Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 9

Ýehowa bize teselli berýär

Ýehowa bize teselli berýär

«Meni gaýgy-alada basanda, sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy» (Zeb. 94:19).

38-NJI AÝDYM Ýüküňizi Ýehowa atyň!

MAZMUNY *

1. Gaýgy-alada näme sebäpden döreýär we bu bize nähili täsir edýär?

SIZ haçanam bolsa bir zat üçin güýçli gaýgy-alada * edipdiňizmi? Mümkin, kimdir biriniň aýdan sözi ýa eden hereketi sebäpli gaýgy-gama batansyňyz. Ýa-da öz sözüňiz ýa hereketiňiz üçin alada galansyňyz. Meselem, siz günä edip, Ýehowa meni hiç wagt bagyşlamaz diýip agyr dert içinde bolansyňyz. Siz bu barada çendenaşa alada edýändigiňiz üçin, özüňizi imany gowşak we ýaramaz adam hasaplaýansyňyz. Bu dogrudanam şeýlemikä?

2. Adam gaýgy-alada etse, imanynyň gowşandygyny aňladýarmy? Düşündiriň.

2 Geliň, Mukaddes Kitapdan birnäçe mysallara seredeliň. Şamuweliň ejesi Hannanyň imany berkdi. Muňa garamazdan, maşgalasyndakylaryň biri oňa erbet daraşanda ol gaýgy-alada batdy (1 Şam. 1:7). Pawlus resulyň imany berk bolsa-da, ýygnaklar hakda aladalanýardy (2 Kor. 11:28). Dawut patyşada hem şeýle iman bardy we Ýehowa ony söýýärdi (Res. 13:22). Emma ol ýalňyşlyk goýberendigi üçin ynjalykdan gaçdy (Zeb. 38:4). Ýehowa olaryň her birine göwünlik berdi we rahatlyk tapmaga kömek etdi. Geliň, olardan näme öwrenip biljekdigimizi bileliň.

WEPALY HANNANYŇ GÖRELDESI

3. Biriniň aýdan sözi bize nähili täsir etmegi mümkin?

3 Biziň bilen gödek gürleşenlerinde ýa-da sylaşyksyz alyp baranlarynda, gaýgylanmagymyz mümkin. Esasanam, jana-jan dostumyz, joramyz ýa garyndaşymyz şeýle edende, hasam agyr degýär. Şeýle ýagdaýda onuň bilen dostlugymyz hiç haçan dikelmez diýip, alada etmegimiz mümkin. Käte biri oýlanman gepläp, göwnümize degende, ýüregimize pyçak sanjylan ýaly bolýandyr (Nak. 12:18). Ýa-da käbirleri bilgeşleýin bizi gynandyrmak üçin ajy sözleri aýdýandyr. Şeýle ýagdaý bir ýaş uýamyz bilen bolupdy; ol şeýle diýýär: «Birnäçe ýyl mundan öň joram diýip ýörenim internetde men hakda ýalan zatlary ýazýar. Şonda üstümden gaýnag suw guýlan ýaly bolup, gaýgy-alada edip ýöredim». Eger dostuňyz ýa ýakynlaryňyzdan biri göwnüňize degen bolsa, Hannadan köp zatlary öwrenip bilersiňiz.

4. Hannanyň nähili kynçylyklary bardy?

4 Hannanyň derdi başyndan agdykdy. Onuň çagasy bolmaýardy (1 Şam. 1:2). Ysraýylda çagasy bolmaýan aýal gargyş siňen hasaplanýardy. Hanna çagasynyň bolmaýandygy üçin gaty kemsinýärdi (1 Mus. 30:1, 2). Üstesine-de, ýoldaşynyň Peninna atly ýene bir aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bolansoň, Hanna gün bermeýärdi. Ol «Ýehowanyň çaga bermeýändigini Hannanyň ýüzüne basyp, hemişe kemsidýärdi» (1 Şam. 1:6). Başda Hanna bu kynçylygyna döz gelmek kyn düşýärdi. Şol sebäpli ol «aglap, çöregem iýmeýärdi» we «gaýgy-hasrat çekýärdi» (1 Şam. 1:7, 10). Hanna nädip göwünlik tapdy?

