Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 12

Duýgudaş boluň

Duýgudaş boluň

«Ähliňiz... duýgudaş boluň» (1 Pet. 3:8).

53-NJI AÝDYM Hudaýa agzybir gulluk etmek

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. 1 Petrus 3:8-e görä biz duýgularymyzy göz öňünde tutýan we aladamyzy edýän adamlary näme üçin gymmat saýýarys?

BIZ duýgularymyzy göz öňünde tutýan we aladamyzy edýän adamlar bilen gatnaşmakdan şatlyk tapýarys. Olar özlerini biziň ýerimizde goýup, pikirlerimize we duýgularymyza düşünmäge jan edýärler. Käwagt hatda özümiz kömek soramasagam, zerurlyklarymyza üns berip, öz kömegini teklip edýärler. Biz şeýle «duýgudaşlyk» * bilen aladamyzy edýän adamlary örän gymmat saýýarys (1 Petrus 3:8-i okaň).

2. Näme üçin duýgudaş bolmak hemişe aňsat bolmaýar?

2 Biziň ählimiz adamlaryň ýagdaýyna düşünip, duýgudaş bolmak isleýäris. Ýöne munuň üçin köp tagalla etmeli bolýarys. Näme üçin? Munuň bir sebäbi, biziň ählimiz bikämil (Rim. 3:23). Ine, şonuň üçinem biz içimizdäki dogabitdi özüňi bilmeklik ruhuna garşy göreşmeli bolýarys. Şeýle-de alan terbiýämiz ýa-da geçmişde bolan zatlar sebäpli, käbirimize duýgudaş bolmak kyn bolýar. Mundan başga-da daş-töweregimizdäki adamlaryň garaýşy bize erbet täsir edip biler. Şu soňky günlerde köp adamlar başgalaryň aladasyny etmeýärler. Gaýtam, «özüni bilip» ýaşaýarlar (2 Tim. 3:1, 2). Şeýle kynçylyklary ýeňmäge we duýgudaş bolmaga näme kömek eder?

3. a) Duýgudaş bolmagy nädip öwrenip bileris? b) Şu makalada nämä serederis?

3 Biz Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň göreldesine eýerip, duýgudaş bolmagy öwrenip bileris. Ýehowa söýgüden doly Hudaý; ol başgalaryň aladasyny etmekde ajaýyp görelde görkezýär (1 Ýah. 4:8). Isa Atasynyň häsiýetlerine kämil derejede eýerýärdi (Ýah. 14:9). Ol ýerde ýaşanda, nädip duýgudaş bolup bilýändigimizi görkezdi. Biz şu makalada Ýehowanyň we Isanyň adamlaryň nädip aladasyny edýändigine serederis. Soňra olaryň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

DUÝGUDAŞ BOLMAKDA ÝEHOWANYŇ GÖRELDESI

4. Işaýa 63:9-daky sözler Ýehowanyň gullukçylarynyň aladasyny edýändigini nädip görkezýär?

4 Mukaddes Ýazgylardan görnüşi ýaly, Ýehowa gullukçylarynyň aladasyny edýär. Meselem, gadymy ysraýyl halky dürli kynçylyklar sebäpli horluk çekende, Ýehowanyň özüni nähili duýandygyny ýadymyza salalyň. Hudaýyň Sözünde: «Olar azap çekende, gynandy Ol» diýilýär (Işaýa 63:9-y okaň *; Iş. 63:7, 8). Soňra Zakarýa pygamber arkaly Ýehowa halkynyň kynçylyklaryny deň çekişýändigini aýan etdi. Ýehowa gullukçylaryna: «(Size) degen hut Meniň görejime degýändir» diýdi (Zak. 2:8). Bu sözler Ýehowanyň halky barada näderejede alada edýändigini göz öňüne getirmäge kömek edýär.

Ýehowa ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azat edip, duýgudaşlygyny görkezdi (5-nji abzasa serediň)

5. Horluk çekýän gullukçylaryna Ýehowanyň nädip kömek edýändigini düşündiriň.

5 Ýehowa horluk çekýän gullukçylaryna diňe bir duýgudaşlyk bildirmän, eýsem, olara kömek etmek üçin hereket edýär. Meselem, ysraýyllylar Müsürde gulçulykda horluk çekenlerinde, Ýehowa olaryň çekýän azaplaryna düşünýärdi. Bu bolsa Ýehowany olary gulçulykdan azat etmäge höweslendirdi. Ýehowa Musa pygambere şeýle diýdi: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň... nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin. Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim» (Müs. çyk. 3:7, 8). Ýehowa halkynyň ýagdaýyna düşünýändigi üçin olary gulçulykdan azat etdi. Şondan ençeme asyr geçenden soň, ysraýyllylar Wada edilen diýarda duşmanlarynyň garşylygyna sezewar bolýar. Eýsem, Ýehowa muňa nähili garady? Olar duşmanlary tarapyndan «sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda», Ýehowa ýene-de gynandy. Bu bolsa ony halkyny halas etmäge höweslendirdi. Ol ysraýyllylary duşmanlaryndan halas etmek üçin serdarlary ýollady (Ser. 2:16, 18).

