Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 50

Ölen adamlar nädip direler?

Ölen adamlar nädip direler?

«Eý ölüm, hany seniň güýjüň? Eý ölüm, hany seniň zäheriň?» (1 Kor. 15:55).

141-NJI AÝDYM Täsin ýaşaýyş

MAZMUNY *

1, 2. Näme üçin ähli mesihçiler gökdäki ýaşaýyş üçin direliş barada bilmeli?

ŞU GÜNLER Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýär. Emma saýlanan mesihçiler gökde ýaşamaga umyt edýär. Olar gökdäki ýaşaýşyň nähili boljakdygy hakda örän gyzyklanýarlar. Ýöne ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänler hem gökdäki ýaşaýyş hakda bilmek isleýärler. Sebäbi gökde ýaşamak üçin saýlananlar arkaly ýer ýüzünde ebedi ýaşajaklara köp bereketler berler. Şol sebäpli biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt etsegem, gökdäki ýaşaýyş hakda bilmeli.

2 I asyrda ýaşan Isa pygamberiň käbir şägirtleri Ýehowanyň ylhamy bilen gökdäki ýaşaýyş barada ýazdylar. Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Biz häzir Hudaýyň çagalary, emma gelejekde nähili boljakdygymyz heniz äşgär bolmady. Ýöne ol äşgär bolanda, bizem onuň ýaly bolarys» (1 Ýah. 3:2). Diýmek, saýlanan mesihçiler gökde ýaşamak üçin ruhy şahsyýet bolup direlmelidigine düşünmeýärdiler. Emma olar gökdäki sylagyny alansoň, göni manyda Ýehowany görerler. Mukaddes Kitapda gökdäki ýaşaýyş üçin direliş barada jikme-jik aýdylmaýar. Ýöne Pawlus resul käbir zatlary belläp geçdi. Isa «ähli hökümetleri, häkimiýetleri we güýçleri» hem-de «soňky duşman ölümi» ýok edende, saýlanan mesihçiler hem onuň ýanynda bolarlar. Şeýlelikde, Isa ähli zady Ýehowa tabşyrar. Soňra hem özi, hem saýlananlar Ýehowa tabyn bolarlar (1 Kor. 15:24—28). Gör, nähili ajaýyp durmuş garaşýar! *

3. Pawlusa kynçylyklara döz gelmäge näme kömek etdi we nädip?

3 Pawlus direlişe umyt edýärdi, şol sebäpli ol dürli kynçylyklara döz gelip bildi (1 Korinfliler 15:30—32-nji aýatlary okaň). Ol korinflilere ýazan hatynda: «Men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn» diýdi. Soňra sözüni dowam edip: «Efesde ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşdim» diýdi. Gadymy Efes şäherinde üsti açyk uly teatrlarda ýyrtyjy haýwanlary adamlaryň üstüne küşgürýärdiler. Belki-de, Pawlus hem ýyrtyjy haýwanlar bilen göreşmeli bolandyr (2 Kor. 1:8; 4:10; 11:23). Ýa-da ol özlerini ýyrtyjy haýwan ýaly alyp barýan ýehudylary we başga adamlary göz öňünde tutandyr (Res. 19:26—34; 1 Kor. 16:9). Nähili bolaýanda-da, Pawlus howply ýagdaýlara duçar boldy, ýöne ol gelejege ynamly garady (2 Kor. 4:16—18).

Wagyz işi gadagan edilen ýerde ýaşaýan maşgala Hudaýa wepaly galmak üçin jan edýär. Olar Allatagalanyň sylaglajakdygyna berk ynanýarlar (4-nji abzasa serediň)

4. Direlişe bolan umyt dogan-uýalara nädip güýç berýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).

4 Şu günler biz hem kyn we howply döwürde ýaşaýarys. Käbir dogan-uýalar jenaýatçylyk sebäpli ejir çekýär. Käbirleri bolsa uruş gidip duran ýurtlarda ýaşaýarlar. Käbir dogan-uýalar wagyz işiniň çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýerlerinde gulluk edýärler. Olar janyna howp abanýandygyny, azatlykdan mahrum ediljekdigini bilseler-de, Ýehowa wepalylyk bilen gulluk edýärler. Olaryň ählisi mertlik bilen Ýehowa wepaly gulluk edip, biziň üçin gowy görelde bolýarlar. Şu dünýäde olar janyny ýitirseler-de, Ýehowa olary täze dünýäde direltjekdigine ýürekden ynanýarlar.

