Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Parahatlyk. Ony nädip ösdürip bileris?

Parahatlyk. Ony nädip ösdürip bileris?

BIZ gaýgy-aladadan doly dünýäde ýaşaýandygymyz sebäpli parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny etmeli. Emma özümizi näçe parahat alyp barsak-da, köplenç ony saklamak üçin göreşmeli bolýarys. Hudaýyň Sözünde hakyky we tükeniksiz parahatlygy ösdürmek barada näme diýilýär? Biz bu babatda başgalara nädip kömek edip bileris?

HAKYKY PARAHATLYGY ÖSDÜRMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

Hakyky parahatlykdan lezzet almak üçin, özümizi asuda we rahat duýmaly. Şeýle-de biz adamlar bilen berk dostlukly gatnaşygy ösdürmeli. Iň wajyby bolsa, tükeniksiz parahatlygy ösdürmek üçin Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmeli. Muny nädip edip bileris?

Ýaşaýşyň aladalary köp adamlaryň parahatlygyny bozýar

Biz Ýehowanyň adyl kadalaryna we prinsiplerine gulak asanymyzda, Oňa bil baglaýandygymyzy we onuň bilen parahat gatnaşykda bolmak isleýändigimizi görkezýäris (Ýer. 17:7, 8; Ýak. 2:22, 23). Şonda ol hem bize ýakynlaşýar we kalbymyza rahatlyk berýär. Işaýa 32:17-de: «Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr» diýilýär. Ýehowa ýürekden gulak assak, kalbymyzda hakyky parahatlygy duýarys (Iş. 48:18, 19).

Şeýle-de biz tükeniksiz parahatlygy ösdürmek üçin gökdäki Atamyzyň ajaýyp sowgady bolan mukaddes ruhuň kömegine bil baglamaly (Res. iş. 9:31).

HUDAÝYŇ MUKADDES RUHY PARAHATLYGY ÖSDÜRMÄGE KÖMEK EDÝÄR

Pawlus resul parahatlygy «ruhuň miwesiniň» üçünji aýratynlygy hökmünde agzady (Gal. 5:22, 23). Hakyky parahatlyk Hudaýyň ruhunyň miwesi bolandygy üçin, ony ösdürip biler ýaly mukaddes ruhuň özümize täsir etmegine ýol bermeli. Geliň, Hudaýyň ruhunyň parahatlygy ösdürmäge nädip kömek edýändiginiň iki usulyna seredeliň.

Birinjiden, Hudaýyň ylhamlanan Sözüni her gün okamak parahatlygy ösdürmäge kömek edýär (Zeb. 1:2, 3). Şeýle-de okan zatlarymyz barada oýlansak, mukaddes ruh islendik ýagdaýda Ýehowanyň garaýşyna düşünmäge kömek eder. Meselem, Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, biz Hudaýyň dürli ýagdaýlarda nädip parahatlygy saklandygyny we Onuň muny näme üçin wajyp saýýandygyny bilýäris. Hudaýyň Sözünde agzalýan şeýle mysallara eýerenimizde, kalbymyzda hakyky parahatlygy duýýarys (Sül. tym. 3:1, 2).

Ikinjiden, Hudaýdan mukaddes ruhuny diläp, doga etmeli (Luka 11:13). Ýehowa özünden kömek soran adamlara «ýüreklerini we pikirlerini Mesih Isa arkaly goraýan» «Hudaýyň parahatlygyny» berjekdigini wada berýär (Flp. 4:6, 7). Ýehowa doga edip, mukaddes ruhuna bil baglanymyzda, ol ýakyn dostlaryna berýän parahatlygy bilen kalbymyzy doldurýar (Rim. 15:13).

Käbir adamlar Ýazgylara esaslanan bu maslahata eýerip, gerekli özgerişleri edýärler. Şeýdip, olar kalbynda we Ýehowa hem-de imandaşlary bilen parahatlygy saklaýarlar.

HAKYKY PARAHATLYGY ÖSDÜREN ADAMLAR

Şu günler mesihçiler ýygnagynda öň «gaharjaň» bolup, indi aladaçyl, mähirli, sabyrly we başgalar bilen parahatlygy saklaýan adamlar az däl * (Sül. tym. 29:22). Geliň, gaharyny saklap, adamlar bilen parahat ýaşamagy başaran dogan-uýalaryň mysalyna seredeliň.

Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersek we Hudaýdan mukaddes ruhuny dilesek, parahatlygy ösdüreris

Deýwidiň nädogry garaýşy gepleýşine täsir edýär. Özüni Hudaýa bagyş etmänkä, ol köplenç başgalary tankytlaýardy we maşgala agzalary bilen gödek gürleşýärdi. Wagtyň geçmegi bilen, Deýwid durmuşyny özgertmelidigine we parahat adam bolmalydygyna düşünýär. Oňa parahatlygy ösdürmäge näme kömek etdikä? Ol şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip başladym. Netijede, maşgalam bilen parahat ýaşamagy öwrendim».

Reýçeliň alan terbiýesi garaýşyna täsir edýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Hatda häzirem gaharymy saklamak üçin göreşýärin, sebäbi men gaharjaň maşgalada ulaldym». Reýçel uýa özüni has parahat alyp barmaga näme kömek etdikä? Ol şeýle diýýär: «Men doga edip, Ýehowa bil baglaýaryn».

