Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 20

Şu günler «demirgazyk patyşasy» kim?

Şu günler «demirgazyk patyşasy» kim?

«Ol ýok ediler we onuň dadyna ýetişjek bolmaz» (Dan. 11:45).

95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar

MAZMUNY *

1, 2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

BIZIŇ soňky günlerde ýaşaýandygymyz hakda öňkä garanda, has köp subutnamalar bar. Tizden Ýehowa bilen Isa Mesih Patyşalyga garşy çykýan ähli hökümetleri ýok eder. Ýöne ondan öň demirgazyk patyşasy bilen günorta patyşasy bir-birine we Hudaýyň halkyna garşy söweşer.

2 Makalada Danyýar 11:40—12:1-nji aýatlardaky pygamberlige seredip, şu günler demirgazyk patyşasynyň kimdigini bileris. Şeýle-de öňümizde boljak agyr günlerde howsala düşmän, Ýehowa bil baglap biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

TÄZE DEMIRGAZYK PATYŞASY

3, 4. Täze «demirgazyk patyşasy» kim? Düşündiriň.

3 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, köp ýerlerde ýaşaýan Hudaýyň halkyna «biraz kömek edildi», ýagny biraz wagtlyk azatlyga çykdy (Dan. 11:34). Netijede, Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda Şaýatlar arkaýyn wagyz edip başlady we wagyzçylaryň sany ýüzlerçe müňe ýetdi. Wagtyň geçmegi bilen, Russiýa bilen onuň tarapdarlary demirgazyk patyşasy hökmünde hereket edip başlady. Geçen makalada aýdylyşy ýaly, bir hökümetiň demirgazyk ýa-da günorta patyşasydygyny bilmäge şu üç zat kömek edýär: 1) olar Hudaýyň gullukçylary nirede köp bolsa, şol ýerde höküm sürmeli ýa-da yzarlamaly; 2) olar Ýehowany we onuň halkyny ýigrenýändigini görkezýän işleri etmeli; 3) iki patyşa bir-birine garşy çykmaly.

4 Görşümiz ýaly, Russiýa we onuň tarapdarlaryna «demirgazyk patyşasy» diýip bileris. Sebäbi olar 1) Hudaýyň halkynyň wagyz işini gadagan edýär we müňlerçe dogan-uýalary yzarlaýar; 2) olar Ýehowany we onuň halkyny ýigrenýär; 3) günorta patyşasyna, ýagny Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyna garşy gidýär. Geliň, Russiýanyň we onuň tarapdarlarynyň «demirgazyk patyşasy» hökmünde nädip hereket edýändigini göreliň.

DEMIRGAZYK WE GÜNORTA PATYŞASY BIR-BIRINE GARŞY ÇYKMAGYNY DOWAM EDÝÄR

5. Danyýar 11:40—43-nji aýatlarda haýsy döwür hakda aýdylýar we şol döwür näme bolar?

5 Danyýar 11:40—43-nji aýatlary okaň. Pygamberligiň bu bölegi soňky günlerde boljak wakalary öz içine alýar. Aýatlarda demirgazyk we günorta patyşasynyň bir-birine garşy çykyşy aýdyň görkezilýär. Danyýaryň pygamberliginde «dünýäniň soňunda» günorta patyşasynyň demirgazyk patyşasy bilen «çaknyşjakdygy» aýdylýar (Dan. 11:40).

