Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 25

Kyn günüňizde Ýehowa bil baglaň

Kyn günüňizde Ýehowa bil baglaň

«Egildim, iki büküldim; bütin gün ýasly gezýärin» (Zeb. 38:6).

23-NJI AÝDYM Ýehowa güýjümiz

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Biz näme üçin Isanyň duýduryşyna çynlakaý garamaly?

ISA soňky günler barada aýdanda, şägirtlerine: «Özüňize ünsli boluň... ýaşaýşyň aladalary (eklenç üçin gazanç etmek) ýüregiňize ýük bolup, şol gün duýdansyz üstüňize abanaýmasyn» diýdi (Luka 21:34). Biz bu duýduryşa örän çynlakaý garamaly. Näme üçin? Sebäbi biz beýleki adamlaryň başyna inýän kynçylyklardan we aladalardan gaçyp bilmeýäris.

2. Käbir dogan-uýalar nähili kynçylyklara uçraýar?

2 Käte kynçylyklar üsti-üstüne bolýar. Geliň, käbir wakalara seredeliň. Ýaýran skleroz (merkezi nerw sistemasynyň bozulmaklygy) keseline uçran Jon * doganymyzy 19 ýyl bile ýaşan aýaly taşlap gidýär. Soňra onuň iki gyzy hem Ýehowa gulluk etmegini bes edýär. Bob bilen Linda atly är-aýal bolsa, başga kynçylyklara duçar bolýar. Olar işini ýitirýär, soňra öýüni hem ýitirýär. Mundan başga-da Linda ölüm howply ýüregagyry keseline uçraýar. Üstesine-de, uýamyzda agyr artrit (bogunlaryň sowuklamasy) keselini tapýarlar.

3. Filipililer 4:6, 7-nji aýatlara görä, biz nämä ynamly bolup bileris?

3 Ýaradyjymyz hem-de söýgüden doly Atamyz Ýehowa ýagdaýymyza gowy düşünýär. Ol başymyza düşýän kynçylyklaryň bize nähili täsir edýändigini bilýär. Şonuň üçin onuň bize kömek etjekdigine ynamly bolup bileris (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň geçmişdäki gullukçylarynyň nähili kynçylyklara uçrandygy we Ýehowanyň olara kyn gününde nädip kömek edendigi gürrüň berilýär. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

YLÝASYŇ «BIZIŇKI ÝALY DUÝGULARY BARDY»

4. Ylýas pygamber nähili kynçylyklara duçar boldy we ol näme etdi?

4 Ylýas pygamber Ýehowa gulluk eden döwri agyr synaglara duçar bolýar. Ysraýylda zalym patyşa Ahap höküm sürýärdi. Onuň aýaly Izebel hem gaty zalym, mekirdi we Bagal taňrysyna sežde edýärdi. Ahap bilen Izebel sebäpli tutuş ysraýyl halky Bagala sežde edip başlaýar. Olar hatda Ýehowanyň pygamberlerini hem öldürýär. Ýöne Ylýas pygamber janyny gutarmagy başarýar. Mundan başga-da ol Ýehowa bil baglandygy üçin açlyk döwri diri galýar (1 Pat. 17:2—4, 14—16). Ylýas pygamber Ýehowa bil baglap, Bagalyň pygamberlerine we oňa sežde edýän adamlara garşy çykyp, ysraýyllylary Ýehowa gulluk etmäge çagyrýar (1 Pat. 18:21—24, 36—38). Şeýle kyn döwürde Ylýas pygamber birnäçe gezek Ýehowanyň goldawyny duýupdy.

Ýehowa Ylýas pygamberi güýçlendirip, berkitmek üçin perişdesini iberdi (5, 6-njy abzaslara serediň) *

5, 6. 1 Patyşalar 19:1—4-nji aýatlara görä, Ylýas pygamber özüni nähili duýdy we Ýehowa ony söýýändigine nädip ynandyrdy?

