Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 45

Isa pygamberiň tabşyryklaryny berjaý etmegi öwrediň

Isa pygamberiň tabşyryklaryny berjaý etmegi öwrediň

«Gidiň-de... şägirt taýýarlaň... Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» (Mat. 28:19, 20).

89-NJY AÝDYM Diňle, gulak as, bereket al

MAZMUNY *

1. Matta 28:18—20-nji aýatlara görä, Isa pygamber nähili tabşyryk berdi?

ÖLÜMDEN direlen Isa pygamber Jelilede ýygnanan şägirtleriniň ýanyna barýar. Isa olara möhüm zady aýtmakçydy. Nämäni? Isanyň aýdan sözleri Matta 28:18—20-nji aýatlarda (okaň) ýazylan.

2. Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Isanyň şägirt taýýarlamak baradaky tabşyrygy ählimize degişli. Geliň, şol tabşyryk bilen bagly üç sorag hakda oýlanalyň. Birinjiden, okuw geçýänlere diňe Hudaýyň talaplaryny öwretmek ýeterliklimi? Ikinjiden, ýygnakdaky wagyzçylaryň ählisi okuw geçýän adama ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edip bilerler? Üçünjiden, wagyz etmeýän wagyzçylara * ýene-de şägirt taýýarlamaga nädip ýardam edip bileris?

ISANYŇ TABŞYRYKLARYNY BERJAÝ ETMEGI ÖWREDIŇ

3. Biz Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin näme etmeli?

3 Isa bize aýdyň görkezme berdi. Biz adamlara onuň tabşyryklaryny öwretmeli. Emma biz bir wajyp zady unutmaly däl. Isa: «Olara ähli tabşyryklarymy öwrediň» diýmedi. Ol: «Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýdi. Biz Isanyň beren görkezmesine eýermek üçin gyzyklanýan adamlara Mukaddes Kitapdan diňe bir sapak geçmän, öwrenen zatlaryny durmuşynda nädip ulanmalydygyny düşündirmeli (Res. 8:31). Näme üçin?

4. Okuw geçýäne Isanyň tabşyryklaryny berjaý etmäge nädip kömek etmeli? Düşündiriň.

4 Biz adama Isanyň tabşyryklaryny berjaý etmäge nädip kömek etmeli? Geliň, bir mysala seredeliň. Ulag sürmegi öwredýän mugallym okuwçylara ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi öwretmeli. Nädip? Ilki bilen, ol düzgünleri düşündirmeli. Ýöne mugallym ýene-de bir wajyp zady etmeli. Ol okuwçynyň ýanynda oturyp, ulagy uly ýolda sürdürmeli we öwrenen zatlaryna nädip eýermelidigini aýtmaly. Biz şu mysaldan näme öwrenýäris?

5. a) Ýahýa 14:15 we 1 Ýahýa 2:3-nji aýatlara görä, biz okuw geçýänlerimize nämäni öwretmeli? b) Biz olara Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýermäge nädip kömek etmeli?

5 Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlerimize Hudaýyň bizden näme talap edýändigini düşündirmeli, ýöne munuň bilen çäklenmeli däl. Okuw geçýän adamlara öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmagy öwretmeli (Ýahýa 14:15 we 1 Ýahýa 2:3-nji aýatlary okaň). Elbetde, biz göreldämiz bilen olara Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermäge kömek edip bileris. Şonda olar mekdepde-de, işde-de, dynç alanlarynda-da Hudaýy razy ederler. Şeýle-de biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlaryň dürli howplardan gorandygyny ýa-da paýhasly karara gelmäge kömek edendigini gürrüň berip bileris. Okuw geçýänlerimiz bilen bilelikde doga edenimizde, Ýehowanyň olara görkezme bermegi üçin mukaddes ruhuny diläp bileris (Ýah. 16:13).

6. Isanyň tabşyryklaryny berjaý etmegi öwretmek üçin ýene näme etmeli?

6 Isanyň tabşyryklaryny berjaý etmegi öwretmek üçin ýene näme etmeli? Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleri şägirt taýýarlamaga höweslendirmeli. Olaryň käbiri wagyz etmäge gorkýarlar. Şol sebäpli biz olaryň ýüregine täsir eder ýaly, sabyrlylyk bilen tälim bermeli we wagyz etmäge höweslendirmeli. Olara wagyz etmäge kömek etmek üçin ýene-de näme etmeli?

