Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?

Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?

«Eý göklerde Oturan, men gözlerimi saňa bakan galdyrýaryn» (Zeb. 123:1).

AÝDYMLAR: 32, 63

1, 2. Gözüňi Ýehowa dikmek nämäni aňladýar?

BIZ «juda kyn döwürde» ýaşaýarys. Ýer ýüzünde hakyky parahatlyk dikeldilýänçä, ýaşaýyş gün-günden has-da kynlaşýar (2 Tim. 3:1). Şol sebäpli özümize şu soragy bersek gowy bolar: «Men kimden kömek we görkezme agtarýaryn?» Elbetde, biz ikirjiňlenmän «Ýehowadan» diýeris we bu örän dogry jogap.

2 Emma gözüňi Ýehowa dikmek nämäni aňladýar? Hatda agyr kynçylyklarda-da gözümiziň oňa dikilendigine nädip göz ýetirip bileris? Ençeme asyr mundan öň, mezmurçy, esasan-da, kömege mätäç wagtymyz gözümizi Ýehowa tarap galdyrmalydygymyzy aýtdy (Zebur 123:1—4-nji aýatlary okaň). Ol muny hyzmatkäriň nazaryny hojaýynyna dikişi bilen deňeşdirdi. Ýöne mezmurçy nämäni göz öňünde tutduka? Hyzmatkär hojaýynyndan ýöne bir iýmit soramak ýa-da haraý gözlemek üçin däl-de, hojaýynyň näme isleýändigini bilip, şoňa görä hereket etmek üçin gözlerini oňa dikýär. Şonuň ýaly bizem Ýehowanyň islegine düşünip, şoňa laýyk hereket etmek üçin her gün onuň Sözüni dykgatly öwrenmeli. Şonda Ýehowanyň bize gerekli kömegi berjekdigine doly ynanyp bileris (Efes. 5:17).

3. Gözümiziň Ýehowadan sowulmagyna näme sebäp bolup biler?

3 Gözümizi hemişe Ýehowa dikmegiň wajypdygyny bilsek-de, käte ünsümiz sowlup biler. Isanyň ýakyn dostlarynyň biri Marta bilen hem şeýle bolupdy. Mukaddes Ýazgylarda: «Marta hyzmat bilen başagaýdy» diýilýär (Luka 10:40—42). Isa ýanyndaka, wepaly adam bilen şeýle zatlar bolan bolsa, biziňem şeýle ýagdaýa düşüp biljekdigimiz şübhesizdir. Gözümiziň Ýehowadan sowulmagyna näme sebäp bolup biler? Bu makalada biz başgalaryň hereketiniň nädip ünsümizi sowup biljekdigi barada gürrüň ederis. Şeýle-de gözümizi Ýehowa nädip dikip biljekdigimizi bileris.

SYLAGYNY ÝITIREN WEPALY ADAM

4. Musa pygamberiň Wada edilen diýara girmek hormatyny ýitirmegi näme üçin geň galdyrýar?

4 Musa hemişe Ýehowadan görkezme agtarýardy. «Ol görünmez Hudaýy görýän ýaly, imanda berk durdy» (Ýewreýler 11:24—27-nji aýatlary okaň). Ýazgylarda: «Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady» diýilýär (Kan. tag. 34:10). Emma Musa pygamber Ýehowanyň ýakyn dosty bolsa-da, Wada edilen diýara girmek hormatyny ýitirdi (San. 20:12). Musanyň şeýle ýagdaýa düşmegine näme sebäp boldy?

5—7. Ysraýyllylaryň Müsürden çykanyna biraz wagt geçensoň nähili mesele ýüze çykdy we ol nädip çözüldi?

5 Ysraýyllylaryň Müsürden çykanyna bary-ýogy iki aý geçip-geçmänkä, wajyp mesele ýüze çykýar. Şol wagt olar heniz Sinaý dagyna hem ýetmändiler. Halk içer ýaly suw sorap, hüňňürdäp başlaýar. Olar Musa igenip başlanda, ýagdaý hasam kynlaşýar. Musa pygamber Ýehowa dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýýär (Müs. çyk. 17:4). Şonda Ýehowa oňa aýdyň görkezme berýär. Musa hasasyny alyp, Horepdäki gaýa uranda, ondan şaglap suw akyp başlaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi» diýilýär. Hawa, ysraýyllylar suwdan ganýançalar içdiler. Şeýdip, kynçylyk çözüldi (Müs. çyk. 17:5, 6).

