Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 27

Yzarlamalara häzirden taýýarlanyň

Yzarlamalara häzirden taýýarlanyň

«Mesih Isanyň şägirdi hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar» (2 Tim. 3:12).

154-NJI AÝDYM Çydamly bolalyň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Biz näme üçin yzarlamalara taýyn bolmaly?

ÖLÜMINIŇ öň ýanyndaky gije Isa Ýehowa doga edende, öz şägirdi bolmak isleýän adamlaryň ýigreniljekdigini aýdypdy (Ýah. 17:14). Şondan bäri hakykatyň duşmanlary Hudaýyň gullukçylaryny yzarlamagyny dowam edýär (2 Tim. 3:12). Şeýtanyň dünýäsiniň soňy golaýlaşdygyça, duşmanlar bize has-da güýçli topular (Mat. 24:9).

2, 3. a) Gorka ýol bermek näme üçin howply? b) Şu makalada nämä serederis?

2 Yzarlamalara nädip häzirden taýýarlanyp bileris? Elbetde, biz bolup biläýjek zatlaryň ählisini göz öňüne getirip oturmaly däl. Ýogsam, gorkmagymyz we çendenaşa alada etmegimiz mümkin. Erbet zatlary göz öňüne getirip otursak, synag başlamanka, hatda Ýehowa gulluk etmegimizi bes etmegimiz ahmal (Sül. tym. 12:25; 17:22). Gorky «duşmanymyz bolan Iblisiň» bize garşy ulanýan güýçli ýaragy (1 Pet. 5:8, 9). Onda yzarlamalarda berk durup biler ýaly näme edip bileris?

3 Şu makalada Ýehowa bilen dostlugymyzy nädip berkidip biljekdigimize we muny näme üçin soňa goýmaly däldigine serederis. Şeýle-de batyrgaýlygymyzy nädip berkidip biljekdigimizi bileris. Soňra bizi ýigrenenlerinde näme edip beljekdigimizi hakda gürrüň ederis.

ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYMYZY NÄDIP BERKIDIP BILERIS?

4. Ýewreýler 13:5, 6-njy aýatlara görä, biz nämä ynamly bolmaly we näme üçin?

4 Ýehowanyň sizi söýýändigine we hiç haçan taşlamajakdygyna ynamly boluň (Ýewreýler 13:5, 6-njy aýatlary okaň). Ençeme ýyl mundan öň «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýlipdi: «Hudaýy gowy tanaýan adam ýowuz yzarlamalara duş gelende, oňa doly bil baglaýar». Bu sözler örän ýerlikli. Dogrudan-da, yzarlamalara duçar bolanymyzda berk durmak üçin, biz Ýehowany söýmeli, oňa doly bil baglamaly we onuň bizi söýýändigine hiç haçan şübhelenmeli däl (Mat. 22:36—38; Ýak. 5:11).

5. Ýehowanyň söýgüsini duýmaga näme kömek eder?

5 Mukaddes Ýazgylary her gün okaň we Ýehowa ýakynlaşmagy maksat ediniň (Ýak. 4:8). Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, Ýehowanyň söýgi, rehimdarlyk we mähribanlyk ýaly häsiýetlerine üns beriň. Şeýle-de Hudaýyň aýdan sözleri we eden işleri hakynda oýlanyň; onuň söýgüsini we aladasyny duýjak boluň (Müs. çyk. 34:6). Käbir adamlara hiç haçan söýgi bildirilmändigi üçin, Hudaýyň olary söýýändigine ynanmak kyn bolýar. Eger sizem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaňyz, Ýehowanyň size nädip rehimdarlyk hem ýagşylyk edendigini her gün belläp alyň (Zeb. 78:38, 39; Rim. 8:32). Başyňyzdan geçiren zatlaryňyzy Mukaddes Ýazgylardan okan zatlaryňyz bilen deňeşdirip görüň. Şonda Ýehowanyň size köp ýagşylyklary edendigine göz ýetirersiňiz. Ýehowanyň berýän bereketleri hakda näçe köp oýlansaňyz, onuň bilen dostlugyňyz şonça-da berk bolar (Zeb. 116:1, 2).

