Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 49

Direlişiň boljakdygyna ýürekden ynanýarys!

Direlişiň boljakdygyna ýürekden ynanýarys!

«Men Hudaýyň dogruçyllary hem-de erbetleri direltmegine... umyt edýärin» (Res. 24:15).

151-NJI AÝDYM Ol çagyrar

MAZMUNY *

1, 2. Ýehowanyň Şaýatlarynyň nähili ajaýyp umydy bar?

ADAMLARYŇ ählisi bir zada umyt edip ýaşaýar. Meselem, kimdir biri maşgalasynyň bagtly ýaşamagyny arzuw edýär, başga biri çagalarynyň sagdyn bolmagyny isleýär, kimdir biri bolsa agyr keselinden gutulmagyna umyt edýär. Elbetde, bizem şeýle zatlary arzuw edip ýaşaýarys. Emma biziň umydymyz diňe munuň bilen çäklenmeýär, ýagny biz Jennetde ebedi ýaşamagy we ölen dogan-garyndaşlarymyzy ýene-de görmegi arzuw edýäris.

2 Pawlus resul: «Men Hudaýyň dogruçyllary hem-de erbetleri direltmegine... umyt edýärin» diýdi (Res. 24:15). Direlişe bolan umyt hakda ilkinji bolup Pawlus resul aýtmandy. Gadymy döwürde ýaşan Eýýup pygamber hem direliş hakda aýdypdy. Ol Ýehowanyň ýada saljakdygyna we ony direltjekdigine ynanýardy (Eýp. 14:7—10, 12—15).

3. 1 Korinfliler 15-nji bapdaky sözler bize nädip kömek edýär?

3 «Ölen adamlaryň direlmegi» mesihçileriň ynanýan «esasy taglymatlarynyň» biridir (Ýew. 6:1, 2). Pawlus korinflilere ýazan birinji hatynyň 15-nji babynda direliş hakda gürrüň berýär. Onuň ýazan haty I asyrdaky mesihçileriň imanyny berkidipdi. Şol hat biziň hem imanymyzy berkidýär we gelejekde direlişiň boljakdygyna ynamymyzy artdyrmaga kömek edýär.

4. Dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigine näme üçin ynanýarys?

4 Isa pygamberiň direlmegi aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzyň direljekdigine ynandyrýar. Pawlus resul korinflilere ýazan hatynda Isanyň direlişi hakdaky «hoş habary» aýdypdy (1 Kor. 15:1, 2). Pawlusyň aýdyşy ýaly, eger mesihçi direlişiň boljakdygyna ynanmasa, onda onuň Hudaýa «iman etmegi biderekdir» (1 Kor. 15:17). Diýmek, direlişe berk umyt etmek üçin Isanyň direlendigine iman etmeli.

5, 6. 1 Korinfliler 15:3, 4-nji aýatlaryň bize nähili peýdasy bar?

5 Pawlus hatynda direliş barada üç hakykaty belläp geçdi: Isa Mesih biziň «günälerimiz üçin öldi», ol «jaýlandy» we pygamberlik edilişi ýaly «üçünji gün direldi» (1 Korinfliler 15:3, 4-nji aýatlary okaň).

6 Biz Isa pygamberiň ölümi, jaýlanmagy we direlmegi hakda näme üçin bilmeli? Işaýa pygamber Isa Mesihiň «ýagty jahandan ýok ediljekdigini» we «oňa erbetleriň ýanynda gabyr gazyljakdygyny» aýtdy. Mundan başga-da, ol Isa Mesihiň «köp adamlaryň günäsini öz boýnuna aljakdygyny» pygamberlik etdi. Şol sebäpli Isa şirin janyny gurban etdi (Işa. 53:8, 9, 12; Mat. 20:28; Rim. 5:8). Ol bizi günäden hem ölümden azat etdi we ölen dogan-garyndaşlarymyz bilen görüşmäge umyt berdi.

DIRELEN ISANY GÖZI BILEN GÖRENLER

7, 8. Isanyň direlendigine näme üçin ynanýarys?

7 Eger biz Isa Mesihiň direlendigine iman etsek, ölen adamlaryň hem direljekdigine ynanarys. Biz näme üçin Ýehowanyň Isany direldendigine ynanmaly?

