Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 28

Wagyz işimiz gadagan edilse-de, Ýehowa gulluk etmegiňizi dowam ediň

Wagyz işimiz gadagan edilse-de, Ýehowa gulluk etmegiňizi dowam ediň

«Biz gören we eşiden zatlarymyz hakda gürrüň bermegi bes edip bilmeris» (Res. iş. 4:19, 20).

32-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Käbir ýerlerde wagyz işimiziň gadagan edilmegi bizi näme üçin geň galdyrmaýar? b) Şu makalada nämä serederis?

2018-NJI ýylda wagyz işimiziň gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtlarynda wagyzçylaryň sany 223 müňden hem geçdi. Häkimiýetleriň Hudaýyň halkyny yzarlamagy bizi geň galdyrmaýar. Sebäbi geçen makaladan bilşimiz ýaly, bizi näme üçin yzarlaýandyklaryny gowy bilýäris (2 Tim. 3:12). Nirede ýaşasak-da, häkimiýetler söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa edýän seždämizi duýdansyz gadagan edip biler.

2 Eger ýaşaýan ýurduňyzda wagyz işimiz birden gadagan edilse, şeýle soraglar sizi biynjalyk etmegi mümkin: «Yzarlamalar Hudaýyň bizden razy däldigini görkezýärmi? Wagyz işimiz gadagan edilse, Ýehowa sežde edip bilermikäk? Hudaýa arkaýyn gulluk edip biler ýaly, daşary ýurda göçäýsekmikäk?» Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň. Şeýle-de wagyz işimiz gadagan edilende-de, Ýehowa gulluk etmegimizi nädip dowam edip biljekdigimize we nämeden gaça durmalydygymyza serederis.

YZARLAMALAR HUDAÝYŇ BIZDEN RAZY DÄLDIGINI GÖRKEZÝÄRMI?

3. 2 Korinfliler 11:23—27-nji aýatlara görä, Pawlus resul nähili garşylyklara duçar boldy we biz mundan näme öwrenýäris?

3 Häkimiýetler wagyz işimizi gadagan etse, Hudaý bizden razy dälmikä diýip pikir etmegimiz mümkin. Ýöne bir zady unutmalyň: Yzarlamalar Ýehowanyň bizden närazydygyny aňlatmaýar. Pawlus resul bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Ýehowa oňa çäksiz merhemetini bildiripdi. Pawlus Injiliň 14 hatyny ýazmak hormatyna eýe boldy we özge milletleriň resuly hökmünde saýlandy. Muňa garamazdan, ol ýowuz yzarlamalara duçar boldy (2 Korinfliler 11:23—27-nji aýatlary okaň). Pawlus bilen bolan waka Ýehowanyň öz wepaly gullukçylarynyň yzarlanmagyna käwagt ýol berýändigini görkezýär.

4. Adamlar bizi näme üçin ýigrenýär?

4 Isa yzarlamalara duçar bolanymyzda näme üçin geň galmaly däldigini düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Siz indi dünýädäki adamlar ýaly dälsiňiz. Ine, şonuň üçin hem dünýäniň adamlary sizi ýigrenýär» (Ýah. 15:18, 19). Yzarlamalar Ýehowanyň bize öz patasyny bermegini bes edendigini aňlatmaýar. Gaýtam, bu biziň dogry ýoldan ýöreýändigimizi subut edýär.

WAGYZ IŞIMIZ GADAGAN EDILSE ÝEHOWA SEŽDE EDIP BILERISMI?

5. Adamlar Ýehowa gulluk etmegimizi bes etdirip bilýärmi? Düşündiriň.

5 Adamlar bizi Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa gulluk etmekden saklap bilmeýär. Köp adamlar öň şeýle etjek boldular, ýöne muny başarmadylar. Meselem, II Jahan urşy döwründe näme bolandygyna seredeliň. Uruş döwri häkimiýetler Ýehowanyň Şaýatlaryny zalymlyk bilen yzarlaýardy. Şol döwürler wagyz işimiz diňe bir Germaniýada däl, Awstraliýada, Kanadada we başga ýurtlarda hem gadagan edilipdi. Ýöne bir zada üns beriň. 1939-njy ýylda uruş başlanda, bütin dünýä boýunça 72 müň 475 wagyzçy bardy. 1945-nji ýylda urşuň ahyrynda, olaryň sany 156 müň 299-a ýetdi. Hawa, Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany iki esseden hem köpeldi. Elbetde, bu diňe Ýehowanyň kömegi bilen şeýle boldy.

