Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ukrainanyň Nižnýaýa Apşa şäherinde geçirilen welaýat kongresi, 2012-nji ýyl

Bol hasyl ýygymy

Bol hasyl ýygymy

ISA soňky günlerde «hasylyň bol» boljakdygyny we şägirtleriniň muňa şatlanjakdygyny pygamberlik etdi (Mat. 9:37; 24:14). Geliň, Isanyň sözleriniň Ukrainanyň Zakarpatýa welaýatynda nädip ýerine ýetýändigine seredeliň. Bu welaýatyň bary-ýogy üç obasynda 50 sany ýygnak we 5 müň 400-den gowrak wagyzçy bar *. Dogrudan-da, bu üç obada her 4 adamdan 1-i Ýehowanyň Şaýady!

Bu ýeriň ýaşaýjylary barada näme diýse bolar? Wasiliý atly ýerli dogan şeýle diýýär: «Adamlar Mukaddes Ýazgylara hormat goýýar, adalaty gymmat saýýar, maşgala gatnaşyklary berk we birek-birege ýürekden kömek edýärler. Elbetde, olar biziň ynançlarymyz bilen hemişe ylalaşmaýar. Ýöne Hudaýyň Sözünden bir zat görkezseňiz, olar höwes bilen diňlär».

Bu ýerde wagyzçylaryň sany köp bolansoň, dogan-uýalar dürli kynçylyklara-da uçraýar. Meselem, bir ýygnakda 134 wagyzçy bar, emma şol ýerde bary-ýogy 50 hojalyk ýaşaýar. Wagyzçylar bu kynçylyga nädip hötde gelýärler?

Dogan-uýalaryň köpüsi wagyzçylaryň az ýerine gidip, wagyz edýärler. 90 ýaşly Ýonaş atly doganymyz şeýle diýýär: «Ýygnagymyzda her wagyzça 2 hojalykdan düşýär. Men köplenç obada wagyz edýärin. Saglygym erbetleşmänkä, men takmynan 160 kilometr uzaklykda ýerleşýän hiç bir ýygnaga degişli bolmadyk ýerlere gidip, wenger dilinde wagyz edýärdim». Dogrudan-da, dogan-uýalar başga ýygnaklara kömek etmek üçin köp zatdan geçmeli bolýarlar. Ýonaş dogan: «Men otla ýetişmek üçin daňdan sagat 4-de turýardym we soňky otly bilen yzyma gaýdar ýaly, agşamara sagat 6-a çenli wagyz edýärdim» diýýär. Bu onuň eden tagallasyna degdimi? Ol şeýle diýýär: «Men gullugyň bu görnüşinden köp şatlyk tapýardym. Meniň uzakda ýaşaýan adamlara hakykaty bilmäge kömek etmäge mümkinçiligim boldy».

Elbetde, her bir dogan-uýa şeýle uzak ýerlere gidip wagyz edip bilmeýär. Emma ähli wagyzçylar, şol sanda gartaşan dogan-uýalaram ýaşaýan ýerinde hoş habary birkemsiz wagyz etmek üçin elinde baryny edýär. 2017-nji ýylda bu üç obada gulluk edýän dogan-uýalaryň agzybirlikde Ýatlama agşamyny geçirmäge mümkinçiligi boldy. Ýatlama agşamyna gatnaşanlaryň sany şol ýerdäki wagyzçylardan iki esse köpdi, ýagny tutuş ilatyň ýarysyna barabardy. Dogrudan-da, biz nirede gulluk etsek-de, «Halypamyzyň işinde» edilmeli iş köp (1 Kor. 15:58).

^ abzas 2 Obalaryň atlary: Glubokiý Potok, Sredneýe Wodýanoýe we Nižnýaýa Apşa.