6. Zebur 94:17—19-njy aýatlara görä, biz näme üçin ýürekden doga etmeli?

6 Yzygiderli doga ediň. Kakasynyň gujagynda oturan çagany göz öňüne getiriň. Ol özüni rahat duýýar we günüň dowamynda bolan ähli erbet hem gowy zatlar hakda gürrüň berýär. Şonuň ýaly sizem Ýehowa her gün dogada ýüregiňizi dökseňiz, oňa has-da ýakynlaşarsyňyz (Zebur 94:17—19-njy aýatlary okaň). Ýehowa «ýüregiňizi... suw kimin döküň» we söýgüden doly Ataňyza gorkyňyz hem alada edýän zatlaryňyz hakda aýdyň (Ýer. ag. 2:19). Şonda kalbyňyzda «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygyny» duýarsyňyz (Flp. 4:6, 7). Ýehowa näçe köp ýüregiňizi dökseňiz, şonça-da oňa ýakynlaşarsyňyz (Rim. 8:38, 39).

Ýehowa we Onuň Patyşalygyna bil baglasak, batyrgaý bolmaga kömek eder

Stenli Jonz doganyň Hudaýyň Patyşalygyna bolan ynamy synagda berk durmaga kömek etdi (7-nji abzasa serediň)

7. Hudaýyň Patyşalygy bilen bagly wadalaryny ýerine ýetirjekdigine näme üçin berk iman etmeli?

7 Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerine ynamyňyzy berkidiň (San. 23:19). Eger Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine ynamyňyz berk bolmasa, Şeýtana we onuň ýaranlaryna sizi gorkuzmak aňsat bolar (Sül. tym. 24:10; Ýew. 2:15). Ýehowanyň wadalaryna ynamymyzy nädip berkidip bileris? Şahsy okuwynda, esasanam, Hudaýyň Patyşalygy bilen bagly wadalar hakda oýlanyň we olaryň ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýandygyňyza göz ýetirjek boluň. Munuň nähili peýdasy bar? Imany üçin 7 ýyl türmede oturan Stenli Jonz dogan bilen bolan waka seredeliň. Hudaýa wepaly galmaga oňa näme kömek etdikä? Ol şeýle diýdi: «Men Hudaýyň Patyşalygynyň bardygyna asla şübhelenmeýärdim. Şonuň üçin hiç kim meni Ýehowadan dänderip bilmedi». Eger sizem Hudaýyň wadalaryna ynamyňyzy berkitseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyz berk bolar we gorkmarsyňyz (Sül. tym. 3:25, 26).

8. Ýygnaklara bolan garaýşymyz nämäni görkezýär? Düşündiriň.

8 Ýygnaklara yzygiderli gatnaşyň. Ýygnaklar Ýehowa has-da ýakynlaşmaga kömek edýär. Biziň ýygnaklara bolan garaýşymyz yzarlamalarda wepaly galjakdygymyzy ýa-da galmajakdygymyzy görkezýär (Ýew. 10:24, 25). Eger biz häzir ýygnakdan sebäpsiz galýan bolsak, onda gelejekde dogan-uýalar bilen ýygnanyşmak howply bolanda näme ederis? Emma ýygnaklara häzirden yzygiderli gatnaşsak, duşmanlaryň dogan-uýalar bilen ýygnanyşmagymyza päsgel bermegine ýol bermeris. Häzir ýygnak duşuşyklaryna söýgimizi ösdürmegiň tüýs wagty. Eger şeýtsek, hatda wagyz işimiz kanun taýdan gadagan edilse-de, hiç kim bizi Hudaýyň Sözündäki şu prinsipi bozmaga mejbur edip bilmez: «Biz adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmalydyrys» (Res. 5:29).

