Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 43

Ýehowa guramasyna ýolbaşçylyk edýär

Ýehowa guramasyna ýolbaşçylyk edýär

«Goşun ýa-da ynsan güýji bilen däl-de, meniň ruhum bilen amala aşar — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar» (Zek. 4:6).

40-NJY AÝDYM Sen kime gulluk edýärsiň?

MAZMUNY *

1. Dogan ýa-da uýa suwa çümdürilenden soň näme etmeli?

SUWA ÇÜMDÜRILEN her bir dogan-uýa bütin märekäniň öňünde Ýehowa iman edýändigini we halky bilen oňa gulluk etmek isleýändigini görkezýär. Elbetde, suwa çümdürilenden soň hem Allatagala bolan imanyňy berkitmeli we guramasyna * ýolbaşçylyk edýändigine ýürekden ynanmaly.

2, 3. Ýehowa guramasyna nädip ýolbaşçylyk edýär? Düşündiriň.

2 Ýehowa guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Biz onuň edýän işlerinden häsiýetlerini, niýetlerini we kada-kanunlaryny görýäris. Geliň, Ýehowanyň esasy üç häsiýeti hakda gürrüň edeliň.

3 Birinjiden, Ýehowa hiç kimi ala tutmaýan Hudaýdyr (Res. 10:34). Allatagala adamlary söýýändigi üçin Ogluny «töleg hökmünde» gurban berdi (1 Tim. 2:6; Ýah. 3:16). Ýehowa halkyna ähli adamlara wagyz etmegi tabşyrýar. Şeýlelikde, ol hoş habary diňleýän we töleg gurbana iman edýän adamlara halas bolmaga mümkinçilik berýär. Ikinjiden, Ýehowa tertip-düzgüni we parahatlygy halaýan Hudaýdyr (1 Kor. 14:33, 40). Şonuň üçin onuň halkynyň arasynda tertip-düzgün we agzybirlik höküm sürýär. Üçünjiden, Ýehowa Beýik Mugallymdyr (Işa. 30:20, 21). Şol sebäpli ol guramasy arkaly bize bilim berýär, wagyz etmäge kömek edýär. I asyrdaky mesihçiler Ýehowanyň şu üç häsiýetini nädip gördüler? Biz olary nädip görýäris? Mukaddes ruh bize Ýehowanyň guramasy bilen eginme-egin işleşmäge nädip kömek edýär?

ÝEHOWA HIÇ KIMI ALA TUTMAÝAN HUDAÝDYR

4. Resullar 1:8 görä, Isa şägirtlerine näme etmegi tabşyrdy we nämäni wada berdi?

4 I asyr. Isa pygamberiň wagyz eden hoş habary ähli adamzada ýagty gelejege umyt berýär (Luka 4:43). Ol şägirtlerine özüniň başlan işini dowam etmegi we «bütin ýer ýüzünde... wagyz etmegi» tabşyrdy (Resullar 1:8-i okaň). Elbetde, olar öz güýji bilen şeýle işi başaryp bilmezdiler. Olar Isanyň wada beren «kömekçisini», ýagny mukaddes ruhy aldylar (Ýah. 14:26; Zek. 4:6).

5, 6. Isanyň şägirtleri mukaddes ruhuň kömegi bilen näme etdiler?

5 Isanyň şägirtleri b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramynda wada berlen mukaddes ruhy aldylar. Olar mukaddes ruhuň kömegi bilen wagyz edip başladylar we az wagtyň içinde müňlerçe adamlar hoş habara seslendiler (Res. 2:41; 4:4). Şägirtler yzarlansalar-da gorkmadylar, gaýtam Hudaýdan kömek soradylar. Olar Ýehowa doga edip: «Bize sözüňi batyrgaý wagyz etmäge kömek et» diýip ýalbardylar. Soňra olaryň «ählisi mukaddes ruhdan dolup, Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip başladylar» (Res. 4:18—20, 29, 31).

6 Isanyň şägirtleri başga-da kynçylyklara duşdular. Meselem, Mukaddes Kitabyň golýazmalary örän azdy. Şol döwürde häzirki ýaly okuw esbaplary ýokdy. Muňa garamazdan, olar dürli milletli adamlara wagyz etmelidiler. Emma şägirtler adam güýji bilen başaryp bolmaýan işi yhlasly ýerine ýetirdiler. Olar otuz ýylyň içinde «hoş habary gök astyndaky ähli adamlara wagyz etdiler» (Kol. 1:6, 23).

7. Ýüz ýyl mundan öň ýaşan mesihçiler Ýehowanyň islegi babatda nämä düşündiler we näme etdiler?

