Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 17

«Men size dostlarym diýýärin»

«Men size dostlarym diýýärin»

«Men size dostlarym diýýärin, sebäbi Atamdan eşidenlerimiň ählisini size aýtdym» (Ýah. 15:15).

13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi

MAZMUNY *

1. Dostlaşmak üçin näme etmeli?

BIRI bilen dost bolmak üçin, onuň bilen köp wagtyňy bile geçirmeli. Siz biri-biriňize pikiriňizi we duýgyňyzy aýtsaňyz, ýakyn dost bolarsyňyz. Ýöne Isa bilen dostlaşmak kyn bolup biler. Näme üçin?

2. Birinji kynçylyk näme?

2 Birinjiden, biz Isany görmedik. I asyrda ýaşan köp mesihçiler hem Isany görmändiler. Muňa garamazdan, Petrus resul: «Siz Mesihi hiç haçan görmeseňiz-de, ony söýýärsiňiz. Siz ony häzirem görmeýärsiňiz, ýöne oňa iman edýärsiňiz» diýdi (1 Pet. 1:8). Diýmek, Isany görmesek-de, onuň bilen dostlaşyp bileris.

3. Ikinji kynçylyk näme?

3 Ikinjiden, biz Isa bilen gürrüňdeş bolup bilmeýäris. Biz doga arkaly Ýehowa bilen gepleşýäris. Hawa, biz Isanyň ady bilen doga edýäris, ýöne Isa ýüzlenmeýäris. Isanyň özi hem muny islemeýär. Näme üçin? Sebäbi doga seždäniň bir bölegi hasaplanýar we diňe Ýehowa sežde etmeli (Mat. 4:10). Ýöne şonda-da Isa pygamberi söýüp bileris.

4. Üçünji kynçylyk näme we şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Üçünjiden, Isa gökde ýaşaýar, şonuň üçin onuň ýanyna baryp bilmeýäris. Ýöne biz Isanyň ýanynda bolmasak-da, ol hakda köp zatlary öwrenip bileris. Şu makalada Isa bilen dostlaşmak üçin haýsy dört ädimi ätmelidigimiz hakda gürrüň ederis. Geliň, ilki bilen, Isa bilen dostlaşmagyň näme üçin wajypdygyny bileliň.

NÄME ÜÇIN ISANYŇ DOSTY BOLMALY?

5. Biz näme üçin Isa bilen dostlaşmaly? (« Isanyň dosty Ýehowanyň dostudyr» we « Isanyň tutýan orny» atly çarçuwalara serediň).

5 Eger biz Ýehowa ýakynlaşmak isleýän bolsak, Isa bilen dost bolmaly. Näme üçin? Munuň iki sebäbi bar. Birinjiden, Isa şägirtlerine: «Atam sizi söýýär, sebäbi siz meni söýýärsiňiz» diýdi (Ýah. 16:27). Şeýle-de ol: «Mensiz hiç kim Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi (Ýah. 14:6). Isa bilen dostlaşman Ýehowa ýakynlaşmak isleýän adam, edil gapysyz öýe girjek bolýan ýalydyr. Isa «men goýunlar üçin gapydyryn» diýende, şeýle meňzetmäni ulanypdy (Ýah. 10:7). Ikinjiden, Isa Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Ol şägirtlerine: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýah. 14:9). Şonuň üçin Ýehowany tanar ýaly, biz Isanyň ýerdäki ömri hakda öwrenmeli. Isa hakda näçe köp bilsek, şonça-da oňa bolan söýgimiz artar. Isa bilen ýakyndan dost bolsak, onuň Atasyny ýürekden söýeris.

6. Ýene haýsy sebäbe görä, Isa bilen dostlaşmaly? Düşündiriň.

6 Ýehowa dogalarymyza jogap berer ýaly, biz Isa bilen dostlaşmaly. Hudaýa doga edenimizde, «Isanyň ady bilen kabul et» diýmek ýeterlikli däl. Biz Ýehowanyň dogalarymyza Isa arkaly jogap berýändigine düşünmeli. Isa resullaryna: «Meniň adym bilen näme dileseňiz bererin» diýdi (Ýah. 14:13). Biziň dogalarymyzy diňe Ýehowa diňleýär we jogap berýär, ýöne ol niýetini amala aşyrmagy Isa tabşyrdy (Mat. 28:18). Ýehowa dogalarymyza jogap bermänkä, ilki bilen, Isanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirişimize üns berýär. Meselem, Isa şeýle diýdi: «Siz adamlaryň günäsini bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem sizi bagyşlar. Emma adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz» (Mat. 6:14, 15). Diýmek, Ýehowa bilen Isanyň adamlary bagyşlaýşy ýaly, biz hem bagyşlamaly.