6. Yzarlamalaryň nähili peýdaly tarapy bar? Mysal getiriň.

6 Yzarlamalar belli bir derejede bizi gorka we aljyraňňylyga salyp biler. Bu adaty zat. Emma munuň peýdaly tarapy hem bar. Yzarlamalar Ýehowa has-da yhlasly gulluk etmäge iterýär. Ýaş çagaly bir är-aýal bilen bolan waka seredeliň. Olar wagyz işimiziň gadagan edilen ýerinde ýaşaýardy. Bu mesihçi är-aýal gorka ýol bermegiň deregine, pioner gullugyna başlaýar. Pioner bolup gulluk etmek üçin uýamyz hatda gowy aýlykly işinden hem çykýar. Doganymyzyň aýtmagyna görä, wagyz işimiz gadagan edilende, köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlary bilen gyzyklanyp başlapdyr. Şonuň üçin adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak hem aňsat bolupdyr. Wagyz işimiziň gadagan edilmeginiň ýene bir gowy tarapy barada şol ýerdäki bir ýaşuly dogan şeýle diýýär: «Öň Ýehowa gulluk etmegini bes eden dogan-uýalaryň köpüsi ýene-de ýygnaklara gatnap we wagyz edip başlady».

7. a) Lewiler 26:36, 37-nji aýatlardan näme öwrenýäris? b) Yzarlamalara duçar bolanymyzda paýhasly hereket etmäge näme kömek eder?

7 Wagyz işimizi gadagan edip, duşmanlar bizi gorkuzjak we Ýehowa gulluk etmegimizi bes etdirjek bolýar. Munuň üçin olar biz barada ýalan zatlary ýaýradyp bilýär. Öýümizi dökmek üçin polisiýa işgärlerini ugradýar, jenaýat işini gozgap, hatda türmä-de basyp bilýär. Olar birini türmä bassak, galanlary gorkudan ýaňa Hudaýa gulluk etmegini bes eder diýip pikir edýär. Emma biz gorka ýol bersek, onda öz-özümize Ýehowa sežde etmegi gadagan eden ýaly bolýarys. Biz Lewiler 26:36, 37-nji aýatlarda (okaň) * agzalýan adamlara meňzäsimiz gelmeýär. Geliň, gorkynyň yhlasymyzy gowşatmagyna we Hudaýa gulluk etmegimizi bes etdirmegine ýol bermäliň. Biz Ýehowa doly bil baglaýarys we gorkup, howsala düşmeýäris (Iş. 28:16). Geliň, Ýehowadan görkezme sorap, doga etmegimizi dowam edeliň. Biz bir zada berk ynanýarys: Eger Ýehowa bilen bolsak, onda hatda iň güýçli hökümdaram bizi oňa wepaly gulluk etmekden saklap bilmez (Ýew. 13:6).

DAŞARY ÝURDA GÖÇÄÝSEMMIKÄM?

8, 9. a) Her bir maşgalabaşy nähili karara gelmeli bolýar? b) Paýhasly karara gelmäge näme kömek eder?

8 Eger ýaşaýan ýeriňizde hökümetler wagyz işimizi gadagan eden bolsa, Ýehowa arkaýyn gulluk edip biler ýaly, başga ýurda göçäýsemmikäm diýýänsiňiz. Bu meselede hiç kim size derek karara gelip bilmeýär. Käbirleri I asyrda yzarlamalara duçar bolan mesihçiler ýaly hereket etmegi dogry hasaplap biler. Stefanusy daşlap öldürenlerinden soň, Iýerusalimdäki mesihçiler tutuş Ýahuda, Samariýa, Finikiýa, Kipre we Antiohiýa dargadylar (Mat. 10:23; Res. iş. 8:1; 11:19). Ýöne başgalar duşmanlar tarapyndan garşylyga duçar bolsa-da, ol ýerden gitmedik Pawlus resulyň göreldesine eýerip biler. Pawlus janyny howp astyna salyp, hoş habary wagyz etmegini we ýowuz yzarlamalara duçar bolýan şäherlerde ýaşaýan imandaşlaryny goldamagyny dowam etdi (Res. iş. 14:19—23).