5. Doga etmek Hanna nädip kömek etdi?

5 Hanna doga edip, Ýehowa ähli duýgularyny açyk aýdýar. Doga edensoň, ol Aly ruhana ýagdaýyny gürrüň berýär. Aly ruhany oňa: «Bolýar, arkaýyn gidiber. Goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi eşitsin» diýýär. Şonda Hanna özüni nähili duýandyr öýdýärsiňiz? Ol «gidip, iýip içdi we şondan soň gamgyn bolmady» (1 Şam. 1:17, 18). Hudaýa doga edip, Hanna janyna aram tapdy.

Hanna ýaly kalbymyzda rahatlygy saklamak üçin näme edip bileris? (6—10-njy abzaslara serediň)

6. Doga etmek babatda Hannadan we Filipililer 4:6, 7-nji aýatlardan näme öwrenýäris?

6 Hemişe doga ediň. Doga kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edýär. Hanna gökdäki Atasy bilen gürleşmek üçin köp wagt sarp edýärdi (1 Şam. 1:12). Bizem Ýehowa doga edip, alada etdirýän, gorka salýan zatlar we gowşak taraplarymyz hakda aýdyp bileris. Dogamyzda hökman şahyrana sözleri aýtmaly ýa-da ýalňyşsyz geplemeli diýip pikir etmeli däl. Hatda doga edenimizde, hasratdan ýaňa oýlanyşyksyz sözlerem aýtmagymyz mümkin. Ýöne Ýehowa dogalarymyzy diňlemekden hiç haçan ýadamaýar. Şeýle-de biz kynçylyklarymyz hakda doga edenimizde, Pawlusyň Filipililer 4:6, 7-nji aýatlarda (okaň) aýdan sözlerini ýatdan çykarmaly däl. Pawlus biziň minnetdarlyk bilen doga etmelidigimizi belläp geçdi. Ýehowa minnetdarlyk aýtmaga bizde ençeme sebäpler bar. Meselem, biz oňa ýaşaýyş hem-de ajaýyp umyt berendigi we ýaradan zatlary üçin minnetdar bolup bileris. Hannadan ýene näme öwrenip bileris?

7. Hanna ýoldaşy bilen yzygider näme edýärdi?

7 Kynçylyklary bolsa-da, Hanna ýoldaşy bilen yzygider Şilodaky Ýehowa sežde edilýän ýere gidýärdi (1 Şam. 1:1—5). Hanna ybadathana baranda, baş ruhany Aly: «Hudaý dilegiňi eşitsin» diýip, ony ruhlandyrdy (1 Şam. 1:9, 17).

8. Ýygnak duşuşyklary bize nähili kömek edýär? Düşündiriň.

8 Ýygnaklara yzygiderli gatnaşyň. Ýygnak duşuşyklary kalbymyza rahatlyk berýär. Ýygnagyň başynda köplenç Hudaýdan bize mukaddes ruhuny bermegi barada doga edilýär. Parahatlyk bolsa Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi (Gal. 5:22). Başymyza nähili kynçylyk düşse-de, ýygnak duşuşyklaryna barsak, Ýehowa hem-de dogan-uýalara bize göwünlik berip, ruhlandyrmaga mümkinçilik berýäris. Şonda biz kalbymyzda rahatlyk duýýarys. Ýehowa esasanam edýän dogalarymyza jogap berip we ýygnak duşuşyklarynyň üsti bilen, bize göwünlik berýär (Ýew. 10:24, 25). Geliň, Hannadan ýene näme öwrenip bilýändigimizi bileliň.

