Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Seniň hakykatyňda gezeýin»

«Seniň hakykatyňda gezeýin»

«Ýa Reb, ýoluňy maňa öwret, Seniň hakykatyňda gezeýin» (Zeb. 86:11).

AÝDYMLAR: 26, 10

1—3. a) Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bize nähili täsir edýär? Mysal getiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Şu makalada haýsy soraglara serederis?

ŞU GÜNLER satyn alnan zady yzyna gaýtarmak adaty zat hasaplanýar. Geçirilen barlaglara görä, käbir ýurtlarda alyjylar satyn alan harydynyň 9 göterimini yzyna gaýtarýarlar. Onlaýn arkaly sargyt edilen zatlaryň bolsa 30-dan gowrak göterimi yzyna gaýtarylýar. Mümkin, alyjylaryň satyn alan zady göwnüne ýaran däldir ýa-da onuň bir ýeri zaýadyr. Şol sebäpli olar satyn alan harydyny başgasyna çalyşmak ýa-da puluny yzyna almak isleýärler.

2 Biz alan zatlarymyzy käte yzyna gaýtarmaly bolsak-da, Mukaddes Ýazgylardaky «satyn alan» «hakykat bilimimizi» hiç haçan yzyna gaýtarmak ýa-da «satmak» islemeýäris (Süleýmanyň tymsallary 23:23-i okaň; 1 Tim. 2:4). Geçen makalada biz hakykaty öwrenmek üçin köp wagtymyzy sarp etmeli bolýandygymyz barada gürrüň edipdik. Şeýle-de ony satyn almak üçin girdejili kärimizden we başgalar bilen gatnaşygymyzdan el çekmeli bolýandygymyzy bildik. Mundan başga-da biz pikirimizi we özümizi alyp barşymyzy üýtgetmeli ýa-da Ýazgylara esaslanmadyk däp-dessurlardan we işlerden geçmeli bolýarys. Emma hakykaty bilip, alan bereketlerimiz bilen deňeşdireniňde, geçýän zatlarymyz ujypsyz bolup galýar.

3 Hakykaty bilenimizde, biz Isanyň mysalyndaky «gymmatbaha dürdänäni tapan» adamyňky ýaly duýgulary başdan geçirýäris. Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty bilen adamlaryň onuň gymmatyna düşünýändigini görkezmek üçin «gowy dürdäneleri agtarýan» we bir «gymmatbaha dürdäne tapan» söwdagär barada gürrüň berdi. Mysaldaky söwdagäriň tapan dürdänesi şeýle bir gymmatdy welin, ol «bar zadyny satyp, ony satyn alýar» (Mat. 13:45, 46). Şonuň ýaly bizem hakykaty tapanymyzda, ýagny Hudaýyň Patyşalygy we Mukaddes Ýazgylardaky beýleki gymmatly hakykatlary bilenimizde, olaryň gymmatyna düşünip, bar zadymyzdan geçdik. Biz hakykaty gymmat saýýandygymyz üçin ony hiç haçan satmak islemeýäris. Gynansak-da, Hudaýyň käbir gullukçylary hakykatyň gymmatyny ünsden düşürip, ony satdylar. Geliň, hiç haçan olaryň ýalňyşlygyny gaýtalamalyň. Biz hakykaty gymmat saýýandygymyzy we ony hiç haçan satmak islemeýändigimizi görkezmek üçin, Mukaddes Ýazgylardaky: «Hakykat boýunça ýaşaň» diýen tabşyryga eýereliň (3 Ýahýa 2—4-nji aýatlary okaň). Hakykat ýolunda ýöremek üçin, biz ony durmuşymyzda birinji orunda goýmaly we şol boýunça ýaşamaly. Geliň, şu soraglara seredeliň: Käbir adamlar näme üçin we nädip hakykaty «satýarlar»? Biz şeýle uly ýalňyşlygy goýbermekden nädip gaça durup bileris? Hakykat boýunça ýaşamak islegimizi nädip berkidip bileris?

KÄBIR ADAMLAR NÄME ÜÇIN WE NÄDIP HAKYKATY «SATÝARLAR»?