Aýatlary we aýdymlary ýat tutuň. Bu size yzarlama duçar bolanyňyzda, kömek eder (9-njy abzasa serediň) *

9. Aýatlary ýat tutmak näme üçin yzarlamalara taýýarlanmagyň gowy usuly diýse bolýar?

9 Gowy görýän aýatlaryňyzy ýat tutuň (Mat. 13:52). Hatda ýatkeşligiňiz gowy bolmasa-da, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly olary ýadyňyza salmaga kömek eder (Ýah. 14:26). Germaniýada bir adamlyk kamerada oturan bir dogan şeýle diýdi: «Tussag edilmänkäm, 200-den gowrak aýat ýat tutupdym. Bu maňa gowy kömek etdi. Türmedekäm, men Ýazgylardaky dürli temalar barada oýlanýardym». Şol aýatlar barada oýlanmak dogana Ýehowa bilen dostlugyny ýitirmezlige we oňa wepaly galmaga kömek etdi.

(10-njy abzasa serediň) *

10. Biz aýdymlary näme üçin ýat tutmaly?

10 Ýehowany şöhratlandyrýan aýdymlary aýdyň we ýat tutuň. Pawlus bilen Silas Filipide türmede otyrka, Hudaýa öwgüli aýdymlary aýtdylar (Res. iş. 16:25). Sowet Soýuzy döwründe dogan-uýalary Sibire sürgün edenlerinde-de, olar imanda berk durdular. Olara näme kömek etdikä? Mariýa Fedun atly uýa şeýle diýýär: «Biz aýdym kitabyndan ýadymyza düşen ähli aýdymlary aýtdyk». Mariýa uýa şol aýdymlaryň olary gaty goldandygyny we Ýehowa bilen dostlugyny gorap saklamaga kömek edendigini gürrüň berýär. Belki, size-de güýç berýän gowy görýän aýdymlaryňyz bardyr. Olary ýat tutsaňyz gowy bolar (« Maňa batyrgaýlyk ber» diýen çarçuwa serediň).

BATYRGAÝ BOLMAK ÜÇIN NÄME EDIP BILERIS?

11, 12. a) 1 Şamuwel 17:37, 45—47-nji aýatlara görä, Dawut näme üçin batyrgaýdy? b) Dawutdan näme öwrenip bileris?

11 Garşylyga duş gelenimizde, bize batyrgaýlyk gerek bolýar. Ýöne size batyrgaý bolmak kyn bolsa näme edip bilersiňiz? Hakyky batyrgaýlygyň adamyň boýuna, ukybyna ýa-da güýjüne bagly däldigini unutmaň. Äpet Jalut pälwan bilen söweşen ýaşajyk Dawut hakda oýlanyp görüň. Jalut bilen deňeşdireniňde, Dawut kiçijik hem ejizdi we söweşe doly taýyn däldi. Onuň hatda gylyjy hem ýokdy. Emma Dawut gaty batyrgaýdy. Ol mertlik bilen özdiýenli äpet pälwanyň garşysyna çykdy.

12 Ýöne Dawut näme üçin özüni şeýle batyrgaý alyp bardyka? Ol Ýehowa doly bil baglaýardy (1 Şamuwel 17:37, 45—47-nji aýatlary okaň) *. Dawut Jaludyň ýanynda özüniň nähili kiçidigi hakda däl-de, Ýehowanyň ýanynda Jaludyň iňňäniň ujy ýaly gaty ujypsyzjadygy hakda oýlandy. Biz mundan näme öwrenýäris? Eger bizem Ýehowanyň hemişe ýanymyzdadygy we Onuň duşmanlarymyzdan gaty güýçlüdigi hakda oýlansak, batyrgaý hereket ederis (2 Ýyl. 20:15; Zeb. 16:8). Ýöne biz yzarlamalar başlamanka has batyrgaý bolmagy nädip öwrenip bileris?

