Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 11

Ýehowanyň sesine gulak asyň

Ýehowanyň sesine gulak asyň

«Bu meniň söýgüli Oglum... Oňa gulak asyň» (Mat. 17:5).

6-NJY AÝDYM Hudaýyň gullukçysynyň dogasy

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Ýehowa geçmişde adamlar bilen nädip gepleşýärdi? b) Biz şu makalada nämä serederis?

ÝEHOWA biziň bilen gepleşmegi gowy görýär. Onuň pikirlerine düşünmegimiz üçin, ol geçmişde pygamberlerini, perişdeleri we ogly Isa Mesihi ulandy (Amos 3:7; Gal. 3:19; Ylh. 1:1). Şu günler bolsa, ol öz Sözi bolan Mukaddes Ýazgylar arkaly biziň bilen gepleşýär. Mukaddes Ýazgylary okap, biz Ýehowanyň pikirine we onuň ýollaryna has aýdyň düşünýäris.

2 Isa ýerde ýaşanda, Ýehowa gökden üç gezek gürledi. Geliň, şonda Ýehowanyň näme diýendigine, onuň sözlerinden näme öwrenip biljekdigimize we onuň aýdan zatlarynyň bize nähili peýdasynyň bardygyna seredeliň.

«SEN MENIŇ SÖÝGÜLI OGLUMSYŇ»

3. Markus 1:9—11-nji aýatlara görä, Isa suwa çümdürilende Ýehowa oňa näme diýdi we bu sözler nämäni aýan edýär?

3 Markus 1:9—11-nji aýatlary okaň. Şu aýatlarda Ýehowanyň gökden gürländigi baradaky ilkinji waka agzalýar. Şonda ol Isa: «Sen meniň söýgüli Oglumsyň, men senden razydyryn» diýdi. Atasynyň söýgi bilen aýdan ruhlandyryjy sözleri Isanyň ýüregine güýçli täsir eden bolmaly. Ýehowanyň bu sözleri Isa barada üç wajyp zady aýan edýär. Birinjiden, Isa Ýehowanyň ogly. Ikinjiden, Ýehowa ogluny söýýär. Üçünjiden, Ýehowa oglundan razy. Geliň, olaryň her birine aýratynlykda seredeliň.

4. Isa suwa çümdürilende, Hudaý bilen nähili täze gatnaşyga başlady?

4 «Sen meniň... oglumsyň». Ýehowanyň bu sözleri onuň söýgüli ogly Isa bilen täze gatnaşyga başlandygyny görkezýär. Isa gökde ýaşanda, ol Hudaýyň ruhy Ogludy. Emma suwa çümdürilende, ol mukaddes ruh bilen mesh edildi. Şonda Ýehowa Isany mesh edip, ony Patyşa we Baş ruhany edip belländigini hem-de onuň göge dolanmaga umydynyň bardygyny aýan etdi (Luka 1:31—33; Ýew. 1:8, 9; 2:17). Ine, şonuň üçin hem Isa suwa çümdürilende, gökdäki Atasy oňa: «Sen meniň... oglumsyň» diýdi (Luka 3:22).

Biz başgalary ýürekden öwmäge we ruhlandyrmaga jan edýäris (5-nji abzasa serediň) *

5. Biz söýgi bildirmekde we ruhlandyrmakda Ýehowadan nädip görelde alyp bileris?

5 «Sen meniň söýgüli oglumsyň». Ýehowanyň söýgi bilen aýdan ruhlandyryjy sözleri bize başgalary her bir mümkinçilikden peýdalanyp ruhlandyrmalydygyny ýatladýar (Ýah. 5:20). Kimdir biri biziň söýgi bilen aladamyzy edýändigini görkezende we edýän ýagşy işlerimiz üçin öwende, biz guş bolup uçaýjak bolýarys. Şonuň ýaly hem ýygnagymyzdaky dogan-uýalar we maşgala agzalarymyz biziň söýgimize we ruhlandyryjy sözlerimize mätäç. Başgalary ruhlandyranymyzda, olaryň Ýehowa bolan imanyny berkidýäris we Oňa wepaly gulluk etmäge kömek edýäris. Ene-atalar esasanam çagalaryny ruhlandyryp durmaly. Olar çagalaryny ýürekden öwende we söýgüsini bildirende, olara hakykat ýolunda güllemäge kömek edýärler.

