Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 14

Demirgazykdan hüjüm ederler!

Demirgazykdan hüjüm ederler!

«Ýurduma güýçli, sansyz-sajaksyz halk geldi» (Ýow. 1:6).

95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar

MAZMUNY *

1. Rassel bilen egindeşleri Mukaddes Kitaby nädip öwrenerdiler we netijesi nähili boldy?

BIR ASYR mundan öň Ç. T. Rassel bilen egindeşleri, ýagny Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň kiçi topary bilelikde ýygnanyşyp, Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaý, Isa Mesih, ölen adamlar we töleg gurbany barada näme diýilýändigine düşünjek bolýardylar. Olar Mukaddes Kitaby ýönekeý usul bilen öwrenerdiler. Doganlar Mukaddes Kitapdan bir soragy orta atyp, şoňa degişli aýatlary açyp okardylar. Soňra olar düşünen zatlaryny bellik ederdiler. Şeýdip, doganlar Ýehowanyň kömegi bilen Mukaddes Kitapdaky ençeme wajyp hakykatlary bildiler. Bizem şol hakykatlary gymmat saýýarys.

2. Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere näme üçin käte ýalňyş düşünmegimiz mümkin?

2 Tizden şol doganlar Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garanyňda, pygamberliklere düşünmegiň kyndygyna göz ýetirdiler. Näme üçin? Birinjiden, Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler ýerine ýetip durka ýa-da ýerine ýetensoň düşünmek aňsat bolýar. Ikinjiden, pygamberlige dogry düşünmek üçin, ony tutuşlygyna okap çykmaly. Eger pygamberligiň bir tarapyna üns berip, beýleki aýratynlyklaryna seretmesek, oňa ýalňyş düşünmegimiz mümkin. Ýowel kitabyndaky pygamberlik hakda hem şeýle diýse bolar. Geliň, şol pygamberligi we oňa näme üçin täzeçe düşünýändigimizi bileliň.

3, 4. Ýowel 2:7—9-njy aýatlardaky pygamberlige öň nähili düşünýärdik?

3 Ýowel 2:7—9-njy aýatlary okaň. Ýowel Ysraýyl ýurduny weýran etjek çekirtgeler hakda pygamberlik etdi. Çekirtgeleriň ýolbarsyňky ýaly dişleri we äňi bardy, ähli zady ýalmap-ýuwudyp barýardy (Ýow. 1:4, 6). Biz köp ýyllardan bäri çekirtge sürüsine yhlasly wagyz edýän Ýehowanyň halkydyr öýdýärdik. Sebäbi pygamberlige görä, hiç kim olaryň öňüni alyp bilmeýärdi. Şeýle-de wagyz işi «ýurdy», ýagny dini ýolbaşçylaryň golastyndaky adamlary aljyraňňy ýagdaýa salýar diýip pikir edýärdik *.

4 Eger biz diňe Ýowel 2:7—9-njy aýatlary okasak, onda şu düşündirilişi dogry hasaplamagymyz mümkin. Ýöne Ýowel kitabyndaky pygamberligi tutuşlygyna okasak, oňa dogry düşüneris. Geliň, munuň dört sebäbini bileliň.

TÄZE DÜŞÜNDIRILIŞIŇ DÖRT SEBÄBI

5, 6. a) Ýowel 2:20-ä görä, nähili sorag ýüze çykýar? b) Ýowel 2:25-e görä, nähili sorag döreýär?

5 Birinjiden, Ýehowanyň ýalmap-ýuwudýan çekirtgeler barada: «Demirgazykdan gelenleri (çekirtgeleri) kowaryn» diýen wadasyna üns bereliň (Ýow. 2:20). Eger çekirtgeler Hudaýyň halkyny aňladýan bolsa, onda Ýehowa näme üçin olary kowaryn diýýär? Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň wagyz etmek we şägirt taýýarlamak babatdaky tabşyrygyny ýerine ýetirýär ahyryn (Hyz. 33:7—9; Mat. 28:19, 20). Aslynda, Ýehowa wepaly halkyny däl-de, olaryň duşmanlaryny kowýar.

