Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

«Ýehowa meni unutmady»

«Ýehowa meni unutmady»

MEN Gaýanada (Günorta Amerika) indeýleriň 2 000 golaý ilatly obasynda ýaşaýaryn. Obamyzyň ady Oreala we ol ýurduň çetinde ýerleşýär. Oba diňe gaýykda ýa-da kiçi uçarda baryp bolýar.

Men 1983-nji ýylda dünýä indim. Men çaga wagtym sagdyndym. Ýöne on ýaşymda endam-janym agyryp başlady. Iki ýyl geçip-geçmänkä, bir gorkunç waka boldy. Bir gün irden turanymda, asla hereket edip bilmedim. Aýaklarymy näçe hereketlendirjek bolsam-da, gymyldamaýardy. Şol günden bäri men ýöräp bilemedim, boýum hem ösmedi. Häzir boýum on ýaşly oglanyňky ýaly.

Men birnäçe aýlap öýden çykmadym. Günlerde bir gün iki uýa öýümize gelip, hoş habary wagyz etdi. Men myhmanlaryň ýanyna barmaýardym, ýöne şol gün uýalar bilen gürrüňdeş boldum. Olar ýer ýüzünde boljak Jennet barada gürrüň berenlerinde, bäş ýaşymda eşiden zatlarym ýadyma düşdi. Surinamda ýaşaýan Ýetro diýen missioner aýda bir gezek obamyza gelip, kakam bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçerdi. Ol mähirli adamdy, meni gowy görýärdi, menem ony gowy gördüm. Atam bilen enem meni käte obamyzdaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklaryna alyp giderdiler. Şonuň üçin öýümize gelen Florens uýa maňa Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edende razylaşdym.

Başga bir gün Florens uýa äri Ýustus bilen geldi. Olar meniň bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçip başladylar. Şonda harp tanamaýandygymy bildiler we maňa okamagy öwretdiler. Birnäçe wagt geçensoň okamagy öwrendim. Bir güni Florens bilen Ýustus Surinamda gulluk etmäge bellenendiklerini aýtdylar. Gynansak-da, obamyzda maňa Mukaddes Kitapdan okuw geçip biljek adam ýokdy. Emma Ýehowa meni unutmady.

Biraz wagt geçensoň obamyza Floýd pioner dogan wagyz etmäge geldi. Ol öýden-öýe wagyz edip ýörkä, bize-de geldi we maňa Mukaddes Kitap okuwyny teklip etdi. Men bolsa ýylgyrdym, Floýd hem geň galyp: «Dost, näme boldy?» diýip sorady. Men «Hudaý bizden näme talap edýär?» broşýurany doly okap bolandygymy we «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim» * kitabyndan okuw geçip başlandygymy aýtdym. Indi näme üçin okamaýandygymy hem gürrüň berdim. Şeýlelikde, biz «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim» kitabyndan okuwy dowam etdik. Ýöne begenjim uzaga çekmedi. Floýdy hem başga ýere gulluk etmäge bellediler. Men ýene-de mugallymsyz galdym.

2004-nji ýylda obamyza Granwil bilen Joşua doganlary ýörite pioner edip bellediler. Doganlar öýden-öýe wagyz edip ýörkäler, meniň hem ýanyma geldiler. Olar Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edenlerinde, men ýene-de ýylgyrdym. Indi «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim» kitabyny täzeden geçmek isledim. Olar maňa öňki mugallymlarym ýaly öwrederlermikä diýip gyzyklanýardym. Granwil maňa obamyzda ýygnaklaryň bolýandygyny aýtdy. Men on ýyl töweregi öýden hiç ýere çykmandym, ýöne ýygnaga gidesim gelýärdi. Granwil meni maýyplaryň arabasynda Ýygnak jaýyna alyp gitdi.

Soňra Granwil meni Wagyz mekdebine ýazylmaga höweslendirdi. Ol şeýle diýdi: «Sen ýöräp bilmeseňem, gepläp bilýäň-ä. Bir gün jemagat nutugy bilenem çykyş edersiň. Hökman edersiň!» Ol maňa özümi has ynamly duýmaga kömek etdi.

Men Granwil bilen wagyz edip başladym. Obamyzyň ýollary gaty erbetdi, maýyplaryň arabasyny sürmek kyndy. Şonuň üçin Granwil meni kiçiräk arabada wagza äkidýärdi. Men 2005-nji ýylyň aprelinde suwa çümdürildim. Soňra doganlar maňa Ýygnak jaýyndaky edebiýatlar bilen bagly işleri we ses enjamlaryny ulanmagy öwretdiler.

2007-nji ýylda kakam deňiz heläkçiligine uçrady we birnäçe günden soň aradan çykdy. Bu biziň üçin agyr urgy boldy. Şol hasratly günler Granwil biziň bilen doga ederdi, Mukaddes Kitapdan göwünlik berýän aýatlary okap bererdi. Iki ýyldan soň ýene-de ajy habar geldi. Granwiliň münen gaýygy deňizde gark boldy we ol aradan çykdy.

Biziň kiçijik ýygnagymyz gam çekýärdi. Indi ýygnakda ýaşuly dogan ýokdy, ýekeje hyzmatçy dogan bardy. Granwiliň aradan çykmagy maňa agyr degdi, ol jana-jan dostumdy. Ol maňa hemişe kömek edýärdi, her bir ýagdaýda goldaw berýärdi. Granwiliň ölüminden soň ilkinji «Garawul diňi» duşuşygynda makalany men okamalydym. Men makalanyň iki abzasyny okadym, soňra damagym dolup, gözýaşymy saklap bilmedim. Ahyry, sahnadan gaýtdym.

Başga ýygnakdaky doganlar bize kömek etmäge gelenlerinde, özümi rahat duýdum. Şeýle-de filialdaky doganlar Koja dogany ýörite pioner edip ýygnagymyza bellediler. Ejem bilen inim okuw geçdiler we suwa çümdürildiler. Şonda men özümi has bagtly duýdum. 2015-nji ýylyň martynda meni ýygnak hyzmatçysy edip bellediler. Biraz wagtdan soň ilkinji sapar jemagat nutugy bilen çykyş etdim. Şol güni begenjimden ýaňa gözüm ýaşdan dolup, birnäçe ýyl mundan öň Granwiliň aýdan sözlerini ýatladym: «Bir gün jemagat nutugy bilenem çykyş edersiň. Hökman edersiň!»

JW teleýaýlymyny görenimde, meniň ýaly ýarawsyz dogan-uýalaryň bardygyny bildim. Olar keselçilik sebäpli ýagdaýy agyr bolsa-da, köp zatlary edip, şatlanyp ýaşaýarlar. Menem olaryň göreldesine eýerip, bar güýjüm bilen Ýehowa gulluk etmegi ýüregime düwdüm we pioner gullugyna başladym. 2019-njy ýylyň sentýabrynda ýatdan çykmajak gün boldy! Meni ýygnak ýaşulusy edip bellediler. Indi men ýygnagymda 40 wagyzçynyň aladasyny edýärin.

Maňa Mukaddes Kitapdan okuw geçen we wagyz etmäge kömek eden dogan-uýalara örän minnetdar. Esasanam, meni hiç haçan unutmadyk Ýehowa minnetdar!

^ par. 8 Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşiri, indi çap edilmeýär.