Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýagdaýyňyz üýtgände, kalbyňyzda rahatlygy saklaň

Ýagdaýyňyz üýtgände, kalbyňyzda rahatlygy saklaň

«Janymy... köşeşdirdim» (Zeb. 131:2).

AÝDYMLAR: 24, 154

1, 2. a) Durmuşymyzda bolýan garaşylmadyk ýagdaýlar bize nähili täsir edip biler? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) 131-nji mezmura görä, kalbymyzda rahatlygy saklamaga näme kömek edýär?

LOÝD bilen Aleksandra borçlarynyň üýtgändigini bilende, ilkibaşda, gaty gynandylar. Sebäbi olar 25 ýyldan gowrak Beýtelde gulluk edipdiler. Loýd şeýle diýýär: «Beýtele we ol ýerde edýän işime gaty öwrenişipdim. Men özgerişligiň näme üçin bolandygyna düşünýärdim. Ýöne soňky hepdeler, aýlar köplenç özümi terk edilen ýaly duýýardym». Loýd bir görseň-ä özgerişlige dogry garaýardy, bir görseňem göwnüçökgünlige düşýärdi.

2 Käte durmuşda garaşylmadyk ýagdaýlar bolanda, özümizi arkamyzda agyr ýük duran ýaly duýup, duýgy taýdan ejizlemegimiz mümkin (Sül. tym. 12:25). Şeýle ýagdaýda hatda özgerişligi kabul etmegem kyn bolup biler. Bize «janymyzy... köşeşdirmäge» näme kömek eder? (Zebur 131:1—3-nji aýatlary okaň). Geliň, kynçylyklara garamazdan, kalbynda rahatlygy saklan Ýehowanyň geçmişdäki we häzirki gullukçylarynyň käbiri hakda gürrüň edeliň.

«HUDAÝYŇ PARAHATLYGYNY» DUÝUŇ

3. Ýusup nähili kynçylyga uçrady?

3 Kakasy Ýusuby juda gowy görýärdi. Ol 17 ýaşlaryndaka, doganlary göriplikden ýaňa ony Müsüre gul edip satýarlar (Gel. çyk. 37:2—4, 23—28). Takmynan 13 ýyllap Ýusup kakasy Ýakupdan uzakda, ýagny Müsürde gulçulykda we tussaglykda bolýar. Şeýle kyn döwürde ruhdan düşmezlige we öýke-kine saklamazlyga Ýusuba näme kömek etdikä?

4. a) Ýusup türmedekä näme barada oýlanan bolmaly? b) Ýehowa onuň dogalaryna nädip jogap berdi?

4 Ýusup tussaglykdaka, ünsüni Ýehowanyň berýän patasyna gönükdirýärdi (Gel. çyk. 39:21; Zeb. 105:17—19). Şeýle-de ol ýaşka gören düýşleri barada oýlanandyr. Bu bolsa Ýehowanyň ondan razydygyna ynamyny berkidendir (Gel. çyk. 37:5—11). Ýusup Ýehowa gaýta-gaýta ýüregini döken bolmaly (Zeb. 145:18). Ýehowa Ýusubyň ýürekden eden dogalaryna jogap berip, oňa kalbynda rahatlyk duýmaga kömek edýär. Dogrudan-da, «Hudaý Ýusup bilen» bolup, ähli kynçylyklarynda ony goldaýar (Res. iş. 7:9, 10) *.

5. «Hudaýyň parahatlygy» ruhy maksatlara ýetmek islegimize nähili täsir edýär?

5 Şu günlerem kynçylyklara garamazdan, biz pikirimizi goraýan «Hudaýyň parahatlygyny» özümizde duýup bilýäris (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň). Gaýgy-aladalar gaplanda, Ýehowadan kömek sorasak, «Hudaýyň parahatlygy» ruhy maksatlarymyza ýetmäge bolan islegimizi berkider we ruhdan düşmäge iterýän islendik zada garşy göreşmäge kömek eder. Geliň, munuň dogrudygyny görkezýän käbir dogan-uýalar bilen bolan waka seredeliň.

KALBYŇYZDA RAHATLYGY SAKLAMAK ÜÇIN ÝEHOWADAN KÖMEK SORAŇ

6, 7. Anyk doga etmek kalbyňda rahatlygy saklamaga nädip kömek edýär? Mysal getiriň.