6. Biz näme üçin Isa Mesihe ynanýarys?

6 «Men senden razydyryn». Bu sözler Isanyň Atasynyň islegini wepaly ýerine ýetirjekdigine Ýehowanyň doly ynanýandygyny görkezýär. Hawa, Ýehowa Ogluna doly ynanýar. Şol sebäpli Isanyň Ýehowanyň ähli wadalaryny berjaý etjekdigine bizem doly ynamly bolup bileris (2 Kor. 1:20). Haçanda biz Isanyň göreldesi barada oýlananymyzda, ondan has köpräk öwrenmäge we göreldesine has gowy eýermäge islegimiz artýar. Ýehowa gullukçylarynyň Oglundan görelde aljakdyklaryna ynanýar (1 Pet. 2:21).

«OŇA GULAK ASYŇ»

7. Matta 17:1—5-nji aýatlara görä, Ýehowa gökden haçan gürledi we ol näme diýdi?

7 Matta 17:1—5-nji aýatlary okaň. Ikinji gezek Ýehowa gökden Isanyň «daş keşbi özgerende» gürläpdi. Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp, bir beýik daga çykýar. Şonda resullar täsin bir görnüş görýär. Isanyň ýüzi Gün kimin şöhle saçýardy, egin-eşigi bolsa öwşün atýardy. Soňra Musa bilen Ylýas peýda bolup, Isa bilen gepleşip başlaýar. Olar Isa tizden öldürilip, soňra direldiljekdigini aýdýar. Şol wagt resullary güýçli «uky basýardy». Ýöne «olar ukudan doly açylanda», täsin görnüş görýär (Luka 9:29—32). Soňra olary bir ak bulut gurşap alýar we olar gökden Hudaýyň sesini eşidýärler. Isa suwa çümdürilende, Ýehowa ondan razydygyny aýan edipdi. Ol bu gezegem Oglundan razydygyny we ony söýýändigini görkezip: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýýär. Ýöne bu sapar Ýehowa şeýle sözleri hem aýdýar: «Oňa gulak asyň».

8. Isa we onuň şägirtlerine görnüş nähili täsir etdi?

8 Bu görnüş Isanyň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde gelejekki şöhratyny we güýjüni aýan edýärdi. Mesih görgi görmelidi we sütemli ölüme döz gelmelidi. Şol sebäpli bu görnüş Isany gürrüňsiz ruhlandyran bolmaly. Şeýle-de görnüş şägirtleriň imanyny berkitdi we olary gelejekde duş geljek synaglaryna hem-de öňündäki etmeli ägirt uly işine taýýarlady. Bu wakadan takmynan 30 ýyl geçende, Petrus resul şol görnüş barada aýdyp, gözi bilen gören zatlarynyň henizem ýadyndadygyny görkezdi (2 Pet. 1:16—18).

9. Isa şägirtlerine nähili maslahat berdi?

9 «Oňa gulak asyň». Ýehowanyň bu sözleri Oglunyň aýdanlaryny diňläp, gulak asmagymyzy isleýändigini aýan edýär. Eýsem, Isa ýerde ýaşanda näme diýipdi? Ol köp wajyp zatlar barada aýdypdy. Meselem, ol söýgi bilen şägirtlerine hoş habary nädip wagyz etmelidigini öwretdi we olara gaýta-gaýta oýa bolmagy ýatlatdy (Mat. 24:42; 28:19, 20). Şeýle-de Isa olary tutanýerli bolmaga we ruhdan düşmezlige höweslendirdi (Luka 13:24). Mundan başga-da ol şägirtlerine biri-birini ýürekden söýmegiň, agzybirligi saklamagyň we tabşyryklaryna gulak asmagyň wajypdygyny ýatlatdy (Ýah. 15:10, 12, 13). Dogrudan-da, Isanyň şägirtlerine aýdan sözleri örän ýerliklidi. Onuň bu sözleri şu günler biziň üçinem örän wajyp.

10, 11. Biz Isa gulak asýandygymyzy nädip görkezip bileris?

10 Isa: «Hakykatyň tarapdary bolan her kes aýdýanlaryma gulak asýar» diýdi (Ýah. 18:37). Biz «sabyrly bolup, bir-birimizi ýürekden bagyşlanymyzda», Isanyň sesine gulak asýandygymyzy görkezýäris (Kol. 3:13; Luka 17:3, 4). Şeýle-de «amatly wagtda-da, kyn döwürde-de» hoş habary yhlasly wagyz edip, onuň sesine gulak asýandygymyzy aýan edýäris (2 Tim. 4:2).

