Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 11

Siz suwa çümdürilmäge taýynmy?

Siz suwa çümdürilmäge taýynmy?

«Siz suwa çümdürilip... halas bolýarsyňyz» (1 Pet. 3:21).

28-NJI AÝDYM Kim Ýehowa dost bolup biler?

MAZMUNY *

1. Jaý gurmakçy bolýan adam ilki näme etmeli?

AÝDALY, bir adam jaý gurmak isleýär we nähili jaý gurjakdygyny göz öňüne getirýär. Ol şobada gerek-ýarak zatlary satyn alyp, gurluşyga başlasa dogry bolarmy? Ýok! Ol ilki bilen bir wajyp zat etmeli, ýagny çykdajylaryny hasaplamaly. Näme üçin? Sebäbi ol jaýy doly gurup biler ýaly gurbunyň çatjakdygyna göz ýetirmeli. Eger ol öňünden çykdajylaryny ünsli hasaplasa, jaýyny doly gurup biler.

2. Luka 14:27—30-njy aýatlara görä, suwa çümdürilmezden öň näme hakda oýlanmaly?

2 Siziň Ýehowa bolan söýgiňiz we minnetdarlygyňyz suwa çümdürilmek hakda oýlanmaga höweslendirýärmi? Eger şeýle bolsa, sizem jaý gurmakçy bolýan adam ýaly karara gelmeli bolýarsyňyz. Näme üçin şeýle diýse bolar? Geliň, Isanyň Luka 14:27—30-njy aýatlarda (okaň) aýdan sözleri hakda gürrüň edeliň. Isa şägirdi bolmak isleýän adamlaryň näme etmelidigini aýtdy. Isanyň yzyna eýermek üçin biz «çykdajylara», ýagny kynçylyklara we käbir zatlardan geçmäge taýýar bolmaly (Luka 9:23—26; 12:51—53). Şonuň üçin suwa çümdürilmezden öň, duş geljek kynçylyklaryňyz hakda oýlanyň. Şonda siz suwa çümdürilen mesihçi hökmünde Ýehowa wepaly gulluk edip bilersiňiz.

3. Şu makalada näme hakda bileris?

3 Belki, siz: «Kynçylyklara döz gelip we köp zatlardan geçip, Isa Mesihiň şägirdi bolmak nämä gerek?» diýip oýlanýansyňyz. Aslynda, suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolmaklyk häzir we gelejekde ençeme bereketleri almaga mümkinçilik berýär. Şu makalada suwa çümdürilmek babatda käbir wajyp soraglaryň jogabyny bileris. Olar size: «Men suwa çümdürilmäge taýynmy?» diýen soraga jogap bermäge kömek eder.

ÖZÜŇI BAGYŞ ETMEK WE SUWA ÇÜMDÜRILMEK BABATDA NÄMÄNI BILMELI?

4. a) Özüňi Hudaýa bagyş etmeklik näme? b) Matta 16:24-däki «özüňden geçmeklik» diýen jümle nämäni aňladýar?

4 Özüňi Hudaýa bagyş etmeklik näme? Suwa çümdürilmezden öň özüňi Hudaýa bagyş etmeli. Özüňizi Ýehowa bagyş edeniňizde, ýürekden doga ediň we ebedilik gulluk etjekdigiňizi aýdyň. Siz Hudaýa özüňizi bagyş edeniňizde «özüňizden geçýärsiňiz» (Matta 16:24-i okaň). Indi siz uly hormata eýe bolup, Ýehowanyňky bolýarsyňyz (Rim. 14:8). Siz öz islegiňize görä ýaşaman, Hudaýa gulluk etjekdigiňizi aýdýarsyňyz. Özüňi bagyş etmek Hudaýa wada bermegi aňladýar. Elbetde, Ýehowa bizi mejbur etmeýär. Ýöne beren wadamyzy berjaý etmegimizi isleýär (Zeb. 116:12, 14).

5. Özüňi Hudaýa bagyş etmek bilen suwa çümdürilmekligiň nähili baglanyşygy bar?

