Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz munuň dogrudygyny bilýärsiňizmi?

Siz munuň dogrudygyny bilýärsiňizmi?

«Diňlemän jogap bermek adama akmaklykdyr, utançdyr» (Sül. tym. 18:13).

AÝDYMLAR: 43, 37

1, 2. a) Biz näme etmegi öwrenmeli we bu näme üçin wajyp? b) Biz şu makalada nämä serederis?

BIZ, mesihçiler görýän we eşidýän zatlarymyzyň dogrudygyna göz ýetirmegi öwrenmeli (Sül. tym. 3:21—23; 8:4, 5). Ýogsam, pikirimizi zaýalajak bolýan Şeýtanyň we onuň dünýäsiniň duzagyna aňsatlyk bilen düşüp bileris (Efes. 5:6; Kol. 2:8). Elbetde, biz dogry netijä gelip biler ýaly, aýdylýan zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirmeli. Süleýmanyň tymsallary 18:13-de: «Diňlemän (anyklaman) jogap bermek adama akmaklykdyr, utançdyr» diýilýär.

2 Biz şu makalada adamyň nädogry netije çykarmagyna sebäp bolýan we dogry netijä gelmäge kömek edýän käbir ýagdaýlar hakda gürrüň ederis. Şeýle-de görýän hem-de eşidýän zatlarymyzyň dogrudygyna göz ýetirmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere we mysallara serederis.

«HER SÖZE» YNANMAŇ

3. Biz Süleýmanyň tymsallary 14:15-däki prinsipe näme üçin eýermeli? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Şu günler adamlaryň ýaýradýan habarlarynyň sany-sajagy ýok. Meselem, Internet sahypalaryndan, telewizordan we beýleki habar beriş serişdelerinden gaty köp maglumatlary tapsa bolýar. Şeýle-de köp adamlar sosial ulgamlary arkaly dost-ýarlary we tanyş-bilişleri bilen birgiden maglumatlary paýlaşýar. Emma käbir maglumatlaryň oýlap tapylan ýa-da ýoýlandygy sebäpli, biz görýän we eşidýän zatlarymyza örän ünsli bolmaly. Bu babatda bize Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsip kömek edip biler? Süleýmanyň tymsallary 14:15-de: «Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir» diýilýär.

4. Görýän we eşidýän zatlarymyza ünsli bolmaga Filipililer 4:8, 9-njy aýatlar nädip kömek edýär? Biz olaryň dogrudygyna näme üçin göz ýetirmeli? (« Ygtybarly maglumatlaryň çeşmesi» diýen çarçuwa serediň).

4 Paýhasly kararlara gelip biler ýaly, bize ygtybarly maglumatlar gerek. Şol sebäpli biz görýän we eşidýän zatlarymyza örän ünsli bolmaly (Filipililer 4:8, 9-njy aýatlary okaň). Biz telewizorda we Internetde görkezilýän şübheli täzelikleri görmek ýa-da hakykata esaslanmadyk zatlary okamak üçin wagtymyzy biderek ýitirmeli däl. Esasan-da, imandan dänen adamlaryň ýaýradýan maglumatlaryndan gaça durmak hasam wajyp. Olaryň maksady Hudaýyň halkynyň pikirini zäherlemek we hakykaty ýoýmak. Ýalan-ýaşryk habarlar köplenç adamy nädogry karara gelmäge iterýär. Şeýle maglumatlar biziň aňymyza we ýüregimize täsir etmez diýip pikir etsek, nädogry bolardy (1 Tim. 6:20, 21).