4. I asyrda käbir adamlar näme üçin hakykaty «satdylar»?

4 I asyrda Isanyň öwredýän zatlaryny kabul eden adamlaryň käbiri soňra hakykat ýolunda ýöremegini bes etdiler. Meselem, Isa gudrat bilen uly märekäni doýrandan soň, olar Jelile deňziniň beýleki tarapyna geçip, onuň yzyna düşüp gidýär. Şol ýerde Isa olara üýtgeşik bir zat aýdýar: «Ynsan oglunyň bedenini iýmeseňiz we ganyny içmeseňiz, ýaşaýşa gowşup bilmersiňiz». Olar Isadan bu sözleriň manysyny düşündirmegi soramagyň deregine, onuň aýdýanlaryna büdräp: «Bu sözler kabul ederden agyr; ony diňlär ýaly däl-ä» diýýärler. Netijede, «şägirtleriň köpüsi öňki işlerine dolanyp, Isanyň yzyna eýermegini bes edýär» (Ýah. 6:53—66).

5, 6. a) Käbir dogan-uýalar näme üçin hakykatdan gitdiler? b) Adam nädip kem-kemden hakykatdan daşlaşyp biler?

5 Gynansak-da, şu günlerem käbir dogan-uýalar hakykatdan daşlaşýarlar. Olaryň käbiri Mukaddes Ýazgylardaky aýatlaryň täzeçe düşündirilişi ýa-da jogapkärli borjy ýerine ýetirýän doganyň sözi ýa hereketi sebäpli büdrediler. Başgalara bolsa Ýazgylar esasynda berlen maslahaty kabul etmek kyn boldy. Şeýle-de käbir dogan-uýalar imandaşlary bilen aralarynda dörän düşünişmezlik sebäpli hakykatdan gitdiler. Başgalar bolsa imandan dänenleriň we dini ynançlarymyza garşy çykýan adamlaryň tarapyna geçdiler. Netijede, olaryň käbiri Ýehowadan we ýygnakdan «daşlaşdylar» (Ýew. 3:12—14). Petrus resul ýaly olar hem imanyny berkidip, Isanyň yzyna eýermegini dowam eden bolsalar, has gowy bolardy. Isa resullaryndan «siziň hem gidesiňiz gelýärmi?» diýip soranda, Petrus şol bada: «Halypam, biz nirä gideli? Ebedi ýaşaýyş berýän sözler sende ahyryn» diýdi (Ýah. 6:67—69).

6 Başgalar bolsa kem-kemden hakykatdan daşlaşdylar. Hatda muny olaryň özlerem duýmadylar. Kem-kemden hakykatdan daşlaşýan adamy ýuwaş-ýuwaşdan kenardan uzaklaşýan gaýyga meňzetse bolýar. Mukaddes Ýazgylarda bu «azaşmak» bilen deňeşdirilýär (Ýew. 2:1). Bilgeşleýin hakykaty goýýan adamdan tapawutlylykda, hakykat ýolundan azaşýan adam muny bilmän etse-de, ol Ýehowa bilen dostlugyny howp astyna salýar, hatda ony ýitirip hem biler. Biz şeýle howply ýagdaýa düşmekden nädip gaça durup bileris?

BIZ HAKYKATY SATMAKDAN NÄDIP GAÇA DURUP BILERIS?

7. Hakykaty satmakdan gaça durmaga näme kömek eder?

7 Hakykat ýolundan ýöremek üçin, biz Ýehowanyň ähli aýdýan zadyny kabul etmeli we şoňa görä ýaşamaly. Munuň üçin hakykaty durmuşymyzda birinji orunda goýmaly we Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler boýunça ýaşamaly. Dawut patyşa Ýehowa doga edip, şeýle diýdi: «Seniň hakykatyňda gezeýin» (Zeb. 86:11). Dawut ýaly bizem Hudaýyň hakykat ýolunda ýöremegi berk ýüregimize düwmeli. Eger şeýle etmesek, hakykatdan daşlaşdyrýan zatlar hakda oýlanyp başlamagymyz, hatda hakykat üçin geçen zatlarymyza gynanmagymyz hem mümkin. Şonuň üçin hakykat boýunça ýaşaýandygymyzy barlap durmaly. Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlaryň haýsysyny kabul etjekdigimizi ýa etmejekdigimizi saýlap bilmeýändigimize düşünýäris. Biz öwrenen hakykatlarymyzyň ählisi boýunça ýaşamaly (Ýah. 16:13). Geliň, hakykaty satyn almak üçin geçmeli boljak bäş zadymyz barada gürrüň edeliň. Bu bize hakykat üçin geçen zatlarymyzy yzyna gaýtarjak bolup, hiç haçan hakykatdan daşlaşmazlyga kömek eder (Mat. 6:19).