6 Ikinjiden, Ýehowanyň Ýowel 2:25-de aýdan sözlerini okalyň: «Men siziň üstüňize uly goşunymy: çekirtgeleriň sürüsini, ganatsyz çekirtgeleri, ýalmap-ýuwudýan çekirtgeleri, uly çekirtgeleri iberdim. Olar şunça ýyllap zyýan ýetirdi, indi öwezini dolaryn». Üns beren bolsaňyz, Ýehowa çekirtgeleriň ýetiren zyýanynyň «öwezini doljakdygyny» wada berýär. Eger çekirtgeler Patyşalygyň wagyzçylaryny aňladýan bolsa, onda olaryň aýdýan habary adamlara zyýan ýetirerdi. Emma olar halas edýän habary wagyz edip, erbet adamlary toba etmäge höweslendirýärler (Hyz. 33:8, 19). Hawa, hoş habara gulak asýanlar ençeme bereketleri alarlar!

7. Ýowel 2:28, 29-njy aýatlardaky «şondan soňra» diýen sözler nämäni aňladýar?

7 Ýowel 2:28, 29-njy aýatlary okaň. Üçünjiden, pygamberlikde aýdylýan wakanyň yz ýanyndan näme bolandygyny bileliň. Çekirtgeler tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirensoň, Ýehowa: «Şondan soňra... ruhumy indererin» diýdi. Eger çekirtgeler Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylaryny aňladýan bolsa, onda näme üçin olar işini tamamlandan soňra, Ýehowa ruhumy indererin diýdi? Aslynda, olar garşylyklar bolsa-da, wagyz işi gadagan edilse-de, ençeme ýyldan bäri wagyz edip gelýärler. Alla mukaddes ruhy arkaly kömek etmese, olar şeýle işleri başarmazdylar.

J. F. Ruterford we saýlanan mesihçiler Hudaýyň zalym dünýä çykaran hökümini batyrgaýlyk bilen yglan edýärler (8-nji abzasa serediň)

8. Ylham 9:1—11-nji aýatlardaky çekirtgeler kimi aňladýar? (Daşky sahypadaky surata serediň).

8 Ylham 9:1—11-nji aýatlary okaň. Dördünjiden, biz öň Ýoweliň pygamberligindäki çekirtgeleriň ýetirýän zyýanyny wagyz işine meňzedýärdik, sebäbi Ylham kitabynda hem şoňa meňzeş pygamberlik ýazylan. Şol pygamberlikde çekirtgeleriň ýüzüniň ynsanyňka meňzeýändigi we «kellesinde altyn täje meňzeş bir zadyň bardygy» aýdylýar (Ylh. 9:7). Olar «maňlaýynda Hudaýyň möhüri basylmadyk adamlara», ýagny Hudaýyň duşmanlaryna bäş aýlap (çekirtgeler takmynan bäş aý ýaşaýarlar) zyýan ýetirmelidiler (Ylh. 9:4, 5). Ylham kitabyndaky çekirtgeler Ýehowanyň saýlan gullukçylaryny aňladýar. Olar Hudaýyň zalym dünýä çykaran hökümini batyrgaýlyk bilen yglan edýärler. Olaryň aýdýan höküm habary dünýäni goldaýan adamlary «gynaýar».

9. Ýoweliň we Ýahýanyň gören çekirtgeleriniň arasynda nähili tapawut bar?

9 Ylham kitabyndaky pygamberlik bilen Ýoweliň pygamberliginiň arasynda meňzeşlik bolsa-da, uly tapawut hem bar. Ýoweliň pygamberliginde ýalmap-ýuwudýan çekirtgeler ösümlikleri iýýär (Ýow. 1:4, 6, 7). Ýahýanyň gören görnüşinde bolsa, olara «hiç bir ösümlige» zyýan ýetirmezlik tabşyrylýar (Ylh. 9:4). Ýoweliň gören çekirtgeleri demirgazykdan gelýär (Ýow. 2:20). Ýahýanyň gören çekirtgeleri «düýpsüz çuňlukdan» çykýar (Ylh. 9:2, 3). Ýoweliň pygamberligindäki çekirtgeler kowulýar. Ylham kitabyndaky çekirtgeler kowulmaýar, gaýtam olara işini tamamlamaga rugsat berilýär. Ýehowanyň olardan närazydygy barada Mukaddes Kitapda hiç zat aýdylmaýar (« Çekirtgeler hakdaky iki pygamberligiň tapawudy» atly çarçuwa serediň).

10. Ýowel we Ylham kitaplaryndaky çekirtgeleriň şol bir zady aňlatmaýandygyny nireden bilýäris?