Deýwid bilen Reýçeliň mysalyndan görnüşi ýaly, Hudaýyň Sözündäki prinsiplere eýersek we mukaddes ruhuň kömegine bil baglasak, ruhuň miwesi bolan parahatlygy ösdürip bileris. Dogrudanam, agzala dünýäde ýaşasak-da, biz maşgala agzalarymyz we imandaşlarymyz bilen agzybirligi saklamaga kömek edýän parahatlygy ösdürip bilýäris. Emma Ýehowa bize «ähli adamlar bilen parahat ýaşamagy» ündeýär (Rim. 12:18). Eýsem, hemmeler bilen parahatlygy saklap bolýarmy we munuň üçin edýän tagallamyzyň nähili peýdasy bar?

ADAMLAR BILEN PARAHATLYGY SAKLAŇ

Biz wagyz edip, adamlary Hudaýyň Patyşalygy baradaky parahatlyk getirýän hoş habara seslenmäge çagyrýarys (Iş. 9:6, 7; Mat. 24:14). Köpleriň muňa seslenýändigi bizi begendirýär. Netijede, olar indi daş-töweregindäki zatlar sebäpli göwnüçökgünlige düşmeýärler ýa-da gaharlanmaýarlar. Gaýtam, olar gelejege umyt bilen garaýarlar we «parahatlygy agtaryp», ony saklamaga jan edýärler (Zeb. 34:14).

Emma käbir adamlar aýdýan habarymyza birbada seslenmeýär (Ýah. 3:19). Nähili bolaýanda-da, Hudaýyň mukaddes ruhy bize parahatlygy saklap, hoş habary adamlara hormat bilen aýtmaga kömek edýär. Şeýle ýagdaýda biz Isanyň wagyz etmek babatda Matta 10:11—13-nji aýatlardaky: «Öýe gireniňizde, içerdäkilere salam beriň. Eger olar sizi kabul etseler, onda bereket alarlar. Emma kabul etmeseler, berekediňiz size gaýdyp geler» diýen tabşyrygyna eýerýäris. Isanyň maslahatyna eýerenimizde, biz adamlar bilen parahatlygy saklap, ýene-de gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik döredýäris.

Şeýle-de biz hökümet işgärlerine, şol sanda wagyz işimize garşy çykýan adamlara hormat goýanymyzda, parahatlygyň bolmagyna ýardam edýäris. Mysal üçin, Afrika ýurtlarynyň bir hökümeti Ýygnak jaýlarymyzy gurmak üçin rugsatnama bermeýärdi, sebäbi olar biz hakda nädogry garaýyşdady. Ýöne bu mesele parahat ýagdaýda çözüldi. Şol ýurtda öň missioner bolup gulluk eden bir dogany Angliýanyň London şäheriniň Ýokary Komissarlygy bilen görüşmäge iberýärler. Ol hökümet ýolbaşçysyna ýurtdaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň edýän işleriniň parahatlyk getirýändigi hakda gürrüň berýär. Bu waka näme bilen tamamlandy?

Doganymyz şeýle gürrüň berýär: «Men kabulhana baranymda, şol ýerde oturan işgäriň dilini öwrenen taýpamdandygyny aňyp, onuň öz dilinde salamlaşdym. Şonda ol geň galyp: «Siz näme maksat bilen geldiňiz?» diýip sorady. Men sypaýyçylyk bilen Ýokary Komissarlygyň başlygy bilen görüşmek isleýändigimi aýtdym. Şonda ol başlygyna jaň etdi; ol hem gelip, meniň bilen ýerli halkyň dilinde salamlaşdy. Soňra meni ünsli diňledi, men oňa Ýehowanyň Şaýatlarynyň edýän işleriniň parahatlyk getirýändigini düşündirdim».

Doganymyzyň özüni sylaşykly alyp barmagy Ýokary Komissarlygyň başlygyna edýän işlerimize bolan nädogry garaýşyny düzetmäge kömek etdi. Şondan biraz wagt geçensoň, Afrikanyň hökümeti Ýygnak jaýlarynyň gurluşygyna rugsat berdi. Doganlar parahatlygy saklamagyň gowy netije berýändigine, gör, nähili begenendirler! Dogrudan-da, adamlar bilen özümizi sylaşykly alyp barsak, köp peýda we parahatlyk getirýär.

PARAHATLYKDAN EBEDI LEZZET ALYŇ

Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary parahatlykdan doly bolan ruhy jennetde lezzet alyp ýaşaýarlar. Siz ruhuň miwesiniň bu aýratynlygyny öz durmuşyňyzda görkezseňiz, şol parahatlyga goşandyňyzy goşarsyňyz. Iň wajyby bolsa, siz Ýehowany begendirersiňiz we Hudaýyň berjek täze dünýäsinde bol parahatlykdan ebedi lezzet alarsyňyz (2 Pet. 3:13, 14).

^ abzas 13 Hudaýyň ruhunyň miwesi bolan mähirlilik häsiýeti barada «Garawul diňiniň» soňky sanlarynda gürrüň ediler.