Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 4

«Mukaddes ruh ýüregimizde... ynam döredýär»

«Mukaddes ruh ýüregimizde... ynam döredýär»

«Mukaddes ruh ýüregimizde Hudaýyň perzendidigimize ynam döredýär» (Rim. 8:16).

147-NJI AÝDYM Aýratyn gulluk!

MAZMUNY *

Ýehowa Pentikost güni Isanyň 120 şägirdine gudrat bilen mukaddes ruhuny berdi (1, 2-nji abzaslara serediň)

1, 2. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni nähili täsin waka boldy?

ÝEKŞENBE GÜNI säher bilen Iýerusalimde täsin bir waka bolup geçýär. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň 120-ä golaý şägirdi bir jaýyň ýokarky otagynda ýygnanyşýar (Res. 1:13—15; 2:1). Şondan birnäçe gün öň Isa olara Iýerusalimde galmagy tabşyrypdy; olara üýtgeşik sylag garaşýardy (Res. 1:4, 5). Geliň, soňra näme bolandygyny bileliň.

2 Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Birdenkä güýçli ýeliň öwsüşi kimin gökden bir ses geldi, sesi jaýda oturanlaryň hemmesi eşitdi. Şonda ot ýalynlaryna meňzeş diller peýda boldy-da, bölünip, her şägirdiň üstünde durdy. Olaryň hemmesi mukaddes ruhdan doldy» (Res. 2:2—4). Şeýle üýtgeşik usul bilen olaryň üstüne Ýehowanyň mukaddes ruhy indi (Res. 1:8). Şeýdip, olar ilkinji bolup mukaddes ruh arkaly saýlanyp *, Isa bilen gökde höküm sürmek umydyna eýe boldular.

MESIHÇI GÖKDÄKI ÝAŞAÝYŞ ÜÇIN SAÝLANANDA NÄME BOLÝAR?

3. Pentikost güni saýlanan mesihçiler nämä şübhelenmeýärdi we näme üçin?

3 Eger siz hem 120 şägirdiň biri bolan bolsaňyz, şol gün bolan zatlar hiç haçan ýadyňyzdan çykmazdy! Göz öňüne getiriň, siziň başyňyzda ot ýalynlary peýda bolup, gudrat bilen dürli dillerde gepläp başlaýarsyňyz! (Res. 2:5—12). Şonda siz özüňiziň gökdäki ýaşaýyş üçin saýlanandygyňyza birjik-de şübhelenmezdiňiz. Ýöne gökde höküm sürjekleriň ählisi gudrat bilen we şol bir wagtda saýlanýarmy? Ýok. Biz muny nireden bilýäris?

4. I asyrdaky mesihçileriň ählisi şol bir wagtda saýlandymy? Düşündiriň.

4 Geliň, käbir mesihçileriň haçan saýlanandygyny bileliň. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni 120 şägirtden başga-da mukaddes ruh arkaly saýlanan mesihçiler bardy. Şol gün 3 müňe golaý adam suwa çümdürilip, mukaddes ruh sylagyny aldy (Res. 2:37, 38, 41). Ýöne şondan soňky ýyllar mesihçileriň hemmesi suwa çümdürilende saýlanmady. Meselem, samariýalylar suwa çümdürilenine biraz wagt geçensoň saýlandy (Res. 8:14—17). Korneliý bilen onuň öý-içerisindäkiler bolsa suwa çümdürilmezinden öň mukaddes ruh arkaly saýlanypdy (Res. 10:44—48).

5. 2 Korinfliler 1:21, 22-nji aýatlara görä, adam mukaddes ruh arkaly saýlananda näme bolup geçýär?

5 Geliň, indi adam gökdäki ýaşaýyş üçin saýlananda, näme bolup geçýändigini bileliň. Käbir adamlara Hudaýyň olary gökde ýaşamak üçin saýlandygyna ynanmak birbada kyn bolýar. Olar: «Hudaý meni näme üçin saýladyka?» diýip geň galýar. Ýöne başgalar beýle pikir etmeýär. Her näme bolaýanda-da, Pawlus resul adam saýlananda näme bolup geçýändigini şeýle düşündirýär: «Siz... iman edip, Hudaýyň Mesih arkaly wada beren mukaddes ruhy bilen möhürlendiňiz *. Mukaddes ruh Hudaýyň wada beren zadyny aljakdygymyza kepil geçýändir» (Efes. 1:13, 14). Diýmek, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly olary gökde ýaşamak üçin saýlandygyna doly ynam döredýär. Şeýlelikde, olara Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly «möhür basylýar» we ýer ýüzünde däl-de, gökde ýaşajakdygyna ynam döreýär (2 Korinfliler 1:21, 22-nji aýatlary okaň).

