Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 32

Hudaýa pesgöwünlilik bilen gulluk ediň!

Hudaýa pesgöwünlilik bilen gulluk ediň!

«Hudaýyň öňünde päliňi pes tut» (Mik. 6:8).

31-NJI AÝDYM Hudaýyň ýolundan ýöre

MAZMUNY *

1. Dawut Ýehowa barada näme diýdi?

ÝEHOWA pesgöwünli Hudaýmy? Elbetde! Dawut patyşa şeýle diýdi: «Maňa gutulyş galkanyny berýärsiň, sen pesgöwünlisiň, meni beýgeldýärsiň» (2 Şam. 22:36; Zeb. 18:35). Belki-de, Dawut şu sözleri ýazanda, Şamuwel pygamberiň Ysraýylyň geljekki patyşasyny saýlamak üçin olara gelen gününi ýatlandyr. Dawut sekiz doganyň iň kiçisi bolsa-da, Ýehowa ony Şawulyň ýerine patyşa edip saýlady (1 Şam. 16:1, 10—13).

2. Biz şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Dawut bir mezmurçynyň Ýehowany wasp edip, aýdan şu şahyrana sözlerini goldandyr: «Ol egilip, asmana we ýere nazar salýar. Mätäji toprakdan... galdyrýar. Ony töreler bilen... oturdýar» (Zeb. 113:6—8). Şu makalada Ýehowanyň pesgöwünlilik häsiýetinden nädip görelde alyp bolýandygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Danyýar pygamberiň we Isa Mesihiň pesgöwünlilik häsiýeti hakda bileris. Soňra Şawul patyşadan nähili sapak edinmelidigi hakda oýlanarys.

ÝEHOWADAN GÖRELDE ALYŇ

3. Ýehowa bize nähili garaýar we mundan Ýehowa barada nämäni bilýäris?

3 Ýehowanyň pesgöwünlilik häsiýeti bikämil halky bilen özüni alyp barşyndan görünýär. Ol biziň edýän seždämizi kabul edýär we bizi dosty hasaplaýar (Zeb. 25:14). Adamlar bilen dostlaşmak üçin Ýehowanyň özi ilkinji ädimi ätdi: günälerimiziň ötülmegi üçin Ogluny gurban berdi. Rehimdar we duýgudaş Ýehowa taý geljek barmy näme?!

4. Ýehowa bize näme berdi we näme üçin?

4 Ýehowanyň pesgöwünlilik häsiýeti ýene-de nämeden görünýär? Ol adamlary özüne meňzeş edip ýaratdy we olara erkinlik berdi. Ýehowa şeýle etmän hem bilerdi. Emma ol bize ýaşaýyş ýoluny saýlamaga mümkinçilik berdi. Biz Ýehowanyň ýanynda hiç zat, ýöne ol gelýän kararlarymyzy wajyp saýýar. Ol biziň ýürekden gulluk etmegimizi isleýär. Allatagala tabyn bolmaklyk biziň özümiz üçin hem peýdaly (5 Mus. 10:12; Işa. 48:17, 18). Ýehowa pesgöwünli Hudaý, biz oňa örän minnetdar!

Isa Mesih gökde. Onuň ýanynda Patyşalygynda höküm sürjekler dur. Olar öňlerinde duran ençeme perişdelere seredýärler. Perişdeleriň käbiri tabşyrylan ýumşy berjaý etmek üçin ýer ýüzüne barýarlar. Ýehowa olaryň ählisine ygtyýar berdi (5-nji abzasa serediň)

5. Ýehowa bize pesgöwünli bolmagy nädip öwredýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).

5 Ýehowa bize göreldesi bilen pesgöwünli bolmagy öwredýär. Ýehowa älem-jahanda iň akyldar Hudaý bolsa-da, perişdeler we adamlar bilen işleşip, olaryň teklibini höwes bilen kabul edýär. Mysal üçin, Ýehowa ähli zady Ogly bilen bile ýaratdy (Nak. 8:27—30; Kol. 1:15, 16). Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý bolsa-da, gökde höküm sürjeklere jogapkärli borçlary ynanýar. Ol gökdäki Patyşalygyna Isa Mesihi patyşa edip belledi we onuň bilen höküm sürjek 144 000 erkek hem aýallara erk-ygtyýar berdi (Luka 12:32). Elbetde, Ýehowa Isanyň patyşa we baş ruhany bolmagy üçin tälim berdi (Ýew. 5:8, 9). Şeýle-de ol Isa bilen hökümdarlyk etjeklere-de tälim berýär, emma her bir ädimlerini yzarlap ýörmeýär. Ýehowa olaryň ähli işi başarjakdygyna ynanýar (Ylh. 5:10).