9 Biz bu wakalardan näme öwrenýäris? Her bir maşgalabaşy maşgala agzalaryna nämäniň peýdaly boljakdygyny çözüp biler. Ýöne bir karara gelmezden öň, Ýehowa doga etmeli, maşgalasyndaky ähli ýagdaýlary we daşary ýurda göçmeginiň gowy hem erbet taraplaryny göz öňünde tutmaly. Her bir mesihçi şu meselede «öz jogapkärçiligini özi çekmeli» (Gal. 6:5). Biz hiç kimi gelen karary üçin ýazgarmaly däl.

WAGYZ IŞIMIZ GADAGAN EDILSE GULLUGYMYZY NÄDIP DOWAM EDIP BILERIS?

10. Filial we ýygnak ýaşululary nähili görkezmeleri berer?

10 Wagyz işimiz gadagan edilse, Ýehowa gulluk etmegimizi nädip dowam edip bileris? Filial ýygnak ýaşulularyna ruhy iýmiti almak, ýygnak duşuşyklaryny geçirmek we hoş habary wagyz etmek babatda gerekli görkezmeleri we maslahatlary berer. Eger filial ýaşulular bilen habarlaşyp bilmese, ýygnak ýaşulularynyň özi ýygnakdaky dogan-uýalar Ýehowa gulluk etmegini dowam edip biler ýaly aladasyny eder. Ýaşulular Mukaddes Ýazgylar we edebiýatlarymyz esasynda size görkezme berer (Mat. 28:19, 20; Res. iş. 5:29; Ýew. 10:24, 25).

11. a) Ruhy iýmitsiz galmajakdygymyza näme üçin ynamly bolup bileris? b) Ruhy iýmitsiz galmaz ýaly näme edip bileris?

11 Ýehowa gullukçylarynyň ruhy taýdan bolluk bilen iýmitlenjekdigini wada berdi (Iş. 65:13, 14; Luka 12:42—44). Şol sebäpli guramamyzyň Hudaýa wepaly galmagyňyz üçin elinde baryny etjekdigine doly ynanyp bilersiňiz. Ýöne siz öz tarapyňyzdan näme edip bilersiňiz? Wagyz işimiz gadagan edilse, Mukaddes Ýazgylaryňyzy we edebiýatlaryňyzy el ýüzünde goýmaň. Çap edilen ýa elektron görnüşi bolsun, olary aňsatlyk bilen tapyp bolaýjak ýerde goýmaň. Her birimiz ruhy taýdan berk bolmak üçin elimizde baryny etmeli.

Ýehowa gorkymyzy ýeňmäge we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga kömek eder (12-nji abzasa serediň) *

12. Göze-başa düşmez ýaly, ýaşulular ýygnak duşuşyklaryny nädip gurnap biler?

12 Her hepde ýygnak duşuşyklary geçirilermi? Ýaşulular ýygnak duşuşyklaryny gurnanda, göze-başa düşmez ýaly aladasyny eder. Mümkin, olar size kiçiräk topar bolup ýygnanyşmagy tabşyrar we duşuşyklaryň geçýän ýerini hem-de wagtyny üýtgedip durar. Şeýle-de adamlaryň ünsüni çekmez ýaly, sadarak geýinmeli bolar.

Wagyz işimiz gadagan edilse-de, biz wagyz etmegimizi bes etmeris (13-nji abzasa serediň) *

13. Sowet Soýuzy döwründe ýaşan imandaşlarymyzdan näme öwrenip bileris?

13 Biz nädip wagyz ederis? Bu ýerli ýagdaýa bagly bolar. Ýöne nähili bolaýanda-da, biz wagyz etmegimizi asla bes etmeris. Sebäbi biz Ýehowany ýürekden söýýäris we Onuň Patyşalygy barada adamlara gürrüň bermek isleýäris (Luka 8:1; Res. 4:29). Emili Beran atly bir taryhçy Sowet Soýuzy döwründe ýaşan Ýehowanyň Şaýatlary barada şeýle diýdi: «Hökümet ýolbaşçylary wagyz etmegi gadagan edende, Şaýatlar öwrenen zatlaryny goňşularyna, işdeşlerine we dost-ýarlaryna gürrüň berýärdi. Wagyz edýändigi üçin konslagerlere ugradanlarynda bolsa, olar ýanyndaky tussaglara wagyz edýärdi». Dogrudan-da, wagyz işiniň gadagan edilmegi şol imandaşlarymyzy hoş habary wagyz etmekden saklap bilmedi. Eger siziňem ýaşaýan ýeriňizde wagyz işimiz gadagan edilse, olaryň galdyran göreldesine eýeriň.