7 Şu günler. Ýehowa öz islegini ýerine ýetirer ýaly, halkyna güýç berýär we ýolbaşçylyk etmegini dowam edýär. Esasan-da, ol Mukaddes Kitap arkaly halkyna ýol görkezýär. Biz Hudaýyň Sözünden Isa pygamberiň şägirtlerine öz başlan işini dowam etmegi tabşyrandygyny bilýäris (Mat. 28:19, 20). «Garawul diňi» žurnalynyň 1881-nji ýylyň iýulynda çykan sanynda şeýle diýildi: «Biz at-abraýly we baý bolmak üçin saýlanmadyk ýa-da bellenmedik. Biz mukaddes ruhuň kömegi bilen hoş habary wagyz etmeli». 1919-njy ýylda çap edilen «Bu iş kime ynanyldy?» diýen broşýurada nädip wagyz etmelidigi barada görkezme berilýärdi. Onda şeýle diýilýär: «Bize ägirt uly iş ynanyldy, ýöne bu iş Hudaýyň işi we onuň güýji bilen ýerine ýetirýäris». I asyrdaky mesihçiler ýaly, dogan-uýalar hem batyrgaýlyk we yhlas bilen zähmet çekdiler. Sebäbi olar ähli halklara wagyz etmäge mukaddes ruhuň kömek etjekdigine ynanýardylar. Bizem şeýle ägirt uly işleri edip biljekdigimize ýürekden ynanýarys.

Ýehowanyň guramasy bütin dünýäde hoş habary wagyz etmek üçin iň gowy gurallary ulanýar (8, 9-njy abzaslara serediň).

8, 9. Ýehowanyň guramasy öň we häzir nähili usullar arkaly wagyz edýär?

8 Ýehowanyň guramasy hoş habary ýaýratmak üçin iň gowy gurallardan peýdalanýar. Meselem, çap edilen edebiýatlar, «Ýaradylyş fotodramasy», patefonlar, sesi güýçlendirýän enjamly ulaglar, radio ýaýlymy, soňky çykan elektron enjamlary we internet arkaly wagyz edýär. Hudaýyň guramasy öňkä garanda dürli dillere terjime etmek işine has köp üns berýär. Näme üçin? Sebäbi ähli milletdäki adamlar hoş habary öz ene dilinde eşitmeli. Ýehowa hiç kimi ala tutmaýar. Ol şeýle diýdi: «Her millete, her taýpa, her dile we her halka ebedi hoş habar yglan ediler» (Ylh. 14:6, 7). Ýehowa Patyşalygy baradaky hoş habaryň ähli adamlara wagyz edilmegini isleýär.

9 Emma adamlar köplenç öýünde bolmaýar ýa-da goragly öýlerde ýaşaýarlar. Olara nädip wagyz etmeli? Ýehowanyň guramasy şeýle adamlaryň hoş habary eşitmekleri üçin köpçülik ýerlerde wagyz etmegiň birnäçe usullaryny ulanyp başlady. Meselem, 2001-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty Fransiýada we başga ýerlerde edebiýatly stendleri ulanmaga rugsat berdi. Şeýle usul arkaly wagyz etmek gowy netije berdi. 2011-nji ýylda Nýu-Ýork şäheriniň köp ilatly ýerlerinde täze usul arkaly wagyz edip başladylar. Wagyzçylar bir ýylda 102 129 kitaby we 68 911 žurnaly paýladylar. Şeýle-de 4 701 adam Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge isleg bildirdi. Şu zatlar Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen goldaýandygyny açyk-aýdyň görkezýär. Şol sebäpli Ýolbaşçylyk maslahaty bütin dünýäde stendli wagyz etmegi makul gördi.

10. Ökdelik bilen wagyz eder ýaly näme etmeli?

10 Siz näme edip bilersiňiz? Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly bize bilim berýär. Biz ýygnakdaky wagyzçylar bilen eginme-egin işleşip, ökdelik bilen wagyz etmegi öwrenýäris. Şeýle-de olaryň göreldesinden köp zatlary öwrenip bilýäris. Biz kynçylyklara garamazdan wagyz etmeli. Makalanyň baş aýadynda aýdylyşy ýaly, biz Allatagalanyň niýetini öz güýjümiz bilen däl-de, mukaddes ruhuň kömegi bilen ýerine ýetirýäris (Zek. 4:6). Biz Ýehowanyň gerekli güýji berjekdigine doly ynanýarys, sebäbi Onuň tabşyran işini ýerine ýetirýäris.

