Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 39

Mesihçi gelin-gyzlary goldalyň

Mesihçi gelin-gyzlary goldalyň

«Hoş habary ýaýradýan zenanlar uly goşundyr» (Zeb. 68:11).

137-NJI AÝDYM Wepaly gelin-gyzlar

MAZMUNY *

Yhlasly, janaýamaz uýalar ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarlar, wagyz edýärler, Ýygnak jaýynyň bejeriş işlerine gatnaşýarlar we dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýärler (1⁠-⁠nji abzasa serediň)

1. Uýalar ýygnaga nähili goşant goşýarlar we nähili kynçylyklar bilen göreşýärler? (Daşky sahypadaky surata serediň).

BIZ ýygnakda zähmetsöýer uýalarymyzyň bardygyna diýseň begenýäris! Olar ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarlar, wagyz edýärler, Ýygnak jaýlarynyň bejeriş işlerine kömek edýärler we dogan-uýalaryň aladasyny edýärler. Elbetde, uýalar kynçylyklar bilen hem göreşýärler. Käbir uýalar garry ene-atasynyň aladasyny edýär. Käbiri maşgala agzalarynyň garşylygyna çydamaly bolýar. Käbirleri bolsa çagalaryny ýeke terbiýeleýär, olary eklemek üçin agyr zähmet çekýär.

2. Biz näme üçin uýalary goldamaly?

2 Biz näme üçin uýalary goldamaly? Sebäbi şu dünýäde gelin-gyzlara hormat goýulmaýar, mertebesi peseldilýär. Emma Mukaddes Kitapda olary goldamalydygy hakda aýdylýar. Meselem, Pawlus resul Rimde ýaşaýan dogan-uýalara Fibiýa uýany myhman almagy we «gerekli zatlar bilen üpjün etmegi» haýyş edýär (Rim. 16:1, 2). Pawlus mesihçi bolmanka fariseýdi. Fariseýler gelin-gyzlary äsgermeýärdi, Pawlusa-da olaryň garaýşy täsir eden bolmaly. Ol mesihçi bolandan soňra Isa pygamberiň göreldesine eýerip, gelin-gyzlar bilen mähirli gepleşýär we olara uly hormat goýýar (1 Kor. 11:1).

3. Isa gelin-gyzlar bilen özüni nähili alyp barýardy? Ol Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän aýallara nähili garaýardy?

3 Isa pygamber ähli gelin-gyzlara hormat goýup, olar bilen özüni sylaşykly alyp barýardy (Ýah. 4:27). Ol ýehudy dini ýolbaşçylary ýaly aýallary äsgermezçilik etmeýärdi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Isa aýallaryň mertebesini peseltmedi, olary hiç haçan kemsitmedi». Isa gökdäki Atasynyň islegini ýerine ýetirýän aýallara uly hormat goýýardy. Ol gelin-gyzlary öz dogany we jigileri ýaly görýärdi. Isa aýallary erkekler bilen deň hatarda tutup, Hudaýyň halkynyň arasynda wajyp orunlarynyň bardygyny aýtdy (Mat. 12:50).

4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Isa Hudaýa wepaly gelin-gyzlara hemişe kömek edýärdi. Isa olary goraýardy we çekýän zähmetiniň gadyryny bilýärdi. Geliň, Isa pygamberiň göreldesine eýerip, uýalary goldamak üçin wagt sarp etmek hakda gürrüň edeliň.

MÄHRIBAN UÝALAR ÜÇIN WAGTYMYZY GAÝGYRMALYŇ

5. Näme üçin käbir uýalara jora tapmak kyn bolýar?

5 Biziň hemmämiz, doganlar-da, uýalar-da dost-ýarlarymyz bilen gürrüňdeş bolasymyz gelýär. Emma käte uýalara jana-jan jora tapmak kyn bolýar. Näme üçin? Geliň, käbir uýalaryň aýdan sözlerini okalyň. Jordan * uýa şeýle gürrüň berýär: «Men durmuşa çykmadym, şonuň üçin ýygnaga hiç hili peýdam ýok ýaly duýýaryn. „Mensizem oňarlar-la!“ diýýärin». Kristen pioner bolup gulluk edýär we köpräk wagyz etmek üçin başga şähere göçýär. Ol: «Täze ýygnaga baran adam özüni ýeke duýýan ekeni» diýýär. Käbir uýalaryň maşgala agzalary Ýehowa gulluk etmeýär. Şol sebäpli uýalar öýünde-de, dogan-uýalaryň arasynda-da özüni ýat adam ýaly duýýar. Käbir uýalar ýarawsyzdygy sebäpli öýünden hiç ýere çykyp bilmeýärler. Käbirleri bolsa ýarawsyz dogan-garyndaşlarynyň aladasyny edýärler. Annet: «Ejem ýarawsyz bolandygy üçin, men dogan-uýalara myhmançylyga gidip bilmeýärdim» diýýär.

Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, uýalarymyzyň aladasyny edýäris (6⁠—⁠9⁠-⁠njy abzaslara serediň). *

6. Luka 10:38⁠—⁠42⁠-⁠nji aýatlara görä, Isa pygamber Marta bilen Merýeme nädip kömek etdi?

6 Isa uýalaryň hak dostudy, olar üçin wagtyny gaýgyrmazdy. Ýadyňyzda bolsa, Isa Lazar we onuň doganlary Marta, Merýem bilen dostlaşdy. Marta-da, Merýem-de durmuşa çykmadyk bolmaly (Luka 10:38⁠—⁠42-⁠nji aýatlary okaň). Isa hiç kimi oňaýsyz ýagdaýa salmaýardy, şol sebäpli Marta we Merýem onuň bilen gürrüňdeş bolmagy halaýardy. Merýem şägirtler ýaly Isanyň ýanynda oturmaga utanmaýardy *. Marta bolsa Merýemiň kömekleşmändigi üçin nägileligini Isa aýtmaga çekinmedi. Isa olaryň ikisine-de maslahat berdi. Isa olara myhmançylyga barardy, sebäbi olary dogany ýaly gowy görýärdi (Ýah. 12:1⁠—⁠3). Bir güni Lazar ölüm ýassygynda ýatyrka, Marta bilen Merýem Isany çagyryp, kömek etmegini haýyş etdiler (Ýah. 11:3, 5).

7. Biz uýalaryň aladasyny nädip edip bileris?

7 Käbir uýalaryň diňe ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalar bilen görüşmäge mümkinçiligi bar. Şol sebäpli biz olary güler ýüz bilen garşy almaly, gürrüňdeş bolmaly we göwnüni göterýän sözleri aýtmaly. Ýokarda agzalan Jordan uýa şeýle diýýär: «Dogan-uýalar ýygnakda berýän jogaplarym üçin öwenlerinde, wagyz etmäge çagyranlarynda ýa-da kiçijik ýagşylyk edenlerinde başym göge ýetýär». Hawa, uýalar özleriniň örän gereklidigini hemişe duýmaklary üçin, biz elimizde baryny etmeli. Kiýa uýa şeýle gürrüň berýär: «Men ýygnaga barmadyk ýagdaýymda, dogan-uýalaryň hal-ýagdaýymy sorajakdygyny bilýärin. Men olaryň söýgüsini duýýaryn».

8. Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?

8 Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, uýalar üçin wagtymyzy gaýgyrmaly däl. Meselem, olary myhmançylyga ýa-da dynç almaga çagyryp bileris. Şonda biz uýalary ruhlandyrýan gürrüňleri etmeli (Rim. 1:11, 12). Isa pygamber käbirlerine durmuş gurman ýaşamagyň kyn boljakdygyny bilýärdi. Ýöne ol hakyky bagtyň öýli-işikli ýa-da çaga-çugaly bolmakda däldigini aýtdy (Luka 11:27, 28). Ýehowa gulluk etmegi durmuşynda birinji ýerde goýýan adam hakyky bagta ýetip bilýär (Mat. 19:12). Ýygnak ýaşululary hem maşgala gurmak meselesinde Isanyňky ýaly garaýyşda bolmaly.

9. Ýygnak ýaşululary uýalara nädip kömek edip bilerler?

9 Ýygnak ýaşululary mesihçi uýalary öz ejesi, dogany we jigisi ýaly görmeli (1 Tim. 5:1, 2). Ýaşulular ýygnak duşuşygyndan öň we soň uýalar bilen gürrüňdeş bolmak üçin wagt tapmaly. Ýokarda agzalan Kristen uýa şeýle gürrüň berýär: «Men hem işleýärdim, hem pioner bolup gulluk edýärdim. Men hemişe başagaýdym. Ýygnak ýaşulusy meniň ýagdaýymy görüp, işlerim hakda sorady. Şonda men oňa minnetdar boldum». Eger ýaşulular uýalar bilen gürrüňdeş bolmak üçin hemişe wagt tapsalar, uýalar aladasynyň edilýändigini duýarlar *. Ýokarda agzalan Annet ýygnak ýaşululary bilen hemişe gürrüňdeş bolmagyň kömek edýändigi hakda şeýle diýýär: «Indi men ýaşululary gowy tanaýaryn, olar hem meni gowy tanaýarlar. Şol sebäpli kyn ýagdaýa düşenimde, ýaşululardan kömek soramaga çekinmeýärin».