7. Isanyň töleg gurbany kimlere peýda getirer?

7 Diňe Isanyň dostlary töleg gurbanyndan peýda alar. Muny nireden bilýäris? Sebäbi Isa «dostlary üçin janyny gurban etjekdigini» aýdypdy (Ýah. 15:13). Gadymy döwürde ýaşap geçen Hudaýa wepaly adamlar gelejekde Isany tanap, ony ýürekden söýerler. Ybraýym, Bibisara, Musa we Rahaw ýaly Ýehowa wepaly adamlar hem direler. Eger olar ebedi ýaşamak isleseler, Isa bilen dostlaşmaly bolarlar (Ýah. 17:3; Res. 24:15; Ýew. 11:8—12, 24—26, 31).

8, 9. Ýahýa 15:4, 5-nji aýatlara görä, Isanyň dostlary näme edýärler we muny etmek näme üçin wajyp?

8 Biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip we şägirt taýýarlap, Isa bilen işleşmekden köp şatlyk tapýarys. Isa ýerde ýaşanda mugallym hökmünde tanalýardy, ýagny wagyz edip, şägirt taýýarlaýardy. Isa göge dolanansoň hem, ýygnagyň başy hökmünde wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine ýolbaşçylyk edýär. Siz Isany we Atasyny köp adamlara tanatmak üçin eliňizde baryny edýärsiňiz. Isa siziň janaýaman çekýän zähmetiňizi görüp begenýär. Hawa, biz wagyz işini Ýehowanyň we Isanyň kömegi bilen ýerine ýetirip biljekdigimize düşünýäris (Ýahýa 15:4, 5-nji aýatlary okaň).

9 Biz Hudaýyň Sözünden Ýehowany razy etmek üçin Isany söýüp, onuň bilen dostlaşmalydygyny bilýäris. Geliň, Isa bilen dostlaşmak üçin dört ädimi ätmelidigi hakda bileliň.

ISA BILEN DOSTLAŞMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

Isanyň dosty bolmak üçin, 1) ony gowy tanaň, 2) Isa ýaly pikirleniň we göreldesine eýeriň, 3) onuň doganlaryny goldaň, 4) Ýehowanyň guramasyny goldaň (10—14-nji abzaslara serediň) *

10. Isa bilen dostlaşmaga kömek edýän birinji ädim haýsy?

10 1) Isany gowy tanaň. Biz Matta, Markus, Luka we Ýahýa kitaplaryny okasak, Isany gowy tanarys. Isanyň ýerdäki ömri hakda okasak we oýlansak, onuň adamlar bilen özüni mähirli alyp barandygyny bileris. Şonda oňa bolan söýgimiz hem hormatymyz artar. Meselem, ol «hojaýyn» hem bolsa, şägirtlerini «gul» hasaplaman, duýgularyny we pikirlerini gürrüň berýärdi (Ýah. 15:15). Isa şägirtleriniň derdini deň çekişýärdi, olar bilen aglaýardy (Ýah. 11:32—36). Onuň aýdan habaryny kabul eden adamlar dosty bolýardy, muňa Isanyň duşmanlary hem göz ýetirýärdi (Mat. 11:19). Isa şägirtleri bilen mähirli gepleşýärdi. Bizem ondan görelde alsak, dogan-uýalar bilen ýakyndan dost bolarys, özümizi bagtly duýarys, şatlanarys we Mesihe bolan söýgimiz hem hormatymyz artar.

11. Isa bilen dostlaşmaga kömek edýän ikinji ädim haýsy we oňa näme üçin wajyp ädim diýse bolar?

11 2) Isa ýaly pikirleniň we göreldesine eýeriň. Isany gowy tanap, onuň ýaly pikirlensek, dostlugymyzy berkideris (1 Kor. 2:16). Biz Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris? Geliň, bir mysala seredeliň. Isa öz bähbidine çapman, adamlara kömek etmek hakda oýlanýardy (Mat. 20:28; Rim. 15:1—3). Şonuň üçin ol adamlary ýürekden bagyşlamaga we janyny gurban etmäge taýyndy. Adamlar Isany ýazgarsa-da, ol öýkelemezdi (Ýah. 1:46, 47). Ol adamlaryň öňki ýalňyşlyklary hakda oýlanyp, nädogry garaýyşda bolmazdy (1 Tim. 1:12—14). Isa: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:35). Şonuň üçin özüňizden: «Men Isanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin jan edýärinmi?» diýip soraň.