6. Demirgazyk we günorta patyşasynyň bir-birine garşy çykýandygy nämeden görünýär?

6 Demirgazyk patyşasy bilen günorta patyşasy dünýäde iň güýçli döwlet bolmak üçin bir-biri bilen bäsleşmegini dowam edýär. Mysal üçin, II Jahan urşundan soň Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary Ýewropanyň köp bölegine täsirini ýetirip başlady. Günorta patyşasy hem halkara harby guramany döretdi, oňa NATO diýilýär. Günorta patyşasy demirgazyk patyşasy bilen bäsleşip, köp mukdarda pul sarp edip, güýçli harby goşunyny döretdi. Demirgazyk patyşasy günorta patyşasy bilen bäsdeşlik edip, Afrika, Aziýa we Latyn Amerika ýurtlaryny harby taýdan goldady. Soňky ýyllarda Russiýa we onuň tarapdarlary bütin dünýä öz täsirini ýetirýär. Şeýle-de bu patyşalar bir-birine garşy kiber söweşini (Internet arkaly) alyp barýar. Olar biri-birini kompýuter programmalary arkaly ýurduň ykdysadyýetine hem-de syýasatyna zyýan ýetirmekde aýyplaýarlar. Danyýaryň pygamberlik edişi ýaly, demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkyna topulmagyny dowam edýär (Dan. 11:41).

DEMIRGAZYK PATYŞASY «OWADAN ÝURDA» ÇOZÝAR

7. «Owadan ýurt» näme?

7 Danyýar 11:41-nji aýatda demirgazyk patyşasynyň «Owadan ýurda» çozjakdygy pygamberlik edilen. Ol haýsy ýurtka? Gadymy döwürde Ysraýyl topragy «ýer ýüzüniň iň owadan ýurdy» hasaplanýardy (Hyz. 20:6). Ýöne Ysraýyla owadan ýurt diýilmeginiň esasy sebäbi, ol ýerde adamlar Ýehowa sežde edýärdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri göni manyda bir ýere «Owadan ýurt» diýip bolmaýar. Sebäbi Ýehowanyň halky ýer ýüzüniň ähli künjegine ýaýrap başlady. «Owadan ýurt» şu günler Ýehowanyň halkynyň edýän işlerini aňladýar. Muňa ýygnak duşuşyklary we wagyz gullugy ýaly işler degişli.

8. Demirgazyk patyşasy «Owadan ýurda» nädip çozdy?

8 Soňky günlerde demirgazyk patyşasy gaýta-gaýta «Owadan ýurda» çozdy. Meselem, II Jahan urşy döwri Germaniýa demirgazyk patyşasy hökmünde hereket edip, Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen yzarlanda we käbirini öldürende, «Owadan ýurda» çozýan ýaly boldy. II Jahan urşundan soň, Sowet Soýuzy täze demirgazyk patyşasy bolup, «Owadan ýurda» çozdy, ýagny Hudaýyň gullukçylaryna topulyp, olary sürgün etdi.

9. Soňky birnäçe ýylyň içinde Russiýa we onuň tarapdarlary «Owadan ýurda» nädip çozdy?

9 Soňky birnäçe ýylyň içinde Russiýa we onuň tarapdarlary «Owadan ýurda» çozdy. Nädip? 2017-nji ýylda «demirgazyk patyşasy» Ýehowanyň Şaýatlarynyň işini gadagan etdi we birnäçe dogan-uýalary türmä basdy. Şeýle-de edebiýatlarymyzy, şol sanda «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» hem gadagan etdi. Mundan başga-da Russiýadaky filialy, Ýygnak jaýlaryny we Kongresler köşklerini döwletiň haýryna geçirdi. Şu hereketlerden soň, 2018-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty Russiýanyň we onuň tarapdarlarynyň «demirgazyk patyşasydygyny» aýtdy. Emma Ýehowanyň halky birnäçe gezek zalymlyk bilen yzarlansa-da, hökümetiň garşysyna gitmedi ýa-da oňa garşy gozgalaň turuzmady. Gaýtam olar Mukaddes Kitapdaky «ýokary wezipeli adamlar üçin... doga ediň» diýen maslahata eýerdi. Olar, esasan-da, häkimiýetler Hudaýa edýän seždämizi gadagan etmekçi bolanda, has-da köp doga etdiler (1 Tim. 2:1, 2).

DEMIRGAZYK PATYŞASY GÜNORTA PATYŞASYNY ÝEŇERMI?