6. Kimdir biri nädogry garaýyşda bolanda, Ýehowa oňa nädip duýgudaşlyk bildirýär? Mysal getiriň.

6 Hatda gullukçylary hemişe dogry pikirlenmese-de, Ýehowa olaryň her biriniň duýgularyny göz öňünde tutýar. Geliň, Ýunus pygamber bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ýehowa oňa ninewelilere çykaran hökümini yglan etmegi tabşyrýar. Emma halkyň toba edýändigini görüp, Ýehowa olary ýok etmek pikirinden el çekýär. Hudaýyň bu karary Ýunus pygambere ýaramady. Aýdan pygamberligi ýerine ýetmändigi üçin «onuň gahary geldi». Ýehowa sabyrlylyk bilen Ýunus pygambere garaýşyny düzetmäge kömek etdi (Ýun. 3:10—4:11). Wagtyň geçmegi bilen, Ýunus nädogry garaýyşda bolandygyna düşündi we biziň peýdamyz üçin Ýehowanyň ylhamy bilen bu wakany jikme-jik ýazdy (Rim. 15:4) *.

7. Ýehowanyň halkyna bolan garaýşy bizi nämä ynandyrýar?

7 Ýehowanyň halkyna bolan garaýşy onuň gullukçylaryna duýgudaşlyk bildirýändigine ynamymyzy berkidýär. Ol biziň her birimiziň görýän görgülerimizi we çekýän kynçylyklarymyzy gaty gowy bilýär. Ýehowa, dogrudan-da, «ynsanyň ýüregini... bilýär» (2 Ýyl. 6:30). Ol biziň çuň pikirlerimize, içki duýgularymyza we ýagdaýymyza gaty gowy düşünýär. Ýehowa «güýjümizden artyk synalmagymyza ýol bermeýär» (1 Kor. 10:13). Bu sözler bize, hakykatdanam, teselli berýär.

DUÝGUDAŞ BOLMAKDA ISANYŇ GÖRELDESI

8—10. Haýsy zatlar Isany adamlaryň aladasyny etmäge höweslendiren bolmaly?

8 Isa ýerde ýaşanda, adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Isany duýgudaş bolmaga azyndan üç zat höweslendiren bolmaly. Birinjiden, ýokarda aýdylyşy ýaly, Isa gökdäki Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezýärdi. Ýehowa ýaly Isa hem adamlary ýürekden söýýärdi. Ol Ýehowa ähli zady ýaratmaga kömek edende begenenem bolsa, onuň «begenji (esasan) adam ogullary bilendi» (Sül. tym. 8:31). Hawa, söýgi Isany adamlaryň aladasyny etmäge höweslendirýärdi.

9 Ikinjiden, Ýehowa ýaly Isa-da adamlaryň ýüregini görüp bilýärdi. Ol adamlaryň pikirlerine we duýgularyna gowy düşünýärdi (Mat. 9:4; Ýah. 13:10, 11). Isa göwni synyk adamlary görende, olara haýpy gelip, teselli berýärdi (Iş. 61:1, 2; Luka 4:17—21).

10 Üçünjiden, Isa adamlaryň duşýan kynçylyklarynyň käbirini başyndan geçirip gördi. Meselem, ol garyp maşgalada ulalan bolmaly. Isa atalygy Ýusup bilen bile işlänsoň, agyr zähmet çekmegiň nämedigini gowy bilýärdi (Mat. 13:55; Mar. 6:3). Şeýle-de ol ýakynyňy ýitirmegiň adama nähili agyr degýändigine gowy düşünýärdi. Sebäbi Ýusup Isa ýer ýüzündäki gullugyna başlamanka, aradan çykypdy. Mundan başga-da Isa dini ynançlary tapawutlanýan maşgalada ulalmagyň nämedigini gowy bilýärdi (Ýah. 7:5). Şu we başga-da ýagdaýlar oňa adamlaryň duýgularyna we kynçylyklaryna düşünmäge kömek etdi.

