Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 10

Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?

Maňa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär?

«Olaryň ikisi-de suwa girdi we Filipus ony suwa çümdürdi» (Res. iş. 8:38).

7-NJI AÝDYM Ýehowa özüňi bagyş etmek

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Adam ata bilen How ene nämäni ýitirdi we munuň netijesi nähili boldy?

NÄMÄNIŇ ýagşydygyny ýa-da ýamandygyny kesgitlemäge kimiň haky bar? Adam ata bilen How ene ýagşyny-ýamany saýgarma agajynyň miwesinden iýende, Ýehowa bil baglamaýandyklaryny we onuň kada-kanunlaryny äsgermeýändiklerini görkezdiler. Olar nämäniň ýagşydygyny we ýamandygyny özleri çözmek islediler (Gel. çyk. 3:22). Ýöne olaryň nämäni ýitirendigi hakda oýlanyp görüň. Olar Ýehowa bilen gymmatly dostlugyny ýitirdiler. Şeýle-de ýer ýüzünde ebedi ýaşamak mümkinçiligini elden giderdiler we çagalaryna günäni hem ölümi miras galdyrdylar (Rim. 5:12). Adam ata bilen How enäniň saýlan ýoly betbagtçylyga getirdi.

Efiopiýaly wezir Isanyň Mesihdigine düşünen badyna suwa çümdürildi (2, 3-nji abzaslara serediň)

2, 3. a) Efiopiýaly wezir Filipusyň aýdan zatlaryna nähili seslendi? b) Suwa çümdürilip biz nähili bereketleri alýarys we haýsy soraglara serederis?

2 Adam ata bilen How eneden tapawutlylykda, efiopiýaly wezir Filipusyň wagzyny diňlänsoň, başgaça hereket etdi. Ol Ýehowanyň hem-de Isanyň oňa bildiren merhemeti üçin minnetdardygyny şol bada suwa çümdürilip görkezdi (Res. iş. 8:34—38). Şol wezir ýaly, bizem Hudaýyň kada-kanunlaryny gymmat saýýandygymyzy görkezmek üçin özümizi oňa bagyş edýäris. Şeýtmek bilen, biz Ýehowanyň hem-de Isanyň biziň üçin eden ýagşylyklarynyň gadyryny bilýändigimizi görkezýäris. Şeýle-de Ýehowa bil baglaýandygymyzy we nämäniň ýagşydygyny ýa-da ýamandygyny kesgitlemäge diňe Onuň hakynyň bardygyna düşünýändigimizi görkezýäris.

3 Indi bolsa, geliň, Ýehowa gulluk edenimizde, nähili bereketleri alýandygymyz hakda oýlanyp göreliň. Ýehowa Adam ata bilen How enäniň ýitiren eşretli hem-de ebedi ýaşaýşyny gaýtaryp berer. Isa Mesihe iman edýändigimiz üçin, Ýehowa häzirden biziň günälerimizi bagyşlap, arassa ynsaply bolmaga kömek edýär (Mat. 20:28; Res. iş. 10:43). Mundan başga-da biz Ýehowany razy edýän uly maşgalanyň agzasy bolduk; gelejekde bolsa has köp bereketleriň eýesi bolarys (Ýah. 10:14—16; Rim. 8:20, 21). Biz şeýle bereketleri alýandygymyza begenýäris. Ýöne käbirleri Ýehowany tanasa-da, efiopiýaly weziriňki ýaly hereket etmäge ýaýdanýar. Olara suwa çümdürilmäge näme päsgel berýär? Kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge olara näme kömek eder?

SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE PÄSGEL BERÝÄN ZATLAR

Suwa çümdürilmezinden öň, käbirlerinde kynçylyklar bolup biler

Özüňe bolan ynamsyzlyk (4,5-nji abzaslara serediň) *

4, 5. Ewrik hem-de Hanna nähili kynçylyk bilen göreşýärdi?

4 Özüňe bolan ynamsyzlyk. Ewrigiň ene-atasy Ýehowanyň Şaýady. Onuň kakasy aladaçyl ata we göreldeli ýaşuly hökmünde tanalýar. Ýöne näme üçindir Ewrigiň hiç suwa çümdürilesi gelmeýärdi? Ol şeýle diýýär: «Men kakam ýaly bolup bilmerin öýdýärdim». Şeýle-de Ewrik özüni ynamsyz duýansoň, ýygnakda jogapkärli borçlary almaga gorkýardy. Ol: «Men adamlaryň öňünde doga etmäge, nutuk bilen çykyş etmäge ýa-da wagyz gulluk duşuşygyny alyp barmaga çekinýärdim» diýýär.