10. Demirgazyk patyşasy günorta patyşasyny ýeňermi? Düşündiriň.

10 Danyýar 11:40—45-nji aýatlardaky pygamberlikde, esasan, demirgazyk patyşasynyň etjek işleri hakda aýdylýar. Ýöne aýatdaky sözler demirgazyk patyşasynyň günorta patyşasyny ýeňjekdigini aňladýarmy? Ýok, sebäbi Ýehowa bilen Isa Armageddon söweşinde ähli ynsan hökümetlerini ýok edende, günorta patyşasy «diri» bolar (Ylh. 19:20). Näme üçin şeýle diýip bileris? Geliň, Danyýaryň pygamberligini Ylham kitabyndaky pygamberlik bilen deňeşdirip göreliň.

Armageddonda Hudaýyň Patyşalygy ähli ynsan hökümetleriniň soňuna çykar (11-nji abzasa serediň)

11. Danyýar 2:43—45-nji aýatlarda näme hakda aýdylýar? (Daşky sahypadaky surata serediň).

11 Danyýar 2:43—45-nji aýatlary okaň. Danyýar pygamber Hudaýyň halkyna täsir etjek ynsan hökümetleri hakda aýtdy. Olar ägirt uly demir heýkeliň her dürli bölekleri hökmünde suratlandyrylýar. Heýkeliň demir we toýun gatyşykly aýagy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýar. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Hudaýyň Patyşalygy ähli hökümetleri derbi-dagyn edip başlanda, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy bolar.

12. Wagşy haýwanyň ýedinji kellesi kimi aňladýar we muny bilmek näme üçin wajyp?

12 Ýahýa resul Ýehowanyň halkyna täsir etjek dünýä imperiýalaryny suratlandyrdy. Ol şol imperiýalary ýedi kelleli wagşy haýwana meňzetdi. Wagşy haýwanyň ýedinji kellesi Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýar. Muny bilmek örän wajyp, sebäbi ondan soň wagşy haýwanyň başga kellesiniň dörejekdigi aýdylmaýar. Diýmek, ýedinji kelle Isa Mesih gökdäki goşuny bilen wagşy haýwany ýok etjek wagty höküm sürer * (Ylh. 13:1, 2; 17:13, 14).

DEMIRGAZYK PATYŞASY GELEJEKDE NÄME EDER?

13, 14. «Mäjit ýurdundaky Äjit» kim we ol näme sebäpden Hudaýyň halkyna hüjüm eder?

13 Hyzkyl kitabynda agzalýan pygamberlik soňky günlerde demirgazyk we günorta patyşasy bilen bagly käbir zatlary aýan edýär. Hyzkyl 38:10—23; Danyýar 2:43—45; 11:44—12:1; Ylham 16:13—16, 21-nji aýatlarda şol bir waka hakda pygamberlik edilýän bolmaly. Eger şeýle bolsa, onda indiki gürrüň ediljek wakalara garaşmaga bizde esas bar.

14 Uly betbagtçylyk başlandan biraz wagt geçensoň, «ýer ýüzüniň patyşalary» ýygnanyşar, şeýdip, milletleriň üýşmegi dörär (Ylh. 16:13, 14; 19:19). Mukaddes Kitapda milletleriň üýşmegine «Mäjit ýurdundaky Äjit» diýilýär (Hyz. 38:2). Ol Hudaýyň halkyna soňky gezek hüjüm eder. Ol näme sebäpden hüjüm eder? Ýahýa resul şol döwür bilen bagly görnüş görýär. Ol Hudaýyň duşmanlarynyň üstüne uly buzuň ýagandygyny görýär. Buz göçme manyda Ýehowanyň halkynyň aýtjak höküm habaryny aňladýar. Höküm habary yglan edilende, Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyny ýer ýüzünden ýok etmek maksady bilen olara topular (Ylh. 16:21).

15, 16. a) Danyýar 11:44, 45-nji aýatlardaky sözler haýsy wakalary aňladýan bolmaly? b) Demirgazyk patyşasy bilen «Mäjit ýurdundaky Äjidiň» galan bölegine näme bolar?