13. Biz nädip has batyrgaý bolup bileris? Düşündiriň.

13 Häzirden batyrgaý bolmagy öwrenmek üçin, biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmeli. Näme üçin? Sebäbi her gezek hoş habary wagyz edenimizde, biz Ýehowa bil baglamagy we adamdan gorkyny ýeňmegi öwrenýäris (Sül. tym. 29:25). Meselem, beden maşkyny edende, adamyň bedeni berkeýär. Şonuň ýaly bizem öýden-öýe, köpçülik ýa iş ýerlerinde we her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edenimizde, has-da batyrgaý bolmagy öwrenýäris. Eger biz häzirden batyrgaý bolmagy öwrensek, wagyz işimiz gadagan edilende hem wagyz etmegimizi bes etmeris (1 Sel. 2:1, 2).

Nensi Ýuen uýa wagyz etmegi gadagan etseler-de, ol wagyz etmegini goýmaýar (14-nji abzasa serediň)

14, 15. Biz Nensi bilen Walentina uýadan näme öwrenip bileris?

14 Biz batyrgaýlygyny görkezen iki wepaly uýamyzdan köp zatlary öwrenip bileris. Nensi Ýuen uýanyň boýy bary-ýogy 1,5 metr bolsa-da, ol gaty batyrgaýdy *. Oňa Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi gadagan etseler-de, ol wagyz etmegini goýmaýar. Şol sebäpli ol 20 ýyl töweregi Hytaýyň türmesinde oturýar. Ony soraga tutan adamlar «tutuş ýurtda şunuň ýaly kesir adam ýok» diýýärler.

Walentina Garnowskaýa Ýehowanyň ony hemişe goldaýandygyna berk ynanýardy (15-nji abzasa serediň)

15 Walentina Garnowskaýa uýa hem Sowet Soýuzy döwründe üç gezek tussag edilýär. Ol türmede jemi 21 ýyl oturýar *. Ol nämede aýyplanýardy? Walentina uýa garşylyklara garamazdan, wagyz etmegini asla bes etmeýärdi. Şol sebäpli ony «örän howply jenaýatçy» hökmünde tussag edýärler. Wepaly uýalarymyza batyrgaý bolmaga näme kömek etdikä? Olar Ýehowa doly bil baglaýardylar.

16. Hakyky batyrgaýlyk nämä bagly?

16 Ýokarda agzalan mysallardan görnüşi ýaly, biziň batyrgaýlygymyz öz güýjümize we ukybymyza bagly däl. Biz Ýehowanyň hemişe ýanymyzdadygyna we biziň üçin söweşýändigine berk iman etmeli (Kan. tag. 1:29, 30; Zak. 4:6). Şeýtsek, hakykatdan batyrgaý bolarys.

ADAMLAR BIZI ÝIGRENSE NÄME EDIP BILERIS?

17, 18. Ýahýa 15:18—21-nji aýatlara görä, Isa näme barada duýdurdy? Düşündiriň.

17 Elbetde, bizi sylap, hormat goýsalar, gaty begenýäris. Emma özümize adamlaryň hormat goýşuna görä baha bersek nädogry bolardy. Isa şeýle diýdi: «Adamlar sizi Ynsan ogly sebäpli ýigrenenlerinde, yzarlanlarynda, sögenlerinde we erbetler hökmünde adyňyza töhmet atanlarynda bagtlysyňyz» (Luka 6:22). Ol nämäni göz öňünde tutduka?

18 Isa adamlar bizi ýigrenende, begenmeli diýjek bolmady. Ol bize nämäniň garaşýandygyny duýdurdy. Mesihçiler bu «dünýäden» däl. Biz Isanyň öwreden taglymatlaryna eýerip ýaşaýarys we onuň göreldesine eýerip, hoş habary wagyz edýäris. Ine şonuň üçin dünýädäki adamlar bizi ýigrenýär (Ýahýa 15:18—21-nji aýatlary okaň). Biz Ýehowanyň ýüregini şatlandyryp ýaşamagy wajyp hasaplaýarys. Şol sebäpli gökdäki Atamyzy söýýändigimiz üçin adamlar bizi ýigrense, ruhdan düşmeýäris.