Isa ker adamy märekeden çete çykaryp sagaldýar. Şeýdip, duýgudaşlygyny görkezýär (11-nji abzasa serediň)

11. Isanyň duýgudaşlygy esasan haçan aýdyň görünýärdi? Düşündiriň. (Daşky sahypadaky surata serediň).

11 Isanyň duýgudaşlygy, esasan-da, gudrat görkezende has aýdyň görünýärdi. Isa ýöne bir özüni borçly duýup däl-de, horluk çekýän adamlara «ýüregi awaýandygy» üçin gudrat görkezýärdi (Mat. 20:29—34; Mar. 1:40—42). Meselem, ol ker adamy märekeden çete çykaryp sagaldanda ýa-da dul aýalyň ýekeje ogluny direldende, nädip duýgudaşlyk bildirendigi hakda oýlanyp görüň (Mar. 7:32—35; Luka 7:12—15). Hawa, Isanyň adamlara haýpy gelýärdi we olara kömek etmek isleýärdi.

12. Ýahýa 11:32—35-nji aýatlara görä Isa Marta bilen Merýeme nädip duýgudaşlyk bildirdi?

12 Isa Marta bilen Merýeme hem duýgudaşlyk bildiripdi. Dogany Lazaryň ölümi sebäpli olaryň ajy hasrat çekýändigini görende, «Isanyň gözlerinden ýaş akdy» (Ýahýa 11:32—35-nji aýatlary okaň). Isa diňe bir ýakyn dostuny ýitirendigi üçin aglamady. Sebäbi ol Lazary direltjekdigini bilýärdi. Hawa, Isa ýakyn dostlary Merýem bilen Martanyň ýagdaýyna düşünýändigi we derdini deň çekişýändigi üçin aglady.

13. Isanyň duýgudaşlygy bizi näme üçin ruhlandyrýar?

13 Isanyň duýgudaşlygy barada öwrenmegiň köp peýdasy bar. Elbetde, biz Isa ýaly kämil däl. Ýöne biz ony söýýäris, sebäbi onuň başgalara duýgudaşlyk bildirişi bizi özüne çekýär (1 Pet. 1:8). Şeýle-de onuň häzir Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde höküm sürýändigini bilmek bizi diýseň ruhlandyrýar. Tizden Isa ähli horluklaryň soňuna çykar. Isa iň gowy Patyşa; ol Şeýtanyň dünýäsiniň adamzada salan ýaralaryny bejerer. Sebäbi onuň özi hem ynsan bolup görüpdi. Dogrudan-da, «ejizliklerimize duýgudaşlyk bildirýän» Patyşamyzyň bardygyna diýseň begenýäris (Ýew. 2:17, 18; 4:15, 16).

ÝEHOWANYŇ WE ISANYŇ DUÝGUDAŞLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ

14. Efesliler 5:1, 2-nji aýatlar bizi näme etmäge höweslendirýär?

14 Biz Ýehowanyň we Isanyň duýgudaşlyk babatda galdyran göreldesi barada oýlananymyzda, başgalaryň aladasyny etmäge islegimiz has-da artýar (Efesliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Elbetde, biz adamlaryň ýüregini görüp bilmeýäris. Emma olaryň duýgularyna we zerurlyklaryna düşünip bilýäris (2 Kor. 11:29). Dünýädäki özüni bilip ýaşaýan adamlardan tapawutlylykda, biz «diňe öz bähbidimizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtarmaga» çalyşýarys (Flp. 2:4).

(15—19-njy abzaslara serediň) *

15. Esasan-da kimler başgalara duýgudaşlyk bildirmeli?

15 Esasan-da, ýygnak ýaşululary başgalara duýgudaşlyk bildirmeli. Olar sürüdäki goýunlaryň aladasyny edişi babatda hasabat berjekdiklerine düşünýärler (Ýew. 13:17). Imandaşlaryna kömek edip biler ýaly, ýaşulular olaryň ýagdaýyna düşünmeli. Ýaşulular duýgudaşlygyny nädip görkezip biler?

16. Duýgudaşlyk bildirýän ýaşuly näme edýär we bu näme üçin örän wajyp?

16 Duýgudaşlyk bildirýän ýaşuly dogan-uýalara wagtyny höwes bilen sarp edýär. Ol imandaşlaryna ýerlikli soraglary berip, soňra olary sabyrly hem ünsli diňleýär. Bu, esasan-da, kimdir biri ýüregini dökjek bolup, ýöne duýgusyny sözi bilen düşündirip bilmese, has-da wajyp (Sül. tym. 20:5). Ýaşulular imandaşlaryna wagtyny höwes bilen sarp edende, olaryň biri-birine bolan ynamy, dostlugy we söýgüsi has-da artýar (Res. iş. 20:37).

