Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 6

Gökdäki Atamyz Ýehowa bizi güýçli söýýär

Gökdäki Atamyz Ýehowa bizi güýçli söýýär

«Siz şeýle doga ediň: „Eý gökdäki Atamyz!“» (Mat. 6:9).

11-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň

MAZMUNY *

1. Pars patyşasynyň ýanyna barmak üçin näme etmelidi?

GÖZ ÖŇÜNE GETIR, sen 2 500 ýyl mundan öň Pars ýurdunda ýaşaýarsyň. Sen bir mesele babatda ýurduň patyşasy bilen gürleşmek isleýärsiň. Şonuň üçin patyşanyň şäheri Şuşana tarap ýola düşýärsiň. Ýöne patyşa bilen gürleşmek üçin, ilki onuň rugsadyny almaly. Eger patyşanyň ýanyna rugsatsyz barsaň, ölmegiň hem mümkin (Est. 4:11).

2. Ýehowa özüne nädip ýüzlenmegimizi isleýär?

2 Ýehowanyň Pars patyşasy ýaly däldigine biz örän begenýäris. Ýehowa islendik hökümdardan hem has beýik, ýöne biz oňa arkaýyn ýüzlenip bilýäris. Ýehowa özi bilen arkaýyn gürleşmegimizi isleýär. Meselem, Ýehowanyň Beýik Ýaradyjy, Gudratygüýçli we Älemiň Hökümdary ýaly titullary bar. Bu onuň gaty beýikdigini görkezýär. Ýöne ol biziň özüne «Ata» diýip ýüzlenmegimizi isleýär (Mat. 6:9). Ýehowanyň biziň özi bilen arkaýyn gepleşmegimizi isleýändigini bilmek göwnümizi göterýär.

3. Biz Ýehowa näme üçin «Atamyz» diýip bilýäris? Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Ýehowa ýaşaýşymyzyň Gözbaşy bolandygy üçin oňa «Atamyz» diýip bilýäris (Zeb. 36:9). Atamyz bolandygy üçin, oňa gulak asmak jogapkärçiligimiz bar. Onuň bizden talap edýän zatlaryny etsek, ajaýyp bereketleri alarys (Ýew. 12:9). Şol bereketlere ýerde ýa gökde ebedi ýaşaýyş sylagy degişli. Biz häzir hem köp bereketleri alýarys. Şu makalada Ýehowanyň söýgüli Atamyzdygyny nämäniň subut edýändigi we onuň bizi hiç haçan taşlamajakdygyna ynamly bolup biljekdigimiz hakda gürrüň ederis. Ilki bilen, gökdäki Atamyzyň bizi ýürekden söýýändigine we aladamyzy edýändigine näme üçin ynamly bolup biljekdigimizi bileliň.

MÄHIRLI WE ALADAÇYL ATAMYZ

Aladaçyl ata ýaly, Ýehowa biziň özi bilen ýakyn gatnaşykda bolmagymyzy isleýär (4-nji abzasa serediň)

4. Käbirlerine näme üçin Ýehowany Atasy hökmünde kabul etmek kyn bolýar?

4 Hudaýa Ataňyz hökmünde garamak kyn düşýärmi? Ýehowanyň beýik Hudaýdygy üçin käbirleri özlerini onuň ýanynda gaty ujypsyz we ähmiýetsiz hasaplaýar. Olar Gudratygüýçli Hudaýyň her birimiziň aladamyzy edýändigine şübhelenýär. Ýöne söýgüden doly Atamyz biziň şeýle garaýyşda bolmagymyzy islemeýär. Ol bize ýaşaýşy berdi we özi bilen dostlaşmagymyzy isleýär. Şu wajyp hakykaty aýdansoň, Pawlus resul afinalylara Ýehowa «hiç kimden uzakda däldir» diýdi (Res. 17:24—29). Çaganyň söýýän we aladaçyl atasynyň ýanynda özüni arkaýyn duýşy ýaly, Hudaý hem her birimiziň özi bilen şeýle gürleşmegimizi isleýär.

5. Uýamyzyň sözlerinden näme öwrenýäris?

5 Başgalara bolsa öz kakasy az ýa-da asla söýgi hem mähir bildirmändigi üçin Ýehowa Atasy hökmünde ýüzlenmek kyn düşýär. Bir uýamyz şeýle diýýär: «Meniň kakam gaty gödek adamdy. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby öwrenip başlanymda, özümi gökdäki Atamyza ýakyn duýmak gaty kyn düşdi. Ýöne Ýehowany tanadygymça garaýşym üýtgedi». Sizde-de şeýle duýgular bolýarmy? Eger şeýle bolsa, onda Ýehowany Ataňyz hökmünde kabul edip biljekdigiňize ynamly bolup bilersiňiz.