11 Bir gezek Isa: «Goýunlarym meniň sesime gulak asýandyr» diýdi (Ýah. 10:27). Mesihiň şägirtleri diňe bir onuň aýdan sözlerini diňlemän, eýsem, olary ýerine ýetirip, onuň sesine gulak asýandygyny görkezýär. Olar «ýaşaýşyň aladalaryna» özlerini aldyrmaýar (Luka 21:34). Gaýtam, her hili kynçylyklara duş gelseler-de, Isanyň durmuşda wajyp zatlary ileri tutmak baradaky tabşyrygyna gulak asýarlar. Imandaşlarymyzyň köpüsi agyr synaglara, şol sanda güýçli garşylyklara duçar bolýarlar. Şeýle-de garyplyk we tebigy betbagtçylyk ýaly zatlardan ejir çekýärler. Muňa garamazdan, olar nähili kynçylyga döz gelmeli hem bolsa, Ýehowa wepalylygyny saklaýarlar. Olar Isanyň şägirtlerine beren şu wadasyna doly ynanýarlar: «Meniň tabşyryklarymy kabul edip, olary berjaý edýän adam meni söýýändir. Meni söýýän adamy bolsa Atam söýer» (Ýah. 14:21).

Wagyz işi bize Isanyň sesine gulak asmaga kömek edýär(12-nji abzasa serediň) *

12. Isa gulak asýandygymyzy ýene nädip görkezip bileris?

12 Isanyň sesine gulak asýandygymyzy görkezmegiň ýene bir usuly, aramyzda ýolbaşçylyk edýän doganlar bilen hyzmatdaşlyk etmek (Ýew. 13:7, 17). Soňky ýyllaryň dowamynda Hudaýyň guramasynda köp özgerişikler boldy. Meselem, täze gurallar, wagyz etmegiň täze usullary peýda boldy, hepdäniň başynda geçilýän ýygnak duşuşygynyň meýilnamasy üýtgedildi we Ýygnak jaýlaryny gurmak hem-de abatlamak işi bilen bagly täze görkezmeler berildi. Biz söýgi bilen berlen we hemmetaraplaýyn peýdaly bolan şeýle görkezmeleri gymmat saýýarys. Biz Ýehowanyň guramasy arkaly öz wagtynda berýän görkezmelerine eýermek üçin edýän tagallamyzy Onuň patalajakdygyna doly ynamly bolup bileris.

13. Isa gulak asmagyň nähili peýdasy bar?

13 Isanyň öwreden ähli zatlaryna gulak asanymyzda, munuň bize diňe peýda getirýändigine göz ýetirýäris. Isa şägirtlerini taglymatlarynyň olara dynçlyk berjekdigine ynandyrdy. Ol: «Janyňyz dynçlyk tapar. Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir» diýdi (Mat. 11:28—30). Dört Hoş habarda Isanyň durmuşy we gullugy bilen bagly wakalar gürrüň berilýär. Şol wakalar bize dynçlyk berýär, ruhy taýdan berkidýär we paýhasly hereket etmäge kömek edýär (Zeb. 19:7; 23:3). Isa: «Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler bagtlydyr!» diýdi (Luka 11:28).

«MEN ADYMY ŞÖHRATLANDYRARYN»

14, 15. a) Ýahýa 12:27, 28-nji aýatlara görä, Ýehowa üçünji gezek gökden gürlände nähili waka boldy? b) Ýehowanyň sözleri näme üçin Isa teselli hem güýç berdi?

14 Ýahýa 12:27, 28-nji aýatlary okaň. Ýahýanyň hoş habarynda Ýehowanyň gökden üçünji gezek gürländigi aýdylýar. Öldürilmezinden birnäçe gün öň, Isa soňky gezek Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime barýar. Şonda ol şägirtlerine: «Men juda hasrat çekýärin» diýýär. Soňra: «Atam, adyňy şöhratlandyr» diýip doga edýär. Şonda Ýehowa gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym, ýene-de şöhratlandyraryn» diýýär.

15 Isa Ýehowa wepalylygyny saklamagyň uly jogapkärçilikdigine düşünýändigi üçin alada edýärdi. Ol agyr synaga we ýowuz ölüme döz gelmelidi (Mat. 26:38). Emma Isa ähli zatdan beter Atasynyň adynyň şöhratlanmagyny isleýärdi. Isany Hudaýa dil ýetirmekde aýyplaýardylar. Şonuň üçin ol öz ölümi Hudaýyň adyna ysnat getirer diýip aladalanýardy. Ýehowanyň aýdan sözleri Isanyň ynamyny has-da berkiden bolmaly. Ol Ýehowanyň öz adyny şöhratlandyrjakdygyna doly ynanyp bilýärdi. Atasynyň sözleri Isa teselli berip, ýowuz synaga döz gelmäge güýç berdi. Ýehowanyň şonda aýdan sözleriniň manysyna diňe Isa düşünen hem bolsa, Ol bu sözleriň bize-de degişlidigini aýan etdi (Ýah. 12:29, 30).

