Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 27

«Özüňize ýokary baha bermäň»

«Özüňize ýokary baha bermäň»

«Özüňize ýokary baha bermäň. Gaýtam sagdyn düşünjeli bolup, Hudaýyň berýän imanyna görä özüňize baha beriň» (Rim. 12:3).

130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň

MAZMUNY *

1. Filipililer 2:3-e görä, pesgöwünli bolmagyň nähili peýdasy bar?

BIZ pesgöwünlik bilen Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerýäris. Sebäbi Ýehowa bize hemişe ýagşylyk etmek isleýär (Efes. 4:22—24). Pesgöwünlik häsiýeti Ýehowanyň islegini birinji orunda goýmaga we özümizi ýokary saýmazlyga kömek edýär. Şonda biz Ýehowa we dogan-uýalar bilen dost bolup bileris (Filipililer 2:3-i okaň).

2. Pawlus nämä düşünýärdi? Biz näme hakda gürrüň ederis?

2 Biz seresap bolmasak, özüni bilýän we ulumsy * adamlaryň garaýşyna eýereris. I asyrda ýaşan mesihçileriň käbiri şeýle duzaga düşüpdiler. Sebäbi Pawlus resul rimlilere: «Özüňize ýokary baha bermäň. Gaýtam sagdyn düşünjeli bolup, Hudaýyň berýän imanyna görä özüňize baha beriň» diýdi (Rim. 12:3). Pawlus özüňe hormat goýmaly däl diýjek bolmady. Ýöne pesgöwünli bolsak, dogry garaýyşda bolup, özümizi ýokary tutmarys. Şu makalada 1) maşgalada, 2) Ýehowanyň guramasynda hormatly borjy ýerine ýetirenimizde we 3) sosial ulgamlaryny ulananymyzda pesgöwünli bolmagyň wajypdygy hakda gürrüň ederis.

MAŞGALADA PESGÖWÜNLI BOLUŇ

3. Näme üçin her bir maşgalada düşünişmezlik döreýär we käbirleri nähili netijä gelýärler?

3 Ýehowa är-aýalyň bagtly bolmagy üçin maşgala ojagyny döretdi. Ýöne ähli adamlar bikämil, şol sebäpli her bir maşgalada kynçylyk we düşünişmezlik bolýar. Pawlus resul maşgala gurýanlarda täze kynçylyklaryň boljakdygyny aýtdy (1 Kor. 7:28). Käbir är-aýallar hemişe dawa-jenjel edip ýaşaýandygy üçin: «Biz biri-birimize mynasyp däl ekenik» diýen netijä gelýärler. Eger olar maşgala ojagyna şu dünýäniň garaýşy ýaly garasalar näme bolar?! Är-aýalyň hersi öz bähbidine çapyp, kynçylygy çözmän, aýrylyşmaklygy dogry we aňsat çykalga hasaplaýarlar.

4. Biz nähili pikirlerden seresap bolmaly?

4 «Biz durmuş gurup, bir-birimizi bagtsyz etdik» diýen pikiri akylyňyza-da getirmäň. Är-aýal Hudaýyň aýrylyşmak babatda beren kanunyny unutmaly däl. Är-aýal diňe zyna sebäpli aýrylyşyp bilýär (Mat. 5:32). Şol sebäpli Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, maşgalada kynçylyk dörese: «Men bagtly däl, şeýle durmuş maňa gerekmi? Maňa bolan söýgüsi sowadymyka? Belki, men başga biri bilen bagtly bolaryn?» diýen pikirler döräp biler. Adam şeýle soraglar hakda oýlansa, diýmek, diňe özüni bilýär. Şu dünýäniň adamlary: «Ýüregiňi diňle. Öz bagtyň üçin göreş, gerek bolsa, aýrylyş» diýip maslahat berýärler. Mukaddes Kitapda bolsa: «Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» diýilýär (Flp. 2:4). Ýehowa maşgalanyň bozulmagyny däl, agzybir ýaşamagyny isleýär (Mat. 19:6). Ýehowa sizden öz islegiňize görä däl-de, Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna görä ýaşamagyňyza garaşýar.

5. Efesliler 5:33-de är-aýala nähili maslahat berilýär?

5 Är-aýal biri-birini söýmeli we hormat goýmaly (Efesliler 5:33-i okaň). Mukaddes Kitapda: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» aýdylýar (Res. 20:35). Är-aýala biri-birini söýmäge we hormat goýmaga näme kömek eder? Elbetde, pesgöwünlik häsiýeti. Pesgöwünli är-aýallar Mukaddes Kitabyň şu maslahatyna eýerýärler: «Her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin» (1 Kor. 10:24).

