Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 47

Siz öz üstüňizde işleýärsiňizmi?

Siz öz üstüňizde işleýärsiňizmi?

«Doganlar... hemişe şatlanyň, düzeliň» (2 Kor. 13:11).

54-NJI AÝDYM «Ine ýol!»

MAZMUNY *

1. Matta 7:13, 14-nji aýatlara görä, biz nähili ýoldan ýöreýäris?

BIZIŇ hemmämiz täze dünýä eltýän ýoldan barýarys. Täze dünýäde söýgüden doly Ýehowa hökümdarlyk eder. Biz şol ýoldan her gün ýöreýäris. Emma Isa pygamber ýoluň insizdigini we ýöremegiň aňsat bolmajakdygyny duýdurdy (Matta 7:13, 14-nji aýatlary okaň). Biz bikämil bolandygymyz üçin ýoldan sowlup bileris (Gal. 6:1).

2. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis? (« Pesgöwünlilik ýoldan sowulmazlyga kömek edýär» diýen çarçuwa serediň).

2 Biz ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan sowulmaz ýaly, garaýşymyzy we gylyk-häsiýetimizi üýtgetmäge taýyn bolmaly. Pawlus resul Korinf şäherindäki mesihçilere hemişe «düzelmegi» öwüt-ündew etdi (2 Kor. 13:11). Elbetde, Pawlusyň maslahaty bize-de degişli. Biz şu makalada ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmaz ýaly Mukaddes Kitabyň we hudaýhon dostlarymyzyň nädip kömek edýändigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesine haýsy ýagdaýlarda gulak asmagyň kyn bolýandygyny bileris. Mundan başga-da, öz üstümizde işlänimizde şatlygymyzy ýitirmän, Ýehowa gulluk eder ýaly pesgöwünlilik häsiýetiniň kömek edýändigi hakda gürrüň ederis.

HUDAÝYŇ SÖZÜNE GULAK ASYŇ

3. Hudaýyň Sözi bize nädip kömek edýär?

3 Bize öz pikirimize we duýgularymyza düşünmek kyn bolýar. Näme üçin? Sebäbi ýüregimiz «hilegär», haýsy ýoldan ýöreýändigimizi saýgaryp bilmeýäris (Ýer. 17:9). Eger biz ýüregimizi diňlesek, «nädogry pikirler» bilen öz-özümizi aldarys (Ýak. 1:22). Şonuň üçin Hudaýyň Sözi arkaly özümizi barlamaly. Mukaddes Kitap bize içki dünýämizi, ýüregimizi, «pikirlerimizi we niýetlerimizi» bilmäge kömek edýär (Ýew. 4:12, 13). Hawa, Hudaýyň Sözi rentgen ýaly ynsanyň gözüne görünmeýän zatlary görkezýär. Emma Mukaddes Kitabyň we Ýehowanyň bellän adamlarynyň maslahatlaryna gulak asmak üçin pesgöwünli bolmaly.

4. Şawul patyşa näme üçin tekepbir boldy?

4 Şawul patyşa bilen bolan wakadan pesgöwünli bolmadyk adamyň başyna nämeleriň injekdigini bilýäris. Şawul patyşa şeýle bir ulumsy bolýar welin, özgermelidirinem öýtmeýär (Zeb. 36:1, 2; Hab. 2:4). Ýehowa Şawul patyşa amalekleri ýeňenden soňra näme etmelidigi hakda anyk tabşyryk berýär. Emma patyşa Ýehowa gulak asmaýar. Şamuwel pygamber Şawula eden günäsini ýüzüne aýdanda, ol özüni aklap, goýberen ýalňyşyny boýun almaýar we günäsini başgalaryň üstüne atýar (1 Şam. 15:13—24). Patyşa öň hem bir sapar Hudaýa gulak asmaýar (1 Şam. 13:10—14). Gynansak-da, patyşa ýüreginde tekepbirligiň kök urmagyna ýol berdi. Ol nädogry pikirini düzetmedi, Ýehowa hem gaharlanyp, ondan ýüz öwürdi.

5. Biz Şawul patyşadan nähili sapak edinýäris?

5 Biz Şawul ýaly tekepbir bolmazlyk üçin özümize şeýle soraglary bermeli: «Men Hudaýyň Sözündäki maslahatlary okanymda, nädogry garaýşymy aklaýarynmy? Ýalňyşlyk goýberenimde, günä etmedim diýip öz-özümi köşeşdirýärinmi? Eden ýalňyşlygymy başgalaryň üstüne atýarynmy?» Eger siz şu soraglaryň ýekejesine «hawa» diýip jogap berýän bolsaňyz, onda pikiriňizi we garaýşyňyzy düzediň. Eger düzetmeseňiz, tekepbirlik ýüregiňizde kök urar, Ýehowa hem siziň bilen dost bolmaz (Ýak. 4:6).