12. Isa bilen dostlaşmaga kömek edýän üçünji ädim haýsy we şeýle ädimi ätmek üçin näme etmeli?

12 3) Isa Mesihiň doganlaryny goldaň. Biz saýlanan mesihçileri goldasak, Isa muny özüne edilen ýagşylyk hasaplaýar (Mat. 25:34—40). Saýlanan mesihçileri goldamagyň iň gowy ýoly, Isanyň tabşyran ýumşuny, ýagny wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işini yhlasly ýerine ýetirmeli (Mat. 28:19, 20; Res. 10:42). Şu günler Mesihiň doganlary «başga goýunlaryň» goldawy bilen bütin dünýäde wagyz edýärler (Ýah. 10:16). Eger sizem «başga goýunlara» degişli bolsaňyz, onda her gezek wagyz edeniňizde, diňe bir saýlanan mesihçileri däl, Isany-da söýýändigiňizi subut edýärsiňiz.

13. Biz Luka 16:9-daky Isanyň beren maslahatyna nädip eýerip bileris?

13 Biz Ýehowa bilen Isanyň ýolbaşçylyk edýän işini goldamak üçin pul sadakalaryny bersek, olar bilen ýakyndan dostlaşarys (Luka 16:9-y okaň). Meselem, guramamyzyň bütin dünýäde alyp barýan işlerini goldamak üçin pul sadakalaryny berip bileris. Biziň berýän pul sadakalarymyz çet ýerlerde ýaşaýan adamlara hoş habary wagyz etmek, Ýygnak jaýlaryny, gurama degişli beýleki binalary gurmak we abatlamak, tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän dogan-uýalara kömek etmek üçin sarp edilýär. Şeýle-de biz öz ýygnagymyzy we mätäçlik çekýän dogan-uýalary goldamak üçin pul kömegini berip bileris (Nak. 19:17). Şeýdip, biz Mesihiň doganlaryny goldaýandygymyzy subut ederis.

14. Efesliler 4:15, 16-njy aýatlara görä, Isa bilen dostlaşmaga kömek edýän dördünji ädim haýsy?

14 4) Ýehowanyň guramasyny goldaň. Eger biz ýygnakdaky dogan-uýalaryň aladasyny edýän ýaşulular bilen eginme-egin işleşsek, ýygnagyň başy bolan Isa bilen dostlaşarys (Efesliler 4:15, 16-njy aýatlary okaň). Meselem, biz Ýygnak jaýlaryndan doly peýdalanýandygymyza göz ýetirmek isleýäris. Şonuň üçin käbir ýygnaklar birikdirilýär we ýygnagyň territoriýasy üýtgedilýär. Netijede, berilýän pul sadakalary tygşytlanylýar. Hawa, käbir wagyzçylar täze ýagdaýa öwrenişmeli bolýarlar. Şol wepaly wagyzçylar öňki ýygnagynda ençeme ýyl gulluk edendir we dogan-uýalar bilen dostlaşandyr. Indi bolsa olardan başga ýygnaga geçmegi haýyş edýärler. Isa şeýle özgerişligi goldaýan wepaly şägirtlerini görüp, gör, nähili begenýändir!

ISA BILEN EBEDILIK DOST BOLUŇ!

15. Biz gelejekde Isa bilen nädip ýakyndan dostlaşyp bileris?

15 Mukaddes ruh arkaly saýlanan mesihçiler Hudaýyň Patyşalygynda Isa bilen ebedilik höküm sürerler. Hakykatdan-da, olar Mesihiň ýanynda bolup, ony görerler, gepleşerler we bile wagt geçirerler (Ýah. 14:2, 3). Isa ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlaryň hem söýgi bilen aladasyny eder. Olar Isany görmeseler-de, onuň bilen ýakyn dost bolarlar. Sebäbi Ýehowa bilen Isa olara ebedi ýaşaýşy sylag berer (Işa. 9:6, 7).

16. Isa bilen dostlaşsak nähili bereketleri alarys?

16 Biz Isanyň çakylygyny kabul edip, onuň bilen dostlaşsak, ençeme bereketleri alýarys. Meselem, Isa bizi söýýär, goldaýar we ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär. Esasanam, biz Isa bilen dostlaşsak, iň gymmatly hazyna eýe bolýarys, ýagny Isanyň Atasy Ýehowa bilen dostlaşýarys. Isanyň dosty bolmak, gör, nähili uly hormat!

17-NJI AÝDYM «Isleýärin»

^ par. 5 Resullar birnäçe ýyl Isa bilen wagyz edip we gürrüňdeş bolup dostlaşdylar. Isa biziň bilen hem dost bolmak isleýär. Ýöne resullardan tapawutlylykda, bize Isa bilen dostlaşmak kyn bolup biler. Şu makalada munuň sebäbini we Isa bilen dost bolmaga kömek etjek maslahatlary bileris.

^ par. 55 SURATLAR: 1) maşgala okuwynda Isanyň ýerdäki ömri we wagzy barada öwrenýäris; 2) ýygnakdaky dogan-uýalar bilen agzybir bolmaga jan edýäris; 3) yhlasly wagyz edip, Mesihiň doganlaryny goldaýarys; 4) ýygnaklar birikdirilende, ýaşulular bilen eginme-egin işleşýäris.