6 Mukaddes Ýazgylarda: «Ysraýyllar: „Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?“ diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy» diýilýär (Müs. çyk. 17:7). Bu atlara ýerlikli diýse bolar. Sebäbi olar «synamak» hem-de «dawa» diýmegi aňladýar.

7 Eýsem, Meribada bolan zatlar Ýehowa nähili täsir etdikä? Ol ysraýyllylaryň turzan pitnesini diňe Musa garşy däl-de, Özüne garşy edilen ýaly hasaplady (Zebur 95:8, 9-njy aýatlary okaň). Ysraýyllylar uly ýalňyşlyk goýberipdiler. Ýöne Musa pygamber şol wagt dogry hereket etdi we gözüni Ýehowa dikip, onuň görkezmesine birkemsiz eýerdi.

8. Ysraýyllylaryň çölde sergezdan bolan döwri tamamlanyp barýarka näme boldy?

8 Şol wakadan takmynan 40 ýyl geçensoň, ysraýyllylaryň çölde sergezdan bolan döwri tamamlanyp barýarka, ýene bir kynçylyk ýüze çykýar. Olar ýene-de Meriba * diýilýän ýere barýarlar. Ýöne bu gezek onuň beýleki tarapynda, ýagny Wada edilen diýaryň araçäginde ýerleşýän Kadeşiň golaýynda düşleýärler. Ysraýyllylar ýene-de içer ýaly suw talap edip, hüňňürdäp başlaýarlar (San. 20:1—5). Emma bu gezek Musa pygamber uly ýalňyşlyk goýberýär.

9. Ýehowa Musa pygambere nähili görkezme berdi, ýöne ol näme etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

9 Musa pygamber halkyň pitnesine nähili garady? Ol ýene-de gözüni Ýehowa dikip, ondan görkezme soraýar. Ýöne bu gezek Ýehowa oňa hasasyny gaýa urmalydygyny aýtmaýar. Musa hasasyny alyp, öňürti halky ýygnamalydy, soňra gaýanyň ýanyna baryp, oňa «buýruk bermelidi» (San. 20:6—8). Emma Musa gaýa buýruk bermän, gaýtam, halka: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýýär. Soňra hasasyny bir gezegem däl, iki gezek gaýa urýar (San. 20:10, 11).

10. Musanyň hereketi Ýehowa nähili täsir etdi?

10 Ýehowanyň Musa pygambere juda gahary geldi (Kan. tag. 1:37; 3:26). Näme üçin? Munuň birnäçe sebäbi bardy. Ýokarda aýdylyşy ýaly, Musa pygamber alan görkezmesine eýermändigi üçin, Ýehowanyň oňa gahary geldi.

11. Musanyň hereketi nädip halkyň ünsüni Ýehowadan sowup bilerdi?

11 Ýehowanyň Musa pygambere gaharlanmagynyň ýene bir sebäbi bardy. Birinji Meribadaky gaýa örän gatydy we berkdi. Şonuň üçin hiç kim şol gaýadan suw çykar diýip, asla pikir etmeýärdi. Emma ikinji Meribadaky gaýa ondan tapawutlanýardy, ol onçakly gaty däldi. Adatça, şeýle gaýalar ýumşagrak bolýandygy üçin suwlar onuň aşagyna ýygnanyp, ýerasty howdanlaryny emele getirýärdi. Şol sebäpli adamlar gaýanyň aşagyna ýygnanan suwdan alyp bilýärdi. Musa gaýa buýruk bermegiň deregine, oňa iki gezek urandygy üçin ysraýyllylar suw Ýehowanyň gudraty bilen däl-de, tebigy usul bilen akyp başlady diýip pikir etdilermi? * Biz muny anyk bilmeýäris.

MUSANYŇ ÝALŇYŞLYGY

12. Ýehowanyň Musa bilen Haruna gaharlanmagynyň ýene bir sebäbi näme?