Dogan-uýalara tälim bersek we borçlarymyzy ynansak, Ýehowanyň göreldesine eýerýäris (6, 7-nji abzaslara serediň) *

6, 7. Başgalara borç tabşyrmak babatda Ýehowadan nädip görelde alyp bileris?

6 Gökdäki Atamyz hiç kimiň kömegine mätäç bolmasa-da, käbir borçlaryny perişdelere we adamlara etmäge rugsat berýär. Biz hem ondan görelde almaly dälmi näme?! Ýehowanyň göreldesine eýerýän maşgalabaşylar, ýygnak ýaşululary ähli zady özleri etjek bolman, başgalara-da ýumuş tabşyrýar we olaryň eden işlerinden kemçilik gözläp ýörmeýär. Eger siz hem Ýehowanyň göreldesine eýerseňiz, ähli işiňize ýetişersiňiz, başgalara tälim berersiňiz we olara özlerini ynamly duýmaga kömek edersiňiz (Işa. 41:10). Ygtyýarly adamlar Ýehowanyň göreldesinden näme öwrenip bilerler?

7 Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, Ýehowa ogullarynyň, ýagny perişdeleriniň pikiri bilen gyzyklanýar (1 Pat. 22:19—22). Ene-atalar, siz Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?! Meselem, maşgala agzalaryňyz bilen bir işi etmeli bolanyňyzda, çagalaryňyzyň pikirini soraň we olaryň teklibini kabul ediň.

8. Ýehowa Ybraýym bilen Bibisara nädip sabyrlylygyny görkezdi?

8 Ýehowanyň pesgöwünlidigi onuň sabyrlygyndan hem görünýär. Ýehowa hemişe dogry karara gelýär, emma bendeleri şübhelenende, ol sabyrly diňleýär. Meselem, Ybraýym pygamber Ýehowanyň Sodom we Gomorrany ýok etmek kararyna nägilelik bildirende, Ýehowa ony ünsli diňleýär (1 Mus. 18:22—33). Ýadyňyzda bolsa, Ýehowa Ybraýymyň aýalyna garran çagynda oglunyň boljakdygyny aýdanda, Bibisara gülýär. Ýöne Ýehowa oňa gaharlanmaýar (1 Mus. 18:10—14). Gaýtam Bibisara hormat goýýar.

9. Ene-atalar we ýaşulular Ýehowadan näme öwrenip bilerler?

9 Ene-atalar we ýaşulular, siz Ýehowanyň göreldesinden näme öwrenip bilersiňiz?! Eger çagalaryňyz ýa-da dogan-uýalar gelen kararyňyz bilen razylaşmasalar näme edersiňiz? Şonda siz öz sözüňizi gögerdersiňizmi ýa-da olaryň pikirini diňlärsiňiz? Eger ygtyýarly adamlar Ýehowanyň göreldesine eýerseler, maşgala agzalaryna we dogan-uýalara köp peýda getirerler. Biz Ýehowanyň göreldesine eýermegiň pesgöwünli bolmaga nädip kömek edýändigini bildik. Geliň indi, hudaýhon adamlaryň göreldesiniň pespäl bolmaga nädip kömek edýändigi hakda gürrüň edeliň.

MUKADDES KITAPDAKY WAKALARDAN SAPAK EDINIŇ

10. Ýehowa bize nädip tälim berýär?

10 Beýik Mugallymymyz Ýehowa Mukaddes Kitapda ýazylan wakalar arkaly bize köp zatlary öwredýär (Işa. 30:20, 21). Biz hudaýhon adamlaryň göreldesinden pespällik häsiýetini we Ýehowa ýaraýan başga-da häsiýetleri öwrenip bilýäris. Ýagşy häsiýetlerini ýitiren adamlardan özümize sapak edinýäris (Zeb. 37:37; 1 Kor. 10:11).

