Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

Öňler adamlar deňizde nädip syýahat edýärdi?

PAWLUS resulyň ýaşan döwründe adamlary gatnadýan ýörite gämiler bolmandyr. Adatça, ýolagçylar ýük daşaýan gämilerde syýahat edýärdiler. Ýöne şeýle gämileri hem başgalardan sorap-idäp tapýardylar (Res. iş. 21:2, 3). Ýolagçylaryň münen gämisi olaryň barýan ýerine çenli gitmese, olar şol gämiden düşüp, başga gämä münýärdiler (Res. iş. 27:1—6).

Deňizde köplenç ýylyň belli bir wagty syýahat edilýärdi. Howanyň erbet şertlerinden başga-da, deňizçiler yrym edip, ýüzüşi soňa goýýardylar. Meselem, garga gagyldasa ýa-da deňziň gyrasynda gäminiň döwlen böleklerini görseler, deňze çykmaýardylar. Deňizçiler howa gowy bolsa we ýel sag tarapdan öwüsse, deňze çykýardylar. Syýahatçylar özleriniň barjak ýerlerine gidýän gämileri tapanlarynda, goşlary bilen gämi duralgasyna barýardylar we gäminiň ugraýandygy aýdylýança garaşýardylar.

Taryhçy Lionel Kasson şeýle diýýär: «Rimde gämileri tapmak aňsatdy. Şol sebäpli adamlara barjak ýerlerine gidýän gämileri gözlemek gerek bolmaýardy. Tiber derýasynyň golaýynda gämi duralgasy ýerleşýärdi. Ostia şäheriniň golaýynda bolsa, giň meýdançada edara jaýlary bardy. Olaryň köpüsi Narbonne (häzirki Fransiýa), Karçaga (häzirki Tunis) we şuňa meňzeş dürli deňiz portlaryna degişlidi. Deňizde syýahat etmek isleýän islendik adam gitjek ýerine degişli edara jaýlaryň birine baryp, bellik etdirip bilýärdi».

Deňizde syýahat etmek ýolagçylaryň wagtyny tygşytlasa-da, munuň howply tarapy hem bardy. Pawlus resul hem missioner syýahatynda birnäçe gezek gämi heläkçiligine uçrapdy (2 Kor. 11:25).