7. Okuw geçýäniňizi wagyz etmäge höweslendirmek üçin näme etmeli?

7 Biz okuw geçýänimize şeýle soraglary berip bileris: «Hudaýyň berýän bilimi durmuşyňyzy nädip özgertdi? Başga adamlar hem hoş habary eşitmelimi? Olara nädip kömek edersiňiz?» (Nak. 3:27; Mat. 9:37, 38). Okuw geçýäniňize «Okuw esbaplaryndaky» kitapçalary görkeziň we dogan-garyndaşlaryna, dostlaryna ýa-da işdeşlerine haýsy kitapçany bermek isleýändigini soraň. Soňra birnäçe kitapçany beriň we nädip teklip edip bolýandygyny sahnalaşdyryň. Okuw geçýäniňiz suwa çümdürilmedik wagyzçy bolandan soň, onuň bilen bile wagyz ediň (Nes. 4:9, 10; Luka 6:40).

DOGAN-UÝALAR, OKUW GEÇÝÄNLERE KÖMEK EDIŇ

8. Okuw geçýänler näme üçin Hudaýy we adamlary ýürekden söýmeli? (« Okuw geçýäne Allatagalany ýürekden söýmäge nädip kömek etmeli?» diýen çarçuwa serediň).

8 Biz adamlara tälim berenimizde, Isa pygamberiň «ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň» diýen sözlerini ýatdan çykarmaly däl. Şeýle-de ol iň wajyp iki tabşyryk berdi: biz Hudaýy hem adamlary söýmeli (Mat. 22:37—39). Şu tabşyryklaryň ikisi-de wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işi bilen berk baglanyşykly. Biz Hudaýy we adamlary söýýändigimiz üçin wagyz edýäris. Elbetde, okuw geçýänleriň käbiri wagyz etmäge gorkýarlar. Biz olara adamlardan gorkyny kem-kemden ýeňmäge Ýehowanyň ýardam etjekdigine ynanmaga kömek etmeli (Zeb. 18:1—3; Nak. 29:25). Şu makaladaky çarçuwada okuw geçýän adama Allatagalany söýmäge kömek etmek üçin näme etmelidigi hakda aýdylýar. Dogan-uýalar okuw geçýäne Hudaýy hem adamlary ýürekden söýmäge nädip kömek edip bilerler?

9. Ulagy sürmegi öwrenmek hakdaky mysaldan nähili sapak edinýäris?

9 Geliň, ýene-de ulagy sürmegi öwrenmek hakda gürrüň edeliň. Okuwçy ulagy sürmegi öwrenmek üçin ýene näme etmeli? Ol mugallymyny diňlemeli we beýleki sürüjileriň ulag sürşüne ünsli bolmaly. Meselem, mugallymy oňa käbir sürüjileriň ugurdaş barýan ulaglara nädip ýol berýändigini görkezýär. Käbir sürüjileriň garşy ugurdan gelýänleriň gözüni gamaşdyrmaz ýaly, uzaga yşyk berýän çyralaryny öçürýändigini aýdýar. Şeýlelikde, okuwçy ýolda ulagy howpsuz sürmegi öwrenýär.

10. Okuw geçýäne ruhy taýdan tiz ösmäge näme kömek edýär?

10 Mukaddes Kitap okuwyny geçýän Ýehowa sežde edip başlanda, täze durmuş ýoluna gadam basýar. Ol özüne sapak geçýänden hakykat bilimini alsa-da, Ýehowanyň beýleki gullukçylaryndan hem köp zatlary öwrenip bilýär. Oňa ruhy taýdan tiz ösmäge ýene-de näme kömek eder? Elbetde, ýygnak duşuşyklary. Ýygnaklarda berilýän bilim Mukaddes Kitaba çuňňur düşünmäge, imanymyzy berkitmäge we Allatagalany ýürekden söýmäge kömek edýär (Res. 15:30—32). Okuw geçýäni ýygnakda özüniňki ýaly kynçylyklary bolan dogan-uýalar bilen tanyşdyryp bilersiňiz. Şonda ol ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany we biri-birini ýürekden söýýän adamlary görer. Geliň, käbir ýagdaýlar hakda gürrüň edeliň.