6. Matta 11:27-ä görä Ýehowa söýgüden doly Atamyz hökmünde garamaga bize näme kömek edýär?

6 Ýehowa söýgüden doly Atamyz hökmünde garamaga kömek edýän zatlaryň biri Mukaddes Kitapdan Isanyň aýdan sözleri we eden işleri hakda öwrenmek (Matta 11:27-ni okaň). Isa Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezýärdi. Şonuň üçin ol: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýah. 14:9). Isa köplenç Ýehowany Atamyz hökmünde suratlandyrýardy. Diňe dört Hoş habarda Isa Ýehowa 165 gezek «Ata» diýip ýüzlenýär. Isa näme üçin Ýehowa hakda şeýle köp gürrüň berdikä? Munuň bir sebäbi ol adamlaryň Ýehowa söýgüden doly Atasy hökmünde garamagyny isleýärdi (Ýah. 17:25, 26).

7. Ýehowanyň Ogly bilen özüni alyp barşyndan näme öwrenýäris?

7 Ýehowanyň Ogly Isa bilen özüni alyp barşyndan näme öwrenýäris? Ýehowa hemişe Isanyň dogalaryny diňleýärdi. Diňe bir diňlemän, eýsem jogap hem berýärdi (Ýah. 11:41, 42). Nähili synaga duşsa-da, Isa Atasynyň söýgüsini hem goldawyny duýýardy (Luka 22:42, 43).

8. Ýehowa Isanyň aladasyny nädip edýärdi?

8 Isa: «Atam... maňa ýaşaýyş berdi» diýende, Ýehowanyň ýaşaýşyň Gözbaşydygyny we ol arkaly ýaşaýandygyny göz öňünde tutdy (Ýah. 6:57). Isa Atasyna doly bil baglaýardy; Ýehowa oňa ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli zatlary berdi. Has wajybam, onuň ruhy taýdan aladasyny edýärdi (Mat. 4:4).

9. Ýehowa Isany söýýändigini we aladasyny edýändigini nädip görkezdi?

9 Ýehowa söýgüden doly Ata hökmünde Isany hemişe goldajakdygyna ynandyrýardy (Mat. 26:53; Ýah. 8:16). Elbetde, Ýehowa Isany ähli kynçylyklardan goramady. Ýöne oňa synaglarda çydamly bolmagy üçin güýç berdi. Isa çekýän horluklarynyň wagtlaýyndygyny bilýärdi (Ýew. 12:2). Ýehowa Isany diňläp, gerekli zatlary berip, öwredip we goldap, aladasyny etdi (Ýah. 5:20; 8:28). Geliň, gökdäki Atamyzyň biziň nädip aladamyzy edýändigine seredeliň.

SÖÝGÜLI ATAMYZ NÄDIP ALADAMYZY EDÝÄR?

Söýýän ata çagasyny 1) diňleýär, 2) aladasyny edýär, 3) öwredýär we 4) goraýar. Gökdäki söýgüden doly Atamyz hem şeýdip aladamyzy edýär (10—15-nji abzaslara serediň) *

10. Zebur 66:19, 20-nji aýatlara görä Ýehowa bizi söýýändigini nädip görkezýär?

10 Dogalarymyzy diňleýär (Zebur 66:19, 20-nji aýatlary okaň). Ol doga etmekde çäk goýmaýar, gaýtam köpräk doga etmäge çagyrýar (1 Sel. 5:17). Biz islendik ýerde we islendik wagtda Hudaýa doga edip bilýäris. Doga edenimizde, Hudaý diýseň işli ýa-da maňa ünsem berýän däldir diýip pikir etmeli däl. Ol bizi hemişe diňlemäge taýyn. Ýehowanyň dogalarymyzy diňleýändigini bilmek, ony has güýçli söýmäge höweslendirýär. Mezmurçy: «Men Ýehowany söýýärin, ol dogamy diňleýär» diýdi (Zeb. 116:1).

11. Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär?

