Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 7

Pespälligi agtaryň we Ýehowanyň göwnünden turuň

Pespälligi agtaryň we Ýehowanyň göwnünden turuň

«Ýehowany agtaryň, eý dünýäniň pespälleri!» (Sef. 2:3, TD)

1-NJI AÝDYM Ýehowanyň häsiýetleri

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Ýazgylarda Musa pygamber barada näme diýilýär we ol nähili işleri etdi? b) Pespällik häsiýetini ösdürmäge bizde nähili sebäp bar?

MUKADDES ÝAZGYLARDA: «Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy» diýilýär (San. 12:3). Bu Musa pygamberiň gowşak, özbaşdak hereket etmäge we başgalara öz pikirini mertlik bilen aýtmaga gorkýan adam bolandygyny görkezýärmi? Käbirleri kiçigöwünli adamy edil şunuň ýaly suratlandyrýar. Ýöne bu hakykata düýbünden garşy gelýär. Aslynda, Musa pygamber mert hem dogumly adamdy we Hudaýyň batyrgaý gullukçylarynyň biridi. Ýehowanyň kömegi bilen, ol Müsüriň güýçli patyşasy bilen ýüzbe-ýüz gepleşdi, takmynan 3 million adamdan ybarat bolan ysraýyl halkyna çölde ýolbaşçylyk etdi we olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi.

2 Biz Musa pygamberiňki ýaly kynçylyklara uçramasak-da, her gün pespäl bolmaga päsgel berýän adamlar bilen iş salyşmaly bolýarys ýa-da ýagdaýlara duçar bolýarys. Ýöne bu häsiýeti ösdürmäge bizde degerli sebäp bar. Ýehowa «mylakatlylaryň ýeri miras aljakdygyny» wada berýär (Zeb. 37:11). Eýsem, size pespäl adam diýse bolarmy? Başgalar sizi pespäl hasaplaýarmy? Şu wajyp soraglara jogap bermezden öň, geliň, pespäl bolmagyň näme aňladýandygyny bileliň.

PESPÄLLIK NÄME?

3, 4. a) Pespälligi nämä meňzetse bolar? b) Pespäl bolmak üçin bize haýsy dört häsiýet gerek we näme üçin?

3 Pespällik * häsiýetini owadan surata meňzetse bolýar. Näme üçin? Suratkeşiň owadan suraty çekmek üçin dürli reňkleri ulanyşy ýaly, bizem pespäl bolmak üçin, beýleki häsiýetleri hem bilelikde ösdürmeli. Bulara kiçigöwünlilik, gulak asmaklyk, ýumşaklyk we batyrgaýlyk ýaly käbir ajaýyp häsiýetler degişli. Ýehowanyň göwnünden turup biler ýaly, näme üçin şol häsiýetleri hem ösdürmek wajyp?

4 Diňe kiçigöwünli adamlar Hudaýyň tabşyrygyna gulak asýar. Hudaý biziň özümizi ýumşak alyp barmagymyzy isleýär (Mat. 5:5; Gal. 5:23). Biz Hudaýyň islegini ýerine ýetirenimizde, Şeýtan gazaplanýar. Özümizi kiçigöwünli hem ýumşak alyp baranymyzda, Şeýtanyň dünýäsindäki adamlaryň köpüsi bizi ýigrenýär (Ýah. 15:18, 19). Şonuň üçin Şeýtana gaýtawul berip biler ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar.

5, 6. a) Şeýtan pespäl adamlary näme üçin ýigrenýär? b) Haýsy soraglara serederis?

5 Pespälligi görkezmeýän adamlar özüni hondanbärsi alyp barýar, gaharyna ýol berýär we Ýehowa gulak asmaýar. Bu Şeýtany örän gowy suratlandyrýar. Onuň pespäl adamlary ýigrenýändigi geň galdyrmasa gerek. Pespäl adamlar gowy häsiýetleri bilen Şeýtanyň barypýatan zalymdygyny görkezýärler. Has beteri bolsa, olar onuň ýalançydygyny subut edýärler. Näme üçin? Sebäbi Şeýtan näme diýse-de ýa-da näme etse-de, pespäl adamlara Ýehowa gulluk etmegini bes etdirip bilmeýär (Eýp. 2:3—5).