5. Ysraýyllylar içalylardan nähili erbet habar eşitdiler we bu olara nähili täsir etdi?

5 Ýalan maglumata ynanmak betbagtçylyga eltip bilýär. Geliň, Musa pygamberiň günlerinde bolan bir waka seredeliň. Wada edilen diýary gözden geçirmäge giden 12 içalynyň 10-sy erbet habar getirýär (San. 13:25—33). Olaryň gören-eşiden zatlaryny ulaldyp aýtmagy Ýehowanyň halkyny howsala salýar (San. 14:1—4). Ýöne halk olaryň aýdanlaryny näme üçin şeýle kabul etdikä? Mümkin, olar içalylaryň köpüsi erbet habar getirensoň, olaryň aýdýanlary dogry diýip pikir edendir. Şol sebäpli olar gowy habary getiren Hudaýyň wepaly gullukçylary Ýeşuwa bilen Kalebi hatda diňlemegem islemediler (San. 14:6—10). Olar eşidýän zatlarynyň dogrudygyna göz ýetirip, Ýehowa bil baglamagyň deregine, erbet habara ynandylar. Gör, nähili akylsyzlyk!

6. Biz Ýehowanyň gullukçylary barada erbet zatlary eşidenimizde näme üçin geň galmaly däl?

6 Biz, esasan-da, Ýehowanyň halky barada aýdylýan zatlara ünsli bolmaly. Geliň, Şeýtanyň Hudaýyň wepaly gullukçylaryny hemişe aýyplaýandygyny hiç haçan unutmalyň (Ylh. 12:10). Isa-da duşmanlaryň bize garşy «her hili ýalan hem-de erbet zatlary aýtjakdygyny» duýdurdy (Mat. 5:11). Eger biz bu duýduryşa çynlakaý garasak, onda Ýehowanyň gullukçylary barada erbet zatlary eşidenimizde geň galmarys.

7. Kimdir biri bilen bir maglumaty paýlaşmazdan öň näme etsek dogry bolar?

7 Siz dost-ýarlaryňyz we tanyş-bilişleriňiz bilen Internet ýa-da SMS arkaly habarlaşmagy halaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, siziň täzeliklerde ýa-da kimdir birinden eşiden gyzykly zatlaryňyzy olar bilen paýlaşasyňyz gelmegi mümkin. Emma başgalar bilen şeýle maglumatlary paýlaşmazdan öň, özüňize şu soraglary beriň: «Bu maglumatyň dogrudygyna doly ynamym barmy? Onuň dogrudygyny tassyklaýan subutnamalar barmy?» Eger muňa doly ynamyňyz bolman, olary paýlaşsaňyz, imandaşlaryňyza tötänden ýalan maglumatlary ýaýratdygyňyz bolar. Şol sebäpli ony başgalara ugratman, gaýtam, öçürip aýyrsaňyz gowy bolar.

8. Käbir ýurtlarda duşmanlar näme edýär we biz nädip bilmezlikden olary goldap bileris?

8 Kimdir birine oýlanman, Internet ýa-da SMS arkaly bir maglumaty ugratmagyň başga bir howply tarapy hem bar. Meselem, wagyz işimiz çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtlarda duşmanlar dogan-uýalarymyzy gorkuzmak we olaryň biri-birine ynamyny gowşatmak üçin ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradýarlar. Geliň, öňki Sowet Soýuzy döwründe bolan bir waka seredeliň. KGB diýip tanalýan gizlin polisiýa işgärleri käbir jogapkär doganlaryň Ýehowanyň halkyna dönüklik edendigi barada myş-myş ýaýradýar *. Gynansak-da, köp dogan-uýalar bu ýalana ynanyp, Ýehowanyň guramasyny terk etdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen, olaryň köpüsi yzyna dolandy. Ýöne käbirleri imanynyň dargamagyna ýol berip, yzlaryna dolanmadylar (1 Tim. 1:19). Biz şeýle elhenç ýagdaýdan nädip gaça durup bileris? Erbet ýa-da dogrudygy anyklanmadyk bir maglumaty ýaýratmakdan gaça duruň. Ynanjaň hem sada bolmaň. Görýän we eşidýän zatlaryňyzyň dogrudygyna doly göz ýetiriň.

