Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 19

Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler

Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler

«Dünýäniň soňunda günorta patyşasy onuň (demirgazyk patyşasy) bilen çaknyşar» (Dan. 11:40).

150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar

MAZMUNY *

1. Mukaddes Kitapdaky haýsy pygamberlik hakda bileris?

ÝAKYN gelejekde Ýehowanyň Şaýatlaryna näme bolar? Biz muny anyk bilmeýäris. Mukaddes Kitapda bize täsir etjek wajyp wakalaryň boljakdygy ýazylan. Esasan-da, bir pygamberlik ýer ýüzünde käbir güýçli hökümdarlyklaryň nähili hereket etjekdigini görkezýär. Danyýar kitabynyň 11-nji babynda biri-birine garşy çykjak iki sany güýçli patyşa, ýagny günorta patyşasy bilen demirgazyk patyşasy hakda aýdylýar. Pygamberligiň köp bölegi eýýäm ýerine ýetdi. Şonuň üçin galan böleginiň hem ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris.

2. 1 Musa 3:15 we Ylham 11:7; 12:17-nji aýatlara görä, Danyýaryň pygamberligini öwrenenimizde nämäni ýatdan çykarmaly däl?

2 Danyýar kitabynyň 11-nji babyndaky pygamberlige düşünmek üçin şuny ýatdan çykarmaly däl: şol pygamberlikde diňe Hudaýyň halkyna gönüden-göni täsir edýän patyşalar we hökümdarlyklar hakda aýdylýar. Ýehowanyň halky bütin ýer ýüzündäki ilatyň kiçijik bir bölegi bolsa-da, olary näme üçin yzarlaýarlar? Sebäbi Şeýtan we onuň golastyndaky dünýä Ýehowa bilen Isa gulluk edýänleri ýok etmek isleýär (1 Musa 3:15 we Ylham 11:7; 12:17-nji aýatlary okaň). Ýene bir üns bermeli zadymyz, Danyýaryň aýdan pygamberligi Mukaddes Kitapdaky beýleki pygamberlikler bilen gabat gelmeli. Şol sebäpli biz Hudaýyň Sözündäki beýleki pygamberlikleri gowy öwrensek, Danyýar kitabyndaky pygamberlige dogry düşünip bileris.

3. Şu we indiki makalada näme hakda bileris?

3 Biz Danyýar 11:25—39-njy aýatlar hakda gürrüň ederis. Pygamberlikden 1870—1991-nji ýyllar aralygynda demirgazyk patyşasy bilen günorta patyşasynyň kim bolandygyny bileris. Şeýle-de Danyýaryň pygamberligine häzir näme üçin başgaça düşünýändigimiz hakda bileris. Indiki makalada Danyýar 11:40—12:1-nji aýatlara seredip, şol pygamberligiň 1991-nji ýyldan Armageddon urşuna çenli nädip ýerine ýetýändigini bileris. Şu iki makalany öwreneniňizde, «Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar» diýen çarçuwany ünsli okaň. Emma ilki bilen, geliň, Danyýaryň pygamberligindäki iki patyşanyň kimdigini bileliň.

DEMIRGAZYK WE GÜNORTA PATYŞASYNY NÄDIP TANAP BOLÝAR?

4. Demirgazyk we günorta patyşalaryny nädip tanap bolýar?

4 Gadymy döwürde Ysraýylyň demirgazygynda ýerleşýän ýurduň patyşasyna «demirgazyk patyşasy», günortasynda ýerleşýän ýurduň patyşasyna «günorta patyşasy» diýlipdir. Näme üçin şeýle diýse bolýar? Muňa düşünmek üçin, geliň, Hudaýyň perişdesiniň Danyýar pygambere näme diýendigine üns bereliň: «Men... seniň halkyň başyna nämeleriň injekdigini düşündirmäge geldim» (Dan. 10:14). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününe çenli ysraýyllar Hudaýyň halky hasaplanýardy. Emma şondan soň Ýehowa Isanyň wepaly şägirtlerini öz halky edip saýlandygyny mese-mälim görkezdi. Şonuň üçin Danyýar kitabynyň 11-nji babyndaky pygamberlikleriň köp bölegi hem göni manydaky ysraýyl halkyna däl-de, Mesihiň şägirtlerine degişli (Res. 2:1—4; Rim. 9:6—8; Gal. 6:15, 16). Şeýle-de taryhyň dowamynda birnäçe patyşalar we hökümdarlar demirgazyk hem günorta patyşasy bolupdylar. Emma olaryň arasynda birnäçe meňzeşlik bar. Birinjiden, şol patyşalar Hudaýyň gullukçylary nirede köp bolsa, şol ýerde höküm sürdüler ýa-da yzarladylar. Ikinjiden, olar Hudaýyň halkyna azar berip, hak Hudaý Ýehowany ýigrenýändigini görkezdiler. Üçünjiden, iki patyşa bir-birine garşy çykdylar.