6. Mesihçi gökde ýaşamak sylagyny almak üçin näme etmeli?

6 Eger mesihçi saýlansa, şol bada gökde ýaşamak sylagyny alýarmy? Elbetde, ýok. Ol özüniň göge çagyrylandygyna ynamly bolsa-da, şu wajyp duýduryşy ýatdan çykarmaly däl: «Doganlar, Hudaýyň çagyranlary we saýlanlary hökmünde wepaly bolmaga jan ediň. Eger mundan beýläk-de şol häsiýetlere görä ýaşasaňyz, hiç haçan ýykylmarsyňyz» (2 Pet. 1:10). Diýmek, mesihçi gökde ýaşamak üçin saýlansa-da, bu sylag oňa soňuna çenli wepaly galsa berler (Flp. 3:12—14; Ýew. 3:1; Ylh. 2:10).

MESIHÇI SAÝLANANDYGYNY NÄDIP BILÝÄR?

7. Mesihçiler gökde ýaşamak üçin saýlanandygyny nädip bilýär?

7 Dogan ýa-da uýa özüniň göge çagyrylandygyny nädip bilmeli? Munuň jogabyny Pawlusyň Rimdäki «mukaddes bolmaga çagyrylanlara» aýdan sözlerinden bilse bolýar. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň ruhy gorkuzyp, gul edýän däldir. Ol bizi ruhy arkaly ogullyga kabul etdi, şol ruh arkaly: „Atam jan!“ diýip çagyrýarys. Mukaddes ruh ýüregimizde Hudaýyň perzendidigimize ynam döredýär» (Rim. 1:7; 8:15, 16). Hudaý mesihçini gökde ýaşamak üçin saýlandygyny mukaddes ruhy arkaly aýan edýär (1 Sel. 2:12).

8. 1 Ýahýa 2:20, 27-nji aýatlara görä, mesihçä saýlanandygyna biriniň ynandyrmagy näme üçin gerek däl?

8 Ýehowa gökde ýaşamaga çagyrylanlaryň ýüreginde hem aňynda birjik-de şübhe galdyrmaýar (1 Ýahýa 2:20, 27-nji aýatlary okaň). Ýöne olar hem beýleki mesihçiler ýaly Ýehowanyň ýygnagyň üsti bilen berýän tälimini almaly. Emma saýlanan mesihçileriň göge çagyrylandygyna olary başga biriniň ynandyrmagy gerek däl. Ýehowa älem-jahanda ägirt güýji bolan mukaddes ruhy arkaly olara saýlanandygyny açyp berýär!

OLAR «TÄZEDEN DOGULÝAR»

9. Efesliler 1:18-e görä, mesihçi saýlananda nähili üýtgeşiklik bolýar?

9 Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsine saýlanan mesihçiniň nähili duýgulary başdan geçirýändigine düşünmek kyn bolýar. Mümkin, olaryň özleri saýlanmandygy üçin şeýle bolýandyr. Soňam Hudaý adamlary gökde däl-de, ýer ýüzünde ýaşamak üçin ýaradypdy (1 Mus. 1:28; Zeb. 37:29). Emma Ýehowa adamlaryň käbirini gökde ýaşamak üçin saýlady. Hudaý mesihçileri gökdäki ýaşaýyş üçin saýlanda, olaryň pikirini hem umydyny düýpgöter üýtgedýär. Şol sebäpli olar göge gitmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Efesliler 1:18-i okaň).

10. «Täzeden dogulmak» nämäni aňladýar? (Çykgyda serediň).

10 Mesihçiler mukaddes ruh arkaly saýlananda, «täzeden dogulýar» ýa-da «gökden dogulýar» *. Isa hem saýlanmadyk adamyň «täzeden doglan» ýa-da «mukaddes ruhdan doglan» mesihçiniň ýagdaýyna we duýgularyna düşünip bilmeýändigini aýdypdy (Ýah. 3:3—8).

