Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 24

Hudaý hakdaky bilime garşy çykýan islendik garaýşy inkär ediň!

Hudaý hakdaky bilime garşy çykýan islendik garaýşy inkär ediň!

«Biz ýalan düşünjeleri we Hudaý hakdaky bilime garşy çykýan islendik beýikligi ýumurýarys» (2 Kor. 10:5).

63-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolmak

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Pawlus mesh edilen mesihçilere nähili duýduryş berdi?

PAWLUS resul I asyrdaky mesihçilere: «Dünýäniň işlerine eýermegiňizi bes ediň» diýip ýazdy (Rim. 12:2). Pawlus näme üçin özüni Hudaýa bagyş eden we mukaddes ruh arkaly mesh edilen imandaşlaryna şeýle berk duýduryş berdikä? (Rim. 1:7).

2, 3. Şeýtan bizi nädip Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar we aňymyzda kök uran nädogry garaýyşlary nädip aýryp bileris?

2 Pawlus Şeýtanyň dünýäsinde giňden ýaýran garaýyşlaryň hem-de düşünjeleriň käbir mesihçilere erbet täsir edendigine biynjalyk bolan bolmaly (Efes. 4:17—19). Biz hem şeýle erbet täsire düşüp bileris. Şu dünýäniň taňrysy Şeýtan bizi Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin her hili usullary ulanýar. Mysal üçin, ol bizi diňe özüňi bilmäge we hemmäniň ünsüni özüňe çekmäge iterýär. Şeýle-de ol bizi öz tarapyna geçirmek üçin durmuşymyzda bolan zatlary, medeniýetimizi we bilimimizi ulanyp bilýär.

3 Eýsem, aňymyzda kök uran nädogry garaýyşlary doly aýryp bilerismi? (2 Kor. 10:4). Pawlusyň bu babatda näme diýendigine üns beriň: «Biz ýalan düşünjeleri we Hudaý hakdaky bilime garşy çykýan islendik beýikligi ýumurýarys. Her bir pikiri ýesir edip, ony Mesihe gulak asar ýaly edýäris» (2 Kor. 10:5). Hawa, Ýehowanyň kömegi bilen, biz islendik nädogry garaýşymyzy aýryp bilýäris. Dermanyň zäheriň erbet täsirini aýryşy ýaly, Hudaýyň Sözi hem Şeýtanyň dünýäsiniň erbet täsirinden azat edýär.

«PIKIRIŇIZI ÖZGERDIŇ»

4. Hakykaty bilenimizde nähili özgerişleri etdik?

4 Hudaýyň Sözündäki hakykaty ilkinji sapar eşidip, Ýehowa gulluk etmegi ýüregiňize düweniňizde, durmuşyňyzda käbir özgerişleri edendigiňiz ýadyňyza düşýändir. Biziň köpümiz durmuşymyzy düýbünden üýtgetdik (1 Kor. 6:9—11). Günäli ýoldan el çekmäge kömek edendigi üçin, biz Ýehowa ýürekden minnetdar.

5. Rimliler 12:2-ä görä, bizden näme talap edilýär?

5 Biz özgerişlik etmegimizi dowam etmeli. Hudaýa özümizi bagyş edenimizden soň, agyr günäleri etmesek-de, Ýehowa ýaramaýan işleri etmäge iterýän islendik zatdan gaça durmak üçin elimizde baryny etmeli. Muny nädip edip bileris? Pawlus resul: «Dünýäniň işlerine eýermegiňizi bes ediň. Özüňizi alyp barşyňyzy we pikiriňizi özgerdiň» diýdi (Rim. 12:2). Şu aýada görä, bizden iki zat talap edilýär. Birinjiden, «dünýäniň işlerine eýermegimizi bes etmeli», ýagny dünýäniň erbet täsirinden gaça durmaly. Ikinjiden, «pikirimizi özgertmeli».

6. Isanyň Matta 12:43—45-nji aýatlardaky sözlerinden näme öwrenýäris?

6 Pawlus resul «özgerdiň» diýende, ýöne bir daş keşbiňi däl-de, içki dünýäňi özgertmegi göz öňünde tutdy (« Hakykatdan özgerdimmi ýa daşymdan özgeren ýaly bolup görünýärinmi?» diýen çarçuwa serediň). Biz pikirimizi, garaýşymyzy, häsiýetlerimizi, endiklerimizi özgertmeli. Özümize şeýle sorag berip bileris: «Men özgerişlik etmäge ýüzleý garaýarynmy ýa-da çynlakaý?» Bu soragyň jogabyny bilmek örän wajyp. Isa munuň üçin näme etmelidigini düşündirdi (Matta 12:43—45-nji aýatlary okaň). Biz Isanyň aýdan sözlerinden wajyp sapak edinýäris: Erbet pikirleri ýöne bir aýyrman, onuň ýerini Hudaýa ýaraýan pikirler bilen doldurmaly.