5 18 ýaşly Hanna hem özüne gaty ynamsyzdy. Onuňam ene-atasy Ýehowanyň Şaýady. Emma ol Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap bilmerin diýip alada edýärdi. Näme üçin? Sebäbi onuň özüne bolan ynamy gaty pesdi. Käwagtlar ol özüni şeýle bir erbet duýýar welin, bilgeşleýin endamyny kesip ýaralaýardy. Ýöne ýagdaý gowulaşmaýardy-da, gaýtam, öňküsindenem beterleşýärdi. Ol bu hakda şeýle diýýär: «Men bu eden işim barada hiç kime, hatda ene-atama-da aýtmadym. Özüme şeýle edenim üçin, Ýehowa meni hiç wagt kabul etmez diýip, pikir edýärdim».

Dost-ýarlaryň täsiri (6-njy sahypadaky surat) *

6. Wanessa suwa çümdürilmäge näme päsgel berýärdi?

6 Dost-ýarlaryň täsiri. 22 ýaşly Wanessa şeýle diýýär: «Meniň bir jana-jan joram bardy, men onuň bilen 10 ýyl diýen ýaly tirkeşdim». Emma Wanessanyň jorasy Ýehowanyň Şaýady bolmansoň, ony suwa çümdürilmäge höweslendirmeýärdi. Elbetde, bu Wanessa gaty agyr degýärdi. Ol bu hakda şeýle diýýär: «Men aňsat-aňsat özüme dost tapyp bilmeýärdim. Onuň bilenem aramy kessem, gaýdyp hiç kim bilen dostlaşyp bilmerin diýip gorkýardym».

Günä ederin diýen gorky (7-nji abzasa serediň) *

7. Mikaýla nämeden gorkýardy we näme üçin?

7 Günä ederin diýen gorky. Mikaýla atly gyz bäş ýaşyndaka, agasy ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Ol ulaldygyça, agasynyň eden işiniň ene-atasynyň ýüregine nähili agyr ýara salandygyna düşünýär. Ol bu hakda şeýle diýýär: «Menem günä edip, ýygnak gatnaşygyndan kesilerin we enem-atamy gaty ynjydaryn diýip gorkýardym. Gowusy, suwa çümdürilmäýin diýýärdim».

Garşylyklardan gorky (8-nji abzasa serediň) *

8. Miles nämeden gorkýardy?

8 Garşylyklardan gorky. Miles diýen oglanyň ejesi bilen kakasy aýrylyşypdy. Onuň kakasy Ýehowa gulluk edýärdi, ejesi bolsa Ýehowanyň Şaýady däldi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men 18 ýaşyma çenli ejem bilen ýaşadym. Men oňa suwa çümdürilmek isleýändigimi aýtmaga çekinýärdim. Sebäbi kakam Ýehowanyň Şaýady bolanda, onuň nähili garşy çykandygy henizem ýadymda. Suwa çümdüriljekdigimi aýdaýsam, onuň uly goh turuzjakdygyna gözüm ýetýärdi».

SIZ NÄDIP KYNÇYLYKLARYŇ HÖTDESINDEN GELIP BILERSIŇIZ?

9. Ýehowanyň sabyrlylygy we söýgüsi barada köpräk bilmegiň nähili peýdasy bar?

9 Adam ata bilen How ene Ýehowa bolan söýgüsini ösdürmändigi üçin, Oňa gulluk etmegi bes etdiler. Ýehowa olara çagalaryny dünýä inderip, öz kadalary boýunça terbiýelemäge ýeterlik wagt berdi. Adam ata bilen How ene Ýehowadan ýüz öwrüp, özbaşdak ýaşaýşy saýladylar. Emma biraz wagtdan olaryň nädogry ýoly saýlandygy mese-mälim boldy. Olaryň uly ogly günäsiz doganyny öldürdi; wagtyň geçmegi bilen, adamzat maşgalasynda zalymlyk hem-de özüňi bilmeklik höküm sürüp başlady (Gel. çyk. 4:8; 6:11—13). Emma Ýehowa şonda-da özüne gulluk etmek isleýän Adam ata bilen How enäniň neslinden bolan adamlary halas etmegiň ugruna çykdy (Ýah. 6:38—40, 57, 58). Siz Ýehowanyň sabyrlylygy we söýgüsi barada näçe köp öwrenseňiz, şonça-da oňa bolan söýgiňiz artar. Şonda siz Adam ata bilen How enäniň saýlan ýolundan ýöremän, gaýtam, özüňizi Ýehowa bagyş edip bilersiňiz.

