Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 47

Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?

Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?

«Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy» (2 Tim. 3:16).

37-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi ylhamlanan

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. Näme üçin mesihçiler Musa pygamberiň üçünji kitabyny öwrenmeli?

PAWLUS RESUL ýaş dosty Timoteosa: «Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp... peýdalydyr» diýdi (2 Tim. 3:16). Musa pygamberiň üçünji kitaby hem Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Siz şu kitap barada nähili pikir edýärsiňiz? Käbir adamlar Musa pygamberiň üçünji kitabynda birtopar düzgünler agzalýar, olary şu günler berjaý edip bolmaýar diýýärler, ýöne mesihçiler beýle pikir etmeýär.

2 Musa pygamberiň üçünji kitaby 3 500 ýyl mundan öň ýazylan hem bolsa, Ýehowa «öwüt-nesihat bermek üçin» biziň günlerimize gelip ýetmeginiň aladasyny etdi (Rim. 15:4). Musa pygamberiň üçünji kitaby Ýehowanyň pikirine we duýgularyna düşünmäge kömek edýär. Şonuň üçin biz ony höwes bilen öwrenmeli. Biz Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bu kitapdan ençeme sapak edinip bileris. Geliň, olaryň dördüsi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWANY NÄDIP RAZY ETMELI?

3. Günä geçilýän güni näme üçin gurbanlyk berilýärdi?

3 Birinji sapak. Gurbanlyklarymyz kabul bolar ýaly Ýehowany razy etmeli. Her ýyl günä geçilýän güni ysraýyl halky bir ýere ýygnanardy we baş ruhany gurbanlyk bererdi. Şol gurbanlyklar ysraýyl halkyna günälidigini we bagyşlanmaga mätäçdigini ýatladardy. Şol gün baş ruhany gurbanlyk berlen malyň ganyny iň mukaddes otaga getirmänkä, ýene bir möhüm işi ýerine ýetirmelidi. Baş ruhanynyň etmeli işi halkyň günäleriniň bagyşlanmagyndan-da has wajypdy.

(4-nji abzasa serediň) *

4. 3 Musa 16:12, 13-nji aýatlara görä, günä geçilýän güni baş ruhany iň mukaddes otaga birinji gezek girende näme edýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).

4 3 Musa 16:12, 13-nji aýatlary okaň. Geliň, günä geçilýän güni bolýan wakalary göz öňüne getireliň. Baş ruhany çadyra girýär. Şol gün ol iň mukaddes otaga üç gezek girmelidi. Ine, ol birinji gezek girýär. Onuň bir elinde hoşboý ysly tütetgiden doly gap, beýleki elinde bolsa, közden doly altyn külatar bar. Ol iň mukaddes otagyň girelgesindäki tutynyň öňünde biraz säginýär. Baş ruhany Ýehowa uly hormat goýup, iň mukaddes otaga girýär-de, äht sandygynyň öňünde durýar. Göýä ol Ýehowa Hudaýyň öňünde duran ýalydy. Baş ruhany mukaddes tütetgini közüň üstüne guýanda otagyň içi hoşboý ysdan dolýar *. Soňra ol günä gurbanlyklarynyň ganyny alyp, mukaddes otaga ýene-de girer. Üns beren bolsaňyz, baş ruhany günä gurbanlyklaryny bermezden öň tütetgini ýakýar.

5. Günä geçilýän güni baş ruhanynyň tütetgi ýakmagyndan näme öwrenýäris?

5 Günä geçilýän güni baş ruhanynyň tütetgi ýakmagyndan näme öwrenýäris? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň dogasy tütetgi bilen deňeşdirilýär (Zeb. 141:2; Ylh. 5:8). Ýokarda aýdylyşy ýaly, baş ruhany Ýehowanyň huzurynda tütetgi ýakmagy uly hormat hasaplaýardy. Şonuň ýaly biz hem Ýehowa çuňňur hormat goýup, doga edýäris. Biz Ýehowa örän minnetdar, sebäbi ol älem-jahanyň Eýesi hem bolsa, mähirli ata kimin özüne ýüzlenmäge we ýakynlaşmaga rugsat berýär (Ýak. 4:8). Alla bizi dosty hasaplaýar (Zeb. 25:14). Biz muny şeýle gymmat saýýarys welin, Ony asla gynandyrmak islemeýäris.