9. Hanna ýagdaýy üýtgedip bilmese-de näme etdi?

9 Elbetde, Hannanyň gaýgy-aladasy şol bada gutarmady. Ol çadyrda sežde edip, öýüne gaýdan soňam, gündeşi Peninna bilen bir öýde ýaşady. Mukaddes Kitapda hem Peninnanyň özüni alyp barşynyň üýtgändigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Hanna Peninnanyň awuly sözlerine çydap gezen bolmaly. Emma ol kalbynda rahatlygy saklap bildi. Derdini Ýehowa aýdansoň, ol gamgyn bolup ýörmedi. Ol Ýehowanyň göwünligini we kömegini kabul etdi. Biraz wagtdan Hudaý Hannany bereketledi; onuň ogly boldy! (1 Şam. 1:19, 20; 2:21).

10. Hannadan ýene näme öwrenip bileris?

10 Dogry garaýyşda boluň. Hatda biz erjellik bilen doga etsek-de, ýygnaklara yzygider gatnaşsak-da, käbir kynçylyklarymyzyň aýrylmazlygy mümkin. Emma Hanna bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, biziň ýaraly ýüregimize teselli bermekden Ýehowany hiç zat saklap bilmeýär. Ýehowa bizi hiç haçan terk etmez; ol biziň wepalylygymyzy hökman sylaglar (Ýew. 11:6).

PAWLUS RESULYŇ GÖRELDESI

11. Pawlus näme hakda gaýgy-alada eden bolmaly?

11 Pawlus resulam köp zatlar hakda aladalanýardy. Mysal üçin, ol janyndan eý görýän imandaşlarynyň kynçylyklary hakda gije-gündiz pikir edýärdi (2 Kor. 2:4; 11:28). Wagyz edýärkä-de, duşmanlar ony köplenç urup, türmä basýardy. Şeýle-de ol «mätäçlikde... ýaşap», gerek zatlary hakda alada edendir (Flp. 4:12). Üç gezek gämi heläkçiligine uçrandygy üçinem köp gaýgy-alada edişini göz öňüne getiriň (2 Kor. 11:23—27). Pawlusa başyna düşen kynçylyklara çydamaga näme kömek etdikä?

12. Pawlusa aşa köp alada etmezlige näme kömek etdi?

12 Pawlus dogan-uýalaryň kynçylyklary hakda aladalansa-da, olaryň baryny özi çözjek bolmaýardy. Ol güýjüniň çäklidigini boýun alýardy. Şol sebäpli başgalardan kömek soraýar. Meselem, Timoteos we Titus ýaly ynamdar doganlara jogapkärli borçlary ynandy. Şol doganlaryň beren kömegi Pawlusa gaýgy-aladasyny ýeňletmäge kömek edendir (Flp. 2:19, 20; Tit. 1:1, 4, 5).

Pawlus resuldan görelde alyp, çendenaşa gaýgy etmekden nädip gaça durup bileris? (13—15-nji abzaslara serediň)

13. Ýaşulular Pawlusdan nädip görelde alyp biler?

13 Başgalardan kömek soraň. Pawlus resul ýaly, şu günlerem ýaşuly doganlar dogan-uýalaryň söýgi bilen aladasyny edýärler we olary kynçylyklarynda goldap, teselli berýärler. «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýlişi ýaly, ýaşulular hem ýygnagyň işlerini ýeke özüniň başarmajakdygyna düşünýärler. Pesgöwünlilik häsiýeti olary borçlaryny başgalar bilen paýlaşmaga we Hudaýyň sürüsiniň aladasyny etmäge kömek etjek ýaş doganlara tälim bermäge höweslendirýär (2 Tim. 2:2).