5 Özüňi Hudaýa bagyş etmek bilen suwa çümdürilmekligiň nähili baglanyşygy bar? Siziň özüňizi Ýehowa bagyş edeniňizi hiç kim bilmeýär. Ýöne suwa çümdürileniňizi hemmeler görýär, sebäbi köplenç kongreslerde suwa çümdürýärler. Siz suwa çümdürilmek bilen özüňizi Ýehowa bagyş edendigiňizi hemmelere görkezýärsiňiz *. Şeýlelikde, siz Ýehowa Hudaýy bütin ýüregiňiz, janyňyz, aň-düşünjäňiz we güýjüňiz bilen söýýändigiňizi hem-de Oňa ebedilik gulluk etmek isleýändigiňizi subut edýärsiňiz (Mar. 12:30).

6, 7. 1 Petrus 3:18—22-nji aýatlara görä, näme üçin suwa çümdürilmeli?

6 Suwa çümdürilmek wajypmy? Geliň, 1 Petrus 3:18—22-nji aýatlara (okaň) seredeliň. Nuhuň guran gämisi Hudaýa berk iman edýändigini görkezýärdi. Şonuň ýaly siziň suwa çümdürilmegiňiz hem özüňizi Ýehowa bagyş edendigiňizi subut edýär. Suwa çümdürilmek wajypmy? Elbetde! Munuň wajypdygyny Petrus resul düşündirdi. Birinjiden, suwa çümdürilmeklik «halas bolmaga» kömek edýär. Munuň üçin şeýle ädimleri ätmeli: Isa pygambere iman etmeli, ýagny biziň üçin ölendigine, direlip göge galandygyna we häzir Hudaýyň «sag tarapynda oturandygyna» ynanmaly.

7 Ikinjiden, suwa çümdürilmek bize «päk ynsaply» bolmaga kömek edýär. Özümizi Hudaýa bagyş edenimizde, oňa has-da ýakynlaşýarys. Biz toba edip, töleg gurbanyna iman etsek, Hudaý günälerimizi bagyşlar. Şonda biz Hudaýyň nazarynda päk ynsaply bolarys.

8. Suwa çümdürilmäge, esasan, näme höweslendirmeli?

8 Suwa çümdürilmäge, esasan, näme höweslendirmeli? Siz Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenip, Ýehowanyň häsiýetlerini we edýän işlerini bildiňiz. Siziň öwrenen zatlaryňyz ýüregiňize täsir edip, Hudaýa bolan söýgiňizi artdyrdy. Siziň Hudaýa bolan söýgiňiz suwa çümdürilmäge höweslendirmeli.

9. Matta 28:19, 20-nji aýatlardaky Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmek nämäni aňladýar?

9 Siziň Mukaddes Kitapdan öwrenen we iman eden hakykatlaryňyz hem suwa çümdürilmäge höweslendirýär. Geliň, Isanyň şägirt taýýarlamak babatda tabşyryk berende näme diýendigini bileliň (Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň). Isanyň aýtmagyna görä, şägirt bolmak isleýän adam «Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmeli». Isa nämäni göz öňünde tutduka? Siz Mukaddes Kitapda aýdylýan Ýehowa Hudaý, Ogly Isa pygamber we mukaddes ruh baradaky hakykatlara iman etmeli. Şol hakykatlar siziň ýüregiňize güýçli täsir eder (Ýew. 4:12). Geliň, olar hakda gürrüň edeliň.

10, 11. Ata barada nähili hakykatlary bildiňiz?

10 Geliň, Ata hakda bilen hakykatlarymyzy ýada salalyň! Hudaýyň «ady Ýehowa», diňe ol «Hemmelerden Beýik Hudaý» we «ýeke-täk hak Hudaý» (Zeb. 83:18, çykgyt; Işa. 37:16). Ol Ýaradan we «halas edýän» Hudaýdyr (Zeb. 3:8; 36:9). Ol bizi günäden we ölümden halas edip, ebedi ýaşamaga umyt berýär (Ýah. 17:3). Özüňizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilseňiz, Ýehowanyň Şaýady bolarsyňyz (Işa. 43:10—12). Şonda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan Hudaýyň halkyna goşularsyňyz. Olar Ýehowanyň adyny buýsanç bilen göterýär we yglan edýär (Zeb. 86:12).

11 Mukaddes Kitap bize Atany tanadýar. Gör, nähili uly hormat! Şeýle gymmatly hakykatlara iman etseňiz, özüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmek islärsiňiz.

12, 13. Ogul barada nähili hakykatlary bildiňiz?