8. Wagtyny paýhasly ulanmaýan mesihçi nädip hakykatdan daşlaşyp biler? Mysal getiriň.

Wagt. Hakykat ýolundan daşlaşmaz ýaly, biz wagtymyzy paýhasly ulanmaly. Eger seresap bolmasak, wagtymyzyň köp bölegini dynç almaklyga, halaýan zadymyzy etmeklige we Internete ýa-da telewizora güýmenip geçirmegimiz mümkin. Elbetde, bu zatlara erbet diýip bolmaz. Emma olar şahsy okuwyna we ruhy işlere sarp edýän gymmatly wagtymyzy ogurlap biler. Geliň, Ema * uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ol ýaşlygyndan atlary gowy görýärdi. Boş wagtlary ol köplenç at çapmaga gidýärdi. Wagtyň geçmegi bilen, Ema muňa köp wagtyny sarp edýändigine düşünýär. Şonuň üçin ol dynç alşyň öz ýeriniň bardygyna düşünip, gerekli özgerişlikleri edýär. Şeýle-de oňa Kori Wells uýanyň göreldesi kömek edýär *. Häzir Ema wagtynyň köp bölegini ruhy işlere sarp edýär we maşgala agzalary hem-de dost-ýarlary bilen wagtyny geçirmekden köp şatlyk tapýar. Ol wagtyny paýhasly ulanýandygy üçin Ýehowa has-da ýakynlaşandygyny we kalbynda parahatlyk duýýandygyny aýdýar.

9. Maddy zatlar nädip ruhy işleriň ornuny eýeläp biler?

9 Maddy zatlar. Eger biz hakykat ýolunda ýöremegi dowam etmek islesek, maddy zatlaryň durmuşymyzda öz ýeriniň bardygyna düşünmeli. Hakykaty bilenimizde, biz maddy zatlary ikinji orunda goýup başladyk. Biz hakykat ýolunda ýöremek üçin maddy zatlarymyzdan höwes bilen geçdik. Emma wagtyň geçmegi bilen, biz adamlaryň soňky çykan elektron enjamlaryny ýa-da başga-da maddy zatlary edinýändigine gözümiziň gitmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda biz özümizi durmuşda nämedir bir zady ýitirýän ýaly duýup bileris. Barymyza kaýyl bolmagyň deregine, biz ruhy işleri bir gyra goýup, maddy zatlara ymtylyp başlamagymyz mümkin. Bu bize I asyrda ýaşan Dimas bilen bolan wakany ýatladýar. Ol «dünýäni söýýändigi üçin», Pawlus resul bilen gulluk etmegini bes edýär (2 Tim. 4:10). Eýsem, onuň şeýle hereket etmegine näme sebäp bolduka? Mukaddes Ýazgylarda Dimasyň maddy zatlary ruhy işlerden has köp söýendigi ýa-da Pawlus resul bilen gulluk etmek üçin şahsy bähbitlerinden geçmek islemändigi barada hiç zat aýdylmaýar. Elbetde, biz ýene-de maddy zatlara bolan höwesimiziň artmagyny we şol zatlaryň hakykata bolan söýgimiziň ýerini tutmagyny islemeýäris.

10. Hakykat ýolunda ýöreýändigimiz üçin nähili kynçylyga duş gelmegimiz mümkin?

10 Başgalar bilen gatnaşyk. Hakykat ýolunda ýöremegi dowam etmek üçin, biz başgalaryň täsirine düşmekden seresap bolmaly. Hakykaty bilenimizde, Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz we beýleki adamlar bilen gatnaşygymyz özgermegi mümkin. Käbir adamlar biziň bilen ylalaşsalar, başgalar bize garşy çykýarlar (1 Pet. 4:4). Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen gowy gatnaşykda bolmaga we olar bilen özümizi mähirli alyp barmaga çalyşsak-da, olara ýaranjak bolup, hakykatdan daşlaşmakdan seresap bolmaly. Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin mundan beýläk hem jan etmeli. Emma 1 Korinfliler 15:33-däki aýdyň duýduryşy göz öňünde tutup, diňe Ýehowany söýýän adamlar bilen ýakyndan gatnaşmaly.