11. Şawul bilen bolan wakadan nähili sapak edinýäris?

11 Geliň, Şawul patyşa bilen bolan waka hakda oýlanalyň. Ol örän pespäl ýigitdi. Hemişe öz çägini bilerdi we jogapkärli borçlary almaga ýaýdanardy (1 Şam. 9:21; 10:20—22). Emma Şawul tagta geçenden soňra kem-kemden tekepbir bolup başlaýar. Bir güni onuň Şamuwel pygambere garaşmaga sabyr-takaty ýetmeýär. Şawul pespäl bolmalydy we Ýehowanyň öz halkyny gorajakdygyna ynanmalydy. Emma ol özüne tabşyrylmadyk işi etdi, ýagny ýakma gurbanlygyny berdi. Netijede, Şawul Ýehowanyň gaharyny getirdi we patyşalyk tagtyny ýitirdi (1 Şam. 13:8—14). Şu wakadan biz tekepbir bolmagyň howpludygyny bildik.

12. Danyýara näme üçin pesgöwünli pygamber diýse bolar?

12 Şawuldan tapawutlylykda Danyýar pygamber gowy görelde galdyrýar. Ol bütin ömrüne pesgöwünli bolup, hemişe Ýehowadan maslahat soraýar. Bir güni Ýehowa Danyýar pygambere Nawuhodonosor patyşanyň düýşüni ýormaga kömek edýär. Şonda pygamber özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar (Dan. 2:26—28). Biz mundan näme öwrenýäris? Belki, dogan-uýalar siziň nutuklaryňyzy ýa-da ökdelik bilen wagyz edişiňizi halaýandyrlar. Şeýle ýagdaýda biz Ýehowany şöhratlandyrmaly. Eger biz pespäl bolsak, ähli zady Ýehowanyň güýji bilen edýändigimizi boýun alarys (Flp. 4:13). Biz Isa pygamberiň hem göreldesine eýerip bileris.

13. Ýahýa 5:19, 30-njy aýatlarda Isanyň aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

13 Isa Hudaýyň kämil Ogly bolsa-da, hemişe Atasyna bil baglaýardy (Ýahýa 5:19, 30-njy aýatlary okaň). Ol hiç haçan Atasynyň tagtyna göz gyzdyrmarýardy. Filipililer 2:6-da: «Ol (Isa)... özüni Hudaý bilen deňemedi, häkimiýeti eline geçirmek hakda pikir hem etmedi» diýilýär. Isa Atasyna tabyn bolýardy, öz çägini bilýärdi we Ýehowanyň hökümdarlygyna hormat goýýardy.

Isa öz çägini bilýärdi (14-nji abzasa serediň)

14. Isa öz çägini bilýändigini nädip görkezdi?

14 Bir güni Ýakup bilen Ýahýanyň ejesi Isanyň ýanyna gelip, ogullaryna gökdäki Patyşalykda uly orun bermegini haýyş edýär. Isa şol bada: «Sag ýa-da çep tarapymda kimiň oturjagyny men däl, Atam çözýär» diýdi (Mat. 20:20—23). Şeýle diýmek bilen, Isa öz çägini bilýändigini görkezdi. Ol pesgöwünlidi we Ýehowanyň gelen kararyna hiç haçan garşy çykmaýardy (Ýah. 12:49). Biz Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

Biz Isa ýaly nädip pesgöwünli bolup bileris? (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15, 16. 1 Korinfliler 4:6-daky maslahata nädip eýerip bileris?

15 Biz 1 Korinfliler 4:6-daky maslahata eýersek, Isanyň pesgöwünlilik häsiýetinden görelde alarys. Ol ýerde: «Ýazylan zatlaryň çäginden çykmaň» diýilýär. Eger kimdir biri maslahat sorasa, biz öz garaýşymyza eýertmekden ýa-da oýlanman maslahat bermekden seresap bolmaly. Biz Mukaddes Kitabyň we edebiýatlarymyzyň esasynda maslahat bermeli. Şonda biz öz çägimizi bilip, iň gowy maslahaty Gudratygüýçli Hudaýyň berýändigini subut ederis (Ylh. 15:3, 4).