12 Ogul barada bilen hakykatlaryňyz size nähili täsir etdi? Isa älem-jahanda Hudaýdan soň iň güýçli şahsyýet. Ol biziň üçin janyny gurban edip, töleg töledi. Eger onuň töleg gurbanyna iman etsek, günälerimiz geçiler, Hudaý bilen dostlaşarys we ebedi ýaşaýşa eýe bolarys (Ýah. 3:16). Isa biziň baş ruhanymyz. Ol töleg gurbany arkaly Ýehowa bilen dostlaşmagymyzy isleýär (Ýew. 4:15; 7:24, 25). Isa Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy. Ýehowa Isa arkaly adyny mukaddes eder, erbetligi ýok eder we Jennetde adamlara ebedi bereket berer (Mat. 6:9, 10; Ylh. 11:15). Isa biziň üçin ajaýyp nusga boldy (1 Pet. 2:21). Ol bütin ömrüne Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, bize görelde galdyrdy (Ýah. 4:34).

13 Eger siz Mukaddes Kitapda Isa hakda aýdylýan zatlara iman etseňiz, Hudaýyň gowy görýän Ogluny söýersiňiz. Şonda Isadan görelde alyp, bütin ömrüňize Hudaýyň islegi boýunça ýaşamagy ýüregiňize düwersiňiz. Şeýlelikde, siz özüňizi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilersiňiz.

14, 15. Mukaddes ruh barada nähili hakykatlary bildiňiz?

14 Mukaddes ruh barada bilen hakykatlaryňyz size nähili täsir etdi? Mukaddes ruh şahsyýet däl-de, Hudaýyň hereketdäki güýji. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly Mukaddes Kitaby ýazan adamlary ylhamlandyrdy. Mukaddes ruh bize Hudaýyň Sözüne düşünmäge we şoňa görä ýaşamaga kömek edýär (Ýah. 14:26; 2 Pet. 1:21). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly bize güýç berýär (2 Kor. 4:7). Mukaddes ruh hoş habary wagyz etmäge, synaglarda berk durmaga, göwnüçökgünlik bilen göreşmäge we yzarlamalarda çydamly bolmaga ýardam edýär. Mundan başga-da ol bize «mukaddes ruhuň miwesi» bolan ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Gal. 5:22). Ýehowa özüne bil baglaýanlara we mukaddes ruhuny dileýänlere jomartlyk bilen berýär (Luka 11:13).

15 Biz mukaddes ruhuň kömegine bil baglap, Hudaýa gulluk edýäris. Muny bilmek biziň göwnümizi göterýär we teselli berýär. Mukaddes ruh barada öwrenen hakykatlaryňyza iman etseňiz, özüňizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek islärsiňiz.

16. Biz nämeleri bildik?

16 Özüňizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek kararyna gelseňiz, aýgytly ädim ädersiňiz. Ýöne siz çykdajylara, ýagny kynçylyklara we käbir zatlardan geçmäge taýýar bolmaly. Siziň aljak bereketleriňiz geçen zatlaryňyza degýär. Suwa çümdürilmek sizi halas edýär we Hudaýyň nazarynda päk ynsaply bolmaga kömek edýär. Suwa çümdürilmäge, esasan, Ýehowa bolan söýgi höweslendirmeli. Siz Ata, Ogul we mukaddes ruh barada öwrenen hakykatlaryňyza iman etmeli. Häzirki bilen zatlarymyz barada oýlanyp: «Men suwa çümdürilmäge taýynmy?» diýen soraga nähili jogap berersiňiz?

SUWA ÇÜMDÜRILMEZDEN ÖŇ NÄME ETMELI?

17. Suwa çümdürilmezden öň nähili ädimleri ätmeli?

17 Eger özüňizi suwa çümdürilmäge taýyn görýän bolsaňyz, Ýehowa bilen dostlaşmak üçin birnäçe ädimleri ädensiňiz *. Siz Mukaddes Kitaby yzygiderli öwrenip, Ýehowa we Isa barada köp zatlary bilensiňiz hem-de imanyňyzy berkidensiňiz (Ýew. 11:6). Siz Mukaddes Kitapdaky Ýehowanyň wadalaryna ynanýarsyňyz we Isanyň töleg gurbanynyň günäden hem-de ölümden halas edýändigine iman edýärsiňiz. Siz erbet işleri edendigiňize ökünip, toba etdiňiz, Ýehowadan bagyşlamagyny soradyňyz we durmuşyňyzy üýtgetdiňiz, erbet işleriňizi taşlap, Hudaýyň isleýşi ýaly ýaşap başladyňyz (Res. 3:19). Siz iman edýän zatlaryňyz hakda höwes bilen gürrüň berýärsiňiz we suwa çümdürilmedik wagyzçy bolup, dogan-uýalar bilen wagyz edýärsiňiz (Mat. 24:14). Ýehowa siziň şeýle aýgytly ädimleri ädendigiňize buýsanýar. Şeýdip, siz Ýehowany begendirýärsiňiz (Nak. 27:11).