11. Hudaýa ýaramaýan işlerden nädip gaça durup bileris?

11 Hudaýa ýaramaýan pikirler we işler. Hakykat ýolunda ýöreýänleriň ählisi mukaddes bolmaly (Iş. 35:8; 1 Petrus 1:14—16-njy aýatlary okaň). Hakykaty bilenimizde, biziň ählimiz Ýazgylardaky kada-kanunlar boýunça ýaşamak üçin durmuşymyzda käbir özgerişlikleri etdik. Käbir dogan-uýalar bolsa uly özgerişikler etmeli boldy. Nähili bolaýanda-da, biz ahlak taýdan bozuk dünýäniň päk hem mukaddes ýaşaýşymyzy hapalamagyna hiç haçan ýol bermeli däl. Eýsem, biz dünýäniň ahlaksyz işlerinden nädip gaça durup bileris? Mukaddes bolmagymyz üçin Ýehowanyň näme edendigi hakda oýlanmaly. Ol ogly Isa Mesihiň gany arkaly gymmatly töleg töledi (1 Pet. 1:18, 19). Ýehowanyň öňünde arassa galmak üçin, biz mundan beýläk-de Isanyň beren töleg gurbanynyň gymmatyny pikirimizde we ýüregimizde saklamaly.

12, 13. a) Ýehowanyň baýramçylyklara bolan garaýşyny bilmek näme üçin wajyp? b) Biz näme hakda gürrüň ederis?

12 Ýazgylara esaslanmadyk däp-dessurlar we işler. Maşgala agzalarymyz, işdeşlerimiz we klasdaşlarymyz bizi özleri bilen baýramçylyklara ýa-da beýleki oturyşyklara gitmäge yrjak bolmagy mümkin. Biz Ýehowa ýaramaýan baýramçylyklara we däp-dessurlara gatnaşmakdan nädip gaça durup bileris? Munuň üçin biz şeýle zatlara Ýehowanyň nähili garaýandygyny ýadymyzda saklamaly. Şeýle-de edebiýatlarymyzdaky şu günler giňden ýaýran baýramçylyklaryň gelip çykyşy baradaky düşündirişleri gaýtalamak hem kömek eder. Biz Ýazgylar esasynda şeýle baýramçylyklara näme üçin gatnaşmaýandygymyzy özümize ýatlatsak, «Hudaýa... ýaraýan» ýoldan ynamly ýöräp bileris (Efes. 5:10). Eger biz Ýehowa bil baglasak we onuň Sözündäki hakykata eýerip ýaşasak, «adamdan gorkynyň duzagyna» düşmeris (Sül. tym. 29:25).

13 Hakykat ýolunda ýöremek üçin hemişe tagalla etmeli. Biz hakykatda ebedi gezmäge umyt edýäris. Hakykat ýolunda ýöremek islegimizi nädip berkidip bileris? Geliň, munuň üç usulyna seredeliň.

HAKYKAT ÝOLUNDA ÝÖREMEGI BERK ÝÜREGIŇIZE DÜWÜŇ

14. a) Hudaýyň Sözündäki gymmatly hakykatlary öwrenmegi dowam etsek, ony hiç haçan satmazlyga nädip kömek eder? b) Akyldarlygy, terbiýäni we düşünjäni gazanmak näme üçin wajyp?

