Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 9

Ýehowanyň gadymy ysraýyl halkyna bolan söýgüsi hem adalatlylygy

Ýehowanyň gadymy ysraýyl halkyna bolan söýgüsi hem adalatlylygy

«Ol dogrulygy hem adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň merhemetinden doludyr» (Zeb. 33:5).

152-NJI AÝDYM Güýjüm, umydym hem daýanjym

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Biziň ählimizde nähili isleg bar? b) Biz nämä ynamly bolup bileris?

BIZIŇ ählimiziň söýüp-söýlüp ýaşasymyz gelýär we başgalaryň biziň bilen adalatly bolmagyny isleýäris. Eger biz söýülmeýändigimizi we gaýta-gaýta adalatsyzlyk edilýändigini görenimizde, özümizi dereksiz duýup, ýaşaýşa bolan islegimiz gaçýar.

2 Ýehowa biziň söýgä mätäçdigimizi hem-de adalatlylygy isleýändigimizi gowy bilýär (Zeb. 33:5). Eger sizem söýgüsiz hem adalatsyz dünýäde ýaşap, halys bolan bolsaňyz, onda Hudaýyň bizi mähir bilen söýüp, biziň bilen özüni adalatly alyp barýandygyna ynamly bolup bilersiňiz. Onuň bu häsiýetleri Musa pygamber arkaly gadymy ysraýyl halkyna beren Kanunyndan hasam aýdyň görünýär. Geliň, Musanyň kanunyndan * Ýehowanyň öz halkynyň nädip aladasyny edýändigini bileliň.

3. a) Rimliler 13:8—10-njy aýatlara görä, Musanyň kanunyny okanymyzda nämä göz ýetirýäris? b) Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Musa pygamberiň kanunyny okanymyzda, gökdäki söýgüden doly Hudaýymyzyň mähirli duýgularyny hasam gowy görüp bilýäris (Rimliler 13:8—10-njy aýatlary okaň). Biz bu makalada gadymy ysraýyl halkyna berlen käbir kanunlara seredip, şu soraglaryň jogabyny bileris: Näme üçin kanun söýgä esaslanýar diýse bolar? Kanunda näme üçin adalatly bolmak talap edilýärdi? Ygtyýary bolan adamlar Kanuny nädip ulanmalydy? Kanun esasanam kimleri goraýardy? Bu soraglaryň jogabyny bilmek ýüregimize giňlik berip, ýaşamaga bolan islegimizi artdyrýar we mähirden doly Atamyz bilen dostlugymyzy hasam berkidýär (Res. iş. 17:27; Rim. 15:4).

KANUN SÖÝGÄ ESASLANÝAR

4. a) Näme üçin Musanyň kanuny söýgä esaslanýar diýse bolar? b) Matta 22:36—40-njy aýatlarda Isa haýsy tabşyryklary agzap geçdi?

4 Näme üçin Musanyň kanuny söýgä esaslanýar diýse bolar? Sebäbi Ýehowanyň ähli edýän işlerinden onuň söýgüsi görünýär (1 Ýah. 4:8). Ýehowanyň Musa pygamber arkaly beren Kanuny esasy şu iki, ýagny Hudaýy we ýakynyňy söýmek baradaky tabşyryga esaslanýar (Lew. 19:18; Kan. tag. 6:5; Matta 22:36—40-njy aýatlary okaň). Şol sebäpli Kanundaky 600-den gowrak tabşyryklaryň Ýehowanyň söýgüsine esaslanýandygyna ynamly bolup bileris. Geliň, şol tabşyryklaryň käbirine seredeliň.

5, 6. Ýehowa är-aýallardan nämä garaşýar we ol nämäni gowy bilýär? Mysal getiriň.