DOLY BOLMADYK MAGLUMAT

9. Dogry netijä gelmäge ýene näme päsgel berip biler?

9 Bir maglumatyň ýarysy ýa-da diňe bir bölegi hakykat bolsa, dogry netijä gelmek kyn bolup biler. Eýsem, şeýle maglumatyň diňe 10 göterimi hakykat bolsa, oňa dogry diýip bolarmy? Biz şeýle zatlaryň ýesiri bolmakdan nädip gaça durup bileris? (Efes. 4:14).

10. Ysraýyllylar näme üçin doganlaryna garşy söweşjek boldular we olara gandöküşiklikden gaça durmaga näme kömek etdi?

10 Geliň, Ýeşuwanyň günlerinde Iordan derýasynyň günbatarynda ýaşan ysraýyllylar bilen bolan waka seredeliň (Ýeş. 22:9—34). Olar derýanyň gündogar tarapynda ýaşaýan ruben, gat we manaşa taýpalaryň Iordanyň boýunda äpet bir gurbanlyk sypasyny gurandyklaryny eşidýärler. Bu habar dogrudy. Derýanyň günbataryndaky ysraýyllylar doly bolmadyk maglumata esaslanyp, doganlary Ýehowa garşy pitne turuzdy diýen netijä gelýär. Şol sebäpli olar derýanyň gündogar tarapynda ýaşaýan ysraýyllylara garşy söweşmek üçin ýygnanyşýarlar (Ýeşuwa 22:9—12-nji aýatlary okaň) *. Emma olar hüjüm etmezden öň, ähli jikme-jiklikleri bilmek üçin birnäçe ynamdar adamlary ugradýarlar. Olar näme habar getirdilerkä? Ysraýylyň ruben, gat we manaşa taýpalary gurbanlyk sypasyny Hudaýa gurbanlyk getirmek üçin däl-de, ýadygärlik hökmünde gelejekki nesliň olaryň Ýehowa sežde edendiklerini bilmekleri üçin gurupdylar. Ysraýyllylar öz doganlaryna garşy söweşmezden öň, ähli gerekli maglumatlary ýygnamak üçin wagt sarp edendiklerine, gör, nähili begenendirler!

11. a) Mepiboşet nädip adalatsyzlyga uçrady? b) Dawut mundan nädip gaça durup bilerdi?

11 Bizem diňe ýarysy hakykat bolan ýa-da doly bolmadyk maglumatlary eşitmegimiz mümkin. Geliň, Dawut patyşa hem-de Mepiboşet bilen bolan waka seredeliň. Dawut oňa jomartlyk bildirip, ýagşylyk edýär we atasy Şawulyň ähli ýerlerini oňa gaýtaryp berýär (2 Şam. 9:6, 7). Ýöne biraz wagtdan Dawut Mepiboşet barada erbet zatlary eşidýär. Ol ähli zadyň anygyna ýetmegiň deregine, Mepiboşediň bar zadyny elinden alýar (2 Şam. 16:1—4). Soňra Dawut onuň bilen gepleşende, nädogry hereket edendigine düşünýär we bar zadyny yzyna gaýtaryp berýär (2 Şam. 19:24—29). Eger Dawut doly bolmadyk maglumat esasynda howlukmaç hereket etmän, gaýtam, ähli jikme-jiklikleri bilmek üçin ýeterlik wagt sarp eden bolsa, şeýle adalatsyzlygy etmekden gaça durup bilerdi.

12, 13. a) Isa özüne atylýan töhmede nähili garady? b) Kimdir biri biz barada ýalan zatlary ýaýratsa näme edip bileris?

12 Kimdir biri siz barada ýalan zatlary ýaýratsa näme ederdiňiz? Isa we suwa çümdürýän Ýahýa hem şeýle ýagdaýa uçrapdy (Matta 11:18, 19-njy aýatlary okaň). Eýsem, Isa şeýle töhmede nähili garady? Ol özüni aklajak bolup bar güýjüni we wagtyny sarp edip durmady. Gaýtam, ol adamlary öwredýän zatlaryna we edýän işlerine üns bermäge höweslendirip: «Adam akyldardygyny dogry işleri bilen subut edýändir» diýdi (Mat. 11:19).