5 1 Patyşalar 19:1—4-nji aýatlary okaň *. Emma Izebel Ylýasy öldürmegi ýüregine düwende, ol gaty gorkýar we Beýerşeba gaçyp gidýär. Ylýas pygamber şeýle bir göwnüçökgünlige düşýär welin, hatda «öz ölümini dileýär». Ol näme üçin öz ölümini diledikä? Mukaddes Ýazgylarda: «Onuň biziňki ýaly duýgulary bardy» diýilýär (Ýak. 5:17). Mümkin, ol kynçylykdan ýaňa tapdan düşüp, özüni gaty erbet duýandyr. Ylýas pygamber halka Ýehowa dolanmaga kömek etmek üçin eden tagallasy biderek boldy, ysraýyllylar gowy tarapa üýtgemedi, diňe men Ýehowa arassa sežde edýän diýip pikir eden bolmaly (1 Pat. 18:3, 4, 13; 19:10, 14). Ýehowanyň wepaly pygamberiniň öz ölümini dilemegi, belki, bizi geň galdyrýandyr. Emma Ýehowa Ylýas pygamberiň nähili duýgulary başdan geçirýändigine gowy düşünýärdi.

6 Ýehowa Ylýas pygamberi aýdan sözleri üçin ýazgarmady. Gaýtam, ony güýçlendirip berkitdi (1 Pat. 19:5—7). Soňra täsin güýjüni görkezip, oňa nädogry garaýşyny düzetmäge kömek etdi. Ýehowa oňa Bagala sežde etmedik ýene 7 müň sany gullukçysynyň bardygyny aýtdy (1 Pat. 19:11—18). Şeýdip, Ýehowa Ylýasy gaty güýçli söýýändigine ynandyrdy.

ÝEHOWA BIZE NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

7. Ýehowanyň Ylýas pygambere kömek edendigi bize nädip teselli berýär?

7 Mümkin, siz hem kyn günleri başdan geçirýänsiňiz. Onda Ýehowanyň Ylýas pygamberi nädip goldandygy hakda oýlanyň. Bu size güýç berer we Hudaýyň ýagdaýyňyza düşünýändigine ynamyňyzy artdyrar. Ýehowa biziň pikirlerimize we duýgularymyza gowy düşünýär (Zeb. 103:14; 139:3, 4). Eger Ylýas pygamber ýaly, biz hem Ýehowa bil baglasak, kyn güne düşenimizde, ol bize hökman kömek eder (Zeb. 55:22).

8. Kyn güne düşenimizde, Ýehowa bize nädip kömek edýär?

8 Kyn güne düşenimizde, käte: «Bar zat gutardy» diýip, göwnüçökgünlige düşýändiris. Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň kömek etjekdigini unutmalyň. Ýöne ol bize nädip kömek edýär? Ýehowa bizi ýüregimizi dökmäge çagyrýar. Ol biziň dady-perýadymyza hökman jogap berer (Zeb. 5:3; 1 Pet. 5:7). Şonuň üçin gaýgy-aladalarymyzy dogada Ýehowa aýdyp bileris. Ylýas pygamber ýaly, biz göni manyda Hudaýyň sesini eşitmesek-de, Ol öz Sözi we guramasy arkaly bize jogap berýär. Mukaddes Ýazgylardaky wakalar bize teselli hem umyt berýär. Şeýle-de imandaşlarymyz hem bizi ruhlandyrýar (Rim. 15:4; Ýew. 10:24, 25).

9. Ýakyn dostumyz bize nädip kömek edip biler?

9 Ýehowa Ylýas pygambere käbir borçlaryny Elýaşa bermegi tabşyryp, oňa kyn gününde goldajak dost tapmaga kömek etdi. Şonuň ýaly, biz hem kyn günümizde dostumyza ýüregimizi döksek, ýükümiz ýeňlär (2 Pat. 2:2; Sül. tym. 17:17). Eger ýüregiňizi kime dökjegiňizi bilmeseňiz, Ýehowadan ruhy taýdan ýetişen dost tapmaga kömek etmegini diläň.

10. Ylýas pygamber bilen bolan waka bize nädip güýç berýär? Işaýa 40:28, 29-njy aýatlardaky sözler bizi nädip berkidýär?

10 Ýehowa Ylýas pygambere kyn gününde baş alyp çykmaga we köp ýyllap wepaly gulluk etmäge kömek etdi. Ylýas pygamber bilen bolan waka bize güýç berýär. Käte biz gaýgy-aladadan ýaňa halys tapdan düşýäris. Eger Ýehowa bil baglasak, gullugymyzy dowam edip biler ýaly, ol bize güýç-kuwwat berer (Işaýa 40:28, 29-njy aýatlary okaň) *.