8 Isanyň direlendigini gözi bilen gören adamlar bardy (1 Kor. 15:5—7). Pawlusyň ýazan hatyndan görnüşi ýaly, Isa ilki bilen Petrusa (Kifa) göründi. Isanyň Petrusa görnendigini beýleki şägirtler hem tassykladylar (Luka 24:33, 34). Isa ilki resullaryna, soňra «bir wagtda 500-den gowrak doganlara göründi». Belki-de, Pawlus şu sözleri Matta 28:16—20-nji aýatlara salgylanyp aýdandyr. Şeýle-de Isa inisi Ýakuba hem görünýär. Ýakup Isa iman etmeýärdi, ýöne onuň direlendigini görende iman edýär (Ýah. 7:5). Pawlus şu hatyny takmynan b. e. 55-nji ýylynda ýazan bolmaly. Şol wagt Isany gören şägirtleriň köpüsi heniz diridi. Hawa, Isanyň direlendigine hiç hili şübhe ýokdy!

9. Resullar 9:3—5-nji aýatlara görä, Isanyň direlendigini ýene näme subut edýär?

9 Biraz wagtdan soňra Isa Pawlusa hem görünýär (1 Kor. 15:8). Pawlus (Sawul) Damaska barýarka, Isanyň sesini eşidýär we gökdäki şöhratyny görýär (Resullar 9:3—5-nji aýatlary okaň). Pawlus bilen bolan waka Isanyň hakykatdan-da direlendigini subut edýär (Res. 26:12—15).

10. Pawlus Isanyň direlendigine ynanandan soň näme etdi?

10 Pawlusyň beren gürrüňine käbirleri geň galan bolmaly. Sebäbi Pawlus mesihçileri yzarlaýardy. Indi bolsa Isanyň direlendigini gözi bilen gördi we adamlary ynandyrmak üçin köp tagalla etmeli boldy. Pawlus Hudaýyň Isany direlendigini wagyz etmek üçin kynçylyklara döz gelmeli boldy. Ol köp sapar uruldy, türmä basyldy we gämi heläkçiligine uçrady (1 Kor. 15:9—11; 2 Kor. 11:23—27). Pawlus Isanyň direlendigine ynanýardy, hatda hakykaty wagyz etmek üçin ölmäge-de taýyndy. Hawa, Isanyň direlendigini subut edýän wakalar biziň hem imanymyzy berkidýär. Şeýle-de ölen adamlaryň direljekdigine ýürekden umyt edýäris.

NÄDOGRY GARAÝYŞ

11. Korinfdäki käbir mesihçiler direlişe näme üçin nädogry düşünýärdiler?

11 Korinf şäherindäki käbir mesihçiler direlişe nädogry düşünýärdiler. Olaryň käbiri «direlişe ynanmaýardylar» (1 Kor. 15:12). Näme üçin? Sebäbi grek filosoflarynyň käbiri Isanyň direlendigine ynanýan adamlaryň üstünden gülýärdiler. Olaryň garaýşy Korinf şäherindäki mesihçilere-de täsir eden bolmaly (Res. 17:18, 31, 32). Käbirleri bolsa direlişe başgaça düşünýärdiler: günäli bolan adam «öli», mesihçi bolan adam «diri». Diýmek, direlişe ynanmaýan adamyň Hudaýa iman etmegi biderekdir. Eger Ýehowa Isany direltmedik bolsa, töleg hem tölenmezdi, adamlar hem günäden azat bolmazdy. Şol sebäpli direlişe iman etmeýän adamyň umydy puçdur (1 Kor. 15:13—19; Ýew. 9:12, 14).

12. 1 Petrus 3:18, 22-nji aýatlara görä, Isanyň direlmeginiň nähili aýratynlygy bar?

12 Pawlus Isanyň direlendigini gözi bilen görensoň: «Mesih ölümden direldi» diýip ýazdy. Gadymy döwürde Allatagala birnäçe ölen adamlary direldipdi, ýöne olar ýene-de öldüler. Isanyň direlişi bolsa düýbünden tapawutlanýardy. Pawlus Isanyň «ölüm ukusyna gidenleriň arasyndan ilkinji miwe bolup direlendigini» aýtdy. Isa haýsy manyda ilkinji bolup direldi? Ol ruhy şahsyýet bolup direlen we göge galan ilkinji ynsandy (1 Kor. 15:20; Res. 26:23; 1 Petrus 3:18, 22-nji aýatlary okaň).

