Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Täze dünýäde ebedi ýaşaň!

Täze dünýä ýetip gelýär!

Täze dünýä ýetip gelýär!

Allatagala Ýer şaryny adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin ýaratdy (Zebur 37:29). Ol Adam ata bilen How enäniň bagtly ýaşamagy üçin, olara owadan Erem bagyny berdi. Allatagala olara we gelejekki nesline bütin ýer ýüzüni bagy-bossanlyga öwürmegi tabşyrdy (1 Musa 1:28; 2:15).

Gynansak-da, şu günler Allatagalanyň ýaradan Jennetinden nam-nyşan galmady. Emma Allatagala pikirini üýtgetmedi. Ol ilki başdaky niýetini nädip amala aşyrar? Geçen makalalarda gürrüň edişimiz ýaly, Hudaý Ýer şaryny ýok etmez, gaýtam Özüne gulak asýan adamlary ebedi ýaşadar. Allatagala niýetini nädip amala aşyrar we ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?

Bir hökümet

Tizden Hudaýyň gökdäki Patyşalygy adamlaryň üstünden höküm sürüp başlar. Şonda adamlar agzybir ýaşarlar, ýagşy işleri ederler we çekýän zähmetiniň hözirini görerler. Hudaý Isa pygamberi bütin ýer ýüzüniň üstünden Patyşa edip belledi. Şu günler ýolbaşçylaryň köpüsi halkynyň aladasyny etmeýär, emma Isa öz raýatlarynyň bähbidi üçin elinden gelenini gaýgyrmaz. Ol halkyny ýürekden söýer we mähirli, rehimdar hem-de adalatly Patyşa bolar (Işaýa 11:4).

Halkara agzybirlik

Adamlaryň arasynda milletparazlyk bolmaz, sebäbi adamlar bir maşgala ýaly agzybir ýaşarlar (Ylham 7:9, 10). Adamlar Hudaýa ýürekden gulak asarlar we bir-birine hormat goýarlar. Olar Allatagalanyň Adam ata bilen How enä tabşyran işini ýerine ýetirerler, ýagny bütin ýer ýüzüni Jennet bagyna öwrerler (Zebur 115:16).

Arassa tebigat — asuda ýaşaýyş

Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüniň üstünden höküm sürüp başlanda, älemiň Eýesi Ýehowa tebigata gözegçilik eder (Zebur 24:1, 2). Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda apy-tupana: «Ýuwaş! Sem bol!» diýýär welin, şol bada ümsümlik bolýar. Allatagala oňa gudratly işleri etmäge güýç berýär (Markus 4:39, 41). Isa bütin dünýäniň üstünden höküm sürende tebigy betbagtçylyk bolmaz, haýwanlar adamlara howp salmaz, hiç kim tebigaty hapalamaz (Hoşeýa 2:18).

Sagdyn durmuş — bolelin ýaşaýyş

Täze dünýäde adamlar tut ýaly sagdyn bolar, hiç kim kesellemez, garramaz we ölmez (Işaýa 35:5, 6). Ýer ýüzi Erem bagy ýaly owadan we arassa bolar. Mes toprak bol hasyl berer. Adamlar bolelin durmuşda bagtly ýaşar (1 Musa 2:9). Gadymy döwürde Hudaý ysraýyl halkyny «bolçulykda ýaşadýardy» (3 Musa 26:4, 5). Edil şonuň ýaly, Hudaý Jennetde-de adamlary bolelin durmuşda ýaşadar.

Dünýä dursun parahat!

Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary parahat ýaşarlar, bir-birine ýagşylyk ederler we adalatly bolarlar. Ýer ýüzünde uruş bolmaz. Adamlar zorluk-sütem etmezler we zada zar bolman ýaşarlar. Allatagala şeýle wada berýär: «Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar. Olary hiç kim gorkuzyp bilmez» (Mikaý 4:3, 4).

Owadan öý — gyzykly iş

Her bir adamyň öz öýi bolar, hiç kim kireýine ýaşamaz. Adamlar «öýümi elimden alarlar ýa-da öýümden kowarlar» diýip alada etmezler. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, adamlar «biderek ýere zähmet çekmezler», olar çeken zähmetiniň hözirini görerler (Işaýa 65:21—23).

Allanyň berýän bilimi

Mukaddes Kitapda: «Ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar» diýilýär (Işaýa 11:9). Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary Beýik Biribar Ýehowadan we onuň ýaradan gözel tebigatyndan köp zatlary öwrenerler. Olar ýarag ýasamagy, bir-birine zyýan ýetirmegi däl-de, parahat ýaşamagy we ýer ýüzüniň aladasyny etmegi öwrenerler (Işaýa 2:4; Zebur 37:11).

Ebedi ýaşaýyş

Allatagala adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin owadan Ýer şaryny ýaratdy. Ol adamlaryň ebedi ýaşamagyny isleýär (Zebur 37:29; Işaýa 45:18). Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin «ölümi hemişelik ýok eder» (Işaýa 25:8). Mukaddes Kitapda: «Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» diýilýär (Ylham 21:4). Täze dünýäde ahyrzamandan sag-aman geçenler we ölümden direlen adamlar ebedi ýaşarlar (Ýahýa 5:28, 29; Resullar 24:15).

Şu günler dünýäniň dört künjeginde ýaşaýan millionlarça adamlar Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmak üçin jan edýärler. Olar bikämil bolsa-da, Allatagalany razy edip ýaşaýarlar. Olar Ýehowa Hudaý we Isa pygamber hakda bilim alýarlar (Ýahýa 17:3).

Ahyrzamandan sag-aman geçmek we Jennetde ýaşamak üçin näme etmelidigi hakda köpräk bilesiňiz gelýärmi? Eger bilesiňiz gelýän bolsa, Ýehowanyň Şaýatlary siziň bilen «Ebedi ýaşaň!» kitaby arkaly Mukaddes Kitapdan mugtyna okuw geçip bilerler.