«PIKIRIŇIZI WE GARAÝŞYŇYZY ELMYDAMA TÄZELÄP DURUŇ»

7. Pikirimizi we garaýşymyzy nädip özgerdip bileris?

7 Pikirimizi we garaýşymyzy düýpgöter üýtgedip bilerismi? Hudaýyň Sözünde bu barada şeýle diýilýär: «Pikiriňizi we garaýşyňyzy elmydama täzeläp duruň. Şeýle-de Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýniň» (Efes. 4:23, 24). Görşümiz ýaly, biz garaýşymyzy üýtgedip bilýäris, ýöne muny etmek aňsat däl. Diňe bir erbet höweslerimize erk etmek we erbet işlerden el çekmek ýeterlikli däl. Biz «pikirimizi we garaýşymyzy» hem özgertmeli. Şeýle-de islegimizi, niýetimizi we özümizi alyp barşymyzy üýtgetmeli. Munuň üçin hemişe tagalla etmeli.

8, 9. Bir dogan bilen bolan waka pikirimizi özgertmegiň wajypdygyny nädip görkezýär?

8 Geliň, bir doganymyz bilen bolan waka seredeliň. Ol köplenç gaharyny saklap bilmän, derrew urşup başlaýardy. Ol içmegini we uruşmagyny goýup, ýaşaýan obasyndaky adamlara gowy şaýatlyk edýär. Ýöne suwa çümdürilenine biraz wagt geçende, garaşylmadyk waka bolýar. Bir gün agşam içgili bir adam doganymyzyň öýüniň ýanyna gelip, gaharyny getirýän sözleri aýdýar we onuň bilen uruşjak bolýar. Başda doganymyz özüne erk edýär. Emma ýaňky adam Ýehowanyň adyna dil ýetirende, doganyň sabyr käsesi dolýar. Ol daşaryk çykyp, ýaňky adamy gowy edip ýençýär. Ol näme üçin özüne erk edip bilmedikä? Mukaddes Ýazgylar okuwy dogana uruşmak endigini taşlamaga kömek eden hem bolsa, ol garaýşyny doly üýtgetmändir.

9 Emma ol ruhdan düşmedi (Sül. tym. 24:16). Gaýtam, ýaşulularyň kömegi bilen gowy tarapa üýtgemegini dowam etdi. Wagtyň geçmegi bilen, onuň özi hem ýaşuly boldy. Şondan birnäçe ýyl geçende, ýene öňki ýaly ýagdaý gaýtalanýar. Bir gezek agşam Ýygnak jaýynyň öňünde bir içgili adam başga bir ýaşuly dogany urjak bolýar. Dogan bu gezek näme eder? Ol içgili adamyň ýanyna baryp, ýumşaklyk we kiçigöwünlilik bilen ony köşeşdirýär hem-de öýüne barmaga kömek edýär. Dogan näme üçin bu gezek özüni şeýle alyp bardyka? Sebäbi ol nädogry garaýşyny üýtgedipdi we Ýehowanyň kömegi bilen parahatlygy söýýän hem-de kiçigöwünli dogan bolupdy.

10. Pikirimizi we garaýşymyzy özgertmek üçin näme etmeli?

10 Şeýle özgerişler birsalymyň içinde we öz-özünden bolmaýar. Pikirimizi we garaýşymyzy özgertmek üçin «bar güýjümiz» bilen tagalla etmeli (2 Pet. 1:5). Munuň üçin bize ençeme ýyl gerek bolmagy mümkin. Ýehowa köp ýyl bäri gulluk etsek-de, şeýle özgerişler öz-özünden bolmaýar. Şonuň üçin pikirimizi özgertmäge jan etmeli. Geliň, bu babatda bize nämäniň kömek edýändigine seredeliň.

PIKIRIMIZI WE GARAÝŞYMYZY NÄDIP ÖZGERDIP BILERIS?

11. Doga etmek pikirimizi we garaýşymyzy özgertmäge nädip kömek edýär?

11 Birinjiden, doga etmeli. Mezmurçy bu babatda bize gowy görelde galdyrdy. Ol: «Mende tämiz ýürek ýarat, eý Hudaý, içime täzeden durnukly ruh ber» diýip doga etdi (Zeb. 51:10). Biz Ýehowanyň kömegi bolmasa, pikirimizi we garaýşymyzy özgerdip bilmejekdigimize düşünmeli. Ýehowanyň kömek etjekdigine biz näme üçin ynamly bolup bileris? Ezekiýel pygamberiň döwründe Ýehowanyň doňýürek ysraýyllylara beren wadasy bizi has-da ruhlandyrýar. Ol şeýle diýdi: «Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin... olara etden bolan ýürek bererin» (Ezek. 11:19). Ýehowa ysraýyllylara kömek etmek isleýärdi. Ol bize-de kömek etmek isleýär.

12, 13. a) Zebur 119:59-a görä, biz näme barada oýlanmaly? b) Özümize nähili soraglary bermeli?

12 Ikinjiden, oýlanmaly. Biz her gün Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, pikirimizi we häsiýetlerimizi özgertmek üçin oýlanmaga wagt sarp etmeli (Zebur 119:59-y okaň; Ýew. 4:12; Ýak. 1:25). Biz dünýäniň pikirimize we garaýşymyza täsir edýändigini ýa-da etmeýändigini barlap durmaly. Şeýle-de gowşak taraplarymyzyň bardygyny boýun alyp, olary düzetmek üçin elimizde baryny etmeli.