10 Ýowel we Ylham kitaplaryndaky çekirtgeleriň arasyndaky tapawutdan görşümiz ýaly, olar şol bir zady aňlatmaýan ekeni. Diýmek, pygamberliklerde aýdylýan çekirtgeleriň hersi aýry-aýry zatlary aňladýar. Mukaddes Kitapda aýdylan bir söz gürrüň edilýän waka görä dürli-dürli manylarda ulanylýar. Meselem, Ylham 5:5-de Isa pygambere «ýahuda taýpasynyň Ýolbarsy» diýilýär. 1 Petrus 5:8-de bolsa Şeýtana «arlaýjy arslan» diýilýär. Gürrüň edilen zatlardan görnüşi ýaly, Ýoweliň pygamberliginiň başgaça düşündirilişi bolmaly. Nähili?

PYGAMBERLIK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

11. Ýowel 1:6 we 2:1, 8, 11-nji aýatlara görä, çekirtgeler kimleri aňladýar?

11 Ýowel kitabyndaky beýleki aýatlary okanymyzda, goşunyň çozjakdygyny bilýäris (Ýow. 1:6; 2:1, 8, 11). Gulak asmaýan ysraýyllara jeza bermek üçin, Ýehowa «uly goşunyny» (wawilonlylary) iberjekdigini aýdýar (Ýow. 2:25). Pygamberlikde şol goşun «demirgazykdan gelenler» diýlip atlandyrylýar, sebäbi wawilonlylar Ysraýyla demirgazykdan çozmalydy (Ýow. 2:20). Goşun nyzama düzülen çekirtgelere meňzedilýär. Ýowel şeýle diýýär: «Olaryň (esgerleriň) her biri nyzam bilen ýöreýärler... Olar şähere çozýarlar, diwarlardan aşýarlar. Öýlere dyrmaşyp çykyp, penjireden ogry kimin girýärler» (Ýow. 2:8, 9). Göz öňüňize geldimi?! Esgerler daş-töweregi gabapdy, gizlenere ýer ýokdy, wawilonlylaryň gylyjyndan hiç kim gaçyp gutulyp bilmedi.

12. Ýoweliň çekirtgeler hakda aýdan pygamberligi nädip ýerine ýetdi?

12 B. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylar (haldeýler) çekirtge ýaly çozup, Iýerusalimi basyp alýarlar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Haldeý patyşasy... olaryň ýigitlerini gylyçdan geçirdi. Oglana-gyza, garra ýa ejize rehim etmedi. Hudaý ähli zady onuň eline berdi. Hak Hudaýyň öýüni otlap, Iýerusalimiň diwaryny ýumurdy, berk diňleri ýakyp kül etdi, gymmatbaha zatlary ýok etdi» (2 Tar. 36:17, 19). Wawilonlylar şäheri derbi-dagyn edenlerinden soň, ötegçiler: «Ýurt haraba öwrüldi, ol ýerde adam-da ýok, haýwan-da. Ol haldeýleriň eline berildi» diýdiler (Ýer. 32:43).

13. Ýermeýa 16:16, 18-nji aýatlary düşündiriň.

13 Ýoweliň pygamberliginden 200 ýyl geçenden soňra, Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly duşmanyň hüjüm etjekdigini aýtdy. Ol duşmanlaryň elinden hiç bir zalym adamyň sypmajakdygyny aýtdy: «Ýehowa şeýle diýýär: „Köp balykçylary çagyraryn, halkymy balyk ýaly tutarlar. Soňra köp awçylary çagyraryn, her dagda, her depede, her gaýanyň gowaklarynda halkymy awlarlar. Men ýalňyşlary we günäleri üçin doly jeza bererin. Sebäbi jansyz we nejis butlar bilen ýurdumy haram etdiler, mirasymy ýigrenji butlardan doldurdylar“». Toba etmeýän ysraýyllary wawilonlylardan ne deňizler, ne-de tokaýlar halas edip bildi (Ýer. 16:16, 18).

DIKELDILIŞ

14. Ýowel 2:28, 29-njy aýatlardaky sözler haçan ýerine ýetdi?