13 Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Käte adamlar biz barada ýalan ýa-da tankytlaýjy zatlary ýaýratmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda bizde abraýymyzy goramak üçin bir zatlar etmäge isleg döräp biler. Elbetde, biz käbir zatlary edip bileris. Meselem, kimdir biri biz barada ýalan maglumatlary ýaýradýan bolsa, onda muňa hiç kim ynanmaz ýaly, özümizi mynasyp alyp baryp bileris. Dogrudan-da, Isanyň özüni alyp barşyndan görnüşi ýaly, Hudaýa ýaraýan edim-gylymymyz biz barada aýdylýan ýalan-ýaşryk zatlaryň nädogrudygyny subut edýär.

SIZ DIŇE GÖRÝÄN ZADYŇYZA YNANÝARSYŇYZMY?

14, 15. Öz düşünjämize bil baglamak näme üçin howply?

14 Gerekli maglumatlary tapmak hemişe aňsat bolmaýar. Ýöne bu dogry netijä gelmek üçin örän wajypdyr. Şeýle-de bikämilligimiz hem muňa päsgel berip biler. Megerem, biz Ýehowa onlarça ýyl bäri wepaly gulluk edýändiris we pikirlenmek hem-de ýagşy-ýamany saýgarmak ukybymyzy gowy terbiýeländiris. Hatda başgalar hem biziň aýdyň pikirlenýändigimizi görüp, begenýändir. Emma bu biziň üçin duzak bolup bilermi?

15 Hawa, eger biz öz düşünjämize bil baglasak, duzaga düşüp bileris. Şeýle ýagdaýda biziň duýgularymyz we etsem-goýsamlarymyz pikirimiziň üstünden agalyk edip başlar. Biz hatda ähli zadyň anygyna ýetmän, diňe görýän we eşidýän zadymyza ynanyp başlamagymyz mümkin. Bu örän howply. Mukaddes Ýazgylarda öz düşünjäňe bil baglamaly däldigi barada aýdyň duýduryş berilýär (Sül. tym. 3:5, 6; 28:26).

16. Tom restorana baranda näme görýär we derrew nähili netijä gelýär?

16 Geliň, şeýle ýagdaýy göz öňümize getireliň. Bir gün agşam Tom atly ýygnak ýaşulusy restoranda özi bilen bir ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän Jonuň ýanýoldaşy bolmadyk nätanyş bir aýal bilen oturandygyny görüp, ör-gökden gelýär. Tom olaryň gülşüp-degşip, hatda biri-birini mähirli gujaklaýandygyny görende, öňküdenem beter alada edip başlaýar. Tom öz ýanyndan: «Jonuň aýaly muny bilse näme bolarka? Olaryň nikasy bozularmyka? Olar aýrylyşsa çagalaryna nähili täsir eder?» diýýär. Tomuň şeýle pikirlere berilmeginiň sebäbi, ol öň hem şuňa meňzeş zatlary görüpdi. Eger siz Tomuň ýerine bolan bolsaňyz, özüňizi nähili duýardyňyz?

17. Tom nämäni bilýär we biz mundan näme öwrenýäris?

17 Ýöne oýlanyp görüň. Tom derrew «Jon aýalyna ikilik edýär» diýen netijä gelse-de, ol ähli zadyň anygyna ýetdimi? Şol gün agşam Tom Jona jaň edýär. Ol restoranda gören aýalynyň Jonuň süýtdeş uýasydygyny bilende, gör, nähili utanandyr. Sebäbi Jon uýasy bilen köpden bäri görüşmändi. Uýasy bary-ýogy birnäçe sagatdan gitmeli bolansoň, Jon onuň bilen restoranda görüşmeli bolýar. Jonuň aýaly bolsa gelip bilmeýär. Tom oýlanman gelen netijesi barada başgalara aýtmandygyna begenendir. Biz mundan näme öwrenýäris? Köp ýyl bäri hakykatda bolsak-da, hiç haçan öz düşünjämize bil baglamaly däl. Gaýtam, görýän we eşidýän zatlarymyzyň dogrudygyna göz ýetirjek bolmaly.