6. Şawul bilen Dawudyň arasynda nähili tapawut bardy?

6 Şawuldan soň Dawut patyşa bolýar. Olaryň arasy ýer bilen gök ýalydy. Dawut «Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýärdi» (Zeb. 1:1—3). Ol Ýehowanyň «pesgöwünlini halas edýändigini, gopbamsyny ýigrenip peseldýändigini» bilýärdi (2 Şam. 22:28). Şol sebäpli Dawut patyşa Hudaýyň kanunlaryna düşünip, nädogry garaýşyny hemişe düzedýärdi. Ol: «Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi öwüt-nesihat berýär. Men gijelerine oýlanyp, sapak edinerin» diýip ýazdy (Zeb. 16:7).

HUDAÝYŇ SÖZI

Hudaýyň Sözi ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmaz ýaly duýduryş berýär. Pesgöwünli bolsak, Hudaýyň Sözüne düşünip, nädogry garaýşymyzy düzederis (7-nji abzasa serediň).

7. Pesgöwünli bolsak näme ederis?

7 Biz pesgöwünli bolsak, Hudaýyň Sözüne düşünip, erbetligiň üstünden barmankak, nädogry garaýşymyzy düzederis. Hudaýyň Sözi bize: «Ine ýol! Şu ýoldan ýöräň!» diýip duýduryş berýär. Biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlara gulak assak, çepe-de, saga-da sowulman hakykat ýolundan ýöräris (Işa. 30:21). Ýehowa näçe köp gulak assak, şonça-da özümize gowy bolar (Işa. 48:17). Meselem, hiç kimden käýinç eşitmeris, ýüzümiz hem gyzarmaz. Ýehowanyň söýgüden doly Ata hökmünde bizi terbiýeleýändigine düşünenimizde, onuň bilen ýakyn dost bolarys (Ýew. 12:7).

8. Ýakup 1:22—25-nji aýatlarda aýdylyşy ýaly, biz Hudaýyň Sözüni nädip aýna ýaly ulanyp bileris?

8 Hudaýyň Sözüni ýüz görülýän aýna meňzetse bolýar (Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň). Biz öýden çykmankak, her gün aýna seredýäris. Şonda bizi hiç kim görmänkä, daş keşbimizi we üst-başymyzy düzedýäris. Edil şonuň ýaly, Mukaddes Kitaby her gün okasak, nädogry pikirlerimizi düzedip bilýäris. Köp dogan-uýalar ir bilen her günki aýady okamagy endik etdiler. Olar Hudaýyň Sözi arkaly aňyny we ýüregini nädogry garaýyşdan arassalaýarlar. Dogan-uýalar Mukaddes Kitapdan okan maslahatlaryna günüň dowamynda eýermäge jan edýärler. Biz her gün Hudaýyň Sözüni okap, oýlanmak üçin gün tertibini düzmeli. Elbetde, Mukaddes Kitaby okamak aňsat ýaly bolup görünse-de, bu bize ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulman ýöremäge kömek edýän iň ähmiýetli zatlaryň biridir.

IMANY BERK DOSTLARYŇYZY DIŇLÄŇ

IMANY BERK DOSTLAR

Imany berk dostumyz bize mähir bilen maslahat berýär. Ýalňyşyňyzy açyk aýdandygy üçin minnetdar bolarsyňyzmy? (9-njy abzasa serediň)

9. Dostuňyz haýsy ýagdaýda sizi düzetmeli bolýar?

9 Siz dogry ýoldan sowlup, Ýehowadan daşlaşyp gördüňizmi? (Zeb. 73:2, 3). Şonda imany berk dostuňyz dogumlylyk bilen maslahat berende gulak asdyňyzmy? Size dogry ýolda ýöremäge kömek edendigi üçin minnetdar bolduňyzmy? (Nak. 1:5).

10. Dostuňyz size maslahat berende näme edersiňiz?

10 Hudaýyň Sözünde: «Wepaly dostuň salan ýaralary... gowudyr» diýilýär (Nak. 27:6). Şu aýatda näme göz öňünde tutulýar? Aýdaly, siz dostuňyz bilen uly ýoldan geçjek bolýarsyňyz. Siz telefonyňyza seredip, saga-sola garaman, ýanýodadan geçip, öňe ýöräp başlaýarsyňyz. Şonda dostuňyz eliňizden berk tutup, sizi derrew yza çekýär. Dostuňyzyň şeýle etmegi eliňizi agyrtsa-da, siziň janyňyzy halas edýär. Eliňizi agyrdandygy üçin dostuňyza gaharlanyp ýa-da ondan öýkeläp ýörärsiňizmi? Ýok. Gaýtam oňa alkyş baryny aýdarsyňyz. Edil şonuň ýaly, bir dostuň edýän gürrüňleriň ýa-da gylyk-häsiýetiň Hudaýyň kada-kanunlaryna laýyk gelmeýändigini aýdanda, ýüregiňe ýara salnan ýaly bolar. Ýöne maslahat berendigi üçin dostuňyza gaharlanyp, öýkeläp ýörseňiz, akmaklyk edersiňiz (Nes. 7:9). Gaýtam ýalňyşyňyzy açyk aýdandygy üçin minnetdar boluň.