14. Pawlus nämäni alada etmeýärdi we biz ondan näme öwrenip bileris?

14 Başgalaryň kömegini kabul ediň. Pawlus pesgöwünlidi, şonuň üçin ol dost-ýarlaryndan kömek soraýardy we olaryň ýakymly sözlerini kabul edýärdi. Ol dostlarynyň kömegini kabul etse, başgalar ony ejiz hasaplar diýip aladalanmaýardy. Filimuna ýazan hatynda Pawlus: «Seniň söýgiň hakda eşidip, ýürekden begendim, göwünlik tapdym» diýdi (Flm. 7). Pawlus kyn gününde goldap, özüne köp göwünlik beren başga-da birnäçe imandaşlarynyň adyny agzap geçýär (Kol. 4:7—11). Bizem tesellä mätäçdigimizi pesgöwünlilik bilen boýun alsak, dogan-uýalara bize gerekli kömegi bermek aňsat bolar.

15. Pawlus kyn ýagdaýda nämeden teselli tapdy?

15 Hudaýyň Sözüni okaň. Pawlus resul Hudaýyň Sözünden teselli tapyp biljekdigine düşünýärdi (Rim. 15:4). Ol Hudaýyň Sözüni okap, islendik kynçylyga döz gelip biler ýaly, paýhasly bolmagy öwrendi (2 Tim. 3:15, 16). Rimde ikinji gezek tussag edilende, Pawlus tizden öldüriljekdigini bilýärdi. Şeýle agyr ýagdaýda ol näme etdikä? Pawlus Timoteosdan ýanyna çaltrak gelmegi we «golýazmalary» getirmegi haýyş edýär (2 Tim. 4:6, 7, 9, 13). Näme üçin? Şol golýazmalar Ýewreý ýazgylarynyň bir bölegi bolan bolmaly. Pawlus olary şahsy okuwy hökmünde okamak isleýärdi. Eger bizem Pawlus resul ýaly Mukaddes Kitaby her gün okap öwrensek, nähili kynçylyga uçrasak-da, Ýehowa öz Sözi arkaly janymyza aram tapmaga kömek eder.

DAWUT PATYŞANYŇ GÖRELDESI

Dawut patyşa ýaly agyr günä edenimizde, bize näme kömek eder? (16—19-njy abzaslara serediň)

16. Dawudyň näme üçin ynsaby ezýet berýärdi?

16 Dawut patyşanyň eden günäleri sebäpli ynsaby ezýet berýärdi. Ol Batşeba bilen zyna edýär; onuň adamsynyň ölümini gurnaýar; soňra eden etmişlerini birnäçe wagtlap gizläp ýörýär (2 Şam. 12:9). Ilkibaşda, Dawut ynsaby duýdursa-da, oňa üns bermeýär. Netijede, ol diňe bir ruhy taýdan däl-de, duýgy we beden taýdanam ejir çekýär (Zeb. 32:3, 4). Şeýdip, ol başyna bela satyn alýar. Dawuda gaýgy-aladasyny ýeňmäge näme kömek etdikä? Agyr günä edenimizde, bize näme kömek edip biler?

17. Zebur 51:1—4-nji aýatlar Dawudyň ýürekden toba edendigini nädip görkezýär?

17 Hudaýdan geçirimlilik sorap doga ediň. Dawut ahyry Ýehowa doga edýär. Ol eden etmişlerini boýun alyp, ýürekden toba edýär (Zebur 51:1—4-nji aýatlary okaň). Şeýdip, ol janyna aram tapýar (Zeb. 32:1, 2, 4, 5). Eger sizem agyr günä eden bolsaňyz, etmişiňizi gizlemäň. Gaýtam Ýehowanyň öňünde açyk boýun alyň. Şonda ynsabyňyz arassa bolar, derdiňiz hem ýeňlär. Emma Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyňyzy ýene-de dikeltmek isleseňiz, siz dogadan başga-da käbir zatlary etmeli.