18. Dogan-uýalar bilen aramyzda dörän düşünişmezlik pikirimize nähili täsir edip biler?

18 Dogan-uýalar bilen aramyzda dörän düşünişmezlik sebäpli hem aýdylýan zatlaryň dogrudygyna göz ýetirmek kyn bolup biler. Eger biz dogan-uýalar babatda hemişe nädogry pikirde bolsak, onda olara şübhelenip başlarys. Şeýle ýagdaýda biz olar hakda nädogry zatlar eşitsek, hatda derrew ynanmagymyz mümkin. Biz mundan nähili sapak edinýäris? Hawa, dogan-uýalar barada nädogry pikirde bolsak, bir zadyň anygyna ýetmän, nädogry netije çykaryp bileris (1 Tim. 6:4, 5). Diýmek, biz göriplik ýaly erbet duýgularyň ýüregimizde kök urmagyna ýol bermeli däl. Gaýtam, dogan-uýalary söýüp, olary ýürekden bagyşlamaly (Koloslylar 3:12—14-nji aýatlary okaň).

ÝAZGYLARDAKY PRINSIPLER BIZI GORAÝAR

19, 20. a) Bir zadyň dogrudygyna göz ýetirmäge Ýazgylardaky haýsy prinsipler kömek edip biler? b) Indiki makalada nämä serederis?

19 Şu günler görýän we eşidýän zatlarymyzyň köpüsi oýlap tapylan ýa ýoýlandygy, olaryň diňe belli bir bölegi hakykat bolandygy hem-de bikämilligimiz sebäpli, bize dogry netijä gelmek kyn bolýar. Munuň hötdesinden gelmäge bize näme kömek eder? Biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri öwrenip, olary durmuşymyzda ulanmaly. Şeýle prinsipleriň biri aýdylýan zady diňläniňde, onuň dogrudygyna doly göz ýetirmeli. Ýogsam, «diňlemän», ýagny anygyna ýetmän jogap bermek akmaklyk hem utanç bolar (Sül. tym. 18:13). Ýazgylardaky başga bir prinsipde bolsa her bir söze ynanmaly däldigi aýdylýar (Sül. tym. 14:15). Şeýle-de näçe ýyldan bäri hakykatda bolsak-da, öz düşünjämize daýanmakdan ägä bolmaly (Sül. tym. 3:5, 6). Eger biz dogry netijä we paýhasly kararlara gelmek üçin görýän hem-de eşidýän zatlarymyzyň dogrudygyna göz ýetirsek, onda Ýazgylardaky prinsipler bizi gorar.

20 Ýöne dogry netijä gelmäge ýene bir zat päsgel berip biler. Biz köplenç görýän zadymyza görä netije çykarýarys. Indiki makalada biz munuň näme üçin howpludygyna we ondan nädip gaça durup biljekdigimize serederis.

^ abzas 8 2004-nji ýylda çykan «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýyllyk kitabynyň» 111, 112-nji sahypalaryna we 2008-nji ýylda çykan «Ýyllyk kitabynyň» 133—135-nji sahypalaryna serediň.

^ abzas 10 Ýeşuwa 22:9 Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar. 10 Ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganda Iordanyň golaýyna gelip, derýanyň ýakasynda äpet bir gurbanlyk sypasyny bina etdiler. 11 Ine, rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň Kenganyň araçäginde, Iordanyň boýunda, ysraýyllaryň tarapynda gurbanlyk sypasyny gurandyklary baradaky habar ysraýyl halkyna gelip ýetdi. 12 Bu täzeligi eşidenlerinde, tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda bir ýere ýygnanyp, olara garşy söweşmäge aýaga galdy.