11. Dostumyzyň berýän maslahatyny kabul etmäge näme päsgel berip biler?

11 Dostumyzyň ýagşy niýet bilen berýän maslahatyny kabul etmäge näme päsgel berip biler? Tekepbirlik. Adatça, tekepbir adamlar «gulagyna ýakymly zatlary» diňlemegi halaýarlar, «hakykaty diňlemekden» ýüz öwürýärler (2 Tim. 4:3, 4). Olar özüni beýlekilerden has dogruçyl we gowy hasaplap, hiç kimiň maslahatyny diňlemeýärler. Pawlus resul hem: «Eger kimdir biri hiç kim bolup-da, özüni wajyp saýýan bolsa, onda ol özüni aldaýandyr» diýdi (Gal. 6:3). Süleýman patyşa tekepbir adamlar hakda şeýle diýdi: «Maslahata gulak asmaýan, akylsyz, garry patyşadan garyp, paýhasly ýaş ýigit gowudyr» (Nes. 4:13).

12. Galatýalylar 2:11—14-nji aýatlara görä, biz Petrusyň göreldesine nädip eýerip bilýäris?

12 Geliň, Pawlus köpçüligiň içinde Petrusa düzediş berende, onuň özüni nähili alyp barandygyny ýatlalyň (Galatýalylar 2:11—14-nji aýatlary okaň). Petrus resul Pawlusyň maslahaty nirede we nädip berendigine has köp üns beren bolsa, ondan öýke-kine edip ýörärdi. Petrus paýhasly adamdy. Ol Pawlusy ýigrenip ýörmän, maslahatyny kabul etdi. Hatda biraz wagtdan soň ol Pawlusa «gadyrly... doganym» diýdi (2 Pet. 3:15).

13. Biz maslahat bermezden öň näme hakda oýlanmaly?

13 Siz dostuňyza maslahatyň gerekdigini göreniňizde nämeler hakda oýlanmaly? Maslahat bermezden öň özüňize şeýle sorag beriň: «Men öte dogruçylmy?» (Nes. 7:16). «Öte dogruçyl» adam Ýehowanyň kada-kanunlaryna görä däl-de, adamlary öz garaýşyna görä höküm edip, olaryň ýagdaýyna düşünmeýär. Şu zatlaryň üstünde oýlananyňyzdan soňam, dostuňyza düzediş bermeli diýseňiz, oňa eden ýalňyşyny aýdyň we düşünmäge kömek etmek üçin soraglary beriň. Hudaýyň Sözüne esaslanyp maslahat bermelidigiňizi unutmaň. Dostuňyz ýalňyşy üçin size däl-de, Ýehowanyň öňünde jogap berer (Rim. 14:10). Maslahat bereniňizde öz düşünjäňize bil baglaman, Hudaýyň Sözüne eýerip, adamlara duýgudaşlyk bildirýän Isa pygamberden görelde alyň (Nak. 3:5; Mat. 12:20). Näme üçin? Sebäbi biz adamlara duýgudaşlyk bildirsek, Ýehowa hem bize duýgudaşlyk bildirer (Ýak. 2:13).

ÝEHOWANYŇ GURAMASYNYŇ GÖRKEZMESINE EÝERIŇ

ÝEHOWANYŇ GURAMASY

Gurama bize edebiýatlar, wideolar we ýygnak duşuşyklary arkaly Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermäge kömek edýär. Ýolbaşçylyk maslahaty gelen kararlaryna täzeden seredip durýar (14-nji abzasa serediň)

14. Ýehowanyň guramasy biziň üçin nämeleri edýär?

14 Biz Ýehowanyň guramasynyň görkezmesi bilen ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöreýäris. Gurama bize edebiýatlar, wideolar we ýygnak duşuşyklary arkaly Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermäge kömek edýär. Bularyň bary Mukaddes Kitaba esaslanýar. Ýolbaşçylyk maslahatyndaky doganlar wagyz işi bilen bagly kararlara gelende, Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýerýärler. Emma olar gelen kararlaryna täzeden seredip durýarlar. Näme üçin? «Dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýandygy» üçin, Ýehowanyň guramasy-da täze ýagdaýlara görä hereket etmeli bolýar (1 Kor. 7:31).

