Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň kada-kanunlary we prinsipleri arkaly ynsabyňyzy terbiýeläň

Hudaýyň kada-kanunlary we prinsipleri arkaly ynsabyňyzy terbiýeläň

«Oý-pikirim Seniň şaýatlyklaryň hakda». ZEB. 119:99

AÝDYMLAR: 61, 11

1. Haýwanlardan tapawutlylykda adamlar nähili ukyp bilen ýaradyldy?

HAÝWANLARDAN tapawutlylykda, adamlar üýtgeşik ukyp, ýagny ynsap bilen ýaradyldy. Munuň hakykatdygyny ýer ýüzünde ýaşan ilkinji ynsan maşgalasy bilen bolan waka subut edýär. Adam ata bilen How ene Ýehowanyň kanunyny bozanda, Hudaýdan gizlendiler. Bu olaryň ynsabynyň ezýet berendigini görkezýär.

2. Ynsabymyzy näme üçin kompasa meňzetse bolýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Ynsaby nädogry terbiýelenen adamy kompasy näsaz işleýän gämä meňzetse bolýar. Elbetde, şeýle kompas bilen deňizde syýahat etmek örän howply bolsa gerek. Sebäbi ýel we suwuň akymy gämini barýan ugrundan sowup bilýär. Emma gowy işleýän kompas gäminiň kapitanyna azaşmaz ýaly kömek edýär. Biziň ynsabymyzy hem kompasa meňzetse bolýar. Ol bize nämäniň ýagşy ýa⁠-⁠da ýamandygyny saýgarmaga kömek edýän gural bolup, dogry ýoly salgy berip bilýär. Ýöne ynsabymyz bize dogry ýoly görkezer ýaly, ony terbiýelemeli.

3. Nädogry terbiýelenen ynsap nähili netije berýär?

3 Eger adam ynsabyny nädogry terbiýelese, onda ol edýän işiniň nädogrudygyny duýdurmaýar (1 Tim. 4:1, 2). Şeýle ynsap hatda «ýamanyň ýagşydygyna» ynandyrjak bolýar (Iş. 5:20). Isa şägirtlerine: «Şeýle wagt ýetip gelýär, sizi öldürýän her kişi Hudaýa mukaddes gullugy berjaý edýändirin öýder» diýip, duýduryş berdi (Ýah. 16:2). Munuň dogrudygyny Stefanusy öldüren adamlaryň mysaly görkezýär. Şol döwürde şeýle garaýyşdaky adamlar az däldi (Res. iş. 6:8, 12; 7:54⁠—⁠60). Hudaýa sežde edýän diýip, dindar adamlaryň zorluk-süteme we erbetlige baş goşýandygyny bilmek gaty gynandyrýar (Müs. çyk. 20:13). Gynansak⁠-⁠da, olaryň ynsaby nädogry ýoly görkezýär.

4. Biz ynsabymyzyň dogry ýoly görkezýändigine nädip göz ýetirip bileris?

4 Biz ynsabymyzyň dogry ýoly görkezýändigine nädip göz ýetirip bileris? Hudaýyň Sözündäki kanunlar we prinsipler «öwretmek, käýemek, dogry ýola getirmek... üçin peýdaly» (2 Tim. 3:16). Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylary erjellik bilen öwrensek, okan zatlarymyz hakda oýlansak we olary durmuşymyzda ulansak, ynsabymyzy dogry terbiýeläp, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirlenip bileris. Şeýle ynsap bolsa bize dogry ýoly görkezer. Geliň, Ýehowanyň kada-kanunlarynyň we prinsipleriniň ynsabymyzy terbiýelemäge nädip kömek edýändigine seredeliň.

GOÝ, HUDAÝYŇ KANUNLARY SIZI TERBIÝELESIN

5, 6. Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermegiň nähili peýdasy bar?

5 Hudaýyň kanunlary bize peýda berer ýaly, olary ýöne bir okamak ýa⁠-⁠da bilmek ýeterlik däl. Biz Hudaýyň kada-kanunlaryna bolan söýgimizi ösdürmeli we olary gymmat saýmaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň» diýilýär (Amos 5:15). Ýöne biz muny nädip edip bileris? Munuň üçin, ilki bilen, ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli. Aýdaly, siz gijesine gowy ýatyp bilmeýärsiňiz. Lukman size berhiz tutmagy, maşk etmegi we başga⁠-⁠da käbir özgerişleri etmegi maslahat berýär. Siz onuň maslahatyna eýereniňizde, munuň peýda berýändigine göz ýetirýärsiňiz. Elbetde, siz munuň üçin lukmana ýürekden minnetdar bolsaňyz gerek.