5. Nähili pikir direlişe bolan umydymyzy üzüp biler?

5 Pawlus resul I asyrdaky dogan-uýalara: «Ölen adamlar direlmeýän bolsa, onda, geliň, „iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris“» diýen pikiriň howpludygyny aýtdy. Belki-de, Pawlus Işaýa 22:13-nji aýada salgylanan bolmaly. Sebäbi gadymy döwürdäki ysraýyllar Hudaýy däl-de, lezzeti söýüp, keýpi-sapada ýaşadylar. Şu günler hem köp adamlar: «Bir günüm — hoş günüm» diýip ýaşaýarlar. Emma ysraýyllar «süýji-süýji iýmäniň, ajy-ajy gägirmesiniň bolýandygyny» unutdylar. Mukaddes Kitapda olaryň gözgyny ýagdaýa düşendigi hakda ýazylan (2 Tar. 36:15—20).

6. Direlişe bolan imanymyzy ýene näme gowşadyp biler?

6 Biz Ýehowanyň ölen adamlary direltjekdigine iman edýäris. Ýöne dost-ýarlarymyz imanymyzy gowşadyp biler. Korinfde ýaşaýan dogan-uýalar hem direlişe ynanmaýan adamlar bilen gatnaşmaly däldi. Diýmek, biz hem «bir günüm — hoş günüm» diýip, keýpi-sapada ýaşaýan adamlar bilen gatnaşmaly däl. Eger şeýle adamlar bilen dostlaşsak, Ýehowanyň ýigrenýän işlerine adaty zat ýaly garap başlarys we aňymyzy zäherläris, hatda günäli işlere hem baş goşmagymyz mümkin. Şol sebäpli Pawlus: «Akylyňyza aýlanyp, dogruçyl ýaşaň we günäli işlerden el çekiň» diýip maslahat berdi (1 Kor. 15:33, 34).

NÄHILI BEDENDE DIRELER?

7. 1 Korinfliler 15:35—38-nji aýatlara görä, käbir adamlaryň direliş barada nähili soraglary bermegi mümkin?

7 1 Korinfliler 15:35—38-nji aýatlary okaň. Käbir adamlar direlişiň boljakdygyna şübhe döretjek bolup: «Ölen adamlar nädip direler? Olar nähili bedende direler?» diýip, soramaklary mümkin. Geliň, Pawlusyň şu soraga näme jogap berendigi hakda bileliň. Sebäbi şu günler adam ölenden soň näme bolýandygy hakda dürli-dürli düşünjeler bar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

Pawlus resul däneli mysal arkaly Allanyň ölen adamlara «isleýşine görä... beden berýändigini» düşündirdi (8-nji abzasa serediň)

8. Pawlus resul däneli mysal arkaly nämäni düşündirdi?

8 Adam ölensoň gara topraga siňip gidýär. Heý-de, älem-jahany ýaradan Gudratygüýçli Allatagala topraga siňip giden adamy direldip bilmezmi? (1 Mus. 1:1; 2:7). Pawlus resul Hudaýyň gökde höküm sürjek adamlary ynsan bedeninde direltmejekdigini düşündirmek üçin bir mysal aýtdy. Topraga ekilen däneden baldak gögerip çykýar, soňra ösüp, uly agaç bolýar. Pawlus resul şu mysal arkaly Ýaradan Allanyň ölen adamlara «isleýşine görä... beden berýändigini» düşündirdi.

9. 1 Korinfliler 15:39—41-nji aýatlara görä, ýaradylan zatlaryň nähili tapawudy bar?