6 Eýsem, pespäl bolmak haçan kyn bolup biler? Biz näme üçin bu häsiýeti ösdürmegimizi dowam etmeli? Şu soraglara jogap bermek üçin, geliň, Musa pygamberiň, Wawilon ýesirligine düşen üç ýewreý ýigidiniň we Isa Mesihiň galdyran göreldesi hakda gürrüň edeliň.

PESPÄL BOLMAK HAÇAN KYN BOLUP BILER?

7, 8. Musa pygamberi ýazgaranlarynda özüni nähili alyp bardy?

7 Ygtyýar berlende. Kimdir birine jogapkärli borç berlende, esasan-da, onuň gözegçiligi astyndaky adamlar oňa hormatsyz garasa ýa-da işini oňarmaýar diýse, pespäl bolmak kyn bolup biler. Sizem şeýle ýagdaýa uçrapdyňyzmy? Öz maşgala agzalaryňyzdan biri şeýle eden bolsa näme?! Şeýle ýagdaýda siz näme ederdiňiz? Geliň, Musa pygamberiň näme edendigine seredeliň.

8 Ýehowa Musa pygamberi ysraýyl halkyna ýolbaşçy edip belledi we halkyny dolandyrar ýaly, oňa kanunlaryny ýazdyrdy. Ýehowanyň Musa pygamberi goldaýandygy mese-mälimdi. Ýöne bir gezek Musanyň öz doganlary Merýem bilen Harun oňa garşy gidip, başga milletli aýala öýlenendigi üçin ony ýazgardylar. Musanyň ýerine başga biri bolan bolsa, gaharlanyp, ar alasy gelerdi. Ýöne Musa beýtmedi. Ol doganlaryndan öýke-kine saklap ýörmedi. Gaýtam, Merýemi sagaltmagy üçin Ýehowa ýalbaryp, doga etdi (San. 12:1—13). Musa pygamber näme üçin şeýle hereket etdikä?

Musa Merýemi sagaltmagy üçin Ýehowa ýalbaryp doga edýär (8-nji abzasa serediň)

9, 10. a) Ýehowa Musa pygambere nämä düşünmäge kömek etdi? b) Maşgalabaşylar hem-de ýygnak ýaşululary Musadan näme öwrenip biler?

9 Musa pygamber Ýehowanyň tälimini ýürekden kabul edýärdi. Şondan 40 ýyl töweregi öň, Musa Müsür şasynyň maşgalasynda ýaşaýardy; şol wagtlar ol pespäl däldi. Aslynda, ol gany gyzmady; hatda adalatsyz hereket edýär diýip, ol bir adamy hem öldüripdi. Şonda ol Ýehowa eden işimi oňlaýar diýip, pikir edendir. Ýöne ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk eder ýaly, Musa pygambere batyrgaýlykdan beter pespällik häsiýeti gerekdi. Muňa düşünmäge kömek etmek üçin, Ýehowa 40 ýyllap oňa tälim berdi. Mundan başga-da pespäl bolmagy öwrener ýaly, ol kiçigöwünlilik, gulak asmaklyk we ýumşaklyk ýaly häsiýetleri ösdürmelidi. Musa mundan sapak edinip, gowy baştutan boldy (Müs. çyk. 2:11, 12; Res. iş. 7:21—30, 36).

10 Şu günler maşgalabaşylar hem-de ýygnak ýaşululary Musanyň göreldesine eýerip biler. Kimdir biri size sylag-hormat bildirmese, öýke-kine etmäge howlukmaň. Kiçigöwünli boluň we özüňiziň hem ýalňyşýandygyňyzy unutmaň (Wag. 7:9, 20). Gulak asyjy boluň we kynçylygy çözmek üçin Ýehowanyň görkezmesine eýeriň. Şeýle-de hemişe ýumşaklyk bilen jogap beriň (Sül. tym. 15:1). Şunuň ýaly hereket edýän maşgalabaşylar we gözegçiler Ýehowany razy edip, parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär hem-de pespäl bolmakda başgalara görelde bolýar.

11—13. Üç ýewreý ýigidi bize nähili görelde galdyrdy?

11 Yzarlanlarynda. Tutuş adamzat taryhynyň dowamynda hökümdarlar Ýehowanyň halkyny yzarlap gelýär. Olar bize her dürli jenaýatçylygy ýöňkeýärler, aslynda bolsa, «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asýandygymyz» üçin bizi ýigrenýärler (Res. iş. 5:29). Olar üstümizden gülýärler, türmä basýarlar ýa-da kemsidip, urup-ýençýärler. Emma Ýehowanyň kömegi bilen, biz ähli synaglara çydaýarys we özümizi ýumşak alyp barýarys.