ÇEKÝÄN ZÄHMETI ÜÇIN MINNETDAR BOLALYŇ

10. Uýalary begendirmek üçin näme edip bileris?

10 Adamlar biziň çekýän zähmetimizi we ukyp-başarnygymyzy görüp öwenlerinde, başymyz göge ýetýär. Emma edýän işlerimize we zehinimize hiç kim üns bermese, ruhdan düşýäris. Abygaýyl pioner bolup gulluk edýär, ol durmuşa çykmandy. Ol özüne hiç kimiň üns bermeýän ýaly duýýandygyny aýdýar: «Meni görenlerinde: „Sen pylanynyň gyzymy? Sen pylanynyň doganymy?“ diýip soraýarlar. Şonda men özümi adam sanynda görülmedik ýaly duýýaryn». Geliň, durmuşa çykmadyk Pam uýanyň aýdan sözlerine üns bereliň. Ol ençeme ýyllap daşary ýurtda missioner bolup gulluk edýär. Emma soňra ene-atasynyň aladasyny etmek üçin öýüne dolanmaly bolýar. Häzir ol 70 ýaşlarynda bolsa-da, pioner bolup gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Dogan-uýalaryň minnetdarlyk sözleri ýagşy işleri etmäge güýjüme güýç goşýar».

11. Isa özüne hyzmat eden gelin-gyzlara nädip hormat goýdy?

11 Isa pygamber hudaýhon aýallaryň «hiç zadyny gaýgyrman» eden hyzmatyny gymmat saýýardy (Luka 8:1⁠—⁠3). Isa olara diňe bir özüne hyzmat etmäge rugsat bermän, olara wajyp hakykaty düşündirdi. Meselem, Isa özüniň öljegini we soňra direljegini aýallara aýtdy (Luka 24:5⁠—⁠8). Ol boljak synaglara resullaryny taýýarlaýşy ýaly, gelin-gyzlary hem taýýarlady (Mar. 9:30⁠—⁠32; 10:32⁠—⁠34). Isany tussag edenlerinde, resullar ony taşlap gaçyp gitdiler. Emma gelin-gyzlaryň käbiri Isa jebir pürsünde ölende-de ýanynda durdular, gaçyp gitmediler (Mat. 26:56; Mar. 15:40, 41).

12. Isa pygamber gelin-gyzlara nähili işleri tabşyrdy?

12 Isa pygamber gelin-gyzlara wajyp işleri tabşyrdy. Meselem, hudaýhon aýallar ilkinji bolup Isanyň direlendigini gördüler we Isa olara özüniň direlendigini resullaryna habar bermegi tabşyrdy (Mat. 28:5, 9, 10). B. e. 33⁠-⁠nji ýylynyň Pentikost baýramçylygynda şägirtlere mukaddes ruh inýär. Elbetde, gökde höküm sürmek üçin saýlanan aýallar hem dürli dillerde gepläp, «Allanyň gudratly işleri hakda» gürrüň beren bolmaly (Res. 1:14; 2:2⁠—⁠4, 11).

13. Uýalar nähili işleri ýerine ýetirýärler we biz olaryň çekýän zähmetini nädip gymmat saýyp bileris?

13 Ýehowa janyny aýaman gulluk edýän uýalar öwgä mynasypdyr! Olar guramanyň gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşýarlar, tebigy betbagtçylykda kömek edýärler, daşary ýurt dilinde geçirilýän ýygnakdaky dogan-uýalar bilen hyzmatdaşlyk edýärler, edebiýatlary terjime edýärler, Beýtelde meýletin işleýärler, pioner hem-de missioner bolup gulluk edýärler. Doganlar ýaly uýalar hem Pionerler, Hoş habarçylar we Gilead mekdebinde okap bilýärler. Şeýle-de uýalar ärlerine ýygnakda we Ýehowanyň guramasynda berlen borçlaryny gowy ýerine ýetirmäge ýardam edýärler. Doganlar «bereket hökmünde» ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärler. Emma aýalynyň kömegi bolmasa, olar köp işleri edip bilmezdiler (Efes. 4:8). Siz uýalary nädip goldap bilersiňiz?