12 Ýehowanyň Musa bilen Haruna gaharlanmagynyň başga-da sebäbi bardy. Musa pygamberiň halka näme diýendigine üns beriň. Ol: «Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi. Musa «biz» diýende, özi bilen Haruny göz öňünde tutan bolmaly. Nähili bolaýanda-da, onuň sözleri Ýehowa hormat goýmaýandygyny görkezýär. Sebäbi gudraty aslynda Ýehowa görkezýär. Munuň şeýledigini Zebur 106:32, 33-nji aýatlardaky şu sözler hem subut edýär: «Meriba suwunyň ýakasynda hem Hudaýy gaharlandyrdylar, Musa olar zerarly yza çekdi. Çünki onuň ruhuny öjükdirdiler, ol hem agzyndan hapa sözler gaçyrdy» * (San. 27:14). Hawa, Musa pygamber Ýehowa hormat goýmady. Şol sebäpli Ýehowa Musa bilen Haruna: «Siz... Meniň buýrugyma boýun egmediňiz» diýdi (San. 20:24). Dogrudan-da, bu agyr günädi!

13. Ýehowanyň Musa pygambere jeza bermegi näme üçin ýerliklidi?

13 Ýehowanyň halkynyň ýolbaşçylary hökmünde Musa bilen Harundan has köp jogapkärçilik talap edilýärdi (Luka 12:48). Pitne turzandyklary üçin, Ýehowa öň tutuş halkyň Wada edilen diýara girmejekdigini aýdypdy (San. 14:26—30, 34). Şol sebäpli Musa pygambere hem goýberen ýalňyşlygy üçin Ýehowanyň jeza bermegi ýerliklidi. Beýleki pitneçiler ýaly, Musa-da Wada edilen diýara girmedi.

KYNÇYLYGYŇ SEBÄBI

14, 15. Musanyň Ýehowa garşy günä etmegine näme sebäp boldy?

14 Musanyň Ýehowa garşy günä etmegine näme sebäp bolduka? Zebur 106:32, 33-nji aýatlarda näme diýilýändigine üns beriň: «Meriba suwunyň ýakasynda hem Hudaýy gaharlandyrdylar, Musa olar zerarly yza çekdi. Çünki onuň ruhuny öjükdirdiler, ol hem agzyndan hapa sözler gaçyrdy». Aslynda, ysraýyllylar Ýehowanyň gaharyny getirseler-de, bu Musa-da erbet täsir etdi. Ol özüne erk edip bilmän, oýlanyşyksyz hereket etdi we netijesi barada pikirlenmedi.

15 Musa pygamber başgalaryň hereketi sebäpli gözüniň Ýehowadan sowulmagyna ýol berdi. Birinji ýagdaýda ol dogry hereket edipdi (Müs. çyk. 7:6). Emma köp ýyllaryň dowamynda pitneçi ysraýyllylara çydap bilmän ýadap, gaharyna ýol beren bolmaly. Ýöne Musa pygamber öz duýgulary barada däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak barada oýlanyp bilerdi.

16. Biz näme üçin Musa pygamber bilen bolan waka hakda oýlanmaly?

16 Eger Hudaýyň wepaly pygamberi Musa başgalaryň hereketi sebäpli büdrän bolsa, onda bizem şeýle ýagdaýa düşüp bileris. Musa ýaly bizem Ýehowanyň wada berýän täze dünýäsine girmäge umyt edýäris (2 Pet. 3:13). Elbetde, hiç birimiz şeýle ajaýyp sylagy ýitirmek islemeýäris. Şonuň üçin biz gözümizi Ýehowa dikip, hemişe oňa gulak asmaly (1 Ýah. 2:17). Biz Musa pygamberiň goýberen ýalňyşlygyndan nähili sapak edinýäris?