Siz bu kynçylyklary nädip ýeňip bilersiňiz?

(9, 10-njy abzaslara serediň) *

10. Zebur 19:7-däki sözler barada oýlanmak näme üçin Ýehowa gulluk etmäge güýç berýär?

10 Ýehowa hakda bilmegiňizi dowam ediň. Ýehowany näçe gowy tanasaňyz, oňa gulluk etmegiň durmuşda iň gowy ýoldugyna şonça-da ynamyňyz artar. Ýokarda agzalan Ewrik şeýle diýýär: «Zebur 19:7-däki (okaň) sözleri okap oýlananymda, özümi has-da ynamly duýýaryn». Ewrik Ýehowanyň şol wadasyny ýerine ýetirýändigini görende, oňa bolan söýgüsi hasam artýar. Hudaýa bolan söýgi diňe bir özüňi ynamly duýmaga kömek etmän, eýsem, ünsüňi Ýehowa gönükdirmäge we onuň islegini berjaý edip ýaşamaga ýardam edýär. Ýokarda agzalan Hanna hem şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary her gün okap öwrenenimde, endamyma ýara salmak bilen, Ýehowanyň hem ýüregine ýara salýandygyma düşündim» (1 Pet. 5:7). Dogrudanam, Hanna «Hudaýyň sözüni diňe bir diňlemän, eýsem, ony ýerine ýetirmegi» öwrendi (Ýak. 1:22). Bu oňa nähili peýda getirdi? Ol şeýle diýýär: «Ýehowa gulak asmagyň peýdalydygyna düşünenimde, ony hasam güýçli söýüp başladym. Häzir men Ýehowanyň elmydama görkezme berip, kömege mätäç mahalym goldajakdygyna doly ynanýaryn». Hanna keselini doly ýeňip bildi. Ol özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildi.

(11-nji abzasa serediň) *

11. Wanessa özüne gowy joralary tapmak üçin näme etdi we biz mundan näme öwrenýäris?

11 Gowy adamlar bilen dostlaşyň. Ýokarda agzalan Wanessa wagtyň geçmegi bilen, jorasynyň ony Ýehowa doly gulluk etmekden saklaýandygyna düşündi. Ol jorasy bilen gatnaşmagyny bes edýär. Ýöne Wanessa ýene bir zat edýär. Ol ýygnagyndan özüne dost gözläp başlaýar. Bu babatda oňa Nuh pygamberiň we onuň maşgalasynyň galdyran göreldesi kömek edýär. Wanessa şeýle diýýär: «Olar Ýehowany söýmeýän adamlaryň içinde ýaşaýardy. Ýöne olar öz aralarynda gürrüňdeş bolup, bir-birine gowy dost boldular». Wanessa suwa çümdürilensoň, pioner bolup gulluk edip başlaýar. Ol: «Bu gulluga başlap, men öz ýygnagymdan, beýleki ýygnaklardanam gowy joralary tapdym» diýýär. Sizem Ýehowanyň tabşyran işine näçe yhlasly gatnaşsaňyz, şonça-da gowy dostdur joralary taparsyňyz (Mat. 24:14).

(12-15-nji abzasa serediň) *

12. Adam ata bilen How enede nähili gorky ýokdy we munuň soňy näme bilen gutardy?

12 Gorka dogry garaýyşda boluň. Belli bir derejede gorkmak bu onçakly bir zyýanlam däl. Meselem, biz Ýehowany ynjytmajak bolup gorkýarys. Bu gorky gaty peýdaly (Zeb. 111:10). Adam ata bilen How enede-de şeýle gorky hemişe bolan bolsa, onda olar Ýehowa garşy çykmazdylar. Gynansagam, olar bilgeşleýin Hudaýyň garşysyna çykdylar. Olar günä edensoň, gözleri açylyp, günä edendiklerine doly göz ýetirdiler. Indi olar çagalaryna ölümden hem günäden başga hiç zat miras galdyryp bilmeýärdi. Hawa, olaryň «gözleri açyldy», ýagny eden günäsi sebäpli nähili ýagdaýa düşendiklerine düşündiler we ýalaňaçlygyndan utanyp, özlerine ýapynja edindiler (Gel. çyk. 3:7, 21).