14 Ýowel pygamber ýurduň gülzarlyga öwrüljekdigini we bol hasyl berjekdigini aýtdy (Ýow. 2:23—26). Birnäçe wagtdan soň ruhy iýmit köp adamlara elýeterli bolmalydy. Sebäbi Ýehowa şeýle diýipdi: «Her biriniň üstüne ruhumy indererin. Ogul-gyzlaryňyz pygamberlik ederler... Men gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne... ruhumy indererin» (Ýow. 2:28, 29). Ýehowa ysraýyllar Wawilondan dolanan badyna däl-de, birnäçe asyr geçenden soň, ýagny b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mukaddes ruhuny inderdi. Biz muny nireden bilýäris?

15. Resullar 2:16, 17-nji aýatlardan görnüşi ýaly, Petrus Ýowel 2:28-däki pygamberligi nähili sözler bilen aýtdy we şol sözler nämäni aňladýar?

15 Pentikost güni bolan ajaýyp wakadan soň, Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen Ýowel 2:28, 29-njy aýatlardaky sözleriň ýerine ýetendigini aýtdy. Şol gün irden sagat dokuzlar töweregi şägirtleriň üstüne gudrat bilen mukaddes ruh inýär we olar dürli dillerde «Allanyň gudratly işleri hakda» gürrüň berýärler (Res. 2:11). Petrus Ýoweliň pygamberligine salgylananda, Hudaýyň ylhamy bilen käbir sözlerini üýtgetdi. Petrusyň haýsy sözleri üýtgedendigine üns berdiňizmi?! (Resullar 2:16, 17-nji aýatlary okaň). Ol «şondan soňra» diýen jümlä derek, «soňky günler» diýen sözleri aýdýar. Petrus soňky günler diýende Iýerusalim we ybadathana derbi-dagyn edilmeziniň öň ýanyndaky döwri göz öňüne tutupdy. Şonda Hudaý «her bir adamyň üstüne ruhuny dökdi». Mundan görnüşi ýaly, Ýoweliň çekirtgeler hakdaky pygamberligi ýerine ýetenden soň birnäçe wagt geçipdi.

16. I asyrda we şu günler Hudaý mukaddes ruhy arkaly wagyz işini nädip goldaýar?

16 I asyrda Hudaýyň ruhy gudrat bilen şägirtleriň üstüne inenden soň köp ýerlere wagyz edilip başlandy. Takmyndan b. e. 61-nji ýylynda Pawlus resul koloslylara hat ýazanda: «Hoş habar gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi» diýdi (Kol. 1:23). Pawlus resul «ähli adamlar» diýende, oba-oba we şäher-şäher aýlanyp wagyz eden adamlaryny göz öňüne tutan bolmaly. Hawa, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen şu günler hem «bütin ýer ýüzünde» wagyz edilýär (Res. 13:47; « Gullarymyň „üstüne ruhumy indererin“» atly çarçuwa serediň).

NÄME ÜÝTGEDI?

17. Ýoweliň çekirtgeler baradaky pygamberligine indi nähili düşünýäris?

17 Näme üýtgedi? Indi Ýowel 2:7—9-njy aýatlardaky sözlere has gowy düşünýäris. Şol sözler wagyz işimizi däl-de, b. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylaryň Iýerusalimi basyp almagyny aňladýan ekeni.

18. Näme üýtgemedi?

18 Näme üýtgemedi? Ýehowanyň halky hemişekisi ýaly ähli ýerde we her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýär (Mat. 24:14). Hiç bir döwlet hoş habaryň wagyz edilmegine päsgel berip bilmez. Biz Ýehowanyň goldawy bilen Patyşalyk baradaky hoş habary has yhlasly we batyrgaýlyk bilen wagyz edýäris. Hawa, biz Mukaddes Kitapdaky pygamberliklere düşünmek üçin pesgöwünli bolup, Ýehowanyň görkezmesine bil baglaýarys we öz bellän wagtynda «hakykata doly düşünmäge kömek etjekdigine» ynanýarys (Ýah. 16:13).

97-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi bilen ýaşaýarys

^ par. 5 Ençeme ýyldan bäri Ýowel 1 we 2-nji baplardaky pygamberlikler şu günler edilýän wagyz işine degişlidir öýdýärdik. Indi bolsa Ýoweliň pygamberligine başgaça düşünýäris. Şu makalada munuň dört sebäbini bileris.

^ par. 3 «Ýehowanyň akyldarlygy onuň ýaradan zatlaryndan görünýär» diýen makala serediň (w09 15/4 abz. 14—16).