OLAR ÝEHOWA BIL BAGLADY

11—13. Kynçylyklar Hudaýyň üç gullukçysyna nähili täsir etdi?

11 Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Ýehowanyň beýleki gullukçylary hem agyr günleri başdan geçiripdi. Meselem, Hanna çagasynyň bolmaýandygy üçin hasrat çekýärdi. Sebäbi şol döwürde önelgesiz bolmak masgaraçylyk hasaplanýardy. Şeýle-de ol adamsynyň ikinji aýalynyň ajy kemsitmelerine çydamaly bolýardy (1 Şam. 1:2, 6). Hannanyň derdi şeýle bir agyrdy welin, ol gözýaş baryny döküp, hiç zat iýesi hem gelmeýärdi (1 Şam. 1:7, 10).

12 Dawut patyşa hem hasratly günleri başdan geçiripdi. Onuň nähili kynçylyklara uçrandygyny ýadymyza salalyň. Eden günäleri sebäpli Dawudyň ynsaby ezýet berýärdi (Zeb. 40:12). Eý görýän ogly Abşalom oňa garşy pitne turuzdy, soňra aradan çykdy (2 Şam. 15:13, 14; 18:33). Şeýle-de ýakyn dosty oňa haýynlyk etdi (2 Şam. 16:23—17:2; Zeb. 55:12—14). Dawut ýazan mezmurlarynyň köpüsinde gaýgy-hasratyny we Ýehowa doly bil baglandygyny beýan edýär (Zeb. 38:5—10; 94:17—19).

Mezmurça Ýehowa şatlyk bilen gullugyny dowam eder ýaly näme kömek etdi? (13—15-nji abzaslara serediň) *

13 Bir mezmurçy (ol lewi taýpasyndan bolan Asafyň neslinden bolmaly) hem erbet adamlaryň ýaşaýşyna höwes edip başlaýar. Ol mukaddes çadyrda gulluk edýärdi. Emma erbet pikirler sebäpli ol şatlygyny ýitirýär we ýaşaýşyndan nägile bolup başlaýar. Ol hatda Hudaýa gulluk edip alýan bereketlerini hem ünsden düşürýär (Zeb. 73:2—5, 7, 12—14, 16, 17, 21).

14, 15. Biz Hudaýyň üç gullukçysyndan näme öwrenýäris?

14 Bu wepaly gullukçylaryň üçüsi hem Ýehowadan kömek soradylar. Olar gyzgyn doga edip, Hudaýa ýüregini dökdüler; näme üçin hasrat çekýändiklerini açyk aýtdylar. Şeýle-de olar Ýehowanyň öýüne barmagyny bes etmediler (1 Şam. 1:9, 10; Zeb. 55:22; 73:17; 122:1).

15 Ýehowa olaryň her birine duýgudaşlyk bildirdi. Hanna kalbynda rahatlyk duýdy (1 Şam. 1:18). Dawut patyşa: «Dogry adamyň dertleri köpdür; ýöne Reb olaryň ählisinden ony halas edýändir» diýip ýazdy (Zeb. 34:19). Mezmurçy bolsa, hatda nädogry garaýşyny düzedende hem Ýehowanyň onuň sag elinden tutýandygyny duýýardy. Şonuň üçin ol şeýle nagma aýtdy: «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr... men Reb Hudaýy özüme pena edindim» (Zeb. 73:23, 24, 28). Biz olardan näme öwrenip bileris? Käte biz hem halys tapdan düşürýän ýagdaýlara duçar bolmagymyz mümkin. Eger Ýehowa gyzgyn doga etsek, oňa gulak assak we onuň başgalara nädip kömek edendigi hakda oýlansak, islendik kynçylyga döz gelip bileris (Zeb. 143:1, 4—8).

ÝEHOWANYŇ KÖMEGINE BIL BAGLAŇ

Uýamyzyň hiç kim bilen gepleşesi gelmeýär, ýöne başgalara kömek edip başlanda, özüni gowy duýýar (16, 17-nji abzaslara serediň)

16, 17. a) Näme üçin özümizi başgalardan çetde tutmaly däl? b) Bize ýene näme güýç berip biler?