5 Ýanýoldaşyňyza wepaly boluň we çagalaryňyzyň aladasyny ediň. Ýehowa durmuş guran adamlaryň bir-birini jany-teni bilen söýüp, ömürboýy bile bolmaklaryny isleýär (Gel. çyk. 2:24; Mat. 19:3—6). Ýanýoldaşyňa biwepalyk etmek iň agyr günäleriň biri hasaplanýar. Şol sebäpli ysraýyl halkyna berlen 10 tabşyrygyň ýedinjisinde zyna ýazgarylýardy (Kan. tag. 5:18). Sebäbi bu «Hudaýyň öňünde (agyr) günä» hasaplanýar we zyna edýän adam ýanýoldaşynyň ýüregine bitmejek ýara salýar (Gel. çyk. 39:7—9). Biwepalygyň pidasy bolan adam köp ýyllaryň dowamynda ýürek ýarasynyň yzasyny çekip gezýär.

6 Ýehowa är-aýalyň bir-birine nähili garamalydygyny gowy bilýär. Şonuň üçin ol gadymy Ysraýylda-da ärleriň aýallary bilen özlerini gowy alyp barmaklaryny isleýärdi. Kanuna hormat goýýan adam aýalyny söýmelidi we ýönekeý zatlaryň üstünde onuň bilen aýrylyşmaly däldi (Kan. tag. 24:1—4; Mat. 19:3, 8). Emma ulurak bir mesele ýüze çykyp, ol aýrylyşaýanda-da, aýalyna talak hatyny bermelidi. Bu hat onuň aýalyny bozuk aýal hökmünde ýalan aýyplamalardan goraýardy. Şeýle-de ol talak hatyny bermezden öň, galanyň ýaşululary bilen maslahatlaşmalydy. Bu ýaşululara şol maşgalanyň dagamazlygy üçin är-aýaly ýaraşdyrmaga mümkinçilik berýärdi. Ýehowa ysraýyllylaryň öz peýdasyny gözläp, aýallary bilen aýrylyşanda, hemişe goşulyp durmaýardy. Muňa garamazdan, ol aýalyň ajy gözýaşlaryny hem-de aýralyk derdinden ýaňa hasrat çekýändigini görende, gaty gynanýardy (Mal. 2:13—16).

Ýehowa çagalaryň howpsuz hem rahat ýaşamaklary üçin, ene-atalaryň olary söýgi bilen terbiýe bermeklerini we ösdürip-ýetişdirmeklerini isleýär (7, 8-nji abzaslara serediň) *

7, 8. a) Ýehowa ene-atalara nähili tabşyryk berdi? (Daşky sahypadaky surata serediň). b) Biz mundan näme öwrenýäris?

7 Kanunda Ýehowanyň çagalaryňam aladasynyň edilmegini isleýändigi aýdyň görünýärdi. Ýehowa ene-atalara çagalarynyň diňe bir maddy taýdan däl-de, eýsem, ruhy zerurlyklarynyň hem aladasyny etmegi tabşyrypdy. Ene-atalar her bir mümkinçilikden peýdalanyp, çagalaryna Ýehowany we onuň Kanunyny söýmegi öwretmelidi (Kan. tag. 6:6—9; 7:13). Ýehowanyň ysraýyllylara jeza bermeginiň bir sebäbi, olar çagalaryna ýowuz daraşýardy (Ýer. 7:31, 33). Ene-atalar çagalaryna ýöne bir jansyz zat hökmünde däl-de, Ýehowanyň beren mirasy, ýagny gymmatly sowgady hökmünde garamalydy (Zeb. 127:3).

8 Biziň üçin sapak: Ýehowa är-aýalyň bir-birine nähili garaýandygyna örän ünsli bolýar. Ol ene-atalaryň çagalaryny söýmegini isleýär we olar çagalary bilen özüni gödek alyp barsa, olardan hasabat sorar.

9—11. Ýehowa «iliň zadyna göz gyzdyrma» diýen kanuny näme üçin berdi?