18. Suwa çümdürilmezden öň ýene näme etmeli?

18 Siz suwa çümdürilmezden öň ýene-de käbir ädimleri ätmeli. Ýokarda aýdylyşy ýaly, özüňizi Hudaýa bagyş etmeli. Ýürekden doga edip, galan ömrüňize diňe Hudaýyň islegini berjaý edip ýaşajakdygyňyzy söz bermeli (1 Pet. 4:2). Soňra ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna suwa çümdürilmek isleýändigiňizi aýtmaly. Şonda ýaşulular siziň bilen görşerler. Olar siziň bilen Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryňyz barada söhbetdeşlik ederler. Siz olar bilen görüşmekden çekinmäň. Sebäbi mähirli ýaşulular sizi tanaýar we gowy görýär. Ýaşulular siziň Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilýändigiňize we özüňi bagyş edip, suwa çümdürilmegiň wajyp ädimdigine düşünendigiňize göz ýetirmek isleýärler. Eger suwa çümdürilmäge taýýardygyňyza göz ýetirseler, olar siziň indiki kongresde suwa çümdürilip biljekdigiňizi habar bererler.

SUWA ÇÜMDÜRILENDEN SOŇ NÄME ETMELI?

19, 20. Suwa çümdürileniňizden soň näme etmeli we muny nädip etmeli?

19 Suwa çümdürileniňizden soň näme etmeli? * Özüňi bagyş etmegiň wada bermegi aňladýandygyny we Ýehowanyň beren sözüňizde durmagyňyza garaşýandygyny ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin suwa çümdürileniňizden soň beren wadaňyza görä ýaşamaly. Muny nädip etmeli?

20 Dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Siz suwa çümdürilen mesihçi bolanyňyzdan soň, «bütin dünýädäki doganlygyň» agzasy bolýarsyňyz (1 Pet. 2:17, çykgyt). Ýygnakdaky dogan-uýalar siziň maşgalaňyz. Ýygnaklara yzygiderli gatnaşsaňyz dogan-uýalar bilen dostlugyňyz has-da berkär. Şeýle-de Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlanyň (Zeb. 1:1, 2). Mukaddes Kitapdan bir parçany okanyňyzdan soň, olar hakda çuňňur oýlanmak üçin wagt sarp ediň. Şonda bilen zatlaryňyz ýüregiňize güýçli täsir eder. «Dyngysyz doga ediň» (Mat. 26:41). Ýürekden edýän dogalaryňyz sizi Ýehowa has-da ýakynlaşdyrar. «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň» (Mat. 6:33). Munuň üçin yhlasly wagyz ediň. Şonda siziň imanyňyz berkär we adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek edersiňiz (1 Tim. 4:16).

21. Suwa çümdürilmek nähili bereketleri berýär?

21 Özüňi Ýehowa bagyş etmek we suwa çümdürilmek iň wajyp kararlaryň biri. Elbetde, siz käbir zatlardan geçip, kynçylyklara döz gelmeli bolarsyňyz. Ýöne olaryň «wagtlaýyn hem ýeňildigini» unutmaň (2 Kor. 4:17). Suwa çümdürilmek häzirden bagtly edýär we «hakyky ýaşaýşa» eltýär (1 Tim. 6:19). Şonuň üçin doga edip: «Men suwa çümdürilmäge taýynmy?» diýen sorag hakda oýlanyň.

50-NJI AÝDYM Hudaýa özümi bagyş etmek hakdaky dogam

^ par. 5 Siz suwa çümdürilmek hakda oýlanýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, onda şu makala siziň üçin ýazylan. Makalada suwa çümdürilmek bilen bagly wajyp soraglaryň jogabyny bileris. Olar size aýgytly ädimleri ädip, suwa çümdürilmäge kömek eder.

^ par. 19 Eger siz «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» we «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaplardan geçýän okuwyňyzy tamamlamadyk bolsaňyz, onda soňuna çenli geçmeli.