5. II asyrdan XIX asyryň ahyryna çenli demirgazyk we günorta patyşasy bardymy? Düşündiriň.

5 B. e. II asyrynda mesihçiler ýygnagyna has köp ýalan mesihçiler goşulyp başladylar. Olar ýalan taglymatlary öwredip, Hudaýyň Sözündäki hakykatlary gizleýärdiler. II asyrdan tä XIX asyryň ahyryna çenli ýer ýüzünde Hudaýyň halkynyň guramasy ýokdy. Haşal otlary aňladýan ýalan mesihçiler gülläp ösýärdi, şol sebäpli hakyky mesihçileri tanamak has-da kynlaşýardy (Mat. 13:36—43). Muny bilmek näme üçin wajyp? Şol döwür demirgazyk we günorta patyşalary hüjüm eder ýaly, ýer ýüzünde Hudaýyň halkynyň guramasy ýokdy. Şonuň üçin II asyrdan XIX asyryň ahyryna çenli höküm süren patyşalara demirgazyk we günorta patyşasy diýip bolmaýar *. Emma XIX asyryň ahyrynda demirgazyk we günorta patyşasynyň ýene peýda bolandygyny görse bolýar. Biz muny nireden bilýäris?

6. Hudaýyň halky haçan gurama hökmünde hereket edip başlady? Düşündiriň.

6 1870-nji ýylda Hudaýyň halky gurama hökmünde hereket edip başlady. Şol ýyl Ç. T. Rassell egindeşleri bilen Mukaddes Kitaby öwrenýän topary döretdi. Pygamberlik edilişi ýaly, Mesihi Patyşalyk dikeldilmezden öň, Rassell bilen egindeşleri ýol taýýarlaýan habarçy boldular (Mel. 3:1). Ine, Hudaýyň halkyny ýene-de tanap bolýardy! Şol döwürde Hudaýyň halkyny yzarlaýan patyşalar bardymy? Geliň, bileliň.

GÜNORTA PATYŞASY KIM?

7. 1917-nji ýyla çenli haýsy döwlet günorta patyşasydy?

7 1870-nji ýylda Beýik Britaniýa dünýä boýunça iň uly imperiýady we onuň güýçli goşuny bardy. Danyýaryň pygamberliginde şol imperiýa «kiçi şah» hökmünde suratlandyrylyp, «öňündäki üç şahy goparandygy», ýagny Fransiýany, Ispaniýany we Niderlandiýany derbi-dagyn edendigi aýdylýar (Dan. 7:7, 8). Beýik Britaniýa 1917-nji ýyla çenli günorta patyşasy boldy. Şol ýyllar ABŞ iň baý döwletleriň biri bolup, Beýik Britaniýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başlady.

8. Soňky günlerde kim «günorta patyşasy» boldy?

8 I Jahan urşy döwründe ABŞ bilen Beýik Britaniýa harby güýçlerini birleşdirdi we Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy peýda boldy. Danyýaryň pygamberlik edişi ýaly, günorta patyşasy «uly we güýçli goşun toplady» (Dan. 11:25). Şeýlelikde, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy «günorta patyşasy» * boldy we ol soňky günleriň ahyryna çenli höküm sürer. Onda «demirgazyk patyşasy» kim?

DEMIRGAZYK PATYŞASY KIM?

9. Demirgazyk patyşasy haçan peýda bolýar we Danyýar 11:25-däki pygamberlik nädip ýerine ýetýär?

9 Rassell bilen egindeşleri Mukaddes Kitaby öwrenýän topary döredenden bir ýyl geçensoň, ýagny 1871-nji ýylda demirgazyk patyşasy ýene-de peýda bolýar. Şol ýyly Otto fon Bismark birnäçe ýerleri birleşdirip, German imperiýasyny döredýär. Wilgelm I Germaniýanyň ilkinji imperatory bolýar, Bismarky bolsa birinji baştutan edip belleýär *. Onlarça ýyl geçensoň Germaniýa köp ýerleri basyp alyp, Afrikada we Ýuwaş okeanda ýerleşýän käbir ýurtlary golastyna alýar, hatda Britaniýadan hem güýçli bolmak isleýär (Danyýar 11:25-i okaň). Şol döwür Germaniýa güýçli goşun toplady we deňiz harby güýji boýunça dünýäde ikinji ýerde durýardy. Germaniýa I Jahan urşy döwründe harby güýji arkaly duşmanlary bilen söweşýär.