GÖKDE ÝAŞAJAKLAR

13. Pawlus resul Adam ata bilen Isanyň arasyndaky tapawudy nädip düşündirdi?

13 Ýekeje adamyň ölümi nädip millionlarça adamlara ýaşaýyş berip biler? Pawlus muňa örän ýerlikli jogap berdi. Ol Adam ata sebäpli ynsanyň başyna nämeleriň inendigini we Isa Mesihiň saýasynda adamzada nähili bereketleriň garaşýandygyny düşündirdi. Pawlus Adam ata hakda: «Bir adam arkaly ölüm peýda boldy» diýdi. Adam ata Hudaýa gulak asman, hem öz başyna, hem nesliniň başyna ölümi satyn aldy. Ýöne Ýehowa Ogluny direldip, ajaýyp gelejege umyt berdi. Pawlus şeýle diýdi: «Bir adam (Isa) arkaly hem direliş bolar. Adam ata arkaly hemmeleriň ölşi ýaly, Mesih arkaly-da hemmeler ýaşarlar» (1 Kor. 15:21, 22).

14. Adam ata direlermi? Düşündiriň.

14 Pawlus «Adam ata arkaly hemmeler öldi» diýende, kimleri göz öňünde tutdy? Ol Adam atanyň neslini göz öňünde tutupdy. Adam ata arkaly günä we bikämillik ähli adamlara geçdi, şol sebäpli hemmeler ölýär (Rim. 5:12). Adam ata direlmez. Isa Mesihiň töleg gurbanynyň oňa hiç hili peýdasy bolmaz. Sebäbi ol kämil bolsa-da, Hudaýa gulak asmady. «Ynsan ogly» «geçiler» toparyndaky adamlara nähili höküm çykaran bolsa, Adam ata-da şeýle höküm çykarar, ýagny ol «ebedilik ýok ediler» (Mat. 25:31—33, 46; Ýew. 5:9).

Isa direlip göge galan we ebedi ýaşaýyş sylagyny alan ilkinji ynsandyr. Soňra aradan çykan şägirtleriň köpüsi direlip göge galdylar (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15. 1 Korinfliler 15:22-de kimleriň direljekdigi hakda aýdylýar?

15 Üns beren bolsaňyz, Pawlus resul: «Mesih arkaly-da hemmeler ýaşar» diýdi (1 Kor. 15:22). Pawlus şu haty Korinfdäki gökde ýaşamak üçin saýlanan mesihçilere ýazypdy. Olar «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde mukaddes edildi». Şeýle-de Pawlus «Mesihiň şägirtleri hökmünde ölüm ukusyna gidenleri» hem agzap geçdi (1 Kor. 1:2; 15:18; 2 Kor. 5:17). Pawlus başga bir hatynda: «Biz onuň (Isanyň) ölşi ýaly ölen bolsak, onuň direlişi ýaly-da direlip, onuň bilen birleşeris» diýdi (Rim. 6:3—5). Isa ruhy şahsyýet bolup direldi we soň göge galdy. Diýmek, Isa Mesihiň şägirtleri, ýagny saýlanan mesihçileriň hemmesi Isa ýaly ruhy şahsyýet bolup direler we göge galarlar.

16. Pawlus näme üçin Isa «ilkinji miwe» diýýär?

16 Pawlus Isa Mesihiň «ölüm ukusyna gidenleriň arasyndan ilkinji miwe bolup direlendigini» aýtdy. Ýadyňyzda bolsa, Isadan öň Lazar we başga-da direlen adamlar bardy. Ýöne Isa ruhy şahsyýet bolup direlen we ebedi ýaşaýyş sylagyny alan ilkinji ynsandy. Ony ysraýyllaryň melleginiň ilkinji hasylyny Hudaýa sadaka berşine meňzetse bolar. Pawlus Isa «ilkinji miwe» diýmek bilen, gökde ýaşamak üçin direljek başga-da adamlaryň bardygyny aýtdy. Resullar we beýleki saýlanan mesihçiler Isa ýaly gökde ýaşamak üçin direlmelidiler.