14. Zebur 68:11⁠-⁠de näme aýdylýar we paýhasly ýaşulular näme edýärler?

14 Paýhasly ýaşulular uýalaryň «uly goşundygyna» we hoş habary ökdelik bilen wagyz edýändigine düşünýärler (Zebur 68:11-i okaň). Şol sebäpli ýaşulular uýalaryň baý tejribesinden köp zatlary öwrenmäge jan edýärler. Meselem, doganlar Abygaýyl uýadan ökdelik bilen wagyz edişi barada gürrüň bermegini haýyş edenlerinde, ol örän begenýärdi. Uýa şeýle diýýär: «Şonda Ýehowanyň maňa guramasynda wajyp işleri ynanýandygyna düşündim». Şeýle-de ýaşulular Hudaýa wepaly, ruhy taýdan berk uýalaryň ýaş uýalara kynçylyga düşenlerinde goldaw hem kömek berip bilýändigine göz ýetirdiler (Tit. 2:3⁠—⁠5). Hawa, uýalar biziň hormatymyza we söýgimize mynasypdyrlar!

UÝALARY GOLDALYŇ, GÖZÜMIZIŇ GÖREJI DEÝ GORALYŇ

15. Uýalar haýsy ýagdaýlarda biziň kömegimize mätäç bolýarlar?

15 Uýalar käte kyn ýagdaýlarda kimdir biriniň goldawyna we goragyna mätäç bolýarlar (Işa. 1:17). Meselem, dul galan ýa-da ärinden aýrylyşan uýalara erkek adamyň etmeli işlerine kömek edip bileris. Belki, garry uýamyza lukmanlar bilen gepleşmek üçin kömek gerekdir. Ýa-da pioner uýa guramanyň işlerine kömek edip, köp wagyz etmeýändigi üçin käbir dogan-uýalar nägile bolmagy mümkin. Şonda uýa hakda gowy zatlary aýdyp bileris. Biz uýalara ýene nädip kömek edip bileris? Geliň, Isa pygamberiň göreldesi hakda gürrüň edeliň.

16. Markus 14:3⁠—⁠9⁠-⁠njy aýatlara görä, Isa Merýemi nädip gorady?

16 Isa pygamber hudaýhon aýallary goldamaga we goramaga hemişe taýyndy. Meselem, Marta jigisine käýände, Isa Merýemiň tarapyny tutdy (Luka 10:38⁠—⁠42). Şägirtler Merýemiň eden işiniň nädogrudygyny aýdyp ýazgaranlarynda, Isa Merýemi gorady (Markus 14:3⁠—⁠9-⁠njy aýatlary okaň). Isa Merýemiň ýagşy niýetini bilip: «Ol maňa ýagşylyk etdi... Ol elinde baryny etdi... hoş habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, aýalyň eden ýagşylygy hakda hem aýdylar» diýdi. Şu makala hem munuň dogrudygyny tassyklaýar. Göz öňüne getiriň, hoş habar bütin dünýäde wagyz edilende, Merýemiň eden ýagşylygynyň ýatlanjakdygyny Isa pygamberlik edipdi. Elbetde, Isanyň aýdan sözleri Merýemiň göwnüni göterendir!

17. Biz uýalary nädip gorap bileris?

17 Doganlar, siz kömege mätäç bolan uýalary goldamaga we goramaga taýynmysyňyz?! Aýdaly, uýa köplenç ýygnaga gijä galyp gelýär, ýygnak gutaran badyna öýüne gaýdýar we çagalaryny ýygnaga hemişe getirmeýär. Sebäbi onuň äri Ýehowa iman etmeýär. Käbir wagyzçylar: «Uýa dogumlyrak bolsady, äri çagalaryny ýygnaga goýbererdi» diýip, uýany ýazgarýarlar. Aslynda, ol ýygnaga gelmek üçin elinde baryny edýärdi. Emma uýa ärinden birugsat hiç zat edip bilmeýärdi, çagalar bilen bagly meseläni hem çözüp bilmeýärdi. Siz uýany nädip gorap bilersiňiz? Eger dogan-uýalaryň ýanynda uýany öwüp, edýän tagallasy üçin minnetdar bolsaňyz, gep-gybatyň öňüni alyp bilersiňiz.