15. Käbir wagyzçylar nähili kynçylyga duşýarlar?

15 Biz Hudaýyň guramasynyň Mukaddes Kitaba esaslanan taglymatlarynyň we Hudaýyň kada-kanunlarynyň täzeçe düşündirişini höwes bilen kabul edýäris. Emma guramanyň başga özgerişiklerine nähili garaýarys? Meselem, soňky ýyllarda Ýygnak jaýlaryny gurmak we olary gowy ýagdaýda saklamak üçin köp çykdajy edildi. Şol sebäpli Ýolbaşçylyk maslahatyndaky doganlar birnäçe ýygnaklaryň şol bir Ýygnak jaýyny ulanmalydygy barada görkezme berdi. Şeýdip, ýygnaklar birleşdi we käbir Ýygnak jaýlary satyldy. Doganlar şol puly Ýygnak jaýlary gurmak üçin gerekli bolan ýerlere berdiler. Eger siziňem barýan Ýygnak jaýyňyz satylyp, ýygnagyňyz başga ýygnak bilen birleşen bolsa, täze ýere we ýagdaýlara öwrenişmek kyn bolýandyr. Käbir wagyzçylar öýünden has uzakda ýerleşýän Ýygnak jaýyna gitmeli bolýandyr. Ýa-da Ýygnak jaýyny gurmaga we abatlaýyş işlerini geçirmäge kömek eden dogan-uýalar: «Ýygnak jaýyny satjak bolsalar, ony gurmak nämä gerekdi?» diýip geň galýandyrlar. Olar wagtyny we güýjüni biderek ýere gidiren ýaly duýmagy mümkin. Emma olar täze ýagdaýlara öwrenişer ýaly elinde baryny edýärler. Şeýle dogan-uýalar öwgä mynasypdyrlar.

16. Koloslylar 3:23, 24-nji aýatlar bize şatlyk bilen gulluk etmäge nädip kömek edýär?

16 Biz Ýehowa we onuň ýolbaşçylyk edýän guramasy üçin zähmet çekýändigimizi unutmasak, köp şatlyk taparys (Koloslylar 3:23, 24-nji aýatlary okaň). Dawut patyşa sadaka bermekde görelde galdyrdy. Ol ybadathananyň gurluşygy üçin öz gaznasyndan pul berip, şeýle diýdi: «Hudaýa sadaka berer ýaly, men kim, halkym kim? Ähli zady sen berýäň ahyryn. Biz saňa öz beren zatlaryňy gaýtaryp berýäris» (1 Tar. 29:14). Aslynda, biz guramanyň işini goldamak üçin sadaka berenimizde, Ýehowanyň beren zatlaryny yzyna gaýtarýarys. Ýehowa biziň berýän wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi gymmat saýýar (2 Kor. 9:7).

INSIZ ÝOLDAN SOWULMAŇ

17. Öz üstümizde işlemelidigimizi bilenimizde näme üçin ruhdan düşmeli däl?

17 Biz ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan sowulmaz ýaly, Isanyň yzyna eýermeli (1 Pet. 2:21). Belki-de, siz öz üstüňizde işlemelidigiňize düşünip, alada edýänsiňiz. Aslynda, siziň biynjalyk bolmagyňyz, Ýehowanyň tabşyryklaryna çynlakaý seredýändigiňizi görkezýär. Unutmaň, Ýehowa biziň bikämildigimize we Isanyň göreldesine doly eýerip bilmejekdigimize düşünýär.

18. Biz täze dünýä eltýän ýoldan ýöremek üçin näme etmeli?

18 Geliň, täze dünýä eltýän ýoldan sowulmalyň, nädogry garaýşymyzy we gylyk-häsiýetimizi üýtgetmäge taýyn bolalyň (Nak. 4:25; Luka 9:62). Pesgöwünli bolalyň, «hemişe şatlanalyň» we öz üstümizde işläliň. Şonda «söýýän we parahatlyk berýän Hudaý» biziň bilen bolar (2 Kor. 13:11). Ol bize ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ynamly we şatlyk bilen ýöremäge soňuna çenli kömek eder.

34-NJI AÝDYM Wepaly bolaryn

^ par. 5 Biziň käbirimize garaýşymyzy we gylyk-häsiýetimizi üýtgetmek kyn bolýandyr. Şu makalada ählimiziň öz üstümizde işlemelidigimiz we şatlygymyzy ýitirmeli däldigimiz hakda gürrüň ederis.

^ par. 76 SURAT: ýaş dogan (çepde) nädogry karara gelip, onuň netijesi hakda uly ýaşly (sagda) dogana gürrüň berýär. Ol ýaş dogana maslahat bermelimi ýa bermeli däldigini anyklamak üçin ünsli diňleýär.