9 1 Korinfliler 15:39—41-nji aýatlary okaň. Pawlus resul Hudaýyň ýaradan zatlarynyň bir-birinden tapawutlanýandygyny aýtdy. Meselem, haýwanlaryň, balyklaryň we guşlaryň bedeni biri-birine meňzemeýär. Pawlus resul Aýyň Güne meňzemeýändigini we ýyldyzlaryň «şöhratynyň bir-birinden tapawutlanýandygyny» aýtdy. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýyldyzlar göwrümi we reňkleri boýunça-da biri-birinden tapawutlanýarlar. Emma biz asmana seredenimizde, olaryň tapawudyny görmeýäris. Pawlus: «Gökdäki ýaşaýanlaryň bedeni başga, ýerde ýaşaýanlaryň bedeni başga bolýar» diýdi. Ol nämäni göz öňünde tutdy? Ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ynsan bedeni bar, ýöne gökde ýaşaýanlaryň ruhy, ýagny perişdeleriňki ýaly bedeni bar.

10. Gökde ýaşajaklar nähili bedende direler?

10 Pawlus resulyň direliş hakda aýdan ýene bir pikirine üns bereliň. Ol: «Ölen adamlaryň hem direlişi şeýle bolýandyr. Olar çüýreýän bedende ekilip, çüýremeýän bedende direlýändir» diýdi. Toprakdan ýaradylan adam ölensoň gara topraga siňip gidýär (1 Mus. 3:19). Onda ölen adam çüýremeýän bedende nädip direlip bilýär? Pawlus resul Ylýas, Alyşa we Isa pygamberiň direlden adamlary hakda däl-de, Allatagalanyň gökde ýaşamak üçin «ruhy bedende» direltjek adamlary barada aýdypdy (1 Kor. 15:42—44).

11, 12. Isanyň we saýlanan mesihçileriň nähili bedende direlendigini düşündiriň.

11 Isa ýer ýüzünde ynsan bedeninde ýaşady. Ol ölümden direlensoň göge galdy we «ýaşaýyş berýän ruh» boldy. Edil şonuň ýaly, saýlanan mesihçilerem gökde ýaşamak üçin «ruhy bedende» direlerler. Pawlus resul şeýle düşündirdi: «Toprakdan ýaradylan ynsanyň keşbine meňzeş bolşumyz ýaly, gökden geleniň keşbine-de meňzäris» (1 Kor. 15:45—49).

12 Pawlus gökdäki direliş barada ýene bir wajyp pikir aýtdy. Ol Isanyň ynsan bedeninde direlmändigini nygtap geçdi. Ol: «Bedenden we gandan bolan adam Hudaýyň Patyşalygyny miras alyp bilmez» diýdi (1 Kor. 15:50). Şol sebäpli resullar we beýleki saýlanan mesihçiler gökde ýaşamak üçin ynsan bedeninde direlmeýärler. Olar haçan direlmelidi? Pawlus resul olaryň ölen badyna däl-de, gelejekde direljekdigini aýtdy. Ol korinflilere birinji hatyny ýazan wagtlary Isanyň käbir şägirtleri «ölüm ukusynda» ýatyrdy. Meselem, Ýakup resul hem öldürilipdi (Res. 12:1, 2). Emma gökde ýaşamak üçin saýlanan resullar we beýleki şägirtler heniz ýaşap ýördi (1 Kor. 15:6).

ÖLÜMIŇ ÜSTÜNDEN GAZANYLAN ÝEŇIŞ

13. Isa Mesih gelende nämeler bolmalydy?

13 Isa pygamber-de, Pawlus resul-da adamzat taryhynda ýatdan çykmajak bir wakanyň boljakdygyny pygamberlik etdiler. Olar Mesihiň gelmegi hakda aýtdylar. Mesihiň gelen döwründe ýer ýüzünde elhenç wakalar: uruşlar, ýertitremeler, gyrgynçylyk we başga-da betbagtçylyklar bolmalydy. Görşümiz ýaly, bu pygamberlik 1914-nji ýyldan bäri ýerine ýetip gelýär. Ýöne Isa Mesih özüniň gelmeli döwründe adamlary halas edýän möhüm işiň ýerine ýetmelidigini aýtdy: Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürüp başlandygy baradaky «hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz edilmelidi» we «soňra dünýäniň soňy gelmelidi» (Mat. 24:3, 7—14). Pawlus resul lsa Mesih gelende, «ölüm ukusynda» ýatan saýlanan mesihçileri Allatagalanyň direltjekdigini aýtdy (1 Sel. 4:14—16; 1 Kor. 15:23).