Ýehowa öz adyny şöhratlandyrar we halkyny azat eder (16-njy abzasa serediň) *

16. Biz näme üçin käwagt Ýehowanyň ady barada biynjalyk bolýarys?

16 Isa ýaly bizem Ýehowanyň adyny ýalan töhmetden goramak isleýäris. Mümkin, bizem Isa ýaly adalatsyzlykdan ejir çekýändiris. Ýa-da duşmanlaryň biz barada ýaýradýan ýalan-ýaşryk maglumatlary sebäpli biynjalyk bolýandyrys. Bu zatlar Ýehowanyň adyna we guramasyna ysnat getirýär diýip, alada edýändiris. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowanyň sözleri bize teselli berýär. Şol sebäpli biz Onuň ady we guramasy barada aýdylýan zatlara çendenaşa biynjalyk bolmaly däl. Biz «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygynyň biziň ýüreklerimizi we pikirlerimizi Mesih Isa arkaly gorajakdygyna» doly ynamly bolup bileris (Flp. 4:6, 7). Ýehowa öz adyny ebedi şöhratlandyrar. Ol Patyşalygy arkaly Şeýtanyň we şu zalym dünýäniň gullukçylaryna ýetiren ähli zyýanyny hemişelik ýok eder (Zeb. 94:22, 23; Iş. 65:17).

ŞU GÜNLER ÝEHOWANYŇ SÖZÜNE GULAK ASMAGYŇ PEÝDASY

17. Işaýa 30:21-e görä, şu günler Ýehowa biziň bilen nädip gürleşýär?

17 Ýehowa häzirem biziň bilen gepleşýär (Işaýa 30:21-i okaň) *. Elbetde, biz gökden Hudaýyň sesini eşitmeýäris. Emma ol öz Sözi bolan Mukaddes Ýazgylar arkaly görkezme berýär. Mundan başga-da Ýehowa mukaddes ruhy arkaly «wepaly... iş dolandyryja» görkezme berip, gullukçylaryny ruhy iýmit bilen üpjün edýär (Luka 12:42). Dogrudan-da, çap edilen edebiýatlar ýa-da Internet, wideolar we audioýazgylar arkaly alýan ruhy iýmitimiziň sany-sajagy ýok.

18. Ýehowanyň sözleri nädip imanymyzy berkidýär we batyrgaý bolmaga kömek edýär?

18 Geliň, Ogly ýer ýüzünde ýaşanda Ýehowanyň aýdan sözlerini hemişe ýadymyzda saklalyň. Goý, Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň sözleri Ýehowanyň ähli zada gözegçilik edýändigine we Onuň tizden Şeýtanyň hem-de onuň zalym dünýäsiniň ýetiren islendik zyýanyny aýyrjakdygyna ynamymyzy has-da berkitsin. Geliň, Ýehowanyň sesine elmydama ünsli bolmagy berk ýüregimize düweliň. Eger şeýtsek, durmuşymyzda nähili kynçylyk bolaýanda-da, oňa çydamlylyk bilen döz gelip bileris. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň islegini berjaý edeniňizden soň, onuň wada eden zadyny alar ýaly, çydamly boluň» diýilýär (Ýew. 10:36).

22-NJI AÝDYM Ýehowa Beýik Çopanym

^ abzas 5 Isa ýerde ýaşanda, Ýehowa üç gezek gürledi. Şol wakalaryň birinde Ýehowa Mesihiň şägirtlerini oňa gulak asmaga höweslendirdi. Şu günler Ýehowa öz Sözi, ondaky Isanyň öwreden zatlary we guramasy arkaly biziň bilen gepleşýär. Biz şu makalada Ýehowany we Isany diňlemegiň nähili peýdasynyň bardygyna serederis.

^ abzas 17 Işaýa 30:21 Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.

^ abzas 53 SURATLAR: Ýygnak ýaşulusy hyzmatçy doganyň Ýygnak jaýynyň arassalaýyş işine gatnaşýandygyna we edebiýat paýlap durandygyna üns berýär. Soňra oňa ýürekden öwgüli sözleri aýdýar.

^ abzas 55 SURATLAR: Sýerra-Leonede bir är-aýal balykça çakylyk berýär.

^ abzas 57 SURATLAR: Wagyz işimiz gadagan edilen ýurtda dogan-uýalar öýde ýygnak duşuşygyny geçirýär. Olar başgalaryň ünsüni çekmez ýaly, ýönekeýje geýnipdirler.