BAŞGALARYŇ ÝALŇYŞLYGY SEBÄPLI BÜDREMEKDEN SERESAP BOLUŇ

17. Gaharymyzy getirýän ýagdaýlara duşanymyzda özümize erk etmäge näme kömek eder?

17 Gaharyňyza ýol bermäň. Hatda şol bir kynçylyklar gaýta-gaýta dowam etse-de, geliň, «ýagşy işleri etmegi goýmalyň. Sebäbi ýagşylyk etmekden ýadamasak, öz wagtynda miwesini orarys» (Gal. 6:9; 2 Sel. 3:13). Gaharymyzy getirýän ýagdaýlara duşanymyzda ýa-da kimdir biri bilen düşünişmezlik bolanda, özümize erk edip, aýdýan sözlerimize ünsli bolarysmy? (Sül. tym. 10:19; 17:27; Mat. 5:22). Başgalar gaharymyzy getirende, «Hudaýyň gazabyna ýol bermegi» öwrenmeli (Rimliler 12:17—21-nji aýatlary okaň). Eger gözümizi Ýehowa diksek, onuň gazabyna ýol berip, hormat goýýandygymyzy we sabyrly bolup, onuň öz wagtynda hereket etjekdigine ynanýandygymyzy görkezeris. Emma başgaça hereket edip, kynçylygy özümiz çözjek bolsak, Ýehowa hormat goýmadygymyz bolar.

18. Görkezmelere eýerenimizde nämäni ýatda saklamaly?

18 Berilýän görkezmelere gyşarnyksyz eýeriň. Biz Ýehowanyň berýän täze görkezmelerine wepalylyk bilen eýerýärismi? Eger eýerýän bolsak, onda öňki tejribämize bil baglaman, gaýtam, Ýehowanyň guramasy arkaly berýän islendik täze görkezmesine birkemsiz eýereris (Ýew. 13:17). Şeýle-de «Ýazgylarda aýdylanlardan daşary hiç zat etmeris» (1 Kor. 4:6). Şeýle etsek, gözümiz hemişe Ýehowa dikilgi bolar.

Musa pygamberiň başgalaryň ýalňyşlygyna bolan garaýşyndan nähili sapak edinýäris? (19-njy abzasa serediň)

19. Başgalaryň ýalňyşlyklarynyň Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirmeginden nädip gaça durup bileris?

19 Başgalaryň ýalňyşlyklarynyň Ýehowa bilen dostlugyňyza zyýan ýetirmegine ýol bermäň. Eger biz gözümizi hemişe Ýehowa diksek, onda başgalaryň ýalňyşlyklarynyň Onuň bilen dostlugymyza zyýan ýetirmegine ýol bermeris. Bu, esasan-da, Musa ýaly Hudaýyň guramasynda uly jogapkärçiligi bolan mesihçiler üçin has-da wajyp. Biziň her birimiz «gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla etmeli» hem-de Ýehowanyň bize birmeňzeş höküm çykarmaýandygyny ýatda saklamaly (Flp. 2:12). Jogapkärçiligimiz näçe köp bolsa, şonça-da köp zat talap edilýär (Luka 12:48). Emma Ýehowany ýürekden söýsek, hiç zat bizi büdretmez ýa-da onuň söýgüsinden aýryp bilmez (Zeb. 119:165; Rim. 8:37—39).

20. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

20 Biz örän kyn döwürde ýaşarys. Şonuň üçin, geliň, gözlerimizi «göklerde Oturana» dikmegimizi dowam edeliň. Şonda onuň bizden nämä garaşýandygyna düşüneris. Şeýle-de başgalaryň nädogry hereketleriniň Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirmegine hiç haçan ýol bermäliň. Munuň üçin Musa pygamber bilen bolan wakany elmydama ýadymyzda saklamaly. Dogan-uýalaryň bikämilligine üns bermegiň deregine, geliň, «gözlerimizi Reb Hudaýymyz bize rehim edýänçä, Oňa dikmegi» ýüregimize düweliň (Zeb. 123:1, 2).

^ abzas 8 Bu ýer Repidimiň golaýyndaky öňki Meribadan tapawutlanýardy. Sebäbi ol Masanyň däl-de, Kadeşiň ýanyndady. Emma şol ýerde hem «dawa» turandygy üçin iki ýere-de Meriba diýilýär (Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesiniň» B3 goşmaça maglumatyndaky karta serediň).

^ abzas 11 Jon A. Bek atly bir alym bu waka barada şeýle diýýär: «Ýehudylaryň aýtmagyna görä, pitneçiler Musa igenip, şu sözleri aýtdylar: „Musa bu gaýada suwuň bardygyny bilýär. Eger ol gudratly güýjüni görkezmek isleýän bolsa, goý, şu gaýadan biziň üçin ýene-de suw akdyrsyn“». Elbetde, munuň şeýle bolandygy anyk belli däl.

^ abzas 12 1989-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňindäki» «Okyjylaryň sowallary» atly makala serediň.