11. Okuw geçýän ýygnakda kimler bilen tanşyp biler we netijesi nähili bolar?

11 Aýdaly, çagasyny ýeke terbiýeleýän aýal Mukaddes Kitapdan okuw geçýär. Ol ýygnaga baranda bir uýa bilen tanyşýar. Ol uýanyň çagalary bilen ýygnak duşuşyklaryna gelmek üçin edýän tagallasyny görende haýran galýar. Geliň, başga ýagdaýy göz öňüne getireliň. Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam çilim çekmegini goýup bilmeýär. Ol ýygnakda şeýle endigi bolan dogan bilen tanyşýar. Dogan oňa Ýehowany ýürekden söýendigi üçin tabşyryklaryna gulak asyp bilendigini gürrüň berýär (2 Kor. 7:1; Flp. 4:13). Soňra dogan oňa: «Men çilimi taşlan bolsam, senem taşlap bilersiň!» diýýär. Onuň sözleri okuw geçýäne özüni hasam ynamly duýmaga kömek edýär. Ýene bir ýagdaý hakda oýlanalyň. Mukaddes Kitapdan okuw geçýän gyz ýygnakda özi bilen deň-duş uýanyň Hudaýa gulluk edip köp şatlyk tapýandygyny görýär we onuň sebäbini bilesi gelýär.

12. Okuw geçýäniň ruhy taýdan ösmegine her bir dogan-uýa nädip goşant goşup bilýär?

12 Okuw geçýän Hudaýa wepaly dogan-uýalar bilen tanyşsa, Isanyň Hudaýy we adamlary söýmek baradaky tabşyrygyny nädip berjaý etmelidigine düşüner (Ýah. 13:35; 1 Tim. 4:12). Ýokarda agzap geçişimiz ýaly, Mukaddes Kitap okuwyny geçýän adam özüniňki ýaly kynçylyklara döz gelen wagyzçylardan köp zatlary öwrenip biler. Ol Isa Mesihiň şägirdi bolmak üçin özgerişikleri etmegiň kyn däldigine göz ýetirer (5 Mus. 30:11). Ýygnakdaky her bir dogan-uýa okuw geçýänlere ruhy taýdan ösmegine goşant goşup bilerler (Mat. 5:16). Siz ýygnagyňyzdaky okuw geçýänleri nädip goldap bilersiňiz?

WAGYZ ETMEÝÄN WAGYZÇYLARA KÖMEK EDIŇ

13, 14. Isa resullary ruhdan düşende näme etdi?

13 Biz wagyz etmeýän dogan-uýalaryň şägirt taýýarlamak işine ýene-de gatnaşyp, Isanyň tabşyrygyny berjaý etmeklerini isleýäris. Biz Isadan görelde alyp, olara kömek etmeli. Geliň, resullar ruhdan düşende, Isanyň näme edendigi hakda gürrüň edeliň.

14 Isanyň ýerdäki gullugy tamamlanyp, ölmeli sagady golaýlanda, resullaryň «ählisi Isany taşlap, gaçyp gitdiler» (Mar. 14:50; Ýah. 16:32). Isa resullary ruhdan düşende näme etdi? Ol direlenden soňra şägirdi bolan käbir aýallara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä barsynlar. Olar bilen şol ýerde görşerin» diýdi (Mat. 28:10). Görşümiz ýaly, Isanyň resullaryndan göwni geçmedi. Resullar taşlap gitseler-de, Isa olara «doganlarym» diýdi. Hawa, Ýehowa ýaly Isa hem rehimdarlyk we geçirimlilik edýär (2 Pat. 13:23).

15. Biz wagyz etmeýän dogan-uýalara nähili garaýarys?

15 Biz wagyz etmeýän dogan-uýalaryň aladasyny edýäris. Biz olary ýürekden söýýäris, olar biziň dogan-uýalarymyz! Olaryň käbiri onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulluk etdiler, olaryň çeken zähmetini hiç haçan unutmarys (Ýew. 6:10). Biz olara hemişe garaşýarys (Luka 15:4—7). Biz Isanyň göreldesine eýerip, wagyz etmeýän dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?

16. Wagyz etmeýän dogan-uýalaryň nädip aladasyny edip bileris?

16 Ýygnaga çagyryň. Isa ruhdan düşen resullaryny goldamak üçin, olar bilen görüşmek isleýändigini aýtdy (Mat. 28:10b; 1 Kor. 15:6). Biz hem wagyz etmeýän we ýygnaga gelmeýän wagyzçylary ýygnak duşuşyklaryna çagyryp bileris. Belki-de, olar ýygnaga gelýänçä, biz sabyrlylyk bilen birnäçe gezek çagyrmaly bolarys. Isa resullarynyň gelendigini görüp örän begendi. Bir gün bizem şeýle şatlanarys (Matta 28:16 we Luka 15:6-njy aýatlary deňeşdiriň).