16 Ýokarda agzalan mysallardan ýene bir wajyp zady öwrenýäris. Biz hiç haçan Ýehowadan we onuň halkyndan özümizi çetde tutmaly däl (Sül. tym. 18:1). Nensi uýamyz adamsy taşlanda gaty göwnüçökgünlige düşendigi barada şeýle diýýär: «Köp wagtlap hiç kimi göresimem, gürleşesimem gelmeýärdi. Ýöne özümi başgalardan näçe çetde tutdugymça, şonça-da özümi erbet hem ýeke duýýardym». Ol kynçylyga uçranlara kömek edip başlanda, ähli zat başgaça bolýar. Nensi şeýle diýýär: «Başgalar kynçylyklaryny aýdanda, olary ünsli diňleýärdim. Olara duýgudaşlyk bildirenimde, bar gaýgy-aladam zym-zyýat bolýardy».

17 Ýygnak duşuşyklary hem güýjümize güýç goşup biler. Ýygnaga baranymyzda, aladamyzy etmäge we teselli bermäge Ýehowa has-da köp mümkinçilik berýäris (Zeb. 86:17). Ýygnakda Ýehowa bizi mukaddes ruhy, Sözi we halky arkaly berkidýär. Biz ýygnakda biri-birimizi ruhlandyrýarys (Rim. 1:11, 12). Sofiýa uýamyz şeýle diýýär: «Ýehowa hem-de dogan-uýalar maňa kynçylyklarymyň hötdesinden gelmäge kömek etdiler. Bu babatda hasam ýygnak duşuşyklary kömek etdi. Men köpräk wagza çyksam we ýygnaga yzygider gatnaşsam, şonça-da kynçylyklaryma hem-de gaýgy-aladalaryma döz gelip bilýändigime göz ýetirdim».

18. Kyn güne düşenimizde Ýehowa nädip kömek edýär?

18 Eger sizem kyn güne düşen bolsaňyz, onda bir zady unutmaň: Ýehowa diňe bir gelejekde kynçylyklarymyzy doly aýyrjakdygyny wada bermän, eýsem, häzir hem olara döz gelmäge güýç berýär. Ol göwnüçökgünlik we lapykeçlik ýaly duýgular bilen göreşmek üçin, bize «hem isleg, hem güýç berýär» (Flp. 2:13).

19. Rimliler 8:37—39-njy aýatlar bizi nämä ynandyrýar?

19 Rimliler 8:37—39-njy aýatlary okaň. Pawlus resul Hudaýyň söýgüsinden bizi hiç bir zadyň aýryp bilmejekdigini aýtdy. Emma kyn günleri başdan geçirýän dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Indiki makalada Ýehowanyň göreldesine eýerip, olara nädip göwünlik hem teselli berip biljekdigimize serederis.

38-NJI AÝDYM Ýüküňizi Ýehowa atyň!

^ abzas 5 Güýçli ýa-da yzy üzülmeýän kynçylyklar bize beden we duýgy taýdan köp zyýan ýetirip bilýär. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bize nädip kömek edýär? Şu makalada göwnüçökgünlige düşen Ylýas pygambere Ýehowanyň nädip kömek edendigini bileris. Şeýle-de Ýazgylardaky käbir adamlar bilen bolan wakadan Ýehowanyň kömegini kabul etmek üçin näme etmelidigini bileris.

^ abzas 2 Käbir atlar üýtgedildi.

^ abzas 5 1 Patyşalar 19:1 Ahap Ylýasyň bar eden zatlary, pygamberleri nädip gylyç bilen öldürendigi barada aýaly Izebele gürrüň berdi. 2 Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi. 3 Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy. 4 Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.

^ abzas 10 Işaýa 40:28 Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb — ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez. 29 Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar.

^ abzas 55 SURATLAR: Ýehowanyň perişdesi ýuwaşlyk bilen Ylýasy oýarýar we oňa çörek bilen suw berýär.

^ abzas 57 SURATLAR: Asafyň neslinden bolan bir mezmurçy beýleki lewiler bilen bilelikde nagma aýdýar we mezmurlary ýazýar.