6 Raýen bilen Juliýeta wagtlaýyn ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Olara gullugyň bu görnüşini bes edýändiklerini aýdanlarynda, özlerini gaty erbet duýýarlar. Raýen şeýle diýýär: «Biz Ýehowa gyzgyn doga etdik. Biz muňa Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik hökmünde garaýarys. Ýygnagymyzdaky dogan-uýalaryň köpüsi ýaňy-ýakynda hakykata gelipdi. Şonuň üçin iman babatda olara gowy görelde görkezip biler ýaly, Ýehowa doga etdik».

7 Ýehowa olaryň dogasyna nädip jogap berdi? Raýen şeýle ýatlaýar: «Doga eden badymyza, bizdäki erbet duýgular we başdaky aladalaryň bary zym-zyýat boldy. Hudaýyň parahatlygy häzirem ýüregimizi we pikirimizi goraýar. Eger biz dogry garaýşymyzy saklasak, Ýehowanyň mundan beýläk hem öz işinde ulanjakdygyna düşünýäris».

8—10. a) Hudaýyň mukaddes ruhy gaýgy-aladalarymyzy ýeňmäge nädip kömek edýär? b) Ýehowa ruhy taýdan oýa bolmak üçin edýän tagallalarymyzy nädip patalaýar?

8 Hudaýyň mukaddes ruhy diňe bir kalbymyza rahatlyk bermän, eýsem, ünsümizi ruhy maksatlara gönükdirmäge kömek edýän aýatlara hem çekip bilýär (Ýahýa 14:26, 27-nji aýatlary okaň). Geliň, Beýtelde 25 ýyla golaý gulluk eden Filip we Meri atly är-aýal bilen bolan waka seredeliň. Dört aýyň içinde olaryň ikisiniňem ejesi we bir garyndaşy aradan çykýar. Üstesine-de, olar Meriniň ýarawsyz kakasynyň aladasyny etmeli bolýar.

9 Filip şeýle ýatlaýar: «Men kynçylyga döz gelip bilýärin diýip pikir edýärdim. Ýöne men bir zady ünsden düşüren ekenim. Bir makalada Koloslylar 1-nji babyň 11-nji aýady getirilýärdi. Dogrymy aýtsam, men kynçylyga çydaýardym, ýöne doly däl. Şatlyk bilen ähli zada döz gelip biler ýaly, maňa sabyrlylyk gerekdi. Bu aýat maňa şatlygymyň ýagdaýyma däl-de, Hudaýyň mukaddes ruhunyň durmuşyma täsir etmegine baglydygyny ýatlatdy».

10 Filip bilen Meri düşen ýagdaýlarynda ruhy taýdan berk bolmak üçin elinde baryny etdiler. Şol sebäpli Ýehowa olary dürli ýollar bilen bereketledi. Beýtel gullugyny goýanlaryna biraz wagt geçende, olar birnäçe adam bilen yzygider Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip başladylar. Yzyna ser salyp, Meri şeýle diýýär: «Ýehowa okuw geçýänlerimiziň üsti bilen şatlygymyzy ýitirmezlige kömek etdi hem-de Ol ähli zat gowy bolar diýýän ýalydy».

ÝEHOWANYŇ SIZI BEREKETLEMEGINE ÝOL BERIŇ

Ýagdaýymyz üýtgände, Ýusupdan nädip görelde alyp bileris? (11—13-nji abzaslara serediň)

11, 12. a) Ýusup Ýehowanyň bereketlemegine nädip ýol berdi? b) Ýusup çydamlylygy üçin nädip sylaglandy?

11 Biz duýdansyz kynçylyga uçranymyzda, gelejegimiz barada çendenaşa gaýgylanmagymyz mümkin. Ýusup bilen hem şeýle bolupdy. Emma ol düşen ýagdaýynda ýan bermezlik üçin elinde baryny etdi. Şeýdip, ol özüni Ýehowanyň bereketlemegine ýol berdi. Ýusup Potyparyň öýünde edişi ýaly, türmede-de zyndanyň başlygynyň tabşyran islendik ýumşuny ýerine ýetirmek üçin agyr zähmet çekýärdi (Gel. çyk. 39:21—23).