13, 14. a) 1 Petrus 3:21-e görä biz näme üçin ölümden gorkmaly däl? b) Ýehowany söýmäge bizde nähili sebäpler bar?

13 Biz Ýehowany gynandyrmakdan gorksak-da, ölümden gorkmaly däl. Sebäbi Ýehowa bize ebedi ýaşaýşa ýol açdy. Şol sebäpli agyr günä etsek-de, ýöne ýürekden toba etsek, Ýehowa Oglunyň töleg gurbany esasynda günämizi bagyşlaýar. Ýöne munuň üçin biz Isanyň dökülen ganyna iman etmeli. Biz muny özümizi Hudaýa bagyş edip we suwa çümdürilip görkezip bileris (1 Petrus 3:21-i okaň).

14 Dogrudan-da, Ýehowany söýmäge bizde ençeme sebäpler bar. Ol bize her gün ýaşaýyşdan lezzet alyp ýaşamagymyz üçin, diňe bir ýagşy zatlary bermek bilen çäklenmän, eýsem, Özi we niýetleri barada hakykaty hem öwredýär (Ýah. 8:31, 32). Şeýle-de ol bize ýygnak duşuşyklary arkaly görkezme berýär we goldaýar. Mundan başga-da ol ýükümizi göterişýär we eşretli ebedi ýaşaýşa umyt berýär (Zeb. 68:19; Ylh. 21:3, 4). Ýehowanyň biziň üçin eden zatlary hakda oýlananymyzda, oňa bolan söýgimiz hasam artýar. Ýehowa bolan söýgimiz bolsa gorka dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Hawa, Ýehowanyň bize bolan söýgüsini hiç zada deňäp bolmaýar. Ine, şonuň üçinem biz ony gynandyrmakdan gorkýarys.

15. Mikaýla gorkusyny ýeňmäge näme kömek etdi?

15 Ýokarda agzalan Mikaýla Ýehowanyň nähili geçirimli Hudaýdygyna düşünende, günä ederin diýen gorkusyny ýeňip bildi. Ol şeýle diýýär: «Men ählimiziň bikämildigimize we ýalňyşýandygymyza düşündim. Ýöne Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigine we Oglunyň töleg gurbany esasynda günälerimizi bagyşlaýandygyna hem göz ýetirdim». Mikaýlanyň Ýehowa bolan söýgüsi özüni Oňa bagyş edip, suwa çümdürilmäge höweslendirdi.

(16-njy abzasa serediň) *

16. Miles garşylyga bolan gorkusyny nädip ýeňip bildi?

16 Milesiň suwa çümdürilmäge islegi bolsa-da, ejesi muňa garşy çykar öýdüp gorkýardy. Ol etrap gözegçisinden bu hakda maslahat soraýar. Miles şeýle gürrüň berýär: «Onuň hem kakasy hakykatdady, ejesi bolsa Ýehowanyň Şaýady däldi. Ol maňa ejemi ynandyraýjak sözleri tapmaga kömek etdi we suwa çümdürilmäge kakamyň meni mejbur etmeýändigini, bu karara özümiň gelendigimi aýtmaga höweslendirdi». Elbetde, Milesiň ejesi onuň gelen kararyny halamady. Ahyrsoňy, ol ejesiniň ýanyndan göçmeli boldy, ýöne ol şonda-da gelen kararyndan dänmedi. Miles sözüni dowam edip: «Ýehowanyň meniň üçin nähili ýagşy işleri edendigini bilenimde, ýüregim minnetdarlykdan doldy. Isanyň töleg gurbany hakda çuňňur oýlananymda bolsa, Ýehowanyň meni nähili güýçli söýýändigine ýene bir gezek göz ýetirdim. Bu zatlar hakda oýlanyp, özümi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmek kararyna geldim» diýýär.