11. Saýlanan mesihçiniň garaýşynyň nädip üýtgeýändigini düşündiriň.

11 Mesihçi saýlananda nädip başgaça pikirlenip başlaýar? Ýehowa saýlamanka, olar ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Olar Ýehowanyň ýeri ähli erbetlikden arassalap, Jennete öwürjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Mümkin, olar aradan çykan maşgala agzalarynyň ýa-da dost-ýarlarynyň direlişini görmegi arzuw edýändir. Emma olar saýlanansoň başgaça pikirlenip başlaýar. Nädip? Olar indi ýerde ýaşamaga umyt etmeýär. Elbetde, olar ýer ýüzündäki ýaşaýyşdan ýa-da kynçylyklardan ýadandygy üçin şeýle pikir etmeýär. Ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamak içgysgynç bolar öýtmeýär. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly olaryň pikirini hem umydyny üýtgedýär.

12. 1 Petrus 1:3, 4-nji aýatlara görä, saýlananlar gökde ýaşamak umydyna nähili garaýar?

12 Käbir saýlanan mesihçiler beýle hormata özüni mynasyp görmän biler. Ýöne Ýehowanyň olary gökde ýaşamak üçin saýlandygyna hijem şübhelenmeýärler. Saýlananlar göge galjakdygy hakda oýlananda, ýüregi şatlykdan dolup, minnetdar bolýarlar (1 Petrus 1:3, 4-nji aýatlary okaň).

13. Saýlanan mesihçiler ýerdäki ýaşaýşyna nähili garaýar?

13 Saýlanan mesihçiler göge gitmäge howlugýarmy? Munuň jogabyny Pawlus resulyň aýdan sözlerinden bilse bolýar. Ol saýlananlaryň bedenini çadyr bilen deňeşdirip: «Biz häzirki ýaşaýan çadyrymyzda gaýgy-aladadan ýaňa ahy-nala çekýäris. Häzirki çadyrdan çykmaga howlukmasak-da, başgasyna gowuşmak isleýäris. Şonda ölmän baky ýaşarys» diýdi (2 Kor. 5:4). Elbetde, bu sözler saýlananlaryň ýerdäki ýaşaýşa bolan höwesiniň gaçandygy üçin, çaltrak ölmek isleýändigini aňlatmaýar. Gaýtam olar her bir gününi maşgalasy we dost-ýarlary bilen bilelikde Ýehowa gulluk edip, şadyýan geçirmek isleýär. Her näme bolaýanda-da, olar gökde ýaşamaga bolan ajaýyp umydyny hemişe ýadynda saklaýar (1 Kor. 15:53; 2 Pet. 1:4; 1 Ýah. 3:2, 3; Ylh. 20:6).

ÝEHOWA SENI SAÝLADYMY?

14. Haýsy zatlar mesihçiniň saýlanandygyny aňlatmaýar?

14 Belki-de, siz mukaddes ruh bilen saýlandymmykam diýip oýlanýansyňyz. Eger şeýle bolsa şu wajyp soraglar hakda oýlanyň: Men Ýehowanyň islegini janym-tenim bilen berjaý edýärinmi? Wagyz işine yhlasly gatnaşýarynmy? «Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna düşünmek» üçin Mukaddes Kitaby erjellik bilen öwrenýärinmi? (1 Kor. 2:10). Wagyz gullugymy Ýehowanyň üýtgeşik ýollar bilen patalaýandygyny görýärinmi? Başgalara ruhy taýdan ösmäge kömek etmäge özümi has-da jogapkärli hasaplaýarynmy? Ýehowanyň durmuşymyň her bir ýagdaýynda goldandygyny duýýarynmy? Eger şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz, bu siziň gökde ýaşamak üçin saýlanandygyňyzy aňladýarmy? Elbetde, ýok. Sebäbi saýlanan bolsa-da, bolmasa-da, Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi şeýle duýgulary başdan geçirýär. Şeýle-de Ýehowa mukaddes ruhy arkaly ýerde ýa gökde ýaşamaga umyt edýän gullukçylarynyň her birine güýç berýär. Eger siz saýlandymmy ýa saýlanmadym diýip şübhelenýän bolsaňyz, munuň özi siziň saýlanmandygyňyzy görkezýär. Gökde ýaşamak üçin çagyrylan adamyň ýüreginde hiç wagt şübhe döremeýär.

Ýehowa Ybraýym pygambere we aýaly Bibisara, Dawut patyşa, suwa çümdürýän Ýahýa täsin işleri etmek üçin mukaddes ruhuny berse-de, olary gökde ýaşamak üçin saýlamady (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15. Hudaýyň mukaddes ruhuny alan adamlaryň ählisiniň göge gitmeýändigini nireden bilýäris?