Pesgöwünli är-aýal dawalaşman, agzybir işleşýär (6-njy abzasa serediň)

6. Är-aýalyň aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

6 Pesgöwünlilik häsiýeti köp mesihçi är-aýallara bagtly ýaşamaga kömek edýär. Meselem, Stiwen dogan şeýle gürrüň berýär: «Är-aýal bir pikirde bolsa, eginme-egin işleşip, maşgaladaky kynçylygy aňsatlyk bilen çözüp bilerler. Şonda siz: „Meniň üçin gowy bolar — diýmegiň deregine — biziň üçin gowy bolar“ diýersiňiz». Stefani hem ärini goldap: «Dawaçyl adam bilen hiç kimiň ýaşasy gelmese gerek?! Düşünişmezlik dörände, biz bir-birimizi günäkärlemän düşünişmezligiň sebäbini anyklajak bolýarys. Soňra Ýehowa doga-dileg edýäris, meseläni çözmek üçin edebiýatlardan gözleg geçirýäris we ara alyp maslahatlaşýarys. Biz biri-birimizi günäkärlemän, kynçylygy çözmäge jan edýäris» diýýär. Maşgalada her kim öz bähbidine çapyp, özüni ýokary tutsa, maşgalasyny bagtly edip bilmez.

ÝEHOWA PESGÖWÜNLILIK BILEN GULLUK EDIŇ

7. Hormatly borjy ýerine ýetirýän dogan nähili garaýyşda bolmaly?

7 Biz Ýehowa gulluk etmegi uly hormat hasaplaýarys (Zeb. 27:4; 84:10). Eger dogan Ýehowanyň guramasynda hormatly borjy ýerine ýetirmek isleýän bolsa, öwgä mynasypdyr. Mukaddes Kitapda: «Kim gözegçi bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär» diýilýär (1 Tim. 3:1). Dogana jogapkärli iş tabşyrylan bolsa, ol özüni ýokary tutmaly däl (Luka 17:7—10). Ol dogan-uýalara pesgöwünlilik bilen hyzmat etmegi maksat edinmeli (2 Kor. 12:15).

8. Diýotref, Uzyýa we Abselim bilen bolan wakalardan nähili sapak edinýäris?

8 Mukaddes Kitapda özüni ýokary tutan adamlar hakda aýdylýar. Meselem, Diýotref ulumsylyk edip, ýygnakda «hojaýynsyraýar» (3 Ýah. 9). Uzyýa patyşa gopbamsylyk edip, Ýehowanyň tabşyrmadyk işini etjek bolýar (2 Tar. 26:16—21). Abselim bolsa mekirlik bilen adamlaryň göwnünden turup, patyşa bolmak isleýär (2 Şam. 15:2—6). Şu wakalardan görnüşi ýaly, Ýehowa özüne çendenaşa göwni ýetýän adamlary halamaýar (Nak. 25:27). Ulumsy we şöhratparaz adamlar iru-giç heläkçilige uçraýarlar (Nak. 16:18).

9. Isa pygamber nähili görelde galdyrdy?

9 Geliň, indi şol üç ulumsy adamdan tapawutlanýan Isa pygamber hakda gürrüň edeliň. «Ol Hudaýyň keşbinde bolsa-da, özüni Hudaý bilen deňemedi, häkimiýeti eline geçirmek hakda pikir hem etmedi» (Flp. 2:6). Isa Ýehowanyň ýaradan perişdeleriniň iň beýigi bolsa-da, özüni hiç haçan ýokary tutmandyr. Ol şägirtlerine: «Araňyzda kim özüni peseltse, ol beýik bolar» diýdi (Luka 9:48). Isa pygamberiň göreldesine eýerip, pesgöwünli pionerler, hyzmatçy doganlar, ýaşulular we etrap gözegçileri bilen gulluk edenimizde örän begenýäris. Biz pesgöwünli bolsak, dogan-uýalary ýürekden söýeris. Isa Mesih şägirtleriniň söýgi häsiýeti bilen tanaljakdygyny aýdypdy (Ýah. 13:35).