9 Iliň zadyna göz gyzdyrmaň. Kanundaky on tabşyrygyň iň soňkusynda iliň zadyna göz gyzdyrmak ýa-da başga biriniň zadyny almak islegi ýazgarylýardy (Kan. tag. 5:21; Rim. 7:7). Ýehowa bu kanuny bermek bilen wajyp bir zady öwretmek isleýärdi. Ysraýyl halky ýüregini goramalydy. Başgaça aýdanyňda, olar pikirlerine hem duýgularyna erk etmelidi. Sebäbi ol erbet pikirleriň hem duýgularyň zalym işlere eltýändigini bilýär (Sül. tym. 4:23). Eger ysraýylly adam erbet höwesleriniň ýüreginde kök urmagyna ýol berse, ol başgalary söýmän başlar. Dawut patyşa-da bu duzaga düşüpdi. Aslynda, ol ýagşy adamdy. Emma bir gezek ol başga adamyň aýalyna göz gyzdyrdy. Netijede, ol Hudaýa garşy agyr günä etdi (Ýak. 1:14, 15). Dawut zyna etdi, Batşebanyň adamsyny aldajak boldy we onuň ganyna galdy (2 Şam. 11:2—4; 12:7—11).

10 Kimdir biri «iliň zadyna göz gyzdyrmak» hakdaky kanuny bozanda, bu Ýehowa mese-mälim bolýardy. Sebäbi ol ýürekleri görýär (1 Ýyl. 28:9). Aslynda, «iliň zadyna göz gyzdyrma» diýen kanun halky erbet ýola iterýän pikirlerden gaça durmaga kömek edýärdi. Dogrudan-da, Ýehowa paýhasly we söýgüden doly Ata!

11 Biziň üçin sapak: Ýehowa adamyň diňe bir daş keşbini däl-de, onuň içki dünýäsini, ýagny ýüregini görýär (1 Şam. 16:7). Adam Hudaýdan ne pikirini, ne duýgularyny, ne-de hereketini gizläp bilýär. Ol biziň gowy häsiýetlerimizi görýär we olary ösdürmegimize garaşýar. Şeýle-de ol nädogry bir iş etmänkäk, ýaramaz pikirlerimizi görüp, olary aýyrmagymyzy isleýär (2 Ýyl. 16:9; Mat. 5:27—30).

KANUN ADALATY DIKELDÝÄR

12. Musanyň kanunynda näme hakda bellenilip geçilýär?

12 Musanyň kanunynda Ýehowanyň adalaty söýýändigi hem bellenilip geçilýär (Zeb. 37:28; Iş. 61:8). Hudaý başgalar bilen özüni adalatly alyp barmakda iň gowy göreldäni görkezýär. Ysraýyllylar Kanuna gulak asanlarynda, Ýehowa olary ýalkaýardy. Ýöne olar Hudaýyň dogry hem adyl talaplaryndan ýüz öwrenlerinde, azap çekýärdiler. Geliň, on tabşyrykda berlen birki kanuna seredeliň.

13, 14. On tabşyrygyň ilkinji iki tabşyrygy nämäni talap edýärdi we ysraýyllylaryň şol kanunlara gulak asmagy olara nähili peýda getirdi?

13 Diňe Ýehowa sežde ediň. On tabşyrygyň ilkinji iki tabşyrygyndan görnüşi ýaly, ysraýyllylardan ýalan taňrylara sežde etmän, diňe Ýehowa gulluk etmek talap edilýärdi (Müs. çyk. 20:3—6). Ýehowa bu tabşyryklary öz peýdasy üçin däl-de, halkynyň peýdasy üçin beripdi. Sebäbi ysraýyllylar Ýehowa wepaly bolanda, abadançylykda ýaşaýardylar. Emma başga halklaryň taňrylaryna sežde edip, Oňa biwepalyk edenlerinde, görgi görýärdiler.