15 Hudaýyň halkynyň yglan etjek höküm habary we duşmanlaryň soňky gezek hüjüm etjekdigi baradaky şol wakalar Danyýar 11:44, 45-nji aýatlarda (okaň) hem ýazylan. Danyýar «gündogardan we demirgazykdan gelen habaryň» demirgazyk patyşasynyň gaharyny getirjekdigini aýdýar. Demirgazyk patyşasy «köp adamlary gyryp, ýoguna çykmagy» ýüregine düwer. «Köp adamlar» diýende, Ýehowanyň halky göz öňünde tutulýan bolmaly *. Danyýar Hudaýyň halkyna ediljek soňky hüjüm hakda aýdýan bolmaly.

16 Demirgazyk patyşasy bilen beýleki hökümetler Hudaýyň halkyna topulanda, Gudratygüýçli Hudaýyň gahary geler we Armageddon urşy başlar (Ylh. 16:14, 16). Şol wagt demirgazyk patyşasy we «Mäjit ýurdundaky Äjidiň» bir bölegi bolan beýleki patyşalar heläk ediler. Şonda olaryň «dadyna ýetişjek bolmaz» (Dan. 11:45).

Armageddon söweşinde Isa Mesih goşuny bilen Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok eder we Hudaýyň halkyny halas eder (17-nji abzasa serediň)

17. Danyýar 12:1-däki «Beýik serkerde» Mikaýyl kim? Ol häzir näme edýär we gelejekde näme eder?

17 Danyýar kitabynda demirgazyk patyşasynyň we onuň tarapdarlarynyň soňuna çykyljakdygy we biziň nädip halas boljakdygymyz barada jikme-jik beýan edilýär (Danyýar 12:1-i okaň). Bu aýatdaky sözler nämäni aňladýar? Patyşamyz Isa Mesihe Mikaýyl hem diýilýär. Ol 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilenden bäri, Ýehowanyň gullukçylary üçin «aýaga galýar». Tizden ol Armageddon söweşinde ýene-de aýaga galar, ýagny duşmanlary ýok etmek üçin aýgytly hereket eder. Şol söweş barada Danyýar pygamber: «Şonda halklar döräli bäri, görlüp-eşidilmedik agyr döwür bolar» diýdi. Ýahýa resul hem Ylham kitabynda Armageddon söweşine eltjek döwri «uly betbagtçylyk» diýip atlandyrdy (Ylh. 6:2; 7:14).

«HUDAÝYŇ KITABYNA» SIZIŇEM ADYŇYZ ÝAZYLARMY?

18. Biz gelejege näme üçin ynamly garap bileris?

18 Biz gelejege ynamly garap bilýäris, sebäbi Danyýar pygamber bilen Ýahýa resul Ýehowanyň we Isanyň öz gullukçylaryny uly betbagtçylykda halas etjekdigini aýtdy. Danyýar halas boljak adamlaryň atlarynyň «Hudaýyň kitabyna» ýazyljakdygyny aýdýar (Dan. 12:1). Adymyz şol kitaba ýazylar ýaly näme etmeli? Hudaýyň Guzusy Isa Mesihe iman etmeli (Ýah. 1:29). Özümizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli (1 Pet. 3:21). Şeýle-de başgalara Ýehowany tanamaga kömek edip, Hudaýyň Patyşalygyny goldamaly.

19. Biz häzirden näme etmeli we näme üçin?

19 Häzir Ýehowa we onuň wepaly gullukçylaryndan ybarat guramasyna bil baglamagyň tüýs wagty! Şeýle-de biz Hudaýyň Patyşalygyny häzirden goldamaly. Eger şeýtsek, Hudaýyň Patyşalygy demirgazyk we günorta patyşasyny ýok edende halas bolarys.

149-NJY AÝDYM Ýeňiş aýdymy

^ par. 5 Şu günler «demirgazyk patyşasy» kim we ol nädip ýok ediler? Munuň jogabyny bilmek imanymyzy berkidip, gelejekde boljak synaglara taýýarlanmaga kömek eder.

^ par. 12 Danyýar 2:36—45-nji we Ylham 13:1, 2-nji aýatlar 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykan «Garawul diňinde» jikme-jik düşündirilýär (sah. 7—19).

^ par. 15 Köpräk bilmek üçin «Garawul diňine» serediň (w15 15/5 sah. 29, 30)