17. Gökde ýaşamak üçin saýlanan mesihçiler haçan direlmelidi?

17 Pawlus korinflilere birinji hatyny ýazan döwri gökdäki ýaşaýyş üçin direliş heniz başlanmandy. Pawlus gelejekde boljak direliş hakda ýazypdy. Ol: «Her kim öz nobatynda direler: ilkinji miwe hökmünde Mesih, soňra Mesih gelende, oňa degişli bolanlar direler» diýdi (1 Kor. 15:23; 1 Sel. 4:15, 16). Şu günler biz Isa Mesihiň gelen döwründe ýaşaýarys. Ýöne resullar we saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyny almak üçin, Isa gelýänçä garaşmaly boldy. Olar wagty gelende «Isanyň direlişi ýaly direlip, onuň bilen birleşmelidi».

DIRELIŞIŇ BOLJAKDYGYNA ÝÜREKDEN YNANYŇ!

18. a) Saýlanan mesihçilerden başga adamlar direlermi? b) 1 Korinfliler 15:24—26-njy aýatlar gökde boljak zatlary nädip düşündirýär?

18 Mukaddes Kitapda «ilkinjileriň hatarynda» Pawlus resul we saýlanan mesihçileriň direljekdigi aýdylýar (Flp. 3:11). Onda olardan başga adamlar direlmezmi näme?! Elbetde, direlerler! Eýýup pygamber hem gelejekde direlişiň boljakdygyna iman edýärdi (Eýp. 14:15). Isa «ähli hökümetleri, häkimiýetleri we güýçleri ýok edende» saýlanan mesihçiler hem onuň ýanynda bolarlar. «Soňky duşman ölüm hem ýok ediler». Gökde ýaşamak üçin direlenler indi hiç haçan ölmez. Onda ýerde ebedi ýaşajaklara näme bolar? (1 Korinfliler 15:24—26-njy aýatlary okaň).

19. Ýerde ýaşajaklaryň nähili umydy bar?

19 Ýerde ebedi ýaşajaklaryň nähili umydy bar? Pawlus şeýle diýdi: «Men Hudaýyň dogruçyllary hem-de erbetleri direltmegine... umyt edýärin» (Res. 24:15). Elbetde, erbetler göge gidip bilmez. Diýmek, Pawlusyň aýdan sözleri ýer ýüzünde direlişiň boljakdygyny görkezýär.

Direlişe bolan umyt gelejege ynamly garamaga kömek edýär (20-nji abzasa serediň) *

20. Şu makala siziň direlişe bolan imanyňyzy nädip berkitdi?

20 Biz direlişiň boljakdygyna ynanýarys! Direlen adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşarlar. Biziň ählimiz şol günlere sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ölüm ukusy sebäpli aýra düşen dogan-garyndaşlarymyz bilen ýene-de görşeris. Olar Isa bilen saýlanan mesihçileriň «1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürjek» döwründe direler (Ylh. 20:6). Eger biz şu günler aradan çykaýsak hem Isanyň Müňýyllyk hökümdarlyk eden döwründe direljekdigimize ynamly bolup bileris. Mukaddes Kitapda: «Umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir» diýilýär (Rim. 5:5). Direlişe bolan umyt biziň imanymyzy berkidýär we Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär. Indiki makalada biz Pawlusyň korinflilere ýazan birinji hatynyň 15-nji babyndan ýene-de köp zatlary bileris.

147-NJI AÝDYM Hudaý ebedi ýaşaýşy wada berýär

^ par. 5 1 Korinfliler 15-nji bapda direliş hakda gürrüň berilýär. Biz direliş barada näme üçin bilmeli? Isa pygamberiň direlendigine näme üçin ynamly bolmaly? Makalada şu we direliş bilen bagly başga-da wajyp soraglaryň jogabyny bileris.

^ par. 56 SURAT: Isa ilkinji bolup göge galýar (Res. 1:9). Soňra Isanyň şägirtleri, şeýle-de Tomas, Ýakup, Lidiýa, Ýahýa, Merýem we Pawlus göge galdylar.

^ par. 58 SURAT: doganyň aýaly aradan çykýar. Olar köp ýyllap Ýehowa wepaly gulluk etdiler. Dogan aýalynyň direljekdigine ynanýar we yhlasly wagyz edýär.