14 Geliň, kenganlylar hakda oýlanyp göreliň. Olar diri we hak Hudaýa däl-de, jansyz butlara sežde edýärdiler. Netijede, olar erbet işlere baş goşup, özlerini haram etdiler (Zeb. 115:4—8). Olar öz hudaýlaryna çokunmakdan başga-da ahlaksyzlyk edip we çagalaryny taňrylaryna gurban getirip, nejis işleri etdiler. Şonuň ýaly ysraýyllylar hem Ýehowadan ýüz öwrüp, butlara sežde etmek bilen özlerini haram etdiler we maşgalalarynyň başyna bela indirdiler (2 Ýyl. 28:1—4). Hatda halkyň arasynda ygtyýary bolan adamlaram Ýehowanyň adalatyndan ýüz öwürdiler. Olar öz ygtyýaryndan peýdalanyp, ejiz hem-de goragsyz adamlary ezýärdiler (Ezek. 34:1—4). Ýehowa aýallara we çagalara zalymlyk bilen daraşýan adamlary höküm etjekdigini duýdurdy (Kan. tag. 10:17, 18; 27:19). Ýöne halk Hudaýa wepaly galyp, bir-biri bilen adalatly bolanda, Ýehowa olary ýalkaýardy (1 Pat. 10:4—9).

Ýehowa bizi söýýär we adalatsyzlykdan ejir çekýändigimizi gowy bilýär (15-nji abzasa serediň)

15. Ysraýyllylar bilen bolan wakadan Ýehowa barada näme öwrenýäris?

15 Biziň üçin sapak: Eger kimdir biri Ýehowa gulluk edýärin diýip, ýöne onuň kada-kanunlaryndan ýüz öwürse we onuň halkyna zalymlyk bilen daraşsa, muňa Ýehowa günäkär däl. Ýehowa bizi söýýär we adalatsyzlykdan ejir çekýändigimizi gowy bilýär. Aslynda, ol biziň çekýän hasratymyza çagasy sähel aglanda, oňa näme gerekdigini bilýän eneden hem gowy düşünýär (Iş. 49:15). Ýehowa durmuşymyzda bolýan ýagdaýlara derrew goşulmasa-da, başgalara adalatsyz daraşyp, toba etmeýän günäkäri öz wagtynda höküm eder.

KANUNA NÄDIP EÝERMELIDI?

16—18. Musanyň kanuny durmuşyň haýsy ýagdaýlarynda ulanylýardy we biz mundan näme öwrenýäris?

16 Musanyň kanunynda ysraýyllylaryň durmuşynyň dürli taraplaryna degişli tabşyryklar bardy. Şol sebäpli Ýehowanyň halkyna kazylyk etmek üçin bellenen ýaşululardan adalatly höküm çykarmak talap edilýärdi. Olar diňe bir ruhy meselelere däl-de, eýsem, adamyň hukugy we jenaýatçylyk bilen bagly ýagdaýlara hem seretmäge jogapkärdiler. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

17 Eger ysraýylly kimdir birini öldürse, oňa dessine jeza berilmeýärdi. Ganhora ölüm jezasy berilmezden öň, galanyň ýaşululary bolan zatlary anyklamalydy (Kan. tag. 19:2—7, 11—13). Şeýle-de ýaşulular emlägiň üstünde dawalaşmak ýa-da aýrylyşmak ýaly durmuşda ýüze çykýan köp meseleleri çözýärdiler (Müs. çyk. 21:35; Kan. tag. 22:13—19). Ýaşulular adalatly hereket edende we ysraýyllylar Kanuna gulak asanda, bu hemmelere peýda getirýärdi. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň ady şöhratlanýardy (Lew. 20:7, 8; Iş. 48:17, 18).

18 Biziň üçin sapak: Ýehowa durmuşymyzyň her bir ýagdaýy bilen gyzyklanýar. Ol biziň adalatly bolmagymyzy hem-de başgalara söýgi bilen garamagymyzy isleýär. Ýehowa hatda ýeke galan wagtymyz hem aýdýan we edýän zatlarymyza üns berýär (Ýew. 4:13).

