Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýüzünde Belşazar patyşanyň ady ýazylan toýundan ýasalan daş.

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleri Wawilon patyşasy Belşazaryň ýaşap geçendigini nädip subut edýär?

KÖP ýyllaryň dowamynda Mukaddes Kitaby tankytlaýan adamlar Danyýar kitabynda agzalýan Belşazar patyşanyň toslamadygyny aýdýardylar (Dan. 5:1). Patyşanyň ýaşandygy hakda hiç hili subutnama tapylmansoň, olar şeýle pikir edýärdiler. Ýöne 1854-nji ýylda ýagdaý üýtgedi. Näme üçin?

Şol ýyly Beýik Britaniýanyň wekili J. G. Taýlor häzirki Yragyň günortasyndaky gadymy Ur şäherinde bir harabaçylygyň üstünden barýar. Ol şol ýerde uly binada birnäçe toýundan ýasalan gönüburç şekilli daşlary tapýar. Daşlaryň uzynlygy 10 sm töweregi bolup, olarda wawilonlylaryň gadymy ýazuwy oýlup ýazylandy. Bir daşda Wawilonyň şasy Nabonide we onuň uly ogly Belşazara uzak ömür diläp edilen doga bar. Bu subutnamadan soň, hatda tankytlaýjylar hem Belşazaryň hakykatdanam ýaşap geçendigini boýun aldylar.

Emma Mukaddes Kitapda Belşazaryň diňe bir ýaşap geçendigi däl-de, eýsem patyşa bolandygy hakda aýdylýar. Tankytlaýjylar muňa hem şübhelenýärler. Mysal üçin, XIX asyrda ýaşan iňlis alymy Wilýam Talbot bir makalasynda şeýle ýazýar: «Käbir adamlar Belşazaryň öz kakasy Nabonid bilen bir döwürde höküm sürendigini aýdýar. Ýöne bu hakda hiç hili subutnama ýok».

Ýöne bu mesele-de çözüldi. Şol tapylan toýun daşlaryň başga birinde Belşazaryň kakasy Nabonidiň biraz wagtlyk Wawilondan gidendigi ýazylan. Ol ýokka, ýurdy kim dolandyrdy? Bir ensiklopediýada aýdylmagyna görä, Nabonid ýesir edip äkidilende, ol tagtyny hem-de goşunynyň uly bölegini Belşazara ynandy. Şeýdip, Belşazar şol döwürler Wawilonda patyşanyň işlerini alyp barýardy. Gazuw-agtaryş işlerini geçirýän we dil alymy Alan Millard munuň dogrudygyny tassyklap, Danyýar kitabynda Belşazara patyşa diýilýändigini belläp geçýär.

Elbetde, Hudaýyň gullukçylary Danyýar kitabynyň «Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp», ynama mynasypdygyna şübhelenmeýärler (2 Tim. 3:16).