11 Gökdäki Atamyz dogalarymyzy ýöne bir diňlemän, olara jogap hem berýär. Ýahýa resul ynam bilen: «Islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider» diýdi (1 Ýah. 5:14, 15). Elbetde, Ýehowa biziň garaşyşymyz ýaly jogap bermezligi mümkin. Ol biziň üçin nämäniň gowy boljakdygyny bilensoň, käte haýyşlarymyza ýok ýa-da garaş diýmegi mümkin (2 Kor. 12:7—9).

12, 13. Gökdäki Atamyz nädip aladamyzy edýär?

12 Gerekli zatlarymyzy berýär. Ýehowa maşgalabaşylardan talap edýän zadyny özi hem ýerine ýetirýär (1 Tim. 5:8). Ol çagalaryna gerekli zatlaryny berip, aladasyny edýär. Şol sebäpli Hudaý biziň iýip-içgimiz, egin-eşigimiz ýa-da ýaşajak ýerimiz hakda çendenaşa alada etmegimizi islemeýär (Mat. 6:32, 33; 7:11). Söýgüli Ata hökmünde gelejekde ähli isleg-arzuwlarymyzy ýerine ýetirer.

13 Has wajyby hem, Ýehowa biziň ruhy taýdan sagdyn bolmagymyzyň aladasyny edýär. Ol Mukaddes Kitap arkaly özi baradaky hakykaty, niýetlerini, durmuşyň manysyny hem-de gelejegimiziň nähili boljakdygyny açýar. Biz hakykaty bilenimizde, Ýehowa ene-atamyz ýa-da bize okuw geçen dogan-uýalaryň üsti bilen aýratyn üns berýändigini görkezdi. Şeýle-de biz ýygnak ýaşulularynyň hem-de ruhy taýdan ösen dogan-uýalaryň mähirli goldawyny duýýarys. Mundan başga-da Ýehowa ýygnak duşuşyklarynda imandaşlarymyza, şol sanda bize-de tälim berýär. Şeýle ýollar arkaly Ýehowa her birimiziň söýgi bilen aladamyzy edýändigini görkezýär (Zeb. 32:8).

14. Ýehowa bizi näme üçin we nädip terbiýeleýär?

14 Terbiýe berýär. Isadan tapawutlylykda biziň ählimiz bikämil. Şol sebäpli söýgüden doly Atamyz käte bize düzediş hem berýär. Onuň Sözünde: «Ýehowa söýýänini terbiýeleýär» diýilýär (Ýew. 12:6, 7). Ýehowa bizi dürli ýollar bilen terbiýeleýär. Meselem, Mukaddes Kitaby okanymyzda ýa-da ýygnak duşuşyklarynda özümize degişli pikiri eşidenimizde, onuň terbiýesini alýarys. Käte bolsa ol bize ýygnak ýaşululary arkaly tälim berýär. Ýehowa bize nädip terbiýe berse-de, muny hemişe söýgi bilen edýär (Ýer. 30:11).

15. Ýehowa bizi nädip goldaýar?

15 Kynçylyklarda goldaýar. Çagalary kyn güne düşende, atasynyň olaryň ýanyndan aýrylmaýar. Şonuň ýaly gökdäki Atamyzam kynçylyklarda ýanymyzda bolup, bizi goldaýar. Ol mukaddes ruhy arkaly bizi ruhy howpdan goraýar (Luka 11:13). Şeýle-de ol bizi duýgy taýdan goraýar. Meselem, ol bize gelejege umyt bilen garamaga kömek edýär. Şol ajaýyp umyt kynçylyklarda çydamly bolmaga ýardam edýär. Dogrudanam, başymyza nähili agyr gün düşse-de, söýgüden doly Atamyz onuň ýetiren islendik zyýanyny aýryp bilýär. Biz nähili kynçylyga duçar bolsagam, olar wagtlaýyn. Ýehowanyň berekedi bolsa ebedilik (2 Kor. 4:16—18).

ATAMYZ BIZI HIÇ HAÇAN TAŞLAMAZ

16. Adam ata gökdäki Atasyna garşy günä edensoň näme boldy?

16 Adam ata günä edensoň, Ýehowanyň näme edendigini bilenimizde, onuň bizi nähili güýçli söýýändigine göz ýetirýäris. Adam ata gökdäki Atasyna gulak asman, Ýehowanyň bagtly maşgalasyndan kowuldy; ol nesilleriniň hem bagtyny ýatyrdy (Rim. 5:12; 7:14). Ýöne Ýehowa Adam atanyň nesillerine kömek etmek üçin bir zat etdi.

