Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 44

Çagalaryňyz ulalanda-da Hudaýa wepaly bolarmy?

Çagalaryňyz ulalanda-da Hudaýa wepaly bolarmy?

«Isa ulalyp, akylly-paýhasly boldy, Hudaýy we adamlary razy edýärdi» (Luka 2:52).

134-NJI AÝDYM Çagalar Hudaýdan miras

MAZMUNY *

1. Her bir adam üçin iň gowy karar näme?

ENE-ATALARYŇ gelýän kararlary çagalaryna birnäçe ýyllap, hatda bütin ömrüne-de täsir edýär. Ene-atalar ýalňyş karara gelseler, çagalarynyň gül ömrüni kül ederler. Emma dogry karara gelseler, çagalaryna bagtly hem manyly durmuş bererler. Elbetde, çagalaryň özlerem dogry karara gelmeli bolýar. Eger her bir adam gökdäki söýgüden doly Ýehowa sežde etmegi saýlasa, iň gowy karara geler (Zeb. 73:28).

2. Isa we onuň ene-atasy nähili karara geldiler?

2 Isanyň ene-atasy Ýusup bilen Merýem çagalarynyň Ýehowa wepaly bolup ýetişmegi üçin elinde baryny etdiler. Olar Hudaýa gulluk etmegi durmuşynda birinji orunda goýup, dogry karara geldiler (Luka 2:40, 41, 52). Isa hem dogry karara gelip, Ýehowanyň tabşyran işini doly berjaý etdi (Mat. 4:1—10). Isa mähirli, Hudaýa wepaly we batyrgaý adam bolup ýetişdi. Elbetde, hudaýhon ene-atalar şeýle oglunyň bardygyna hem begenerler, hem buýsanarlar.

3. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Makalada şu üç soragyň jogabyny bileris: Ýehowa Isa üçin nähili karara geldi? Mesihçi ene-atalar Merýem bilen Ýusubyň gelen kararyndan näme öwrenip bilýärler? Ýaşlar Isanyň gelen kararyndan näme öwrenip bilýärler?

ÝEHOWADAN GÖRELDE ALYŇ

4. Ýehowa Isa üçin nähili wajyp karara geldi?

4 Ýehowa Isa üçin gowy ene-ata bolar ýaly hudaýhon adamlary saýlady (Mat. 1:18—23; Luka 1:26—38). Mukaddes Kitaby okanymyzda, Merýemiň aýdan sözlerinden Ýehowany jany-teni bilen söýendigini we Sözüne iman edendigini görýäris (Luka 1:46—55). Ýusup hem Ýehowany söýýärdi we razy etmek isleýärdi, sebäbi Onuň tabşyryklaryny ýürekden ýerine ýetirýärdi (Mat. 1:24).

5, 6. Ýehowa Ogluny nähili kynçylyklardan goramady?

5 Ýehowa Isa üçin baý maşgaladan ene-ata saýlamady. Isa dünýä inenden soňra Ýusup bilen Merýemiň ybadathana getiren gurbanlygyndan garyp ýaşandygy görünýär (Luka 2:24). Belki-de, Ýusubyň Nazaretde öýüniň golaýynda kiçiräk ussahanasy bolandyr. Ýusup bilen Merýem örän sada ýaşan bolmaly, sebäbi olaryň azyndan ýedi çagasy bardy (Mat. 13:55, 56).

6 Ýehowa Ogluny käbir howp-hatarlardan gorasa-da, käbir kynçylyklardan goramady (Mat. 2:13—15). Meselem, Isanyň dogan-garyndaşlary, hatda süýtdeş doganlary hem onuň Mesihdigine ynanmadylar. Şonda Isa üçin nähili agyr bolandygyny göz öňüne getiriň (Mar. 3:21; Ýah. 7:5). Şeýle-de Isa kakasy Ýusubyň ölümi sebäpli gaýgy-hasrat çekendir. Isa çagalaryň iň ulusy bolansoň, kakasynyň kärini dowam edendir (Mar. 6:3). Isa ýyl-ýyldan maşgalasynyň aladasyny etmegi gowy öwrendi. Ol maşgalasyny eklemek üçin agyr zähmet çekýärdi. Hawa, Isa halys ýadap, tapdan düşýän adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünýärdi.