ÝEHOWA TERTIP-DÜZGÜNI WE PARAHATLYGY HALAÝAN HUDAÝDYR

11. I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň halkynyň arasynda tertip-düzgüniň bolmagy üçin näme etdi?

11 I asyr. Iýerusalimdäki ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň halkynyň arasynda tertip-düzgüniň we parahatlygyň bolmagy üçin agzybir işleşýärdi (Res. 2:42). Meselem, b. e. 49-njy ýylynda sünnetlenmek barada mesihçileriň arasynda agzalalyk döreýär. Şonda ýolbaşçylyk maslahaty meseläni çözmek üçin mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýär. Eger şu mesele çözülmedik bolsa, wagyz etmäge päsgelçilik dörärdi. Resullar we ýaşulular ýewreý bolsalar-da, däp-dessurlaryň ýa-da sünnetlemegiň tarapdarlarynyň täsirine düşmediler. Olar dogry karara gelmek üçin Hudaýyň Sözüni okap, mukaddes ruhuň görkezmesine eýerdiler (Res. 15:1, 2, 5—20, 28). Şol sebäpli Ýehowa olaryň gelen kararyna ak patasyny berdi, ýygnakda agzybirlik, parahatlyk dikeldildi we wagyz işi dowam etdi (Res. 15:30, 31; 16:4, 5).

12. Ýehowanyň guramasynda tertip-düzgüniň we parahatlygyň bardygyny näme subut edýär?

12 Şu günler. Ýehowanyň halky tertip-düzgüniň we parahatlygyň bolmagy üçin agzybir, eginme-egin işleşýärler. «Garawul diňi» žurnalynyň 1895-nji ýylyň 15-nji noýabrynda neşir edilen sanynda «Edep we tertip-düzgün» diýen makala çykdy. Ol 1 Korinfliler 14:40 esaslanýardy. Makalada şeýle diýilýär: «Resullar mesihçileriň arasynda tertip-düzgüniň bolmagy üçin görkezme berýärdiler... „Öwüt-nesihat bermek üçin ýazylan“ zatlara gulak asmak örän wajypdy» (Rim. 15:4). Ýehowanyň guramasy I asyrdaky ýaly, şu günler hem dogan-uýalaryň arasynda tertip-düzgüniň we parahatlygyň bolmagy üçin köp işleri edýär. Aýdaly, siz başga ýerdäki ýygnakda «Garawul diňi» duşuşygyna gatnaşýarsyňyz. Şonda siz nädip geçiriler, haýsy makala okalar diýip, ikirjiňlenip durmarsyňyz. Sebäbi ol ýerdäki ýygnak duşuşyklary siziň ýaşaýan ýeriňizdäki ýaly geçirilýär. Şeýle agzybirligi diňe Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen gazanyp bolýar (Sep. 3:9).

13. Ýakup 3:17 görä, özümize nähili soraglary bermeli?

13 Siz näme edip bilersiňiz? Ýehowa halkynyň «mukaddes ruhuň beren agzybirligini goramaga jan etmegini» isleýär (Efes. 4:1—3). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň bolmagyna goşant goşýarynmy? Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asýarynmy? Ýygnakda jogapkärli borçlarym bar bolsa, dogan-uýalar maňa doly bil baglap bilerlermi? Men ähli zady wagtynda ýerine ýetirýärinmi? Dogan-uýalara höwes bilen kömek edýärinmi?» (Ýakup 3:17-ni okaň). Eger siz öz üstüňizde işlemeli bolsaňyz, Hudaýdan mukaddes ruhy diläň. Siz mukaddes ruhuň özüňize täsir etmegine ýol berseňiz, ýagşy häsiýetlere eýe bolarsyňyz. Şonda dogan-uýalar sizi has-da söýerler we hormat goýarlar.

ÝEHOWA HALKYNA TÄLIM BERÝÄR

14. Koloslylar 1:9, 10-njy aýatlara görä, Ýehowa I asyrda halkyna nädip tälim berdi?

14 I asyr. Ýehowa öz halkyna höwes bilen tälim berýär (Zeb. 32:8). Gökdäki Atamyz biziň Özüni tanamagymyzy, söýmegimizi we ebedi ýaşamagymyzy isleýär. Munuň üçin biz Hudaýyň berýän bilimini almaly (Ýah. 17:3). Ýehowa I asyrda ýygnak arkaly öz halkyna tälim berdi (Koloslylar 1:9, 10-njy aýatlary okaň). Tälim bermekde mukaddes ruhuň, ýagny Isanyň wada beren «kömekçisiniň» hem uly ähmiýeti bar (Ýah. 14:16). Şägirtler mukaddes ruhuň kömegi bilen Hudaýyň Sözüne has gowy düşündiler we Isanyň aýdanlaryny hem eden işlerini ýadyna salyp, dört kitap ýazdylar. Bu bilim I asyrdaky mesihçileriň imanyny berkitdi, Ýehowany, Ogluny we bir-birini ýürekden söýmäge kömek etdi.