6 Şonuň ýaly, Ýaradyjymyz günäniň ýetirýän zyýanyndan goramak we bagtly ýaşamagymyz üçin bize kanunlaryny berdi. Mukaddes Ýazgylardaky ýalan sözlemek, ýamanlyk etmek, ogrulyk, ahlaksyzlyk, zorluk we jadygöýlik bilen bagly kanunlaryň peýdasy hakda oýlanyp görüň (Süleýmanyň tymsallary 6:16⁠—⁠19-⁠njy aýatlary okaň; Ylh. 21:8). Ýehowanyň islegine laýyk hereket edenimizde, bol bereket alýarys. Bu bolsa Ýehowa we onuň kada-kanunlaryna bolan söýgimizi hem⁠-⁠de minnetdarlygymyzy artdyrýar.

7. Mukaddes Ýazgylardaky wakalary okap oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

7 Biz Hudaýyň kanunlaryny bozup, öz ýalňyşymyzdan sapak edinmän, gaýtam, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlaryň ýalňyşyndan wajyp zatlary öwrenip bilýäris. Süleýmanyň tymsallary 1:6⁠-⁠da: «Akyldar adam diňläp, bilimde össün» diýilýär. Dogrudan⁠-⁠da, Mukaddes Ýazgylardaky wakalary okap oýlansak, Hudaýyň görkezmesiniň örän peýdalydygyna göz ýetirýäris. Meselem, Dawut patyşa Ýehowanyň tabşyrygyny bozup, Batşeba bilen zyna edensoň, özüni nähili duýandygy hakda oýlanyp görüň (2 Şam. 12:7⁠—⁠14). Bu wakany okap oýlananymyzda, özümize şeýle soraglary berip bileris: «Dawut patyşa Batşeba bilen zyna edendigi üçin ýüregine ýara salýan ýagdaýdan nädip gaça durup bilerdi? Eger men şeýle synaga düşsem näme ederin? Ýusupdan görelde alyp gaçarynmy ýa⁠-⁠da Dawut ýaly hereket ederin?» (Gel. çyk. 39:11⁠—⁠15). Biz günäniň erbet netijesi hakda oýlansak, «ýamanlygy ýigrenmegi» berk ýüregimize düweris.

8, 9. a) Ynsabyň nähili peýdasy bar? b) Ýehowanyň prinsipleri ynsabymyza nähili täsir edýär?

8 Elbetde, biz Hudaýyň ýigrenýän işlerinden daşda durýarys. Emma Ýazgylarda durmuşymyzyň ähli ýagdaýlaryna degişli anyk görkezme bolmasa näme etmeli? Şeýle ýagdaýlarda biz Hudaýa nämäniň ýaraýandygyny nädip anyklap bileris? Bu babatda bize Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabymyz kömek edip biler.

9 Ynsabymyz dogry ýol görkezer ýaly, Ýehowa söýgi bilen bize prinsiplerini berdi. Ol şeýle diýýär: «Peýdaly zady öwredýän size, ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän Hudaýyňyz Reb Mendirin» (Iş. 48:17, 18). Biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler hakda çuňňur oýlansak we ýüregimize täsir etmegine ýol bersek, ynsabymyzy dogry terbiýeläp bileris. Şonda ol bize paýhasly karara gelmäge kömek eder.

GOÝ, HUDAÝYŇ PRINSIPLERI SIZE ÝOL GÖRKEZSIN

10. Prinsip näme we Isa prinsipleri nädip ökdelik bilen ulandy?

10 Hudaýyň Sözündäki prinsipler bize ýol görkezip, paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Prinsipe düşünmek üçin, biz Kanun çykaryjy Ýehowanyň pikirine we şol kanunlary näme üçin berendigine düşünmeli. Isa ýerde ýaşanda, şägirtlerine belli bir garaýşyň ýa⁠-⁠da hereketiň netijesi hakda oýlanmaga kömek etmek üçin käbir esasy prinsipleri öwretdi. Meselem, ol gaharlanmagyň adamy zorluga, ahlaksyz zatlar hakda pikirlenmegiň bolsa zyna iterýändigini aýtdy (Mat. 5:21, 22, 27, 28). Dogry terbiýelenen ynsabymyz bolar ýaly, biz Hudaýyň prinsiplerine eýermeli. Bu bolsa Hudaýa şöhrat getirer (1 Kor. 10:31).