Ene-atalar, çagalaryňyza Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermegi we durmuşda duş geljek kynçylyklara döz gelmegi öwrediň (7-nji abzasa serediň). *

7. a) Ene-atalar çagalary terbiýelemek üçin özlerine nähili soraglary bermeli? b) Nakyllar 2:1—6-njy aýatlara görä, ene-atalar çagalaryna näme öwretmeli?

7 Eger siz maşgala guran bolsaňyz we çagaňyzyň bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda özüňize şeýle soraglary beriň: «Biz pesgöwünli, berk imanly ene-ata bolup bilerismi? Ýehowa bize eýjejik balajygy terbiýelemegi ynanarmy?» (Zeb. 127:3, 4). Çagaly ene-atalar bolsa şu soraglaryň üstünde oýlanmaly: «Çagalarymyza zähmeti söýmegi öwredýärismi? (Nes. 3:12, 13). Şeýtanyň dünýäsinde ahlak we beden taýdan abanýan howplardan çagalarymyzy goramak üçin jan edýärismi?» (Nak. 22:3). Elbetde, siz çagalaryňyzyň üstünde ganatyňyzy gerseňiz-de, olary ähli kynçylyklardan gorap bilmersiňiz. Emma siz olara Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermegi we durmuşda duş geljek kynçylyklara döz gelmegi häzirden öwredip bilersiňiz (Nakyllar 2:1—6-njy aýatlary okaň). Meselem, dogan-garyndaşlaryňyzyň biri hakykat ýolundan gitse, çagalaryňyza Mukaddes Kitabyň esasynda näme üçin Ýehowa wepaly galmalydygyny düşündiriň (Zeb. 31:23). Ýa-da garyndaşlaryňyzdan biri aradan çyksa, gaýgy-hasraty ýeňmäge kömek edýän we kalbyňa rahatlyk berýän aýatlary okap beriň (2 Kor. 1:3, 4; 2 Tim. 3:16).

ÝUSUP BILEN MERÝEMDEN GÖRELDE ALYŇ

8. 5 Musa 6:6, 7-nji aýatlara görä, Ýusup bilen Merýem näme etmelidiler?

8 Ýusup bilen Merýem Isany hudaýhon adam edip ýetişdirdiler. Munuň üçin olar Ýehowanyň ene-atalara beren öwüt-nesihatlaryna eýerdiler (5 Musa 6:6, 7-nji aýatlary okaň). Olar Ýehowany ýürekden söýýärdiler we çagalarynyň aňyna hem ýüregine Ýehowa bolan söýgini guýup bildiler.

9. Ýusup bilen Merýem çagalarynyň imanyny berkitmek üçin näme etdiler?

9 Ýusup bilen Merýem çagalary bilen Ýehowa sežde etmegi ähli zatdan ileri tutýardylar. Olar her hepde Nazaretdäki sinagoga barýardylar we her ýyl Iýerusalime Pasha baýramyny bellemäge gidýärdiler (Luka 2:41; 4:16). Belki-de, olar ýolda barýarkalar, Mukaddes Kitapda agzalýan ýerlerden, şäherleriň üstünden geçendirler. Şonda olar çagalaryna Ýehowanyň halkynyň taryhy barada gürrüň berendirler. Emma Ýusup bilen Merýeme Ýehowa sežde etmek hemişe aňsat düşen däldir, sebäbi olaryň maşgalasy ýyl-ýyldan ulalýardy. Elbetde, olaryň eden tagallasy ýerine düşdi! Olar Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýdular we çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etdiler.

10. Ene-atalar Ýusup bilen Merýemiň göreldesine nädip eýerip bilerler?

10 Hudaýhon ene-atalar Ýusup bilen Merýemiň göreldesine nädip eýerip bilerler? Siz Ýehowany ýürekden söýýändigiňizi hem sözde, hem iş ýüzünde görkeziň. Çagalaryňyzyň kalbynda Ýehowa bolan söýgini ösdürseňiz, olara iň gymmatly mirasy sowgat berersiňiz. Şeýle-de olara Mukaddes Kitaby her gün okamagy, Hudaýa doga etmegi, ýygnak duşuşyklaryna yzygider gatnaşmagy we wagyz etmegi öwrediň (1 Tim. 6:6). Elbetde, siz çagalaryňyzy iýdirip-geýdirip, aladasyny edýärsiňiz (1 Tim. 5:8). Emma zalym dünýäniň soňy gelende çagalaryňyzy ne pul, ne-de baýlyk halas eder. Unutmaň, olar Ýehowa bilen dost bolsalar, aman galarlar we täze dünýäde ebedi ýaşarlar * (Hyz. 7:19; 1 Tim. 4:8).