15. Ýehowanyň Işaýa 2:2, 3-nji aýatlardaky wadasy nädip ýerine ýetýär?

15 Şu günler. Ýehowa «soňky günlerde» ähli milletli adamlaryň Hudaý barada bilim almak üçin, onuň dagyna ýygnanjakdygyny aýtdy (Işaýa 2:2, 3-nji aýatlary okaň). Biz şu pygamberligiň ýerine ýetýändigini görýäris. «Ýehowanyň dagy», ýagny arassa sežde ýalan dinleriň ählisinden beýikde durýar. Ýehowa halky üçin ruhy saçagyny giňden ýazýar! (Işa. 25:6). Ol «wepaly hem paýhasly hyzmatkäri» arkaly ruhy iýmiti bolluk bilen berýär. Muňa makalalar, nutuklar, wideolar, hatda multfilmler hem degişlidir (Mat. 24:45). Eýýup pygamberiň dosty Alyhuw: «Hudaýa... taý geljek mugallym ýokdur» diýdi. Biz hem onuň sözlerine goşulýarys (Eýp. 36:22).

Ýehowanyň kada-kanunlaryna ýürekden ynanyň we şoňa görä ýaşaň (16-njy abzasa serediň). *

16. Siz ruhy taýdan ösmek üçin näme etmeli?

16 Siz näme edip bilersiňiz? Hudaýyň mukaddes ruhy size Mukaddes Kitaby okap, bilen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanmaga kömek edýär. Mezmurçy şeýle doga etdi: «Ýehowa, maňa ýollaryňy öwret, hakykat ýoluňdan ýöräýin. Bütin kalbym bilen senden gorkaýyn» (Zeb. 86:11). Siz hem ondan görelde alyp, Mukaddes Kitaby we Ýehowanyň guramasy arkaly berýän edebiýatlaryny okaň hem-de çuňňur özleşdiriň. Elbetde, siz bilimli bolmagy däl-de, Hudaýyň kada-kanunlaryna ýürekden ynanyp, şoňa görä ýaşamagy maksat edinmeli. Muny etmäge size Ýehowanyň mukaddes ruhy kömek eder. Şeýle-de siz dogan-uýalary ruhlandyryp, olara kömek etmeli (Ýew. 10:24, 25). Näme üçin? Sebäbi biziň hemmämiz Ýehowanyň çagalary. Siz ýygnak duşuşyklarynda gowy jogap bermek we tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmek üçin, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. Şonda siz Ýehowanyň we Oglunyň «guzularyny» söýýändigiňizi görkezersiňiz (Ýah. 21:15—17).

17. Ýehowanyň guramasyny goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

17 Tizden ýer ýüzünde diňe Hudaýyň guramasy galar. Şol sebäpli Ýehowanyň guramasy bilen eginme-egin işleşeliň. Allatagaladan görelde alyp, biz adamlary ala tutman, hemmelere hoş habary wagyz edeliň. Tertip-düzgüni we agzybirligi halaýan Ýehowanyň göreldesine eýerip, ýygnakda parahatlygyň bolmagyna goşant goşalyň. Beýik Mugallym Ýehowany diňläliň we bol saçagyndaky ruhy iýmitlerden doýalyň. Şonda biz Şeýtanyň dünýäsi ýok edilýändigini görenimizde-de gorkmarys, Ýehowanyň guramasynda wepaly gulluk edýän adamlaryň arasynda başymyzy dik tutup durarys.

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

^ par. 5 Siz Ýehowanyň öz guramasyna ýolbaşçylyk edýändigine ynanýarsyňyzmy? Şu makalada Ýehowanyň öz halkyna I asyrda nädip ýolbaşçylyk edendigini we şu günler nädip görkezme berýändigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 1 DÜŞÜNDIRILIŞ: Ýehowa guramasy arkaly niýetini gökde-de, ýer ýüzünde-de amala aşyrýar. Şu makalada Ýehowanyň guramasynyň ýer ýüzündäki bölegi hakda aýdylýar.

^ par. 52 SURAT: pioner uýa wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edýän dogan-uýalar hakdaky wideolary görýär we olardan görelde almak isleýär. Ol wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp, goýan maksadyna ýetýär.