6. Baş ruhanynyň gurbanlyk bermezden öň tütetgi ýakmagy Isa barada nämäni mälim edýär?

6 Ýadyňyzda bolsa, baş ruhany gurbanlyk bermezden öň tütetgini ýakmalydy. Şonda ol ilki Ýehowany razy edýärdi, soňra gurbanlygy hödürleýärdi. Baş ruhanynyň eden işi Isa barada nämäni mälim edýär? Isa ýer ýüzünde ýaşanda, örän ähmiýetli iş etmelidi. Bu iş adamlary halas etmek üçin Isanyň janyny gurban bermeginden has wajypdy. Isa näme etmelidi? Onuň gurbanlygy kabul bolar ýaly, Isa ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly bolup, gulak asmalydy. Şonda Isa Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşamagyň iň dogry ýoldugyny, Atasynyň höküm sürmäge haklydygyny we Ýehowanyň adalatly hökümdardygyny subut ederdi.

7. Näme üçin Ýehowa Isanyň bütin ömrüne eden işlerinden razydy?

7 Isa ömrüniň ahyryna çenli Ýehowanyň adyl talaplaryna kämil derejede tabyn boldy. Ol synaga düşse-de, kynçylyk çekse-de, gynalyp öldüriljekdigini bilse-de, Atasynyň adalatly hökümdardygyny subut etmegi ýüregine düwüpdi (Flp. 2:8). Isa kyn ýagdaýlarda Ýehowa «ahy-nala we gözýaşlar bilen» dileg etdi (Ýew. 5:7). Isanyň ýürekden eden dogalary Ýehowa wepalydygyny we gulak asmak isleýändigini görkezýärdi. Isanyň doga-dilegleri Ýehowa üçin hoşboý ysly tütetgi ýalydy. Isa ömrüniň ahyryna çenli Ýehowany razy etdi we Onuň hökümdarlygyny aklady.

8. Biz Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

8 Ýehowa gulak asyp, wepaly bolmak we kanunlaryny berjaý etmek üçin elimizde baryny etsek, Isanyň göreldesine eýereris. Biz Hudaýy razy etmek isleýäris, şonuň üçin synaga uçranymyzda Ýehowadan kömek sorap, doga-dileg edýäris we Onuň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy subut edýäris. Biz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etsek, ol dogalarymyzy diňlemez, halaýan işlerini etsek, ýürekden edýän dogalarymyz hoşboý ysly tütetgi kimin ýakymly bolar. Gökdäki Atamyza wepaly bolsak we gulak assak, ýüregini şatlandyryp bileris (Nak. 27:11).

HUDAÝA SÖÝGI WE MINNETDARLYK BILEN GULLUK EDÝÄRIS

(9-njy abzasa serediň) *

9. Ysraýyllar parahatlyk gurbanlygyny näme üçin beripdirler?

9 Ikinji sapak. Biz Ýehowa minnetdardygymyz üçin gulluk edýäris. Geliň, ysraýyl halkynyň seždesiniň bir bölegi bolan parahatlyk gurbanlygy barada gürrüň edeliň *. Musa pygamberiň üçünji kitabynda ysraýyllaryň parahatlyk gurbanlygyny «minnetdarlyk hökmünde berendikleri» aýdylýar (3 Mus. 7:11—13, 16—18). Olar borçly bolandyklary üçin däl-de, isleýändikleri üçin gurbanlyk berýärdiler. Ysraýyllar Ýehowa Hudaýy söýýändikleri üçin, göwnünden çykaran gurbanlygyny hödürleýärdiler. Olar beren gurbanlygynyň etini maşgalasy we ruhanylar bilen iýýärdiler. Ýöne gurbanlyk berlen malyň käbir bölekleri diňe Ýehowa hödürlenýärdi. Olar haýsylar?

(10-njy abzasa serediň) *

10. 3 Musa 3:6, 12, 14—16-njy aýatlarda agzalýan parahatlyk gurbanlygynyň Isanyň gullugy bilen nähili meňzeşligi bar?

10 Üçünji sapak. Biz Ýehowany söýýäris, şonuň üçin iň gowy zadymyzy bermek isleýäris. Ýehowa malyň ýagyny iň gowy bölegi hasaplaýardy. Şeýle-de malyň böwregini we başga-da käbir böleklerini Ýehowa hödürlemelidi (3 Musa 3:6, 12, 14—16-njy aýatlary okaň). Ysraýyllar malyň ýagyny we böwregini meýletinlik bilen hödürlände, Ýehowa örän begenýärdi. Şeýle gurbanlygy berýän adam Hudaýa iň gowy zadyny bermek isleýändigini görkezýärdi. Şonuň ýaly Isa hem bütin ýüregi bilen Ýehowany söýýändigi üçin, elinde baryny edip gulluk edýärdi (Ýah. 14:31). Isa Hudaýyň islegini ýerine ýetirip şatlanýardy we Hudaýyň kanunlaryny söýýärdi (Zeb. 40:8). Isanyň höwes bilen gulluk edýändigini görüp, Ýehowa örän begenendir!