Biz paýhasly kararlara gelýän hudaýhon ene-atalary görüp örän begenýäris! (11-nji abzasa serediň). *

11. a) 1 Timoteos 6:17—19-njy aýatlar ene-atalara paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär? b) Siziň maşgalaňyz nähili maksatlary goýup biler we nähili bereketler garaşýar? (« Siz nähili maksatlary goýup bilersiňiz?» diýen çarçuwa serediň).

11 Biz paýhasly kararlara gelýän hudaýhon ene-atalary görüp örän begenýäris! Olar çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýärler. Olar bilelikde Ýehowa sežde etmek üçin ýygnak duşuşyklaryna, kongreslere barýarlar we hoş habary wagyz edýärler. Käbir ene-atalar çagalary bilen wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmäge gidýärler. Şeýle-de olar çagalarynyň imanyny berkitmek üçin Beýtele barýarlar we guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Elbetde, olar şeýle çärelere gatnaşmak üçin çykdajy edýärler we käbir kynçylyklara duşýarlar. Emma olar ruhy taýdan baý bolup, bol bereketleri alýarlar (1 Timoteos 6:17—19-njy aýatlary okaň). Şeýle maşgalada önüp-ösen çagalar edim-gylymly bolup, ene-atasynyň beren terbiýesine minnetdar bolýarlar (Nak. 10:22).

ISADAN GÖRELDE ALYŇ

12. Isa ulalanda näme etmelidi?

12 Isanyň gökdäki Atasy Ýehowa hemişe dogry karara gelýär. Onuň ýerdäki ene-atasy Ýusup bilen Merýem hem paýhasly karara gelýärdiler. Ýöne Isa ulalanda özi karara gelmelidi (Gal. 6:5). Allatagalanyň ähli adamlara erkinlik berişi ýaly, Isada-da şeýle erkinlik bardy, nähili ýaşamalydygy babatda özi karara gelip bilýärdi. Emma ol öz bähbidine çapman, Ýehowa gulluk etmegi saýlady (Ýah. 8:29). Ýaşlar, siz Isadan nädip görelde alyp bilersiňiz?

Çagalar, ene-ataňyzyň berýän öwüt-ündewini äsgermezçilik etmäň! (13-nji abzasa serediň). *

13. Isa nähili çagady?

13 Isa ene-atasyna gulak asýan akyllyja çagady. Ol özüni köp bilýän, düşünjeli hasaplamady we ene-atasynyň berýän öwüt-ündewini äsgermezçilik etmedi. Ol ene-atasynyň «aýdan-diýeninden çykmaýardy» (Luka 2:51). Isa çagalaryň iň ulusy bolansoň, maşgalasynyň aladasyny etmelidigine düşünýärdi. Ol kakasy Ýusupdan ussaçylygy öwrenmek üçin köp zähmet çeken bolmaly. Indi Isa ejesiniň, jigileriniň aladasyny edip bilýärdi.

14. Biz Isanyň Mukaddes Kitaby gowy bilýändigini nireden bilýäris?

14 Merýem bilen Ýusup Isanyň gudrat bilen dünýä inendigini we perişdeleriň aýdan sözlerini gürrüň beren bolmaly (Luka 2:8—19, 25—38). Emma Isa munuň bilen çäklenmän, Töwrady okaýar we çuňňur özleşdirýär. Biz muny nireden bilýäris? Isa 12 ýaşynda Iýerusalime baranda, ybadathanadaky mugallymlar onuň «düşünjesine we berýän jogaplaryna haýran galdylar» (Luka 2:46, 47). Isa eýýäm çagalygyndan Mukaddes Kitabyň esasynda öz Atasynyň Ýehowadygyny bildi (Luka 2:42, 43, 49).