17. Adam ata günä edensoň, Ýehowa şol bada näme etdi?

17 Ýehowa Adam ata jeza berse-de, onuň heniz dünýä inmedik nesline umyt berdi. Ol gulak asýan adamlaryň Hudaýyň maşgalasyna ýene-de goşuljakdygyny şol bada aýtdy (1 Mus. 3:15; Rim. 8:20, 21). Ýehowa bu wadasyny söýgüli Ogly Isanyň töleg gurbany arkaly ýerine ýetirdi. Ogluny günälerimiz üçin gurban bermegi Ýehowanyň bizi eý görýändigini görkezýär (Ýah. 3:16).

Ýürekden toba etsek, söýgüden doly Atamyz Ýehowa bizi höwes bilen kabul edýär (18-nji abzasa serediň)

18. Ýehowadan daşlaşan bolsagam, maşgalasyna dolanmagymyzy isleýändigine näme üçin ynanyp bileris?

18 Bikämil bolsak-da, Ýehowa biziň öz maşgalasynda bolmagymyzy isleýär. Biz Hudaýy gynandyran ýa-da biraz wagt ondan daşlaşan bolsagam, ol bizi hiç haçan taşlamaýar. Ýehowa hemişe adamlaryň özüne dolanjakdygyna ynanýar. Isanyň ýiten ogul hakdaky mysalyndan Ýehowanyň öz çagalaryny nähili güýçli söýýändigi görünýär (Luka 15:11—32). Mysaldaky ata oglunyň yzyna dolanjakdygyna ynanýardy; şol sebäpli gözi onuň ýolundady. Ogly gaýdyp gelende, kakasy ony gujak açyp garşy alýar. Ýehowadan daşlaşyp, ýöne toba eden bolsak, söýgüden doly Atamyzyň bizi mähir bilen kabul etjekdigine ynanyp bileris.

19. Ýehowa Adam atanyň ýetiren zyýanyny nädip aýrar?

19 Gökdäki Atamyz Ýehowa Adam atanyň ýetiren ähli zyýanyny aýrar. Erem bagyndaky pitneden soň, Ýehowa Ogly bilen gökde patyşalar hem ruhanylar bolup gulluk etjek 144 müň adamy saýlamagy ýüregine düwdi. Isa bilen ýanyndaky hökümdarlar täze dünýäde adamlary kämil ýaşaýşa ýetirerler. Iň soňky synagda gulak asan adamlara bolsa Hudaý ebedilik ýaşaýşy sowgat berer. Atamyz ýer ýüzüniň kämil ogul-gyzlaryndan doludygyny görende, ýüregi şatlykdan dolar. Şonda, gör, nähili ajaýyp durmuş bolar!

20. Ýehowa bizi güýçli söýýändigini nädip görkezýär? Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

20 Ýehowa bizi güýçli söýýär. Ol iň gowy Ata. Ol dogalarymyzy eşidýär we gerekli zatlarymyzy ýetirip durýar; ruhy taýdanam sagdyn bolmagymyzyň aladasyny edýär; bize tälim berýär we kynçylyklarda goldaýar. Ol gelejekde göz öňüne getirişimizden hem has köp bereketleri berer. Gökdäki Atamyzyň bizi söýgüsi bilen gurşap alýandygyny bilmek göwnümizi galkyndyrýar! Indiki makalada çagalary hökmünde onuň söýgüsine nädip söýgi bilen jogap berip bilýändigimiz hakda gürrüň ederis.

18-NJI AÝDYM Hudaýyň söýgüsi

^ par. 5 Biz Ýehowany köplenç Ýaradyjymyz we älem-jahanyň hökümdary hökmünde göz öňüne getirýäris. Ýöne Ýehowa Hudaýa söýgi bilen aladamyzy edýän Atamyz hökmünde garamaga bizde köp sebäpler bar. Şu makalada bu barada gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň bizi hiç haçan terk etmejekdigine näme üçin ynamly bolup biljekdigimizi bileris.

^ par. 59 SURATLAR: kakasy ogluny ünsli diňleýär; kakasy gyzynyň aladasyny edýär; kakasy ogluna öwredýär; kakasy ogluny gujaklap, köşeşdirýär. Bu dört ýagdaý Ýehowanyň her birimiz hakda nädip alada edýändigini gowy suratlandyrýar.