Ýehowany söýýändigimiz üçin iň gowy zadymyzy berýäris (11, 12-nji abzaslara serediň) *

11. Biziň gullugymyzyň parahatlyk gurbanlygy bilen nähili meňzeşligi bar we muny bilmek bize nädip teselli berýär?

11 Ýehowa Hudaýa meýletinlik bilen edýän gullugymyzy parahatlyk gurbanlygy bilen deňeşdirse bolýar. Şeýdip, biz Ýehowany güýçli söýýändigimizi görkezýäris. Biz Ýehowany ýürekden söýýändigimiz üçin, oňa iň gowy zadymyzy bermek isleýäris. Ýehowa millionlarça adamlaryň söýgi we höwes bilen gulluk edýändigini görüp örän begenýär. Ýehowanyň diňe bir edýän işimizi däl, eýsem niýetimizi hem gymmat saýýandygyny bilmek teselli berýär. Eger siz garrylyk sebäpli öňkiňiz ýaly köp işleri edip bilmeýän bolsaňyz, Ýehowanyň ýagdaýyňyza düşünýändigini unutmaň. Belki, siz berýän «gurbanlygyňyz» ujypsyzja hasaplaýansyňyz, ýöne Ýehowa siziň eliňizde baryny edip, söýgi bilen edýän işleriňizi görýär. Ol siziň ýürekden berýän «gurbanlygyňyzy» höwes bilen kabul edýär.

12. Ysraýyllaryň beren parahatlyk gurbanlyklary Ýehowa nähili täsir edýärdi we muny bilmek bizi nädip ruhlandyrýar?

12 Ysraýyllaryň beren parahatlyk gurbanlygyndan näme öwrenýäris? Malyň iň gowy bölekleri otda ýakylanda göge göterilen tüssesi Ýehowa ýaraýardy. Şonuň ýaly biziňem yhlasly gullugymyzyň Ýehowany razy edýändigine ynamly bolup bileris (Kol. 3:23). Göz öňüne getiriň, Ýehowa size seredip, mähirli ýylgyrýar. Az bolsun, köp bolsun, Ýehowa siziň yhlas bilen edýän gullugyňyzy gymmat saýýar we hiç haçan unutmaz (Mat. 6:20; Ýew. 6:10).

ÝEHOWA GURAMASYNY GOLDAÝAR

13. 3 Musa 9:23, 24-nji aýatlara görä, Ýehowa ruhanylardan razydygyny nädip görkezdi?

13 Dördünji sapak. Ýehowa guramasynyň ýer ýüzündäki bölegini goldaýar. Geliň, b. e. öň 1512-nji ýylda bolan wakany bileliň. Sinaý dagynyň eteginde mukaddes çadyr guruldy (2 Mus. 40:17). Musa pygamber Harun bilen ogullaryny ruhanylyga bellemek dabarasyny geçirdi. Ysraýyl halky ruhanylaryň berýän ilkinji mal gurbanlygyny görmek üçin üýşdüler (3 Mus. 9:1—5). Ýehowa täze bellenen ruhanylardan razydygyny nädip görkezdi? Musa bilen Harun halka ak pata berenden soň, gökden ot gelip, gurbanlyk ojagyndaky gurbanlyklary ýakyp kül etdi (3 Musa 9:23, 24-nji aýatlary okaň).

14. Ýehowanyň Harunyň neslinden bolan ruhanylary goldandygyny bilmek näme üçin wajyp?

14 Baş ruhany bellenende gökden inen ot nämäni görkezýär? Ýehowa Harun bilen ogullaryny ruhanylyga belläp, olary goldaýandygyny görkezdi. Ysraýyl halky muny görende, ruhanylary goldamalydygyna düşündi. Munuň bize nähili degişli ýeri bar? Ysraýyl ruhanylary has beýik ruhanylaryň kölegesidi. Muňa beýik baş ruhany Isa we gökde onuň bilen höküm sürjek 144 000 sany patyşalar hem-de ruhanylar degişli (Ýew. 4:14; 8:3—5; 10:1).

Ýehowa guramasyny goldaýar we görkezme berýär. Biz hem guramamyzy bütin ýüregimiz bilen goldaýarys (15—17-nji abzaslara serediň) *

15, 16. Ýehowa «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» goldaýandygyny nädip görkezýär?

15 1919-njy ýylda Isa kiçi topardan ybarat bolan saýlanan doganlary «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» edip belledi. Wepaly hyzmatkär wagyz işine ýolbaşçylyk edýär we Isanyň şägirtlerine «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny berýär» (Mat. 24:45). Siz Hudaýyň wepaly hem paýhasly hyzmatkäri goldaýandygyny görkezýän subutnamalary görýärsiňizmi?