17. Wagyz etmeýän wagyzçy ýygnaga gelende näme etmeli?

17 Gujak açyp garşy alyň. Isa şägirtlerini oňaýsyz ýagdaýa salmazlyk üçin, olaryň ýanyna bardy we özi gürrüňe başlady (Mat. 28:18). Biz wagyz etmeýän wagyzçy ýygnaga gelende näme etmeli? Ony mähirli garşy almaly. Biz başda aljyrap, aýtmaga söz tapmarys. Şonda ony utandyrmazlyk üçin: «Görüp, örän begenäýdim!» diýsek hem ýeterlikli bolar.

18. Biz wagyz etmeýän dogan-uýalary nädip goldap bileris?

18 Ýürekden goldaň. Isanyň şägirtleri bütin ýer ýüzüne wagyz edip bilmeris öýdüp gorkandyrlar. Ýöne Isa olary goldamak üçin: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:20). Isa olary ruhlandyryp bildimi? Elbetde! Olar biraz wagtdan «hoş habary wagyz edip», adamlara yhlasly öwredip başladylar (Res. 5:42). Biz hem wagyz etmeýän dogan-uýalary ruhlandyrmaly. Belki-de, olar wagyz etmäge gorkýandyrlar. Biz olar bilen bile wagyz edip, hemişe goldaw berjekdigimizi aýtmaly. Elbetde, olar biziň eden kömegimize minnetdar bolarlar. Eger biz wagyz etmeýän wagyzçylara dogan-uýalarymyz hökmünde garasak, olar ýene-de wagyz edip başlarlar we ýygnagyň şatlygyna şatlyk goşular.

YNANYLAN IŞI SOŇUNA ÇENLI BERJAÝ EDELIŇ

19. Biz nämäni ýürekden etmek isleýäris we näme üçin?

19 Şägirt taýýarlamak işi näçe wagt dowam eder? Isa: «Dünýäniň soňuna çenli» diýdi (Mat. 28:20, sözlüge serediň). Biz muny başararysmy? Elbetde! Biz «ebedi ýaşamak isleýän» adamlara şatlyk bilen wagyz etmek üçin wagtymyzy, güýjümizi we pulumyzy gaýgyrmarys (Res. 13:48). Şonda biz Isa pygamberiň göreldesine eýereris. Ol: «Meniň çöregim meni ibereniň islegini we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir» diýdi (Ýah. 4:34; 17:4). Biz hem Ýehowanyň ynanan işini ýürekden we soňuna çenli berjaý etmek isleýäris (Ýah. 20:21). Şu wajyp işe hemmeleriň, wagyz etmeýän dogan-uýalaryň hem gatnaşmagyny isleýäris (Mat. 24:13).

20. Filipililer 4:13-e görä, Isanyň tabşyrygyny başarjakdygymyza näme üçin ynanýarys?

20 Elbetde, Isanyň tabşyran işi aňsat däl. Emma ony ýeke özümiz ýerine ýetirmeýäris. Isa pygamber bizi goldajakdygyny aýtdy. Ýehowa hem bizi goldaýar, sebäbi biz «Hudaýyň işdeşleri» (1 Kor. 3:9). Diýmek, özümize ynanylan işi başararys we adamlara şatlyk bilen kömek ederis. Mundan uly hormat barmy näme?! (Filipililer 4:13-i okaň).

79-NJY AÝDYM Şägirtlere berk durmagy öwrediň

^ par. 5 Isa pygamber şägirt taýýarlaň we olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň diýdi. Şu makalada Isanyň tabşyran işini nädip ýerine ýetirmelidigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 2 DÜŞÜNDIRILIŞ: alty aý we ondan köp wagt wagyz hasabatyny tabşyrmadyklara wagyz etmeýän wagyzçylar diýilýär. Emma olar biziň dogan-uýalarymyz, biz olary söýmeli.

^ par. 67 SURAT: uýa okuw geçýänine Allatagalany ýürekden söýmek üçin näme etmelidigini düşündirýär. Soňra okuw geçýän Mukaddes Kitabyň üç maslahatyna eýerýär.