10. Danyýar 11:25b, 26-njy aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi?

10 Danyýaryň pygamberliginde German imperiýasyna we onuň harby güýjüne näme boljakdygy hem aýdylýar. Pygamberlikde demirgazyk patyşasy «durup bilmez» diýilýär. Näme üçin? Sebäbi «çöregini iýen adamlar» «oňa garşy dildüwşük gurnar» (Dan. 11:25b, 26a). Danyýaryň günlerinde «patyşanyň huzurynda hyzmat edýän» adamlar onuň saçagyndan iýip içýärdi (Dan. 1:5). Pygamberlikdäki bu adamlar kimi aňladýar? Olar German imperiýasynyň ýokary wezipeli adamlaryny, serkerdelerini we harby işgärlerini aňladýar. Olar patyşany güýçden gaçyryp, Germaniýada hökümeti dolandyrmagyň täze usulyny girizdiler *. Pygamberlikde demirgazyk patyşasynyň diňe bir ýykyljakdygy däl-de, günorta patyşa bilen onuň arasynda boljak söweşiň netijesi hakda hem aýdylýar. Danyýar kitabynda demirgazyk patyşasy hakda şeýle diýilýär: «Onuň goşuny bolsa derbi-dagyn ediler we köp adamlar gyrlar» (Dan. 11:26b). I Jahan urşunda Germaniýanyň goşuny «derbi-dagyn edildi» we «köp adamlar gyryldy». I Jahan urşy adamzat taryhynda iň gandöküşikli döwürleriň biri boldy.

11. Danyýar 11:27—30-njy aýatlara görä, demirgazyk we günorta patyşasy näme etdi?

11 I Jahan urşunyň öň ýanynda boljak wakalar hakda Danyýar 11:27, 28-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Iki patyşa saçak başynda oturyp, biri-birine ýalan sözlärler». Şeýle-de pygamberlikde demirgazyk patyşasynyň «köp olja» toplajakdygy aýdylýar. Pygamberlik jikme-jik ýerine ýetdi. Germaniýa bilen Britaniýa bir-birine parahatlygy saklajakdygyny aýtsa-da, 1914-nji ýylda uruş başlanda, olaryň aýdanlary ýalan bolup çykdy. 1914-nji ýyla çenli Germaniýa baýap, dünýäde iň baý ikinji döwlet boldy. Soňra Danyýar 11:29-daky we 30-njy aýadyň başyndaky sözler ýerine ýetdi. Germaniýa günorta patyşasyna garşy çykýar, emma ol söweşde ýeňilýär.

PATYŞALAR HUDAÝYŇ HALKYNA GARŞY SÖWEŞÝÄR

12. I Jahan urşunda demirgazyk we günorta patyşasy näme etdi?

12 1914-nji ýyldan başlap, iki patyşa bir-birine we Hudaýyň halkyna garşy söweşýärler. Meselem, I Jahan urşy döwründe Hudaýyň halky söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin, Germaniýa we Beýik Britaniýa hökümeti olary zalymlyk bilen yzarlap başlady. Mundan başga-da ABŞ-da wagyz işine ýolbaşçylyk edýän doganlary türmä basdylar. Şeýdip, Ylham 11:7—10-njy aýatlardaky pygamberlik ýerine ýetdi.

13. 1930-njy ýyllarda we II Jahan urşy döwri demirgazyk patyşasy näme etdi?

13 1930-njy ýyllarda we II Jahan urşy döwri demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkyna zalymlyk bilen hüjüm etdi. Germaniýada faşistler höküm sürüp başlansoň, Gitler we onuň ýaranlary Hudaýyň halkyna wagyz etmegi gadagan etdi. Duşmanlar 1 500 töweregi Şaýatlary öldürdiler, müňlerçesini bolsa konslagerlere ugratdylar. Şonda Danyýaryň pygamberligi ýerine ýetdi. Demirgazyk patyşasy «mukaddes ýeri haram edip, her gün berilýän gurbanlygy gadagan etdi». Netijede, Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň adyny arkaýyn şöhratlandyryp bilmeýärdi (Dan. 11:30b, 31a). Hatda Gitler Germaniýadaky Hudaýyň halkyny bütinleý ýok etjekdigini söz berdi.

TÄZE DEMIRGAZYK PATYŞASY PEÝDA BOLÝAR

14. II Jahan urşundan soň haýsy ýurt demirgazyk patyşasy boldy?

14 II Jahan urşundan soň Germaniýa degişli bolan birgiden ýurtlar kommunistik Sowet Soýuzynyň golastyna geçdi we täze demirgazyk patyşasy peýda boldy. Germaniýadaky faşistler ýaly, Sowet Soýuzy hem hak Hudaýa sežde etmekligi ähli zatdan ileri tutýan her bir adama gahar-gazap bilen topuldy.