13 Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: Tekepbirligi ýa-da göripligi ýüregimden doly aýyrdymmy? (1 Pet. 2:1). Alan terbiýäme, bilimime ýa-da maddy zatlaryma buýsanýarynmy? (Sül. tym. 16:5). Başgalara göwnüýetmezçilik edýärinmi ýa-da ala tutýarynmy? (Ýak. 2:2—4). Şeýtanyň dünýäsi meni özüne çekýärmi? (1 Ýah. 2:15—17). Ahlaksyz we zorlukly göwün açmalary halaýarynmy? (Zeb. 97:10; 101:3; Amos 5:15). Şu soraglar hakda oýlansaňyz, nämäniň üstünde işlemelidigini bilersiňiz. Eger biz aňymyzda kök uran nädogry garaýyşlary aýyrsak, gökdäki Atamyzy begendireris (Zeb. 19:14).

14. Gowy dostlary tutunmak näme üçin wajyp?

14 Üçünjiden, gowy dost tutunmaly. Islesek-de, islemesek-de, dostlarymyz bize güýçli täsir edýär (Sül. tym. 13:20). Biz her gün işde ýa-da mekdepde Ýehowanyň pikirine eýermeýän adamlar bilen iş salyşmaly bolýarys. Emma mesihçiler ýygnagynda özümize gowy täsir edýän dostlary tapyp bileris. Olar bizi «birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirip» biler (Ýew. 10:24, 25).

«IMANDA TUTANÝERLI BOLUŇ»

15, 16. Şeýtan pikirimize täsir etmek üçin näme edýär?

15 Şeýtanyň aň-düşünjämizi üýtgetmek üçin elinde baryny edýändigini unutmalyň. Ol Hudaýyň Sözündäki hakykatyň bize täsir etmegine päsgel bermek üçin her hili usullary ulanýar.

16 Şeýtan Erem bagynda How enä aýdyşy ýaly, bize-de: «Dogrudanam, Hudaý size... diýdimi?» diýen soragy berýär (Gel. çyk. 3:1). Biz Şeýtanyň goly astyndaky dünýäde köplenç ynanýan zatlarymyza şübhe döredýän şeýle sözleri eşidýäris: «Dogrudanam, Hudaý size köp aýal almaň diýdimi? Dogrudanam, Hudaý size baýramçylyk we doglan gün bellemäň diýdimi? Dogrudanam, Hudaý size gan goýbertmäň diýdimi? Dogrudanam, söýgüden doly Hudaý size ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan-garyndaşlaryňyz ýa-da dostlaryňyz bilen gatnaşmaň diýdimi?»

17. Imanymyzy gowşadýan zatlary eşidenimizde näme edip bileris? Koloslylar 2:6, 7-nji aýatlara görä, biz näme etmeli?

17 Eger biz imanymyzy gowşadýan soraglary jogapsyz goýsak, wagtyň geçmegi bilen ynanýan zatlarymyzyň dogrudygyna şübhelenip başlarys. Netijede, pikirimiz zäherlenip, hatda imandan hem dänip bileris. Şonuň üçin biz ynanýan zatlarymyzyň dogrudygyna doly göz ýetirmeli. Mukaddes Ýazgylarda «Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünmek» üçin özümizi alyp barşymyzy we pikirimizi özgertmek maslahat berilýär (Rim. 12:2). Eger Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary yzygider öwrensek, ondaky hakykatlaryň dogrudygyna göz ýetireris we Ýehowanyň kadalarynyň adalatlydygyna ynamymyz artar. Şonda köki berk agaç ýaly, biziň hem imanymyz berk bolar (Koloslylar 2:6, 7-nji aýatlary okaň).

18. Şeýtanyň dünýäsiniň erbet täsirine garşy durmaga näme kömek eder?

18 Hiç kim bize derek imanymyzy berkidip bilmeýär. Şonuň üçin garaýşyňyzy elmydama täzeläp duruň. Dyngysyz doga ediň; Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. Çuňňur oýlanyň; islegleriňizi we maksatlaryňyzy barlaň. Gowy dostlary tutunyň; pikiriňizi gowy tarapa özgertmäge kömek etjek adamlar bilen dostlaşyň. Şonda Şeýtanyň zäher ýaly güýçli täsir edýän «ýalan düşünjelerini we Hudaý hakdaky bilime garşy çykýan islendik beýikligini ýumrup» bilersiňiz (2 Kor. 10:5).

48-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýolundan ýöräliň

^ abzas 5 Biz islesek-de, islemesek-de, durmuşymyzda bolan zatlar, medeniýetimiz we bilimimiz pikirimize täsir edýär. Mümkin, biz aňymyzda käbir nädogry garaýyşlaryň kök urandygyna üns berýändiris. Şu makalada garaýşymyzy nädip özgerdip biljekdigimize serederis.