19. Biz resullaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

19 Adamlar näme diýse-de, näme etse-de, Ýehowanyň Şaýadydygyňyza hiç haçan utanmaň (Mika 4:5). Isanyň ölüminden soň, Iýerusalimde resullaryň näme edendigi hakda oýlansak, adamdan gorkyny ýeňip bileris. Resullar dini ýolbaşçylaryň olary gaty ýigrenýändigini bilýärdi (Res. iş. 5:17, 18, 27, 28). Emma olar şonda-da her gün ybadathana barýardy we hoş habary wagyz edip, özleriniň Isanyň şägirdidigini gizlemeýärdi (Res. iş. 5:42). Dogrudan-da, olar gorkup, wagyz etmegini bes etmeýärdiler. Eger bizem işdeşlerimize, klasdaşlarymyza we goňşularymyza özümiziň Ýehowanyň Şaýadydygymyzy açyk aýtsak, adamdan gorkyny ýeňip bileris (Res. iş. 4:29; Rim. 1:16).

20. Adamlar ýigrense-de resullar näme üçin şatlygyny ýitirmedi?

20 Adamlar ýigrense-de, resullar şatlygyny ýitirmedi. Olar adamlaryň özlerini näme üçin ýigrenýändigini bilýärdi we Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýändigi üçin görgi görmegi hormat hasaplaýardy (Luka 6:23; Res. iş. 5:41). Soňra Petrus resul: «Dogrulyk üçin ejir çekýän bolsaňyz, onda bagtlysyňyz» diýip ýazdy (1 Pet. 2:19—21; 3:14). Bizi hem dogrulyk edýändigimiz üçin ýigrenýärler. Ýöne adamlar bizi näçe ýigrense-de, Ýehowa gulluk etmegimizi bes etmeris.

TAÝÝARLYK GÖRMEGIŇ PEÝDASY

21, 22. a) Yzarlamalara taýýar bolmak üçin näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz? b) Indiki makalada nämä serederis?

21 Adamlaryň bizi haçan güýçli yzarlajakdygyny ýa-da häkimiýetleriň Ýehowa sežde etmegi haçan düýbünden gadagan etjekdigini bilmeýäris. Ýöne bir zada düşünýäris: Biz synaglara häzirden taýýarlanmaly. Munuň üçin Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmeli, batyrgaý bolmagy öwrenmeli we adamlar bizi ýigrense-de, şatlygymyzy ýitirmeli däl. Şeýtsek, synaglara taýyn bolarys.

22 Ýöne ýaşaýan ýeriňizde wagyz işimiz eýýäm gadagan edilen bolsa näme? Indiki makalada wagyz işimiz gadagan edilende, Ýehowa gulluk etmegimizi dowam etmäge kömek etjek prinsiplere serederis.

54-NJI AÝDYM Imanymyzy berkideliň

^ abzas 5 Elbetde, adamlaryň bizi ýigrenmeklerini islemeýäris. Emma iru-giç ählimiz yzarlama duçar bolarys. Bu makala bize batyrgaý bolmaga we yzarlamalara öňünden taýýarlanmaga kömek eder.

^ abzas 12 1 Şamuwel 17:37 Dawut: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi. 45 Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin. 46 Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler. 47 Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».

^ abzas 14 1981-ni ýylyň ýanwar aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňiniň» 4—7-nji sahypalaryna serediň, şeýle-de «Ýehowanyň adyny hemmeler biler» atly wideony görüň (SÖHBETDEŞLIK WE BAŞDAN GEÇIRMELER diýen bölümi saýlaň).

^ abzas 15 2009-njy ýylyň 15-nji aprelinde çykan «Garawul diňiniň» 9-njy sahypasyna serediň.

^ abzas 67 SURATLAR: Maşgala okuwynda bir ene-ata çagalaryna aýatlary ýat tutmagy öwredýär.

^ abzas 70 SURATLAR: Bir maşgala ýygnaga barýarka, Ýehowany şöhratlandyrýan aýdymlary aýdýar.