12 Bir gezek Ýusuba faraonyň köşgünde ýokary wezipäni eýelän iki tussagyň aladasyny etmegi tabşyrýarlar. Ýusubyň mähirli aladasyny duýandygy üçin, olaryň ikisem biynjalyk edýän zatlaryny we geçen agşam gören düýşlerini gürrüň berýär (Gel. çyk. 40:5—8). Ýusup muny bilmese-de, şol gürrüňdeşlik onuň üçin gowy günleriň başlangyjy boldy. Elbetde, Ýusup şondan soň ýene-de iki ýyl tussaglykda oturmaly bolýar. Emma ahyrynda ol türmeden boşadylýar we şol günüň özünde faraondan soň ýurtda ikinji adam edip bellenilýär (Gel. çyk. 41:1, 14—16, 39—41).

13. Ýehowanyň bizi bereketlemegine nädip ýol berip bileris?

13 Käte biz hem garaşylmadyk kynçylyklara duçar bolmagymyz mümkin. Şonda Ýusup bilen bolşy ýaly, ýagdaýy düzetmek üçin elimizden gelýän zat hem ýokdur. Emma biz sabyrly bolsak we ruhdan düşmez ýaly elimizde baryny etsek, Ýehowanyň bizi bereketlemegine ýol bereris (Zeb. 37:5). Dogrudan-da, käte özümizi «aljyraňňy ýagdaýda» duýýarys, ýöne Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, «terk edilen däldiris» (2 Kor. 4:8, çykgyt). Eger ünsümizi wagyz işine gönükdirsek, Pawlus resulyň sözleriniň dogrudygyna öz durmuşymyzda göz ýetireris.

ÜNSÜŇIZI WAGYZ IŞINE GÖNÜKDIRIŇ

14—16. Hoş habarçy Filipus kynçylyklara garamazdan, ünsüni nädip wagyz işine gönükdirdi?

14 Duýdansyz ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, ünsümizi wagyz işine gönükdirmekde hoş habarçy Filipus hem gowy görelde galdyrdy. Ol täze borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirýärdi (Res. iş. 6:1—6). Emma ýagdaý birden üýtgeýär. Iýerusalimdäki mesihçiler güýçli yzarlamalara sezewar bolýar. Netijede, Stefanusy zalymlyk bilen öldürýärler *. Şonda Mesihiň şägirtleri dürli ýerlere gaçmaly bolýar. Emma Filipus bu ýagdaýda el gowşuryp oturmaýar. Ol heniz hoş habaryň wagyz edilmedik ýeri bolan uly şäher Samariýa gidýär (Mat. 10:5; Res. iş. 8:1, 5).

15 Filipus Hudaýyň mukaddes ruhy ony nirä iberse, şol ýere gitmäge taýyndy. Şonuň üçin Ýehowa oňa täze ýerlerde wagyz etmäge kömek etdi. Şeýdip, ol ýehudylar tarapyndan ýazgarylýan samariýalylara dynçlyk berýärdi. Samariýalylar hem ony «ünsli diňleýärdi» (Res. iş. 8:6—8).

16 Soňra Hudaýyň mukaddes ruhy Filipusa Aşdoda we Kaýsariýa gitmegi tabşyrýar. Bu iki şäherde-de ýehudy bolmadyk adamlar ýaşaýardy (Res. iş. 8:39, 40). Samariýada wagyz edip başlanyndan 20 ýyl töweregi wagt geçende, Filipusyň ýagdaýy ýene-de üýtgeýär. Ol maşgala gurup, öz ýaşaýan ýerinde wagyz edip başlaýar. Emma her näme-de bolsa, Filipus ünsüni wagyz işine gönükdirýärdi. Netijede, Ýehowa ony we maşgalasyny bolluk bilen patalady (Res. iş. 21:8, 9).

17, 18. Ünsümizi wagyz işine gönükdirsek kynçylykda dogry garaýşy saklamaga nädip kömek eder?

17 Şu günlerem dürli kynçylyklara garamazdan, Hudaýa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalar ünsüni wagyz işine gönükdirip, dogry garaýşyny saklaýarlar. Günorta Afrikada ýaşaýan Osborn we Polaýt atly är-aýal Beýtel gullugyny bes etmelidigini aýdanlarynda, ýarym günlük iş we ýaşar ýaly ýer tapylar öýdýärdiler. Osborn dogan şeýle ýatlaýar: «Gynansak-da, biz isleýşimiz ýaly çalt iş tapyp bilmedik». Aýaly Polaýt bolsa şeýle diýýär: «Biz üç aýlap iş tapyp bilmedik. Pulumyz hem ýokdy. Bu, dogrudanam, biziň üçin gaty kyn boldy».