Ruhy taýdan ösen mesihçi başgalaryň ynsabyna hormat goýýar (11, 12⁠-⁠nji abzaslara serediň)

11. Mesihçileriň ynsaby nämede tapawutlanyp biler?

11 Mesihçiler Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna görä hereket etse⁠-⁠de, käbir meselelerde olaryň gelýän karary tapawutlanyp bilýär. Meselem, spirtli içgileri alyp göreliň. Mukaddes Ýazgylarda spirtli içgileri içmek gadagan edilmese⁠-⁠de, onda serhoşlyk, ýagny çendenaşa köp içmeklik ýazgarylýar (Sül. tym. 20:1; 1 Tim. 3:8). Bu mesihçiniň spirtli içgileri içmek meselesinde diňe şu prinsipi göz öňünde tutmalydygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Mesihçiniň ynsaby spirtli içgileri içmäge ýol berse⁠-⁠de, ol başgalaryň hem ynsabyny göz öňünde tutmaly.

12. Rimliler 14:21⁠-⁠däki sözler bizi nämä höweslendirýär?

12 Biz başgalaryň ynsabyna hormat goýmaly. Pawlus resul: «Eger doganyň büdreýän bolsa, onda et iýmedigiň, şerap içmedigiň ýa⁠-⁠da şuňa meňzeş zatlary etmedigiň gowudyr» diýip ýazdy (Rim. 14:21). Spirtli içgileri içmäge hakymyz bolsa⁠-⁠da, käbir dogan-uýalaryň muňa ynsaby çatmaýan bolsa, biz öz islegimizden geçmäge taýyn bolmaly. Käbir dogan-uýalar hakykata gelmänkä, spirtli içgileri çendenaşa köp içýärdiler. Emma olar indi ony asla içmezligi ýüregine düwdüler. Biziň hiç birimiz dogan-uýalaryň öňki endigine dolanyp, özlerine uly zyýan ýetirmegine sebäp bolmak islemeýäris (1 Kor. 6:9, 10). Şonuň üçin içmekden saklanýan dogana spirtli içgileri hödür etsek, oňa söýgimizi görkezdigimiz bolarmy? Elbetde, ýok.

13. Timoteos Patyşalygyň bähbitlerini ileri tutmakda nähili görelde galdyrdy?

13 Timoteos 20 ýaşlaryndaka, ýehudylara büdreme bolmazlyk üçin we olara wagyz edip biler ýaly, kyn bolsa⁠-⁠da sünnetlenýär. Timoteos hem Pawlus ýaly başgalary büdretmek islemeýärdi (Res. iş. 16:3; 1 Kor. 9:19⁠—⁠23). Sizem başgalara ýagşylyk etmek üçin islegleriňizden geçmäge taýynmy?

«RUHY TAÝDAN ÝETIŞEN ADAM BOLUŇ»

14, 15. a) Ruhy taýdan ýetişen adam bolmak nämäni aňladýar? b) Ruhy taýdan ýetişen mesihçi başgalara nähili garaýar?

14 Mesihçileriň ählisi «Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, ruhy taýdan ýetişen adam bolmaly» (Ýew. 6:1). Ýöne bu öz-özünden bolmaýar. Biz ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga «ymtylmaly» ýa⁠-⁠da jan etmeli. Biz köp ýyldan bäri hakykatda bolsak⁠-⁠da, ruhy taýdan öz-özümizden ösmeýäris. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylary yzygider we her gün okamaly (Zeb. 1:1⁠—⁠3). Siz muny maksat edinip bilermisiňiz? Eger şeýle etseňiz, Ýehowanyň kanunlaryna we prinsiplerine has gowy düşünip, Hudaýyň Sözüne bolan düşünjäňiz artar.

