-kesik: «Ýok» diýip jogap berdiler. Men muňa gynanmadym, sebäbi eýýäm karara gelipdim. Men şol işe girmändigime örän begenýärin!

Gloriýa Paýn-Blaffda gulluk eden ýyllarymyzy ýatlap, şeýle diýýär: «Men ol ýeri gowy görýärdim! Men 15—20-ä golaý adam bilen okuw geçýärdim. Biz irden öýden-öýe wagyz edýärdik, soňra bolsa okuw geçirmäge gidýärdik we käte gije sagat 11 töweregi öýe gelýärdik. Wagyz etmek diýseň gyzyklydy! Men häzirem bu işe höwes bilen gatnaşardym. Dogrymy aýtsam, men pioner gullugymy goýup, etrap gözegçilik işine başlamak islemeýärdim, ýöne Ýehowa bir üýtgeşik zat etdi». Ol, dogrudanam, bir üýtgeşik zat etdi.

ETRAP GÖZEGÇISI BOLUP GULLUK EDÝÄRIN

Paýn-Blaffda pioner bolup gulluk edýärkäk, «ýörite pioner» bolmak üçin arza doldurdyk. Biz muny arzuw edýärdik, welaýat gözegçimiz hem biziň Tehasdaky ýygnakda ýörite pioner bolup gulluk etmegimizi isleýärdi. Bu pikir hiç kellämizden çykmaýardy. Biz guramadan jogap gelerine gaty kän garaşmaly bolduk, ýöne hiç hili habar-hatyr ýokdy. Ahyrsoňy, bir gün bizi etrap gözegçisi edip belländikleri barada hat aldyk. Bu 1965-nji ýylyň ýanwar aýynda bolupdy. Häzir ABŞ-nyň filialynyň koordinatory bolup gulluk edýän Lion Uiwer dogany hem şol wagt etrap gözegçisi edip belläpdiler.

Men etrap gözegçisi bolanymda, biraz alada edipdim. Şondan bir ýyl ýa-da ondanam köpräk wagt öň, welaýat gözegçisi bolup gulluk edýän Jeýms Tompson dogan meniň ukyplarym barada gürrüňdeş boldy. Ol gowy etrap gözegçisi bolmak üçin gerekli ukyplary agzap, ýumşaklyk bilen maňa nämäniň üstünde işlemelidigimi aýtdy. Men etrap gözegçisi bolup biraz wagt gulluk edenimden soň, onuň tüýs wagtynda gerekli maslahaty berendigine göz ýetirdim. Bu gulluga bellenenimden soň, welaýat gözegçisi Tompson dogan bilen bile gulluk etdim. Men ruhy taýdan ösen bu wepaly dogandan köp zatlary öwrendim.

Men ruhy taýdan wepaly doganlaryň beren kömegini gymmat saýýaryn

Şol wagtlar etrap gözegçilerine gysgaça tälim berilýärdi. Etrap gözegçisi bir ýygnagy idände, men onuň ýanynda gidip, bir hepde synladym. Indiki hepde bolsa, ol meniň ýygnagy ideg edişimi synlady we maňa birnäçe maslahat hem görkezme berdi. Soňra her haýsymyz öz bellenen ýygnaklarymyzy idemäge gitdik. Bir gezek aýalyma: «Olam edil şu wagt gidäýmelimi?!» diýenim ýadyma düşýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, men bir zada göz ýetirdim. Eger mümkinçilik berseň, saňa kömek etmäge taýyn doganlar hemişe-de tapylýan eken. Men şol wagt etrap gözegçisi bolup gulluk eden Jeýms Braun we Beýtel maşgalamyzyň agzasy Fred Rask ýaly doganlaryň beren kömegini häzirem gymmat saýýaryn.

Şol günler milletparazlyk ýetjek derejesine ýetipdi. Bir gezek biz Tennessi şäherinde KKK guramanyň agzalarynyň ýöriş edişini gördük. Başga bir sapar bolsa wagyzdan soň, biz naharlanmak üçin restorana girdik. Men hajathana barýarkam, gaharly we bedenine surat çekilen (tatuirowka) akýagyz bir adamyň yzymdan gelýändigini gördüm. Şol wagt mendenem, ol adamdan hem daýaw akýagyz dogan yzymyzdan geldi-de: «Hýord dogan, hemme zat gowumy?» diýip sorady. Şonda ýaňky adam hajathana-da girmän, ökjäni göterdi. Köp ýyllaryň dowamynda men adamlaryň akýagyz ýa-da garaýagyz bolandygy üçin däl-de, Adam atadan miras galan günä sebäpli biri-birini ala tutýandygyna göz ýetirdim. Şeýle-de men akýagyz ýa-da garaýagyzdygyna garamazdan, her bir doganyň hatda imandaşy üçin ölmäge-de taýyndygyny bildim.

RUHY BAÝLYGYM

Biz jemi 33 ýyl aýlanýan gözegçi bolduk, onuň 21 ýylyny welaýat gözgeçisi bolup gulluk etdik. Şol döwür biziň durmuşymyzyň iň bir bereketli we ruhlandyryjy wakalardan doly ýyllary boldy. Ýöne biz ýene bir sylag aldyk. 1997-nji ýylyň awgustynda biz köpden bäri arzuw eden zadymyza ýetdik. Ilkinji ýazan arzamyza 38 ýyl geçende, bizi ABŞ-daky Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Bir aýdan biz Beýtel gullugyna başladyk. Beýteldäki jogapkär doganlar meniň wagtlaýynça kömek etmegimi isleýändir öýtdüm. Emma hemme zat başgaça boldy!

Gloriýa öňem, häzirem meniň üçin gyzyldan gymmatly hazyna

Meni başda Gulluk bölumine bellediler. Ol ýerde köp zatlary öwrendim. Bu bölümde gulluk edýän doganlar ýurtdaky etrap gözegçileriniň we ýygnak ýaşulularynyň wajyp we kyn soraglaryna seredýärdiler. Men şol doganlaryň sabyrlylyk we mähir bilen beren tälimine minnetdar. Emma meni ýene-de şol bölümde gulluk etmäge belleseler, özümi täze öwrenje ýaly duýarmykam diýýärin.

Gloriýa ikimiz Beýtelde gulluk etmegi gowy görýäris. Biz hemişe ir turýardyk, bu endigimiz Beýtelde-de kömek edýär. Bir ýyldan men Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň Gulluk komitetiniň kömekçisi bolup gulluk edip başladym. Soňra 1999-njy ýylda meni Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy edip bellediler. Men bu işimde köp zatlary öwrensem-de, mesihçiler ýygnagynyň başynyň adam däl-de, Isa Mesihdigine hasam göz ýetirdim.

1999-njy ýyldan bäri, maňa Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk etmek hormaty ynanyldy

Yzyma ser salanymda, käte men özümi Amos pygambere meňzedýärin. Ol injir agajyna seretmek ýaly diňe garyp adamlaryň işini edýärdi. Ýehowa bu pesgöwünli çopana aýratyn üns berip, ony ruhy taýdan baý edýän gulluga belledi (Amos 7:14, 15). Şonuň ýaly Hudaý maňa-da, ýagny Libertide (Indiýana ştaty) ýaşan garyp daýhanyň ogluna aýratyn üns berip, söz bilen beýan edip bolmaýan bol bereketleri eçildi! (Sül. tym. 10:22). Dogrudan-da, men başda garyp bolsam-da, häzir göz öňüne getirip bolmaýan ruhy baýlygyň eýesi boldum!