15. Isanyň Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi wajyp saýandygy nämeden görünýär?

15 Isa Ýehowanyň niýetinde özüniň wajyp orun tutýandygyna göz ýetirende, Atasynyň islegini berjaý etdi (Ýah. 6:38). Ol özüni köp adamlaryň ýigrenjekdigini bilýärdi we ýüregi gam-gussadan dolandyr. Emma ol hemişe Ýehowa tabyn bolýardy. Isa b. e. 29-njy ýylynda suwa çümdürilenden soň, Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip başlady (Ýew. 10:5—7). Isa jebir pürsünde iň soňky demine çenli wepaly bolup, gökdäki Atasyny razy edip bildi (Ýah. 19:30).

16. Çagalar Isadan näme öwrenip bilerler?

16 Ene-ataňyza gulak asyň. Ýusup bilen Merýem ýaly, siziň hem ene-ataňyz bikämil adamlar. Ýöne Ýehowa olara sizi goramagy we terbiýelemegi ynandy. Eger siz ene-ataňyza hormat goýsaňyz we olara gulak assaňyz, «gowy günler görersiňiz» (Efes. 6:1—4).

17. Ýuşa 24:15-e görä, ýaşlar nähili karara gelmeli?

17 Kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň. Siziň özüňiz Ýehowanyň hak Hudaýdygyna göz ýetirmeli, niýetlerine we sizden näme isleýändigine düşünmeli (Rim. 12:2). Şonda siz durmuşda iň wajyp karara gelip, Ýehowa gulluk etmegi saýlarsyňyz (Ýuşa 24:15-i okaň; Nes. 12:1). Mukaddes Kitaby her gün okasaňyz we şahsy okuw geçirseňiz, imanyňyz berk bolar, Ýehowa bolan söýgiňiz sowamaz.

18. Ýaşlar nähili karara gelmeli we netijesi nähili bolar?

18 Ýehowa gulluk etmegi birinji ýerde goýuň. Şeýtanyň dünýäsi ukybyňyzy öz bähbidiňiz üçin ulansaňyz, bagtly bolarsyňyz diýen pikiri öňe sürýär. Aslynda, baýamak isleýän adamlar «köp görgi görýärler» (1 Tim. 6:9, 10). Eger siz Ýehowa gulak assaňyz we oňa gulluk etmegi birinji ýerde goýsaňyz, paýhasly karara gelersiňiz, bagtly ýaşarsyňyz (Ýuşa 1:8).

SIZ NÄMÄNI SAÝLARSYŇYZ?

19. Ene-atalar nämäni unutmaly däl?

19 Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmäge kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň. Siz Ýehowa bil baglasaňyz, paýhasly karara gelmäge kömek eder (Nak. 3:5, 6). Unutmaň, çagalaryňyza siziň sözüňiz däl, edýän işiňiz has güýçli täsir edýär. Goý, siziň gelýän kararlaryňyz çagalaryňyza Ýehowany razy etmäge kömek etsin!

20. Ýehowa gulluk etmegi saýlaýan ýaşlara nähili durmuş garaşýar?

20 Ýaşlar, ene-ataňyz size paýhasly kararlara gelmäge kömek edýärler. Emma Hudaýy razy etmek size bagly. Isa pygamberden görelde alyp, söýgüden doly gökdäki Ataňyza gulluk etmegi saýlaň. Şonda häzirden bagtly, manyly we şatlykly ýaşarsyňyz (1 Tim. 4:16). Gelejekde size lezzetli durmuş garaşýar!

133-NJI AÝDYM Ýehowa ýaşlykdan gulluk ediň

^ par. 5 Hudaýhon ene-atalar çagalary ulalanda-da bagtly bolmagyny we Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmegini isleýärler. Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: ene-ata nähili karara gelse, çagalaryna Hudaýa wepaly galmaga kömek eder? Gowy ýaşar ýaly ýaşlaryň özleri nähili karara gelmeli?

^ par. 10 «Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi» diýen kitaba serediň (rr sah. 69, 70, abz. 17, 18).

^ par. 65 SURAT: Merýem Isa çagalygyndan Ýehowany söýmegi öwreden bolmaly. Şu günler zenanlar Merýemden görelde alyp, çagalaryna Ýehowany söýmegi öwredýärler.

^ par. 67 SURAT: Ýusup maşgalasy bilen sinagoga barmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Şu günler maşgalabaşylar çagalary bilen ýygnak duşuşyklaryna barmagy wajyp hasaplaýarlar.

^ par. 70 SURAT: Isa kakasy Ýusupdan ussaçylygy öwrendi. Şu günler çagalar kakasyndan köp peýdaly zatlary öwrenip bilýärler.