19—21. a) Ýaşulular we kazylar Hudaýyň halky bilen özüni nähili alyp barýardy? b) Ýehowa nähili çäreleri gurnady we biz mundan näme öwrenýäris?

19 Ýehowa öz halkyny goňşy halklaryň ýaramaz täsirinden goraýardy. Munuň üçin ol halkyň ýaşulularyndan hem-de kazylaryndan Kanuny adalatly berjaý etmeklerini talap edýärdi. Kazylyk edýän adamlar Hudaýyň halkyna gödek hem-de zalymlyk bilen daraşmaly däldiler. Gaýtam, adalatly höküm çykarmalydylar (Kan. tag. 1:13—17; 16:18—20).

20 Ýehowa öz halkyna duýgudaşlyk bildirýändigi üçin, adalatsyz höküm çykarylmaz ýaly gaçybatalga şäherlerini berdi. Mysal üçin, Kanun adamy ýalan töhmetden goraýardy. Aýyplanýan adamyň özüne garşy kimiň töhmet atýandygyny bilmäge haky bardy (Kan. tag. 19:16—19; 25:1). Ol adama höküm çykarylmazdan öň, onuň günäkärdigini ýa däldigi azyndan iki şaýat tarapyndan tassyklanmalydy (Kan. tag. 17:6; 19:15). Eýsem, ysraýyllynyň eden jenaýatyny diňe bir adam gören bolsa näme? Elbetde, ol eden etmişim üçin indi hiç hili jeza almaryn diýip, pikir edip bilmeýärdi. Sebäbi Ýehowa onuň nähili günä edendigini görýärdi. Galanyň ýaşululary käte maşgalada döreýän käbir dawalary hem çözmäge jogapkärdi we olar gutarnykly karara gelýärdi. Sebäbi erkek adamyň maşgalada ygtyýary bolsa-da, onuň çägi bardy (Kan. tag. 21:18—21).

21 Biziň üçin sapak: Ýehowa adalatly hereket etmekde kämil görelde görkezýär (Zeb. 9:7). Ol kada-kanunlaryna wepaly eýerýän adamlary sylaglaýar. Emma ygtyýaryny nädogry ulanýan adamlary jezasyz goýmaýar (2 Şam. 22:21—23; Ezek. 9:9, 10). Käbir adamlar erbet işleri edip, jeza almaýan ýaly bolup görünse-de, Ýehowa öz bellän wagtynda hereket eder we olara adalatly höküm çykarar (Sül. tym. 28:13). Şeýle adamlar toba etmeseler, tizden «diri Hudaýyň eline düşmegiň diýseň elhençdigine» göz ýetirer (Ýew. 10:30, 31).

KANUN ESASANAM KIMLERI GORAÝARDY?

Ýaşulular dawalary çözenlerinde, Ýehowanyň halkyna bolan söýgüsinden we adalatlylygyndan görelde almalydylar (22-nji abzasa serediň) *

22—24. a) Kanun esasan kimleri goraýardy we biz mundan Ýehowa barada näme öwrenýäris? b) Müsürden çykyş 22:22—24-nji aýatlarda nähili duýduryş bar?

22 Kanun, esasanam, özüni gorap bilmeýän ýetimleri, dul aýallary hem-de gelmişekleri goraýardy. Bu babatda ysraýyl kazylaryna şeýle tabşyryk berlipdi: «Gelmişege ýa-da ýetime höküm edilende, egrilik etmäň. Duluň geýimini girewine almaň» (Kan. tag. 24:17). Ýehowa ejiz adamlaryň mähir bilen aladasyny edýärdi. Şol sebäpli olar bilen özüni gödek alyp barýan adamlary jezasyz goýmaýardy (Müsürden çykyş 22:22—24-nji aýatlary okaň) *.