17. Dogan-uýalaryň köpüsi ýaşulularyň esasan haýsy häsiýetini gymmat saýýar? Mysal getiriň.

17 Dogan-uýalaryň köpüsi ýygnagyndaky ýaşulularyň, esasanam, duýgudaşlyk häsiýetini gymmat saýýandyklaryny aýdýarlar. Adeliýada şeýle diýýär: «Şeýle doganlar bilen gepleşmek aňsat bolýar. Sebäbi olaryň ýagdaýyňa düşünjekdigini bilýärsiň. Olar bilen gepleşeniňde, aýdýan sözlerinden seniň ýagdaýyňa düşünýändiklerine göz ýetirýärsiň». Bir dogan bolsa minnetdarlyk bilen şeýle diýýär: «Ýaşulymyza ýagdaýymy gürrüň berenimde, onuň gözüne ýaş aýlanandygy henizem göz öňümden gidenok» (Rim. 12:15).

18. Biz duýgudaşlyk häsiýetini nädip ösdürip bileris?

18 Elbetde, diňe ýygnak ýaşululary başgalara duýgudaşlyk bildirmeli däl. Biziň ählimiz bu häsiýeti ösdürmäge jan etmeli. Ýöne biz ony nädip ösdürip bileris? Munuň üçin maşgala agzalarymyzyň we imandaşlarymyzyň ýagdaýyna düşünjek bolmaly. Şeýle-de ýygnagymyzdaky ýaşlar, ýarawsyz ýa gartaşan we ýakynyny ýitiren dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanyp bileris. Meselem, olaryň hal-ýagdaýyny soraň. Soňra olary sabyrly hem ünsli diňläň. Olaryň ýagdaýyna düşünýändigiňizi görkeziň. Eger mümkinçiligiňiz bolsa, kömegiňizi teklip ediň. Şeýle edenimizde, imandaşlarymyzy ýürekden söýýändigimizi görkezýäris (1 Ýah. 3:18).

19. Biz başgalara kömek edenimizde näme üçin ünsli bolmaly?

19 Biz başgalara kömek edenimizde, ünsli bolmaly. Näme üçin? Sebäbi adamlar berýän kömegimizi her dürli kabul edip biler. Meselem, käbirleri kynçylyklary barada açyk aýtsa, başgalar bu barada dil ýarmak islemeýär. Şol sebäpli kömegimizi teklip etsek-de, adamy utandyrjak ýa-da oňaýsyz ýagdaýa saljak soraglary bermekden gaça durmaly (1 Sel. 4:11). Hatda başgalar bize ýüregini dökäýende-de, käte olara nädip teselli berjegimizi bilmezligimiz mümkin. Ýöne biz olaryň nähili duýgulary başdan geçirýändigine gowy düşünýäris. Şol sebäpli diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan bolmaly (Mat. 7:1; Ýak. 1:19).

20. Indiki makalada nämä serederis?

20 Biz ýygnagymyzdaky dogan-uýalardan başga-da, wagyzda duşýan adamlara hem duýgudaşlyk bildirmek isleýäris. Şägirt taýýarlanymyzda duýgudaşlygymyzy nädip görkezip bileris? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis?

35-NJI AÝDYM Hudaýyň sabyrlylygyna şükür edeliň

^ abzas 5 Ýehowa we Isa adamlaryň ýagdaýyna düşünmekde gowy görelde görkezýär. Şu makalada olaryň göreldesine nädip eýerip biljekdigimize serederis. Şeýle-de başgalaryň näme üçin aladasyny etmelidigimizi we muny nädip edip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

^ abzas 1 DÜŞÜNDIRILIŞ: Duýgudaş bolmak — başgalaryň duýgularyna düşünmegi we derdini deň çekişmegi aňladýar (Rim. 12:15). Şu makalada agzalýan «duýgudaş bolmak» we «aladasyny etmek» diýen sözler şol bir manyny berýär.

^ abzas 4 Işaýa 63:9 Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgisi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.

^ abzas 6 Ýehowa göwnüçökgünlige düşen ýa-da gorka özüni aldyran başga-da wepaly gullukçylaryna duýgudaşlyk bildiripdi. Meselem, Hanna (1 Şam. 1:10—20); Ylýas (1 Pat. 19:1—18) we Ebetmelek (Ýer. 38:7—13; 39:15—18) bilen bolan wakalar hakda oýlanyp görüň.

^ abzas 66 SURATLAR: Ýygnak geçirilýän ýerler bir-birimize söýgimizi bildirmäge köp mümkinçilik berýär: 1) Ýaşuly dogan ýaş wagyzçy we onuň ejesi bilen mähirli gepleşýär, 2) doganymyz gyzy bilen gartaşan uýamyza ulaga münmäge kömek edýär, 3) iki sany ýaşuly dogan uýamyzy ünsli diňleýär.