12 Geliň, üç ýewreý ýigidi Hananýanyň, Mişaýylyň we Azarýanyň * galdyran göreldesini ýatlalyň. Wawilonyň patyşasy olary altyndan ýasalan ullakan heýkele sežde etdirjek bolýar. Olar patyşa näme üçin sežde etmeýändiklerini ýumşaklyk bilen düşündirýärler. Patyşanyň buýrugyndan boýun gaçyrsalar, lowlap duran peje taşlanjakdygyny bilseler-de, olar Hudaýa gulak asdylar. Ýehowa bu wepaly gullukçylaryny derrew goramagyň ugruna çykýar, ýöne olar Hudaý bizi hökman gorar diýip garaşmaýardylar. Gaýtam, olar Ýehowa nämä ýol berse, şoňa-da razydylar (Dan. 3:1, 8—28). Olar pespäl adamlaryň, hakykatdan-da, batyrgaýdygyny subut etdiler. Ne patyşa, ne-de onuň haýbaty we beriljek jeza olary Ýehowa doly wepaly galmakdan saklap bildi (Müs. çyk. 20:4, 5).

13 Hudaýa wepalylygymyz synalanda, bizem bu üç ýewreý ýigidiň göreldesine eýerip bileris. Biz hem kiçigöwünlilik bilen Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine ynanýarys (Zeb. 118:6, 7). Adamlar bizi erbet iş etmekde aýyplasalar-da, özümizi ýumşak alyp baryp, olar bilen sylaşykly gepleşýäris (1 Pet. 3:15). Şeýle-de biz söýgüden doly gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy bozýan her bir zatdan gaça durýarys.

Üstümize gygyranlarynda, biz ýumşaklyk bilen jogap berýäris (13-nji abzasa serediň)

14, 15. a) Gaýgy-aladalar bize nähili täsir edýär? b) Hasrat çekende hem pespäl bolmakda ajaýyp göreldäni näme üçin Isa galdyrdy diýse bolar?

14 Gaýgy-alada edenimizde. Biz dürli sebäplere görä, käte gaýgy-alada batýarys. Mekdepde synagdan geçmezden öň ýa-da bir işe başlamazdan öň alada edýändiris. Ýa-da saglygymyzy bejertmek hakda pikirlenenimizde-de, gaýgy etmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýlarda pespäl bolmak kynrak bolup biler. Öň biziň üçin ýönekeý bolan zatlar indi gaharymyzy getirip başlamagy mümkin. Şonda biz adamlar bilen gödek gürleşip, sesimizi gataldyp bileris. Siziňem başyňyza şeýle ýagdaýlar düşen bolsa, Isanyň näme edendigini biliň.

15 Isa ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň soňky aýlarynda gaýgy-hasrat çekdi. Ol görgi görjekdigini we elhenç ölüm bilen jezalandyryljakdygyny bilýärdi (Ýah. 3:14, 15; Gal. 3:13). Ölümine birnäçe aý galanda, ol özüniň gaty hasrat çekýändigini aýdypdy (Luka 12:50). Ölüminden birnäçe gün öň bolsa, Isa: «Men juda hasrat çekýärin» diýdi. Ýöne onuň kiçigöwünlidigi we Hudaýa gulak asýandygy «Atam, meni bu ýagdaýdan halas et. Ýöne men şunuň üçin gelipdim ahyryn. Atam, adyňy şöhratlandyr» diýip, doga edişinden görünýär (Ýah. 12:27, 28). Isanyň ölmeli wagty gelende, ol özüni mertlik bilen duşmanlarynyň eline berip, iň agyryly hem kemsidiji ölüm bilen öldi. Isany ne gaýgy-alada, ne-de hasrat Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekden saklap bildi. Hawa, Isa iň agyr pursatda-da pespäl bolmakda iň gowy görelde galdyran ynsan! (Işaýa 53:7, 10-njy aýatlary okaň) *.

Isa pespäl bolmakda ajaýyp görelde galdyrdy (16, 17-nji abzaslara serediň) *

16, 17. a) Isanyň dostlary onuň pespälligini nädip synadylar? b) Biz Isadan näme öwrenip bileris?