15 Söýgi baradaky kanun mesihçiler üçin iň wajyp kanunlaryň biri hasaplanýar. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýah. 13:35). Isanyň dogany Ýakup söýgini «patyşa kanuny» diýip atlandyrdy (Ýak. 2:8). Pawlus resul bolsa: «Söýgi kanunyň berjaý edilmegidir» diýdi (Rim. 13:10). Söýgi häsiýetiniň şeýle nygtalmagy bizi geň galdyrmaýar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýah. 4:8). Hudaýyň söýgüsi ýöne bir duýgy däl. Ýahýa resul: «Hudaý dünýä ýeke-täk Ogluny iberip, bize ol arkaly ýaşaýşa gowuşmaga ýol açdy. Şeýdip, ol bizi söýýändigini görkezdi» diýip ýazdy (1 Ýah. 4:9). Hawa, Hudaýyň söýgüsi ony hereket etmäge höweslendirdi. Bizem Ýehowa, onuň Ogluna, dogan-uýalara we başga adamlara söýgimizi iş ýüzünde görkezenimizde, ruhy taýdan ösendigimizi aýan edýäris (Mat. 22:37⁠—⁠39).

Hudaýyň Sözündäki prinsiplere näçe köp eýersek, ynsabymyz şonça⁠-⁠da duýgur bolar (16⁠-⁠njy abzasa serediň)

16. Ruhy taýdan ösdügimizçe Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri näme üçin has⁠-⁠da gymmat saýýarys?

16 Biz ruhy taýdan ösdügimizçe, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri has⁠-⁠da gymmat saýyp başlaýarys. Sebäbi kanunlary belli bir ýagdaýda ulanyp bolsa, prinsipleri dürli ýagdaýlarda ulanyp bolýar. Meselem, çaga erbetler bilen gatnaşmagyň howpludygyna düşünmese, ene⁠-⁠atasy ony erbet täsirden goramak üçin käbir düzgünleri goýup biler (1 Kor. 15:33). Emma çaga ruhy taýdan ösdügiçe, onuň pikirlenmek ukyby artýar we Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermegi öwrenýär. Bu bolsa oňa dostlary paýhasly saýlamaga kömek edýär (1 Korinfliler 13:11; 14:20-⁠nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere näçe köp eýersek, ynsabymyz şonça⁠-⁠da duýgur bolar we Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirleneris.

17. Paýhasly karara geler ýaly näme üçin bizde ähli gerekli zatlar bar diýse bolar?

17 Paýhasly karara gelip, Ýehowanyň göwnünden turmak üçin bizde ähli gerekli zatlar bar. Hudaýyň Sözündäki kanunlar we prinsipler bizi «hemme taraplaýyn ukyply edip, her bir ýagşy işe doly taýýarlaýandyr» (2 Tim. 3:16, 17). Şol sebäpli «Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünmek» üçin Ýazgylaryň prinsiplerini çuňňur özleşdirmeli (Efes. 5:17). Munuň üçin guramamyzyň «Garawul diňiniň edebiýatlarynyň indeksinden», «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan», «Garawul diňiniň kitaphanasyndan», «Garawul diňiniň onlaýn kitaphanasyndan» we JW Library programmasyndan peýdalanyp bileris. Bu gurallar şahsy we maşgala okuwyny has netijeli geçirmäge kömek etmek üçin niýetlenen.

MUKADDES ÝAZGYLAR BOÝUNÇA TERBIÝELENEN YNSABYŇ BERÝÄN BEREKETLERI

18. Ýehowanyň kada-kanunlaryna we prinsiplerine eýersek nähili bereketleri alarys?

18 Biz Ýehowanyň kada-kanunlaryna we prinsiplerine eýerenimizde, köp bereket alýarys. Zebur 119:97—100-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda. Sen tabşyryklaryň bilen meni duşmanlarymdan akylly etdiň, çünki olar mydama meniň bilendir. Men ähli halypalarymdan paýhasly boldum, çünki oý-pikirim Seniň şaýatlyklaryň hakda. Garrylardan köp düşünýärin, çünki Seniň buýruklaryňy berjaý edýärin». Biz Hudaýyň kada-kanunlary we prinsipleri barada oýlanmaga wagt sarp etsek, paýhasly hereket ederis hem⁠-⁠de düşünjämiz artar. Eger biz ýürekden tagalla edip, Hudaýyň kanunlarynyň we prinsipleriniň ynsabymyzy terbiýelemegine ýol bersek, «Mesih ýaly doly ýetişen adam bolup bileris» (Efes. 4:13).