10. Bir meseläniň dogry çözülmeýändigini bilseňiz näme edersiňiz?

10 Aýdaly, ýygnak ýaşulularynyň bir meseläni dogry çözmeýändigini bilýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda näme edersiňiz? Siz nägile bolmagyň deregine, pesgöwünlilik bilen ýaşululary goldaň (Ýew. 13:17). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Meni biynjalyk edýän mesele şeýle wajypmy? Ony şu wagt çözmelimi? Şol meselä goşulmaga hakym barmy? Men ýygnagyň agzybirligi hakda alada edýärinmi ýa-da öz abraýymy artdyrjak bolýarynmy?»

Hormatly borç tabşyrylan doganlar diňe bir ukyby bilen däl-de, pesgöwünliligi bilen tanalmaly (11-nji abzasa serediň) *

11. Efesliler 4:2, 3-nji aýatlara görä, pesgöwünli bolmagyň nähili peýdasy bar?

11 Ýehowa ukyply adamy däl-de, pesgöwünlini gymmat saýýar; köp işleýän adamyň däl-de, agzybir işleýän adamyň gadyryny bilýär. Geliň, Ýehowa pesgöwünli gulluk etmek üçin jan edeliň! Şonda ýygnakda agzybirligiň has-da berkemegine ýardam ederis (Efesliler 4:2, 3-nji aýatlary okaň). Yhlasly wagyz ediň we ýagşylyk etmek üçin mümkinçilik gözläň. Ýygnakdaky diňe hormatly borçlary ýerine ýetirýänleri däl-de, ähli dogan-uýalary myhmançylyga çagyryň (Mat. 6:1—4; Luka 14:12—14). Eger siz pesgöwünli bolup, dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşseňiz, olar diňe bir ukybyňyzy däl-de, ýagşy häsiýetleriňizi hem görerler.

SOSIAL ULGAMLARYNY ULANANYŇYZDA PESGÖWÜNLI BOLUŇ

12. Mukaddes Kitapda dostluk barada näme diýilýär?

12 Ýehowa biziň maşgala agzalarymyz we dost-ýarlarymyz bilen şatlanmagymyzy isleýär (Zeb. 133:1). Isa pygamberiň hem gowy dostlary bardy (Ýah. 15:15). Mukaddes Kitapda hak dostuň elmydama goldajakdygy aýdylýar (Nak. 17:17; 18:24). Şeýle-de ile-güne goşulman, özüňi çetde tutmagyň zyýanlydygy aýdylýar (Nak. 18:1). Köp adamlar sosial ulgamlarynyň ýekelik duýgusyny ýeňmäge kömek edýändigini aýdýar. Sebäbi sosial ulgamlary arkaly ençeme adamlar bilen dostlaşyp bolýar. Emma sosial ulgamlaryny seresaplyk bilen ulanmaly.

13. Sosial ulgamlaryny köp ulanýan adamlar näme üçin göwnüçökgünlige düşüp, özlerini ýeke duýýarlar?

13 Geçirilen barlaglara görä, sosial ulgamlaryny çendenaşa köp ulanýan adamlar özüni ýeke duýup, göwnüçökgünlige düşýärler. Näme üçin? Munuň bir sebäbi adamlar öz başyndan geçiren gyzykly wakalary ýazýarlar, özüniň iň owadan suratlaryny we owadan ýerlerde dynç alyp, dost-ýarlary bilen düşen suratlaryny goýýarlar. Şeýle suratlary görýän adamlar özüni bagtsyz duýup, durmuşyny içgysgynç hasaplaýarlar. 19 ýaşly uýa şeýle gürrüň berýär: «Men adamlaryň dynç günleri şatlanyp, keýp alýandyklaryny görenimde, özümi bagtsyz duýýardym. Öýde oturyp, ýekelikden ejir çekýärdim».

14. 1 Petrus 3:8-däki maslahat sosial ulgamlaryny dogry ulanmaga nädip kömek edýär?

14 Sosial ulgamlarynyň peýdaly tarapy hem bar. Meselem, maşgala agzalarymyz we dost-ýarlarymyz bilen habarlaşyp bilýäris. Ýöne käbirleri her dürli suratlary, wideolary goýup, adamlary haýran galdyrmak isleýär. Olar şeýle etmek bilen: «Maňa serediň-ä!» diýýän ýalydy. Käbirleri bolsa özleriniň ýa-da başga adamlaryň goýýan suratlarynyň aşagynda gödek we edepsiz sözleri ýazýarlar. Emma şeýle zatlar Mukaddes Kitabyň pesgöwünli bolmak we adamlary söýmek hakdaky maslahatyna garşy gelýär (1 Petrus 3:8-i okaň).