18 Olara kynçylyga döz gelmäge näme kömek etdi? Doganymyz Osborn şeýle diýýär: «Ýygnagymyzdaky dogan-uýalarymyz bilen wagyz etmek bize dogry garaýyşda bolmaga kömek etdi. Biz el gowşuryp oturmagyň ýa alada etmegiň deregine, ünsümizi wagyz işine gönükdirmegi ýüregimize düwdük. Bu bolsa bize köp şatlyk getirdi. Biz bar ýerden iş gözläp çykdyk. Ahyrynda işem tapdyk».

ÝEHOWA SABYRLY GARAŞYŇ

19—21. a) Kalbymyzda rahatlygy saklamaga näme kömek eder? b) Ýagdaýymyzyň özgermegi bize nähili peýda getirip biler?

19 Şu mysallardan görnüşi ýaly, ýagdaýymyz üýtgände, ruhy taýdan berk bolmak üçin elimizde baryny etsek we Ýehowa sabyrly garaşsak, kalbymyzda rahatlyk duýarys (Mika 7:7-ni okaň) *. Şeýle-de ýagdaýymyzyň özgermeginiň bize ruhy taýdan köp peýda berýändigine göz ýetireris. Ýokarda agzalan Polaýt uýamyz şeýle diýýär: «Gullugymyň üýtgemegi maňa Ýehowanyň hatda kyn ýagdaýlarda-da ýanymdadygyna ynamymy artdyrdy. Onuň bilen dostlugym hasam berkedi».

20 Ýokarda agzalan Meri uýamyz hem ýarawsyz kakasynyň aladasyny etse-de, häzirem pioner gullugyny dowam edýär. Ol şeýle diýýär: «Gaýgy-aladalar gaplanda, men saklanyp, Ýehowa doga etmelidigini we biraz özümi dürsemelidigini öwrendim. Men ähli zady Ýehowanyň eline tabşyrmagy öwrenmeli boldum. Sebäbi bu maňa gelejekde-de gerek bolar».

21 Makalanyň başynda agzalan Loýd bilen Aleksandra hem ýagdaýlarynyň özgermeginiň olaryň imany üçin synag bolandygyny aýdýarlar. Emma olar şeýle diýýär: «Imanymyzyň synalmagy bize Hudaýa hakykatdan ynanýandygymyzy bilmäge kömek etdi. Bu bolsa bize kyn döwürde güýç hem teselli berýär».

Garaşylmadyk kynçylyklar garaşylmadyk bereketleri berýär (19—21-nji abzaslara serediň)

22. Ýagdaýymyz üýtgände gullugymyzy dowam etmek üçin elimizde baryny etsek nämä ynamly bolup bileris?

22 Şu soňky günlerde biziňem durmuşymyzda garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Meselem, biziň gullugymyzyň üýtgemegi, saglygymyzyň erbetleşmegi ýa-da maşgala ýagdaýymyzyň üýtgemegi mümkin. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowanyň aladamyzy edýändigine we bize öz wagtynda kömek etjekdigine ynamly bolup bileris (Ýew. 4:16; 1 Pet. 5:6, 7). Şonuň üçin ýagdaýymyz üýtgände, ýan bermän, gaýtam, gullugymyzy dowam etmek üçin elimizde baryny edeliň. Gökdäki Atamyza yzygider doga edip ýakynlaşalyň we özümizi Onuň eline tabşyrmagy öwreneliň. Şeýtsek, durmuşymyzda nähili ýagdaý bolaýanda-da, kalbymyz hemişe rahat bolar.

^ abzas 4 Tussaglykdan boşadylanyna biraz wagt geçende, Ýehowa Ýusuba bir ogul berýär. Şeýdip, Ýusup ähli gören görgülerini unutmaga Ýehowanyň kömek edendigine düşünýär. Ol nowbahar oglunyň adyna Manaşa dakýar. Onuň manysy «Hudaý meniň bar gaýgy-hasratymy unutdyrdy» diýmegi aňladýar (Gel. çyk. 41:51, TD).

^ abzas 14 Žurnalyň şu sanyndaky «Şuny bilýäňizmi?» diýen makala serediň.

^ abzas 19 Mika 7:7 Men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.