23 Şeýle-de Kanun ysraýyllylary ýakyn garyndaşlary bilen jynsy gatnaşyk etmekden goraýardy (Lew. 18:6—30). Goňşy halklar şeýle zatlara bolaýmaly zat hökmünde garap, olara baş goşýardy. Emma olardan tapawutlylykda, ysraýyl halky bu zatlara Ýehowanyň garaýşy ýaly, ýagny nejis zat hökmünde garamalydy.

24 Biziň üçin sapak: Ýehowa ygtyýary bolan adamlaryň gözegçiligi astyndaky adamlara söýgi bilen garamaklaryny isleýär. Şeýle-de ol ahlaksyzlygy ýigrenýär we hemmeleriň, esasan-da, ejiz adamlaryň goralmagyny hem-de olara adalatly garalmagyny isleýär.

KANUN «ÝAGŞY ZATLARYŇ... KÖLEGESIDI»

25, 26. a) Söýgini we adalatlylygy näme üçin howa bilen ýaşaýşa meňzetse bolýar? b) Şu tema degişli öwreniljek indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

25 Söýgini we adalatlylygy howa bilen ýaşaýşa meňzetse bolýar. Olaryň birini beýlekisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Meselem, howa bolmasa, ýer ýüzünde ýaşaýyş hem bolmazdy. Ýehowanyň bize adalatly garaýandygyna düşünenimizde, oňa bolan söýgimiz hasam artýar. Hudaýa we onuň adyl kada-kanunlaryna bolan söýgi bolsa bizi başgalary söýmäge hem-de olara adalatly garamaga höweslendirýär.

26 Musanyň kanuny ysraýyllylara Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek etdi. Emma Isa ýer ýüzüne gelip, Kanuny doly berjaý edenden soň, Hudaýyň halky indi şol Kanun boýunça ýaşamaýar. Onuň deregine has gowy Kanun berildi (Rim. 10:4). Pawlus resul: «Musanyň kanuny gelmeli ýagşy zatlaryň özi däl-de, kölegesidi» diýip ýazdy (Ýew. 10:1). Şu tema degişli öwreniljek indiki makalada mesihçiler ýygnagynda söýginiň we adalatly bolmagyň nähili ähmiýetiniň bardygy hakda gürrüň ederis.

3-NJI AÝDYM Hudaý söýgüdir

^ par. 5 Bu Ýehowanyň biz barada alada edýändigine ynamymyzy berkidýän öwreniljek dört makalanyň birinjisi. Beýleki üç makala 2019-njy ýylyň maý aýynda çykjak «Garawul diňinde» öwreniler. Şol makalalarda ýygnakda, zalymlyk edilenlere we zorluk-süteme sezewar bolanlara Ýehowanyň söýgüsinden hem-de adalatlylygyndan görelde alyp, nädip teselli berip biljekdigimize serederis.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: Ýehowa Musa pygamberiň üsti bilen ysraýyllylara 600-den gowrak kanunlary berdi. Oňa «Kanun», «Musanyň kanuny», «Musa berlen Kanun» we «tabşyryklar» diýilýär. Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji bäş kitaby (Gelip çykyş kitabyndan Kanun taglymatyna çenli) köplenç Kanun hökmünde agzalýar. Käte bu jümle tutuş Ýewreý ýazgylaryna degişli hem ulanylýar.

^ par. 22 Müsürden çykyş 22:22 Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň. 23 Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin. 24 Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar.

^ par. 61 SURAT: Nahar taýýarlap otyrka, ysraýylly bir aýal gyzlary bilen gürrüň edýär. Olaryň aňyrsynda bolsa, kakasy ogluna goýunlaryň aladasyny etmegi öwredýär.

^ par. 65 SURAT: Ýaşulular şäheriň derwezesiniň agzynda ýerli söwdagär tarapyndan adalatsyzlyga uçran dul aýala we onuň çagasyna söýgi bilen kömek edýär.