16 Ölüminiň soňky gijesi Isanyň jana-jan dostlary onuň pespälligini synadylar. Şol gije Isanyň gaýgy-alada edişini göz öňüne getiriň. Ýöne ol soňuna çenli wepaly galarmy? Milliardlarça adamlaryň ýaşaýşy oňa baglydy (Rim. 5:18, 19). Iň wajyby hem, ol Atasynyň adyny şöhratlandyrmalydy (Eýp. 2:4). Isanyň dostlary bilen geçiren iň soňky agşam naharynda olar öz aralarynda «kimiň uludygy hakda uly dawa turuzdylar». Isa bu babatda olara öňem öwran-öwran aýdypdy. Ýöne üns beriň, Isa gaharlanman, gaýtam, ýumşaklyk bilen düzediş berdi. Isa resullarynyň nähili garaýyşda bolmalydygyny mähir bilen, şol bir wagtyň özünde gönümel düşündirdi. Şeýle-de Isa soňky demine çenli özüni goldandyklary üçin olary öwdi (Luka 22:24—28; Ýah. 13:1—5, 12—15).

17 Isanyň ýerine bolan bolsaňyz, siz näme ederdiňiz? Isadan görelde alyp, hatda gaýgy-hasrat çekeniňizde-de, özüňizi rahat alyp baryň. Ýehowanyň bir-birimize «sabyrly bolmak» barada beren tabşyrygyna gulak asyň (Kol. 3:13). Eger biz sözlerimiz ýa-da hereketimiz bilen käte özümiziňem başgalary gaharlandyrýandygymyzy unutmasak, bu tabşyryga eýermek aňsat bolar (Sül. tym. 12:18; Ýak. 3:2, 5). Başgalaryň gowy häsiýetlerini görjek boluň (Efes. 4:29).

PESPÄLLIGI GÖRKEZMEGI NÄME ÜÇIN DOWAM ETMELI?

18. Ýehowa pespäl adamlara gowy karara gelmäge nädip kömek edýär, ýöne olar munuň üçin näme etmeli?

18 Has gowy kararlara geleris. Biziň hemmämizem durmuşda belli bir karara gelmeli bolýarys. Emma biz pespäl bolsak, Ýehowa bize ökündirmejek kararlara gelmäge kömek eder. Ýehowa «ýumşak adamyň dogasyna jogap berjekdigini» wada berýär (Zeb. 10:17, TD). Ýöne ol dileglerimizi eşitmekden has köp zady etjekdigini söz berýär. Bu hakda Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol pesgöwünlilere adalatda ýol görkezer, ýuwaşlara Öz ýoluny öwreder» (Zeb. 25:9). Ýehowa bize Mukaddes Ýazgylar, her dürli duşuşyklar, «wepaly we paýhasly hyzmatkäriň» çykarýan edebiýatlary * hem wideolary arkaly ýol görkezýär (Mat. 24:45—47). Biz Ýehowanyň berýän her bir kömegini kabul edip, ruhy taýdan yzygider iýmitlenip we öwrenýän zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp, pesgöwünli bolmak üçin elimizde baryny etmeli.

19—21. Musa Kadeşde nähili ýalňyşlyk goýberdi we biz onuň goýberen ýalňyşyndan nähili sapak edinýäris?

19 Ýalňyşlyk goýbermekden gaça durarys. Geliň, ýene-de Musa pygamber barada oýlanyp göreliň. Ol birnäçe ýyllap pespäl bolup, Ýehowanyň göwnünden turdy. Ýöne ol bir gezek gedemlik etdi. Bu waka ysraýyllylaryň çölde 40 ýyl sergezdan bolan döwrüniň ahyrynda bolupdy. Şol wagt Musanyň aýal dogany Merýem aradan çykypdy we Kadeşde jaýlanypdy. Şonda ysraýyllylar özleri hakda alada edilmeýändiginden nalap başlaýarlar. Bu gezek olar suwuň üstünde «Musa bilen dawalaşdylar». Ýehowanyň Musa arkaly görkezen ähli gudratlaryny we Musanyň şonça ýyllap gowy ýolbaşçylyk edendigini görübem halk hüňňürdedi. Olar diňe bir suw üçin zeýrenmän, suwsuz galandyklaryna hamala Musa günäkär ýaly, oňa igendiler (San. 20:1—5, 9—11).