16 Şeýtan we onuň tarapdarlary wepaly hyzmatkäriň işini togtatmak üçin elinde baryny edýär. Eger Ýehowanyň goldawy bolmasa, wepaly hyzmatkär şeýle işleri başarmazdy. Ýer ýüzünde iki sany jahan urşy boldy we ykdysadyýetiň pese düşmegi sebäpli köpler ejir çekýär. Şeýle-de Hudaýyň halky adalatsyzlyk bilen yzarlanýar. Muňa garamazdan, wepaly hem paýhasly hyzmatkär Isanyň şägirtlerine ruhy iýmit berýär. Häzir edebiýatlarymyz 900-den gowrak dilde terjime edilýär we edebiýatlar üçin pul alynmaýar. Bu zatlar Hudaýyň wepaly hyzmatkäri goldaýandygyny subut edýär. Hoş habaryň «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilmegi hem Ýehowanyň guramasyny goldaýandygyny görkezýär (Mat. 24:14). Dogrudan-da, şu günler Ýehowa guramasyny goldaýar we görkezme berýär.

17. Biz Ýehowanyň guramasyny goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

17 Biziň her birimiz: «Men Ýehowanyň guramasynyň agzasydygyma begenýärinmi?» diýen sorag hakda oýlansak gowy bolar. Ýehowa Musanyň we Harunyň günlerinde bellän adamlaryndan razydygyny görkezmek üçin gökden ot inderipdi. Ýehowa şu günlerem guramasyny goldaýandygyny mese-mälim subut edýär. Biz muňa örän minnetdar (1 Sel. 5:18). Ýehowanyň guramasyny goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň üçin edebiýatlarymyzda, ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde Mukaddes Kitaba esaslanyp berilýän görkezmelere eýermeli. Şeýle-de wagyz we tälim bermek işine yhlasly gatnaşmaly (1 Kor. 15:58).

18. Siz näme etmegiňizi ýüregiňize düwdüňiz?

18 Geliň, Musa pygamberiň üçünji kitabyndan öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmagy ýüregimize düweliň. Ýehowa gurbanlygymyzy kabul eder ýaly, Onuň razylygyny gazanalyň. Ýehowa minnetdar bolup, gulluk edeliň. Ony çyn ýürekden söýýändigimiz üçin iň gowy zadymyzy bereliň. Şeýle-de Ýehowanyň ak pata berýän guramasyny höwes bilen goldalyň. Şonda biz Ýehowanyň Şaýady bolmak hormatyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris.

63-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolmak

^ abzas 5 Musa pygamberiň üçünji kitabynda Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren kanunlary ýazylan. Mesihçilerden şol kanunlary berjaý etmek talap edilmese-de, olary öwrenip köp peýda alyp bileris. Şu makalada Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

^ abzas 4 Çadyrda ýakylýan tütetgi mukaddes hasaplanýardy we ysraýyllar ony diňe Ýehowa sežde edenlerinde ulanýardy (2 Mus. 30:34—38). Ýöne I asyrdaky mesihçileriň sežde edenlerinde tütetgi ýakandygy barada hiç hili maglumat ýok.

^ abzas 9 Parahatlyk gurbanlygy barada köpräk bilmek üçin «Mukaddes Kitaba düşünmek» (rus.) kitabynyň «Gurbanlyklar» diýen makalasynyň «Parahatlyk gurbanlygy» diýen sözbaşysyna we 2012-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňine» (sah. 18, abz. 11) serediň.

^ abzas 54 SURAT: Günä geçilýän güni Ysraýylyň baş ruhanysy iň mukaddes otaga girip, mukaddes tütetgini közüň üstüne guýanda, otagyň içi hoşboý ysdan dolýar. Soňra ol günä gurbanlygynyň ganyny alyp, iň mukaddes otaga ýene-de girýär.

^ abzas 56 SURAT: ysraýyllardan bir adam parahatlyk gurbanlygy hökmünde bir goýny ruhana getirip berýär. Ol maşgalasy bilen Ýehowa minnetdarlygyny görkezmek isleýär.

^ abzas 58 SURAT: Isa ýer ýüzünde gulluk edende, Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirdi we şägirtlerine-de öwretdi. Şeýdip, Ýehowany çyn ýürekden söýýändigini görkezdi.

^ abzas 60 SURAT: garryja uýamyz ýarawsyzdygyna garamazdan, hat arkaly wagyz edip, Ýehowa iň gowy zadyny berýär.

^ abzas 62 SURAT: 2019-njy ýylyň fewralynda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gerrit Lýoş dogan «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» täzeden seredilen görnüşiniň nemes dilinde çykandygyny habar berýär. Germaniýadaky wagyzçylar Mukaddes Kitabyň täzeden seredilen görnüşini wagyzda ulanýarlar.