15 Mukaddes Kitapda Hudaýyň mukaddes ruhuny alan imany berk adamlar hakda aýdylýar. Ýöne olar gökde ýaşamaga umyt etmeýärdi. Meselem, Hudaýyň mukaddes ruhy Dawuda ýol görkezýärdi (1 Şam. 16:13). Mukaddes ruh oňa Ýehowa hakda çuňňur zatlara düşünmäge kömek etdi we Mukaddes Kitabyň käbir parçalaryny ýazmaga ylham berdi (Mar. 12:36). Emma Petrus resul Dawudyň «göge galmandygyny» aýtdy (Res. 2:34). Ýehowa suwa çümdürýän Ýahýa hem «mukaddes ruhuny beripdi» (Luka 1:13—16). Isa: «Adamlaryň arasynda... Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma gökdäki Patyşalykda iň pesi ondan beýikdir» diýipdi (Mat. 11:10, 11). Ýehowa bu gullukçylaryna gudratly işleri etmek üçin mukaddes ruhuny berse-de, olary gökde ýaşamak üçin saýlamady. Eýsem, olaryň gökde höküm sürmek üçin saýlanan adamlaryňky ýaly imany berk dälmi?! Elbetde, olaryň imany gaýa ýaly berkdi! Emma Ýehowa olary ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşatmak isleýär (Ýah. 5:28, 29; Res. 24:15).

16. Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi nämä umyt edýär?

16 Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň ençemesi gökde däl-de, ýerde ýaşamaga umyt edýär. Gadymy döwürde ýaşap geçen Ybraýym pygamber we aýaly Bibisara, Dawut patyşa, suwa çümdürýän Ýahýa hem-de başga-da ençeme erkekdir aýallar ýaly, olar hem Hudaýyň Patyşalygynyň saýasynda ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýär (Ýew. 11:10).

17. Indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

17 Şu günler saýlanan mesihçileriň käbiriniň heniz göge gitmändigi üçin, bizi käbir soraglar biynjalyk etmegi mümkin (Ylh. 12:17). Mysal üçin, bir mesihçi özüniň saýlanandygyny aýtsa, oňa nähili garamaly? Ýygnagymyzda bir dogan ýa-da uýa çörekden hem şerapdan datsa, onuň bilen özümizi nähili alyp barmaly? Şeýle-de men saýlandym diýýän imandaşlarymyzyň sany köpelip başlasa näme we biz bu hakda alada etmelimi? Bu soraglar hakda indiki makalada gürrüň ediler.

^ par. 5 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri Ýehowa käbir mesihçilere üýtgeşik umyt berýär. Olar Hudaýyň Ogly bilen gökde höküm sürüp bilýär. Ýöne olar şeýle üýtgeşik hormata mynasypdygyny nädip bilýär? Ýehowa kimdir birini gökdäki ýaşaýyş üçin saýlanda näme bolup geçýär? Bu makala 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan «Garawul diňine» esaslanýar. Biz şu makalada gyzykly soraglaryň jogabyny bileris.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: Mukaddes ruh arkaly saýlanmak. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly adamy Isa bilen gökde höküm sürmek üçin saýlaýar. Hudaýyň mukaddes ruhy mesihçiniň gökde ýaşajakdygyna «kepil geçýär» (Efes. 1:13, 14). Başgaça aýdanyňda, Hudaýyň mukaddes ruhy olaryň gökde ýaşamak sylagyny aljakdygyna «ynam döredýär» (Rim. 8:16).

^ par. 5 DÜŞÜNDIRILIŞ: Möhür. Mesihçi ömrüniň ahyryna çenli ýa-da uly betbagtçylygyň öňüsyrasyna çenli wepaly galsa möhür basylýar (Efes. 4:30; Ylh. 7:2—4; «Okyjylaryň sowallary» w16.04).

^ par. 10 «Täzeden dogulmak» barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňine» serediň (w09-U 1/4 sah. 3—12).

151-NJI AÝDYM Hudaýyň ogullary aýan bolar

^ par. 57 SURAT: Biz imanymyz üçin türmede otursak-da, ýa-da erkinlikde wagyz edip, başgalara hakykat barada öwredýän bolsak-da, Hudaýyň Patyşalygynyň astynda ýerde ýaşamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.