Internetde goýýan suratlaryňyzy görýänler size öwünjeň adam diýerlermi ýa-da pesgöwünli? (15-nji abzasa serediň)

15. Mukaddes Kitabyň maslahaty özümizi ýokary tutmazlyga nädip kömek edýär?

15 Eger siz sosial ulgamlaryny ulanýan bolsaňyz, özüňize şeýle soraglary beriň: «Goýýan suratlarymy, wideolarymy we ýazýan hatlarymy görýänler maňa öwünjeň adam diýmezlermi? Men olarda göriplik döretmerinmi?» Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Dünýädäki zatlar: ten höwesi, göz höwesi we zadyňa öwünmeklik Atadan däl-de, dünýädendir» (1 Ýah. 2:16). Mukaddes Kitabyň bir terjimesinde «zadyňa öwünmeklik» diýen jümle «baýlygyňa magtanmak» diýip terjime edilýär. Mesihçiler özüni ýokary tutmak we atly-abraýly adam bolmak hakda pikir hem etmeýärler. Olar Mukaddes Kitabyň: «Geliň, diňe özüni bilýän adam bolmalyň, biri-birimiz bilen bäsleşmäliň, göriplik etmäliň!» diýen maslahatyna eýerýärler (Gal. 5:26). Biz pesgöwünli bolsak, dünýäde giňden ýaýran ulumsylyk häsiýetini ýeňip bileris.

«SAGDYN DÜŞÜNJELI BOLUŇ»

16. Näme üçin ulumsy bolmaly däl?

16 Biz pesgöwünli bolmaly, sebäbi ulumsy adamlar «sagdyn düşünjeli bolup» bilmeýärler (Rim. 12:3). Ulumsy adamlar köp dawalaşýarlar we diňe özüni bilýärler. Olaryň garaýyşlary, häsiýetleri hem özlerine, hem gatnaşýan adamlaryna zyýan ýetirýär. Eger olar garaýşyny üýtgetmese, Şeýtan aň-düşünjesini küteldip, olary gözli kör eder (2 Kor. 4:4; 11:3). Pesgöwünli adamlar bolsa sagdyn düşünjeli bolýarlar. Olar özüne dogry garaýyşda bolýarlar we adamlaryň özlerine garanyňda köp zatlary başarýandygyna düşünýärler (Flp. 2:3). Şeýle-de olar «Hudaýyň tekepbirlere garşy çykýandygyny, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýändigini» bilýärler (1 Pet. 5:5). Sagdyn düşünjeli adamlar Ýehowanyň duşmany bolmak islemeýärler.

17. Pesgöwünli bolmak üçin näme etmeli?

17 Pesgöwünli bolmak üçin Mukaddes Kitapdaky: «Öňki häsiýetleriňizi we köne işleriňizi goýuň... täze häsiýetleri öwreniň» diýen maslahata eýermeli (Kol. 3:9, 10). Munuň üçin biz Isa pygamberi gowy tanamaly we onuň göreldesine eýermäge jan etmeli (1 Pet. 2:21). Hawa, muny etmek aňsat däl, ýöne eden tagallaňa degýär. Eger pesgöwünli bolsak, maşgalamyzy bagtly ederis, ýygnagyň agzybir bolmagyna kömek ederis we sosial ulgamlaryny dogry ulanarys. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bizden razy bolup, bereket berer.

117-NJI AÝDYM Gowulyk häsiýeti

^ par. 5 Biz özüni bilýän we ulumsy adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Biz olaryň täsirine düşmez ýaly seresap bolmaly. Şu makalada haýsy üç ýagdaýda özümize ýokary baha bermeli däldigimiz hakda gürrüň ederis.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: ulumsy adam özüne ýokary baha berýär we hiç kime göwni ýetmeýär. Şeýle-de ol diňe özüni bilýär. Pesgöwünli adam başgalaryň aladasyny edýär. Ol ulumsylyk we tekepbirlik etmeýär.

^ par. 56 SURAT: ýaşuly dogan kongresde nutuk bilen çykyş edýär, gurluşyk işine gözegçilik edýär, wagyz duşuşygyny geçirýär we Ýygnak jaýyny arassalaýar.