Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Azar berenlerinde Ýehowa bil bagla

Azar berenlerinde Ýehowa bil bagla

Saňa biri azar berse, ruhdan düşüp, özüňi alaçsyz duýmagyň mümkin. Eger Ýehowa sežde edýändigiň üçin azar berseler, ruhy saglygyňa hem zyýan ýetip biler. Şeýle ýagdaýda özüňi nädip gorap bilersiň?

Gadymy döwürde ýaşan Ýehowanyň gullukçylaryna hem azar berýärdiler. Ýöne olar Ýehowa bil baglap muňa döz geldiler (Zb 18:17). Meselem, zalym Haman Esteriň halkyny ýok etmegiň küýüne düşýär (Est 7:1—6). Şonda Ester agyz bekläp, Ýehowa bil baglaýar we Hamanyň erbet niýeti hakda patyşa aýdýar (Est 4:14—16). Ýehowa Esteriň eden tagallasyna ak pata berip, halkyny halas edýär.

Eger saňa azar berýän bolsalar, Ýehowadan kömek sora we ene-ataňa ýa-da ululardan birine kynçylygyň hakda aýt. Estere kömek edişi ýaly, Ýehowanyň seni hem goldajakdygyna ynamly bol. Azar berenlerinde ýene näme edip bilersiň?

«ÝETGINJEKLIK ÝYLLARYM. MEKDEPDE AZAR BERSELER NÄME ETMELI?» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ýaşlar Çarli bilen Ferinadan näme öwrenip biler?

  • Çarli bilen Ferinanyň aýdan sözlerinden görnüşi ýaly, ene-atalar çagalaryna nädip kömek edip biler?