18. Dawut Hudaýyň düzedişine nähili garady?

18 Hudaýyň düzedişini kabul ediň. Ýehowa Natan pygamberi Dawudyň günäsini aýtmak üçin iberende, Dawut özüni aklap ýa-da eden günäsiniň onçakly agyr däldigini aýtmady. Ol diňe bir Batşebanyň ýanýoldaşyna garşy däl-de, Ýehowa garşy günä edendigini şol bada boýun aldy. Dawut Ýehowanyň düzedişini kabul etdi, Hudaýam ony bagyşlady (2 Şam. 12:10—14). Bizem agyr günä eden bolsak, Ýehowanyň bellän çopanlaryna aýtmaly (Ýak. 5:14, 15). Şeýle ýagdaýda biz öz-özümizi aklamaly däl. Düzedişi näçe çalt kabul etsek, şonça-da kalbymyzda şatlyk hem rahatlyk tiz ornaşar.

19. Biz nämeden gaça durmaly?

19 Şol bir ýalňyşy gaýtalamaň. Dawut patyşa şol bir ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly, Ýehowanyň kömegine mätäçdigine düşünýärdi (Zeb. 51:7, 10, 12). Ýehowa günäsini bagyşlansoň, ol erbet zatlar hakda pikirlenmekden gaça durýardy. Netijede, onuň kalbyna rahatlyk aralaşdy.

20. Ýehowanyň geçirimliligini gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

20 Biz Ýehowa gyzgyn doga edenimizde, onuň düzedişini kabul edenimizde we şol bir ýalňyşymyzy gaýtalamazlyga jan edenimizde, Ýehowanyň geçirimliligini gymmat saýýandygymyzy görkezýäris. Eger biz şu zatlary etsek, kalbymyz rahat bolar. Agyr günä eden Ýakup dogan hem munuň dogrudygyna göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Eden etmişimi ýaşululara aýdanymda, arkamdan agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Men ýene-de sagdyn pikirlenip başladym». Dogrudanam, «Ýehowanyň ýüregi ýaraly adama ýakyndygyny, göwnüçökgünleri halas edýändigini» bilmek gaty ruhlandyrýar (Zeb. 34:18).

21. Ýehowanyň tesellisini nädip kabul edip bileris?

21 Dünýäniň soňy golaýladygyça, gaýgy-aladamyz has-da artyp biler. Eger sizem gaýgy-alada basýan bolsa, haýal etmän Ýehowadan kömek soraň. Mukaddes Kitaby erjellik bilen öwreniň. Hannanyň, Pawlus resulyň we Dawut patyşanyň galdyran göreldesi hakda oýlanyň. Gökdäki Ataňyzdan näme sebäpden gaýgy-alada edýändigiňizi bilmek üçin kömek soraň (Zeb. 139:23). Ähli ýüküňizi, esasanam, çözüp bilmeýän ýa-da güýjüňiziň ýetmeýän kynçylyklaryňyzy Ýehowanyň üstüne atyň. Şonda mezmurçy ýaly sizem: «Meni gaýgy-alada basanda, sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy» diýip bilersiňiz (Zeb. 94:19).

22-NJI AÝDYM Ýehowa Beýik Çopanym

^ par. 5 Käwagt kynçylyklar sebäpli döreýän gaýgy-alada gerdenimizde dag ýaly bolup durýar. Şu makalada gaýgy-aladasy bilen göreşen gadymy döwürdäki Ýehowanyň üç gullukçysynyň göreldesi hakda bileris. Şeýle-de Ýehowanyň biziň her birimize göwünlik berip, goldaýandygy barada gürrüň ederis.

^ par. 1 DÜŞÜNDIRILIŞ: Gaýgy-alada nämedir bir zat üçin biynjalyk bolmagy ýa-da ünjä galmagy aňladýar. Muňa pul, saglyk, maşgaladaky ýa-da şahsy kynçylyklaryň sebäp bolup bilýär. Şeýle-de biz öňki ýalňyşlyklarymyz ýa-da gelejekde boljak kynçylyklar hakda gaýgy-alada edip bileris.