GELEN KARARYŇYZDAN DÄNMÄŇ

Biz suwa çümdürilip, Hudaýyň eden ýagşylyklaryna minnetdardygymyzy görkezýäris (17-nji abzasa serediň)

17. Biziň ählimiz nämäni subut edip bilýäris?

17 How ene Erem bagyndaky gadagan edilen agajyň miwesinden iýip, gökdäki Atasyndan ýüz öwürdi. Adam ata hem aýalyna goşulyp, Ýehowanyň olar üçin eden ähli ýagşylyklarynyň gadyryny bilmeýändigini görkezdi. Ýöne biziň ählimiz olaryň saýlan ýolundan ýöremeýändigimizi subut edip bilýäris. Biz suwa çümdürilip, nämäniň ýagşydygyny we nämäniň ýamandygyny çözmäge diňe Ýehowanyň hakynyň bardygyna düşünýändigimizi görkezýäris. Şeýdip, gökdäki Atamyzy söýýändigimizi we oňa bil baglaýandygymyzy subut edýäris.

18. Ýehowa gulluk edeniňizde nädip üstünlik gazanyp bilersiňiz?

18 Suwa çümdürilenimizden soň, biz her gün öz kadalarymyz boýunça däl-de, Ýehowanyň goýan kada-kanunlary boýunça ýaşap başlaýarys. Millionlarça adamlaram Hudaýyň ýolundan ýöreýär. Sizem şol adamlar ýaly bolup bilersiňiz. Munuň üçin Hudaýyň Sözüne hasam gowy düşünjek boluň; dogan-uýalar bilen hemişe gatnaşyň; gökdäki söýgüden hem mähirden doly Ataňyz barada öwrenen zatlaryňyzy başgalara-da gürrüň beriň (Ýew. 10:24, 25). Durmuşda nähili karara gelseňizem, Ýehowanyň Sözi we guramasy arkaly berýän maslahatlaryny diňläň (Iş. 30:21). Şonda Ýehowa gulluk edeniňizde, her bir işiňizde üstünlik hemraňyz bolar (Sül. tym. 16:3, 20).

19. Biz näme hakda hemişe oýlanmaly we näme üçin?

19 Ýehowanyň berýän görkezmeleriniň bize köp peýda getirýändigi hakda hemişe oýlanyň. Şeýtseňiz, Hudaýy hasam söýüp, onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islärsiňiz. Şonda Şeýtanyň hödürleýän zatlarynyň hiç biri sizi Ýehowa gulluk etmekden saklap bilmez. Indi göz öňüne getiriň, siziň ýaşap ýöreniňize müň ýyl boldy. Yzyňyza ser salyp, siz suwa çümdürilmek bilen iň gowy karara gelendigiňize göz ýetirýärsiňiz!

106-NJY AÝDYM Ýehowanyň dosty bolmak

^ abzas 5 Suwa çümdürilmek adamyň durmuşynda gelýän iň wajyp kararlarynyň biri hasaplanýar. Näme üçin bu şeýle wajyp? Munuň jogabyny şu makaladan bileris. Şeýle-de bu makala suwa çümdürilmek hakda pikir edýän, ýöne şeýle ädimi ätmäge gorkýan ýaşlara kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge kömek eder.

^ abzas 56 SURAT: Ynamsyzlyk: Ýaş dogan ýygnakda jogap bermäge çekinýär.

^ abzas 58 SURAT: Dostlar: Ýehowa gulluk etmeýän jorasy bolan ýaş wagyzçy imandaşlaryny görende, utanýar.

^ abzas 60 SURAT: Günä etmek: Bir ýaş gyzyň agasy ýygnak gatnaşygyndan kesilip, öýünden gidýär, ol hem günä ederin diýip gorkýar.

^ abzas 62 SURAT: Garşylyk: Bir oglan Ýehowa iman etmeýän ejesi seredip durka, doga etmäge ýaýdanýar.

^ abzas 65 SURAT: Ynamsyzlyk: Ýaş dogan şahsy okuw geçirip, özüni hasam ynamly duýýar.

^ abzas 67 SURAT: Dostlar: Soňra ýaş wagyzçy Ýehowanyň Şaýady bolmagyň uly hormatdygyna düşünýär. Ol şahsy okuw geçirip, özüni hasam ynamly duýýar.

^ abzas 69 SURAT: Günä etmek: Ýaş gyz soňra hakykata has gowy düşünip, suwa çümdürilýär.

^ abzas 71 SURAT: Garşylyk: Bir oglan ejesine ynanýan zatlary hakda gorkman aýdýar.