NÄMEDEN SERESAP BOLMALY?

Dymmagyň öz wagtynyň bardygyny unutmalyň (14-nji abzasa serediň) *

14. Zebur 39:1-e görä, biz nämeden gaça durmaly?

14 Artykmaç geplemäň. Wagyz işimiz gadagan edilende, «dymmagyň öz wagtynyň bardygyny» ýatdan çykarmaň (Wag. 3:7). Biz dogan-uýalaryň atlary, ýygnagyň haçan we nirede bolýandygy, nädip wagyz edilýändigi hem-de ruhy iýmiti nädip alýandygymyz barada syr saklamaly bolarys. Biz şeýle maglumatlary hökümet işgärlerine, hatda dost-ýarlarymyza, ýaşaýan ýerimizdäki ýa-da daşary ýurtdaky dogan-garyndaşlarymyza-da aýtmarys. Eger şeýle meselelerde syr saklamasak, imandaşlarymyzyň janyny howp astyna salarys (Zebur 39:1-i okaň).

15. Şeýtan näme etjek bolýar we onuň duzagyna düşmez ýaly näme edip bileris?

15 Ujypsyz zatlar üçin agzybirligiňizi ýumurmaň. Şeýtan «maşgalanyň agzalary öz arasynda agzala bolsa, olaryň maşgalasynyň dargajakdygyny» gowy bilýär (Mar. 3:24, 25). Şonuň üçin ol aramyzda agzalalyk döretmek üçin elinde baryny edýär. Bu ganym duşman biziň özi bilen däl-de, bir-birimiz bilen söweşmegimizi isleýär.

16. Gertrud Pýotsinger uýa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

16 Hatda ruhy taýdan berk mesihçilerem Şeýtanyň bu duzagyna düşmekden seresap bolmaly. Geliň, Gertrud Pýotsinger we Elfride Lýor atly mesh edilen uýalar bilen bolan waka seredeliň. Olar beýleki uýalar bilen bilelikde faşistleriň konslagerinde oturýar. Gertrud uýa Elfridä göriplik edip başlaýar. Sebäbi Elfride konslagerdäki beýleki uýalary berkitmek üçin ruhlandyryjy pikirleri aýdýardy. Biraz wagtdan Gertrud uýa öz bolşundan özi utanyp, Ýehowa ýalbaryp doga edýär. Ol şeýle sözleri ýazdy: «Başgalaryň käbir zatlary senden has gowy edýändigini boýun almagy öwrenmeli ekeni we olaryň biziňkiden köp jogapkärçiliginiň bardygyna gynanmaly däl ekeni». Gertrud uýa göriplik häsiýetini ýeňmäge näme kömek etdikä? Ol Elfride uýanyň gowy häsiýetlerine üns berýär we onuň mähirlidigini boýun alýar. Netijede, onuň bilen arasyny sazlaýar. Gertrud we Elfride uýa konslagerde diri galdy we ýerdäki gullugy tamamlanýança, Ýehowa wepaly boldular. Eger bizem dogan-uýalar bilen aramyzda döreýän düşünişmezligi çözmek üçin elimizde baryny etsek, Şeýtana agzybirligimizi bozmak asla başartmaz (Kol. 3:13, 14).

17. Özdiýenli bolmak näme üçin howply?