18. Biz uýalara ýene-de nädip kömek edip bileris?

18 Biz uýalaryň ýene-de nädip aladasyny edip bileris? Biz her bir ýagdaýda olara kömek etmäge taýyn bolmaly (1 Ýah. 3:18). Annet uýa şeýle diýýär: «Ejem ýaramansoň, el-aýagym ýüpsüz baglanan ýalydy. Dogan-uýalar ejemiň ýanynda oturmaga gelerdiler. Şonda men käbir işlerimi edip bilýärdim. Käte dogan-uýalar iýere-içere zat getirýärdiler. Men dogan-uýalaryň söýgüsini we aladasyny duýýardym». Jordan uýa hem dogan-uýalaryň edýän aladasyna minnetdar bolýar. Bir dogan oňa ulagyny gowy ýagdaýda saklar ýaly maslahat berýär. Ol: «Dogan-uýalaryň ulagymy howpsuz sürer ýaly aladamy edýändikleri üçin begenýärin» diýýär.

19. Ýygnak ýaşululary uýalara nähili kömek edip bilerler?

19 Ýygnak ýaşululary hem uýalaryň aladasyny etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanmaly. Ýehowa uýalaryň aladasynyň edilmegini isleýär. Elbetde, ýaşulular muny bilýärler (Ýak. 1:27). Şol sebäpli ýaşulular Isa pygamberden görelde alyp, talapkär däl-de, mähirli bolmaga we uýalaryň ýagdaýyna düşünmäge jan etmeli (Mat. 15:22⁠—⁠28). Ýaşulular uýalara kömek etmek üçin mümkinçilik gözleseler, uýalar Ýehowanyň goldawyny we doganlyk söýgini duýarlar. Meselem, topar gözegçisi bolup gulluk edýän dogan Kiýa uýanyň başga ýere göçýändigini eşiden badyna kömek etmäge gelýär. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Doganlaryň kömegi ýükümi ýeňletdi. Olar maňa hem kömek etdiler, hem ruhlandyrdylar. Şeýdip, ýaşulular meniň ýygnaga gereklidigimi we kyn güne düşenimde ýeke däldigimi iş ýüzünde görkezdiler».

UÝALAR GOLDAWYMYZA MÄTÄÇ

20, 21. Biz uýalara hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

20 Ýehowanyň guramasynda zähmetsöýer uýalaryň bardygyna guwanýarys! Olar biziň kömegimize mynasypdyr. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, uýalary has gowy tanamak üçin wagtymyzy gaýgyrmaly däl. Hudaýa wepaly gulluk edýän uýalara minnetdar bolmaly, olary goldamaly we goramaly.

21 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynyň ahyrynda dokuz sany uýanyň adyny agzap geçýär (Rim. 16:1, 3, 6, 12, 13, 15). Elbetde, uýalar Pawlusyň salam ýollandygyna we öwgüli sözleri üçin guş bolup uçaýjak bolandyrlar. Geliň, biz hem ýygnagymyzdaky ähli uýalary goldalyň, uýalara hormat goýalyň! Şonda biz olara Ýehowanyň guramasynda uly orunlarynyň bardygyny we olaryň gadyryny bilýändigimizi duýmaga kömek ederis.

136-NJY AÝDYM Ýehowanyň sylagy

^ par. 5 Mesihçi zenanlaryň durmuşynda köp kynçylyklar bolýar. Isa pygamber gelin-gyzlar üçin wagt sarp edýärdi, çekýän zähmetiniň gadyryny bilýärdi, olary goldaýardy we goraýardy. Şu makalada biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, gelin-gyzlary nädip goldamalydygy hakda gürrüň ederis.

^ par. 5 Käbir atlar üýtgedilen.

^ par. 6 Bir sözlükde şeýle diýilýär: «Gadymy döwürlerde şägirtler mugallymyň aýagynyň ýanynda oturyp tälim alardylar. Şeýdip, olar mugallym bolmak isleýändigini görkezýärdiler. Emma aýallara mugallym bolmak gadagandy... Şol sebäpli ýehudylar Merýemiň Isanyň aýagynyň ýanynda oturyp, ünsli diňleýşini geň gören bolmaly».

^ par. 9 Ýaşuly dogan uýalara kömek edende bir zady unutmaly däl. Meselem, ol uýanyň öýüne ýeke özi barmaly däl.

^ par. 65 SURAT: doganlar uýalary goldamak üçin Isanyň göreldesine eýerýärler. Bir dogan uýalaryň ulagynyň tigrini çalşyp berýär; başga bir dogan aýaly bilen garry uýanyň ýagdaýyny soramaga barýar; beýleki dogan aýaly bilen eneli-gyzyň maşgala okuwyna gelýär.