15. II Jahan urşy tamamlanansoň demirgazyk patyşasy näme edip başlady?

15 II Jahan urşy tamamlanan badyna täze demirgazyk patyşasy, ýagny Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary Hudaýyň halkyna ýene-de topulyp başladylar. Ylham 12:15—17-nji aýatlarda olaryň hüjümi derýa bilen deňeşdirilýär. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, täze demirgazyk patyşasy wagyz işimizi gadagan edip, müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlaryny Sibire sürgün etdi. Dogrudanam, soňky günler başlandan bäri demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkynyň üstüne hüjüm edip gelýär, ýöne hiç hili netije gazanmaýar *.

16. Danyýar 11:37—39-njy aýatlardaky pygamberlikler Sowet Soýuzynda nädip ýerine ýetdi?

16 Danyýar 11:37—39-njy aýatlary okaň. Danyýar demirgazyk patyşasynyň «ata-babalarynyň Hudaýyna hormat goýmajakdygyny» pygamberlik etdi. Pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Sowet Soýuzy dini ýok etmek maksady bilen, dini guramalary we däp-dessurlary ýuwaş-ýuwaşdan gadagan edip başlady. Şeýlelikde, 1918-nji ýyldan başlap, mekdeplerde «Hudaý ýok» diýip öwredip başladylar. Demirgazyk patyşasy «galalaryň taňrysyny» nädip şöhratlandyrdy? Sowet Soýuzy hasam güýjemek üçin, köp mukdarda pul harçlap, goşunyny köpeltdi we müňlerçe ýadro ýaraglaryny öndürdi. Netijede, demirgazyk we günorta patyşasy milliardlarça adamlary gyryp biljek ýaraglary edindiler.

IKI DUŞMAN ÝAKYNDAN HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

17. «Weýrançylyk getirýän ýigrenji zat» näme?

17 Iki patyşa ençeme ýyllaryň dowamynda duşman hem bolsa, demirgazyk patyşasy günorta patyşasyny bir wajyp meselede goldaýar. Olar «weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikýärler» (Dan. 11:31). Şol «ýigrenji zat» Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar.

18. Pygamberlikdäki «ýigrenji zat» näme üçin Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar?

18 Pygamberlikdäki «ýigrenji zat» näme üçin Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar? Sebäbi ol bütin dünýäde parahatlygy dikeldip bilerin diýýär. Aslynda, şeýle parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikeldip bilýär. Şeýle-de pygamberlikde şol ýigrenji zadyň «weýrançylyk getirjekdigi» aýdylýar, ýagny Birleşen Milletler Guramasy ýalan dinleri ýok etmekde uly orun eýelär. («Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar» diýen çarçuwa serediň).

ŞU TARYHY WAKALARY NÄME ÜÇIN BILMELI?

19, 20. a) Biz näme üçin şu taryhy wakalary bilmeli? b) Indiki makalada näme hakda bileris?

19 Biz näme üçin şu taryhy wakalary bilmeli? Sebäbi Danyýaryň demirgazyk we günorta patyşasy hakdaky pygamberligi 1870—1990-njy ýyllar aralygynda ýerine ýetdi. Şol sebäpli pygamberligiň galan böleginiň hem ýerine ýetjekdigine ynamly bolup bileris.

20 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargady. Onda şu günler demirgazyk patyşasy kim? Munuň jogabyny indiki makalada bileris.

128-NJI AÝDYM Soňuna çenli çydalyň

^ par. 5 Şu günler Danyýar kitabynda agzalýan «demirgazyk patyşasy» we «günorta patyşasy» baradaky pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Biz munuň şeýledigine näme üçin ynamly bolup bileris? Biz şu pygamberlik bilen bagly jikme-jikliklere näme üçin düşünmeli?

^ par. 5 Ýokardaky düşündirilişe görä, indi Rim imperatory Awreliana (b. e. 270—275-nji ýyllar) demirgazyk patyşasy we şa aýaly Zenobiýa (b. e. 267—272-nji ýyllar) günorta patyşasy diýip bilmeýäris. Pygamberligiň öňki düşündirilişi «Danyýaryň pygamberligine üns beriň!» kitabynyň (rus.) 13, 14-nji baplarynda aýdylypdy.

^ par. 9 1890-njy ýylda imperator Wilgelm II Bismarky wezipesinden boşadýar.

^ par. 10 Olar imperiýany gowşatmak üçin köp zatlary etdiler. Meselem, patyşany goldamakdan boýun gaçyrdylar, ýeňlen söweşleri hakdaky gizlin maglumatlary ýaýratdylar we patyşany tagtyndan düşmäge mejbur etdiler.

^ par. 15 Danyýar 11:34-de aýdylyşy ýaly, demirgazyk patyşasy biraz wagtlyk mesihçileri yzarlamagyny goýdy. Şeýle ýagdaý 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň boldy.