16 Eger biz pesgöwünli bolsak Ýehowany şöhratlandyrarys. Şeýle-de pesgöwünli adam şadyýan bolýar we agzybir ýaşaýar. Geliň, şu hakda gürrüň edeliň.

ENTEK PESGÖWÜNLILIKDEN ZYÝAN ÇEKEN ÝOK

17. Pesgöwünli adam näme üçin şadyýan bolýar?

17 Pesgöwünli adamyň kalby hemişe şatlykdan doly. Näme üçin? Eger biz öz çägimizi bilsek, adamlaryň berýän her bir kömegini kabul ederis we hemişe minnetdar bolarys. Geliň, heýwere keselli on adam bilen bolan wakany ýatlalyň. Olaryň hiç biri öz derdini özleri bejerip bilmezdi. Isa pygamber olaryň ählisini sagaltdy, emma diňe biri gelip, oňa minnetdarlyk bildirdi. Ol özüni sagaldan Allatagala pesgöwünlilik bilen alkyş aýtdy (Luka 17:11—19).

18. Pesgöwünlilik häsiýeti agzybir bolmaga nädip kömek edýär? (Rimliler 12:10)

18 Pesgöwünli adamlar oňşukly ýaşaýarlar, olaryň dost-ýarlary köp bolýar. Näme üçin? Sebäbi olar adamlaryň ýagşy häsiýetlerini görýärler we gowy işlerine üns berýärler. Pesgöwünli adamlar dogan-uýalaryň wagyz işinde gazanýan üstünlikleri üçin begenýärler, ýürekden öwüp, hormat goýýarlar (Rimliler 12:10-ny okaň).

19. Näme üçin tekepbirlik häsiýeti bilen göreşmeli?

19 Tekepbir adamlara başgalary öwmek kyn bolýar, diňe özlerini öwseler halaýarlar. Olar özüni başgalar bilen deňeýärler we bäsdeşlik edýärler. Tekepbirler adama tälim bermegiň we bir işi ynanmagyň deregine: «Çaga iş buýur, yzyndan özüň ýüwür» diýýärler. Tekepbir adamlar şöhratparaz we görip bolýarlar (Gal. 5:26). Olar hak dost bolup bilmeýär. Eger ýüregimizde tekepbirlik häsiýetiniň döreýändigini duýsak, «pikirimizi üýtgetmek» üçin Ýehowadan güýç-kuwwat soramaly. Şonda tekepbirlik ýüregimizde kök urmaz (Rim. 12:2).

20. Biz näme üçin pesgöwünli bolmaly?

20 Ýehowa halkyna pesgöwünli bolup gowy görelde görkezýär. Biz onuň göreldesine eýerip, minnetdar bolmaly dälmi näme?! Biz pesgöwünlilik bilen Ýehowa gulluk eden adamlaryň göreldesine eýermek isleýäris. Geliň, hormata mynasyp Ýehowa Hudaýa hemişe alkyş aýdalyň! (Ylh. 4:11). Şonda biz pesgöwünli adamlary söýýän Ýehowa bilen ebedilik dostlaşarys.

123-NJI AÝDYM Hudaýyň guramasyna gulak asalyň

^ par. 5 Ýehowa pesgöwünli Hudaýdyr. Ol pesgöwünlilik bilen halkyna rehimdarlyk we duýgudaşlyk bildirýär. Şu makalada Ýehowanyň pesgöwünlilik häsiýetinden görelde almak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Şawul patyşanyň durmuşyndan we Danyýar pygamber bilen Isa Mesihiň göreldesinden pesgöwünli bolmak barada köp zatlary bileris.

^ par. 58 SURAT: ýygnak ýaşulusy ýaş dogana wagyz meýdançalary bilen bagly zatlary öwretmek üçin wagt sarp edýär. Emma ol doganyň her bir ädimine gözegçilik edip ýörmeýär.

^ par. 62 SURAT: uýa buthanada geçiriljek gelin toýa barmak babatda ýaşuludan soraýar. Ýaşuly öz pikirini aýtman, Mukaddes Kitabyň esasynda maslahat berýär.