14. Şu günler saýlanan mesihçiler nädip direlýär?

14 Şu günler saýlanan mesihçiler aradan çykyp, ýerdäki ýaşaýşyny tamamlan badyna göge galýarlar. Muny Pawlus resulyň şu aýdan sözleri tassyklaýar: «Biziň hemmämiz ölüm ukusyna gitmeris, ýöne hemmämiziň bedenimiz üýtgär. Şular soňky surnaý çalnanda göz açyp-ýumasy salymda bolar» (1 Kor. 15:51, 52). Hawa, şu günler Pawlusyň aýdan sözleri ýerine ýetýär! Isa Mesihiň doganlary direlip, gökde ýaşap başlanlarynda ýürekden şatlanarlar, sebäbi olar «hemişe Halypamyzyň ýanynda bolarlar» (1 Sel. 4:17).

Isa Mesih we «göz açyp-ýumasy salymda» gökde ýaşamak üçin direlenler zalym adamlary ýok ederler (15-nji abzasa serediň)

15. Saýlanan mesihçiler gökde nähili işleri ederler?

15 Saýlanan mesihçiler gökde nähili işleri ederler? Isa pygamber olara şeýle tabşyryk berer: «Söweşde ýeňene we tabşyrygymy berjaý edýäne halklaryň üstünden höküm sürmäge ygtyýar bererin. Ol çopan kimin demir hasasy bilen adamlary bakar. Şonda olar toýun gaplar kimin çym-pytrak bolar, sebäbi Atam maňa-da şeýle ygtyýar berdi» (Ylh. 2:26, 27). Olar Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda halklary demir hasa bilen bakarlar (Ylh. 19:11—15).

16. Ölümiň üstünden nädip ýeňiş gazanylar?

16 Saýlanan mesihçiler «ölümiň üstünden ýeňiş gazanarlar» (1 Kor. 15:54—57). Gökde tagtlarda oturan saýlanan mesihçiler ýene bir ýeňiş gazanarlar. Olar Armageddon söweşinde ýer ýüzündäki zalymlygy köki bilen sogrup taşlarlar. Hudaýa wepaly millionlarça mesihçiler «uly betbagtçylykdan geçip», täze dünýäde ýaşarlar (Ylh. 7:14). Olar asyrlaryň dowamynda ölen milliardlarça adamlaryň direlişini gözleri bilen görerler. Adamlar Allatagala alkyş aýdarlar! (Res. 24:15). Ýehowa wepaly galanlar Adam atadan miras geçen ölümiň üstünden ýeňiş gazanarlar. Indi olar ebedi ýaşarlar.

17. 1 Korinfliler 15:58-e görä, biz näme etmeli?

17 Pawlus resulyň direliş baradaky göwünlik beriji sözlerine örän minnetdar! Pawlus: «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekeliň» diýýär. Şu maslahata eýermäge bizde köp mümkinçilik bar (1 Korinfliler 15:58-i okaň). Eger biz muňa ýürekden gulak assak, täze dünýäde eşretli durmuşda ýaşarys. Hawa, «Halypamyz üçin çekýän zähmetimiz biderek däldir». Sebäbi bize bagtly durmuş we ebedi ýaşaýyş garaşýar.

140-NJY AÝDYM Ebedi ýaşaýyş

^ par. 5 Makalada 1 Korinfliler 15-nji bapda ýazylan direlişiň ýene-de käbir aýratynlyklary hakda gürrüň ederis. Pawlus, esasan, saýlanan mesihçileriň direlişi hakda ýazsa-da, ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýänlere-de degişlidir. Şeýle-de makalada direlişe bolan umydyň durmuşymyza täsir edişi we gelejekde bagtly ýaşaýşa has-da ynamly bolmaga kömek edişi hakda bileris.

^ par. 2 Pawlus resulyň 1 Korinfliler 15:29-da aýdan sözleriniň manysy žurnalyň şu sanyndaky «Okyjylaryň sowallarynda» düşündirilýär.