17 Özdiýenli bolmaň. Eger jogapkär doganlaryň berýän görkezmesine eýersek, köp kynçylygyň öňüni alarys (1 Pet. 5:5). Geliň, wagyz işimiziň gadagan edilen ýurdunda bolan bir waka seredeliň. Jogapkär doganlar wagyzçylara wagyz edýän adamlaryna edebiýat bermezligi tabşyrýar. Ýöne bir pioner özbaşdak hereket edip, öňküsi ýaly edebiýat paýlamagyny dowam edýär. Soňra näme bolýar? Bir gezek ol käbir dogan-uýalar bilen wagyz edip ýörkä, polisiýa işgärleri saklap, soraga tutýarlar. Olar wagyzçylary yzarlan bolmaly, sebäbi ellerinde wagyzçylaryň paýlan edebiýaty bardy. Biz bu wakadan näme öwrenýäris? Biz jogapkär doganlaryň berýän ähli görkezmesine gyşarnyksyz eýermeli we özbaşdak hereket etmekden gaça durmaly. Ýehowa guramasynda ýolbaşçylyk etmek üçin bellän adamlaryna gulak asanymyzda, hemişe pata berýär (Ýew. 13:7, 17).

18. Näme üçin gerekmejek düzgünleri girizmekden gaça durmaly?

18 Gerekmejek düzgünleri girizmäň. Eger ýaşulular gerekmejek düzgünleri goýsalar, dogan-uýalaryň ýagdaýyny hasam kynlaşdyrar. Ýuraý Kaminskiý atly dogan Çehoslowakiýada wagyz işimiziň gadagan edilen döwrüni ýatlap, şeýle diýýär: «Jogapkär doganlary we ýaşulularyň köpüsini tussag edenlerinde, käbir doganlar gerekmejek düzgünleri girizip, ýygnaklardaky we etraplardaky wagyzçylara näme etmelidigini buýrup başladylar». Ýehowa bize başgalara derek karara gelmäge ygtyýar bermedi. Gerekmejek düzgünleri oýlap tapýan adamlar dogan-uýalary kynçylykdan goraman, gaýtam, «imanlarynyň üstünden agalyk edýär» (2 Kor. 1:24).

ÝEHOWA GULLUK ETMEGIŇIZI HIÇ HAÇAN BES ETMÄŇ

19. 2 Ýyl ýazgylary 32:7, 8-nji aýatlara görä, biz nämä ynamly bolup bileris?

19 Ganym duşmanymyz Şeýtan Iblis Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny yzarlamagyny dowam eder (1 Pet. 5:8; Ylh. 2:10). Şeýtan we onuň tarapdarlary Ýehowa sežde etmegi gadagan etdirmek üçin elinde baryny eder. Emma biz käte gorksak-da, Ýehowa gulluk etmegimizi hiç haçan bes etmeris (Kan. tag. 7:21). Sebäbi Ýehowa biziň arkamyzda; wagyz işimiz gadagan edilse-de, ol bizi hemişe goldar (2 Ýyl ýazgylary 32:7, 8-nji aýatlary okaň) *.

20. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

20 Geliň, ygtyýarly adamlara: «Özüňiz oýlanyp görüň, eýsem, Hudaýa däl-de, size gulak asmak dogrumy? Biz gören we eşiden zatlarymyz hakda gürrüň bermegi bes edip bilmeris» diýen I asyrdaky doganlardan görelde alalyň (Res. iş. 4:19, 20).

137-NJI AÝDYM Bize batyrgaýlyk ber

^ abzas 5 Hökümet ýolbaşçylary Ýehowa gulluk etmegi gadagan etse näme edip bileris? Şu makalada Hudaýa gulluk etmegimizi hiç haçan bes etmez ýaly näme etmelidigimize we nämeden gaça durmalydygymyza serederis.

^ abzas 7 Lewiler 26:36 Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz. 37 Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz.

^ abzas 19 2 Ýyl ýazgylary 32:7 Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. 8 Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.

^ abzas 61 SURATLAR: Suratlaryň ählisinde wagyz işimiziň gadagan edilen ýerinde gulluk edýän Şaýatlar görkezilen. Dogan-uýalar bir doganyň goş-golam goýulýan kiçiräk otagynda duşuşyk geçirýär.

^ abzas 63 SURATLAR: Uýa (çep tarapda) bir aýal bilen gürrüňdeş bolýar we ruhy pikirler bilen paýlaşmak üçin amatly wagta garaşýar.

^ abzas 65 SURATLAR: Polisiýa işgärleri dogany soraga tutýar, ýöne ol ýygnak barada hiç hili maglumat bermeýär.