20 Şonda Musanyň gany depesine urup, ýumşaklygyndan nam-nyşan galmaýar. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, iman bilen gaýa buýruk bermegiň deregine, Musa halka käýäp, gudraty hamala özi görkezen ýaly etdi. Soňra ol iki gezek hasasy bilen gaýa urdy we gaýadan suw şaglap akdy (Zeb. 106:32, 33). Musa gedemlik edip, gaharlanandygy üçin uly ýalňyşlyk goýberdi. Ol az wagtlyk pespäl bolmandygy üçin, Wada edilen diýara girip bilmedi (San. 20:12).

21 Biz bu wakadan özümize wajyp sapak edinýäris. Birinjiden, biz pespälligimizi hemişe ösdürip durmaly. Eger biz az salymlygam bolsa tekepbirligiň duzagyna düşsek, diýmesiz zady diýip, etmesiz işi ederis. Ikinjiden, gaýgy-hasrat çekenimizde, biz ejizläp bilýäris. Şol sebäpli iň kyn pursatlaram pespäl bolmaga jan etmeli.

22, 23. a) Biz näme üçin mundan beýlägem pespäl bolmaly? b) Sefanýa 2:3-däki sözler nämäni aýan edýär?

22 Özümizi gorarys. Tizden Ýehowa ýer ýüzündäki ýüregi erbetlikden doly adamlaryň baryny ýok etjekdigini, pespäl adamlary bolsa aman galdyrjakdygyny aýdýar. Şonda ýer ýüzüniň ähli künjeginde parahatlyk höküm sürer (Zeb. 37:10, 11). Siziňem şol pespäl adamlaryň arasynda bolasyňyz gelýärmi? Onda Ýehowanyň Sefanýa pygambere ýazdyran sözlerine görä hereket ediň (Sefanýa 2:3-i okaň) *.

23 Sefanýa 2:3-de näme üçin «belki... gizlenip saklanarsyňyz» diýilýärkä? Bu Ýehowanyň Özüni söýüp, göwnünden turmak isleýän adamlary gorap bilmejekdigini aňlatmaýar. Bu sözler halas bolmak üçin biziň öz tarapymyzdan tagalla etmelidigimizi görkezýär. Eger biz häzirden pespäl bolmak we Ýehowanyň göwnünden turmak üçin elimizde baryny etsek, Ýehowanyň «gazap gününde» halas bolarys hem-de ebedi ýaşap bileris.

21-NJI AÝDYM Rehimli adam bagtlydyr

^ par. 5 Hiç birimiz pespällik häsiýeti bilen dogulmaýarys. Biz bu häsiýeti ösdürmeli. Elbetde, ýumşak adamlar bilen gatnaşanymyzda, pespäl bolmak aňsatdyr. Emma ulumsy ýa tekepbir adamlar bilen iş salşanymyzda, bu häsiýeti görkezmek kyn bolup biler. Şu makalada ajaýyp häsiýetleriň biri bolan pespälligi ösdürmäge päsgel berýän käbir ýagdaýlara we olaryň nädip hötdesinden gelip biljekdigimize serederis.

^ par. 3 DÜŞÜNDIRILIŞ: Pespällik. Şeýle adamlar beýlekiler bilen iş salşanda, özüni ýumşak, hatda gaharyny getirenlerinde-de, rahat alyp barýar. Kiçigöwünlilik. Şeýle häsiýetli adamlar tekepbir hem ulumsy adamlardan ýer bilen gök ýaly tapawutlanýarlar; olar beýlekileri özünden ýokary saýýarlar. Bu häsiýet Ýehowa degişli ulanylanda, onuň gullukçylaryna söýgi hem rehimdarlyk bilen garaýandygyny görkezýär.

^ par. 12 Wawilonlylar bu üç ýewreý ýigide Şadrak, Meýşak we Abednego diýen atlary dakdylar (Dan. 1:7).

^ par. 15 Işaýa 53:7 Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol. 10 Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.

^ par. 18 2011-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňindäki» «Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň» atly makala seredip bilersiňiz.

^ par. 22 Sefanýa 2:3 Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.

^ par. 61 SURAT: Şägirtleri kimiň uludygy hakda jedelleşip otyrka, Isa özüni rahat alyp baryp, olara ýumşaklyk bilen düzediş berýär.