14 Birinjiden, Hudaýyň Sözündäki gymmatly hakykatlary öwrenmegi we olaryň üstünde oýlanmagy dowam ediň. Elbetde, hakykaty satyn almak üçin Hudaýyň Sözündäki şol gymmatly hakykatlary yzygider öwrenmäge wagt sarp etmeli. Şeýle etsek, hakykata bolan minnetdarlygymyz artar we ony hiç haçan satmazlyga kömek eder. Mundan başga-da Süleýmanyň tymsallary 23:23-de hakykaty satyn almak üçin «akyldarlygy, terbiýäni we düşünjäni hem gazanmalydygy» aýdylýar. Ýöne bir bilim almak ýeterlikli däl. Hakykat biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegi bolmaly. Düşünje bize Ýehowanyň aýdýan ähli zatlaryna düşünmäge kömek edýär. Akyldarlyk bolsa öwrenen zatlarymyza görä hereket etmäge höweslendirýär. Mukaddes Ýazgylar esasynda berilýän terbiýe bolsa biziň gerekli özgerişleri etmelidigimizi görkezýär. Geliň, şeýle görkezmä hemişe gulak asalyň. Sebäbi onuň gymmaty kümüşden hem artykdyr (Sül. tym. 8:10).

15. Hakykat guşagy bizi nädip goraýar?

15 Ikinjiden, biz her gün hakykat boýunça ýaşamagy berk ýüregimize düwmeli. Munuň üçin bilimizi hakykat guşagy bilen guşamaly (Efes. 6:14). Guşak esgere söweş meýdanynda özüni ykjam duýmaga kömek edýärdi we bilini goraýardy. Emma esger bilini gorap biler ýaly guşagy berk guşamalydy. Eger ol gowşak bolsa, onuň peýdasy azdy. Eýsem, hakykat guşagymyz bizi nädip goraýar? Eger biz hakykaty edil guşak ýaly bilimize dakynsak, ol bizi erbet pikirlerden gorar we paýhasly karara gelmäge kömek eder. Synaga düşenimizde ýa-da kynçylyga uçranymyzda, Mukaddes Ýazgylardaky hakykat dogry işleri etmäge güýç berer. Esgeriň söweşe guşaksyz çykmaýşy ýaly, bizem hakykat guşagymyzy bilimizden aýyrmazlygy ýa-da ony gowşatmazlygy berk ýüregimize düwmeli. Biz hakykat boýunça ýaşap, göçme manyda ony bilimize dakmaly. Esgeriň guşagynyň ýene bir peýdaly tarapy, onda gylyjyny goýar ýaly ýörite ýer bolýardy. Bu bize hakykat ýolunda ýöremek islegimizi berkitmek üçin indiki ätmeli ädimimizi bilmäge kömek edýär.

16. Hakykaty başgalara gürrüň bermek hakykat ýolundan ýöremek islegimizi nädip berkidýär?

16 Üçünjiden, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty mümkin boldugyndan köpräk adamlara ýetirmek üçin tagalla etmeli. Munuň üçin «Hudaýyň sözi» bolan ruhuň gylyjyny gaýym tutmaly (Efes. 6:17). Biziň ählimiz «hakykat sözüni dogry ulanyp», öwretmek ukybymyzy ösdürmäge jan etmeli (2 Tim. 2:15). Biz başgalara hakykaty satyn almaga we ýalan taglymatlary inkär etmäge kömek etmek üçin Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulansak, Hudaýyň aýdýan zatlary biziň öz aňymyza-da, ýüregimize-de berk ornaşar. Bu bolsa hakykat ýolunda ýöremek islegimizi hasam berkider.

17. Siz hakykaty näme üçin gymmat saýýarsyňyz?

17 Hakykat Ýehowanyň gymmatly sowgady. Bu sowgat bize iň gymmatly hazynany, ýagny gökdäki Atamyz bilen ýakyn dostlukly gatnaşygy edinmäge kömek edýär. Ýehowa häzire çenli bize köp zatlary öwretdi, ýöne bu diňe başlangyjy. Hudaý bize ebedi ýaşaýşyň dowamynda hakykaty öwretjekdigini wada berýär. Şonuň üçin, geliň, hakykaty gymmatbaha dürdäne kimin küýsäliň. Hakykaty satyn almagymyzy dowam edeliň we ony hiç haçan satmalyň. Şonda Dawut ýaly bizem Ýehowa beren şu wadamyzy berjaý edip bileris: «Seniň hakykatyňda gezeýin» (Zeb. 86:11).

^ abzas 8 Käbir atlar üýtgedildi.

^ abzas 8 JW teleýaýlymyndaky SÖHBETDEŞLIK WE BAŞDAN GEÇIRMELER > HAKYKAT DURMUŞY ÖZGERDÝÄR diýen bölüme serediň.