Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 2

Isanyň «gowy görýän şägirdinden» görelde alyň

Isanyň «gowy görýän şägirdinden» görelde alyň

«Birek-biregi söýeliň! Sebäbi söýgi Hudaýdandyr» (1 Ýah. 4:7).

105-NJI AÝDYM «Hudaý söýgüdir»

MAZMUNY *

1. Hudaýyň söýgüsi näme etmäge höweslendirýär?

ÝAHÝA RESUL: «Hudaý söýgüdir» diýdi (1 Ýah. 4:8). Şu ýönekeýje sözler bize wajyp hakykaty ýatladýar. Hudaý ýaşaýşyň gözbaşy bolşy ýaly, söýginiň hem gözbaşy. Ýehowa bizi söýýär. Hudaýyň söýgüsi bizi goraýar, bagtly edýär we wepaly bolmaga höweslendirýär.

2. Matta 22:37—40-njy aýatlara görä, iň wajyp iki tabşyryk näme we ikinji tabşyryga eýermek näme üçin kyn bolup biler?

2 Mesihçiler islesem söýerin, islemesem söýmerin diýip bilmeýär. Sebäbi Mukaddes Kitapda Hudaýy we dogan-uýalary söýmelidigi aýdylýar (Matta 22:37—40-njy aýatlary okaň). Biz Ýehowany näçe gowy tanasak, ony ýürekden söýeris. Şeýle-de Ýehowa kämil Hudaý, ol biziň ýagdaýymyza düşünýär we mähir bilen aladamyzy edýär. Ýöne käte dogan-uýalary söýmek kyn bolup biler. Sebäbi olar aýdýan sözleri we özüni alyp barşy bilen göwnümize degmekleri mümkin. Ýehowa biziň şeýle kynçylyklara duş geljekdigimizi bilýär. Şonuň üçin Ýahýa resul ýaly hudaýhon adamlar Ýehowanyň mukaddes ruhy bilen Mukaddes Kitaba söýgi hakda öwüt-ündewleri ýazdylar (1 Ýah. 3:11, 12).

3. Ýahýa söýgi barada näme diýdi?

3 Ýahýa ýazan hatlarynda mesihçileriň biri-birini söýmelidigini gaýta-gaýta aýtdy. Hoş habarçylar Matta, Markus, Luka — üçüsi bilelikde söýgi barada hoş habarçy Ýahýa ýaly köp agzamaýar. Ýahýa ýüz ýaşlarynda Isa pygamberiň ömri hakdaky Hoş habary we beýleki üç hatyny ýazýar. Şol kitaplarda mesihçileriň her bir işi söýgi bilen etmelidigi aýdylýar (1 Ýah. 4:10, 11). Ýahýa resulyň özüne-de adamlary ýürekden söýmek üçin wagt gerek boldy.

4. Ýahýa resula adamlary ýürekden söýmek hemişe aňsat bolýardymy?

4 Ýahýa resula ýaş wagty adamlary ýürekden söýmek hemişe aňsat bolmaýardy. Bir gün Isa şägirtleri bilen Samariýanyň üsti bilen Iýerusalime barýardy. Olar Samariýanyň bir obasyna baryp, myhman almagy haýyş edýärler. Emma samariýalylar olary kabul etmeýärler. Şonda Ýahýa näme etdi? Ol Isadan: «Gökden ot ýagdyryp, olary ýok edelimi?» diýip soraýar (Luka 9:52—56). Başga bir ýagdaýda bolsa, Ýahýa beýleki resullara söýgüsini görkezip bilmedi. Ýahýa bilen Ýakup ejesini Isanyň ýanyna iberýärler. Ol hem Isanyň ýanyna baryp, Patyşalygyňda iki ogluma hormatly ýer ber diýip soraýar. Resullar muny eşidip, Ýakup bilen Ýahýa gaharlanýarlar (Mat. 20:20, 21, 24). Ýahýa köp ýalňyşsa-da, Isa ony söýýärdi (Ýah. 21:7).

5. Şu makalada nämeleri bileris?

5 Şu makalada Ýahýa resuldan we söýgi barada ýazan hatlaryndan köp zatlary öwrenip bileris hem-de dogan-uýalary ýürekden söýmelidigimiz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de maşgalabaşynyň aýalynyň we çagalarynyň nädip söýgi bilen aladasyny etmelidigi barada bileris.

SÖÝGÜŇIZI IŞ ÝÜZÜNDE GÖRKEZIŇ

Ýehowa biziň üçin söwer oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi (6, 7-nji abzaslara serediň).

6. Ýehowanyň söýgüsi nämeden görünýär?

6 Söýgi sözüni eşidenimizde, köplenç ýakymly duýgular, mähirli sözler göz öňümize gelýär. Ýöne hakyky söýgi iş ýüzünde görkezilýär (Ýakup 2:17, 26-njy aýatlary deňeşdiriň). Meselem, Ýehowa bizi söýýär (1 Ýah. 4:19). Ol bizi söýýändigini täsirli sözler arkaly Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Zeb. 25:10; Rim. 8:38, 39). Ýöne Hudaý bizi söýýändigini iş ýüzünde hem görkezýär. Ýahýa resul şeýle ýazýar: «Hudaýyň söýgüsini şundan bilýäris: Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberip, ol arkaly ýaşaýşa ýol açdy» (1 Ýah. 4:9). Ýehowa biziň üçin söwer oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi (Ýah. 3:16). Hawa, Ýehowanyň bizi söýýändigine asla şübhelenmän bileris.

7. Isa pygamberiň söýgüsi nämeden görünýär?

7 Isa pygamber hem şägirtlerine söýýändigini aýdýardy (Ýah. 13:1; 15:15). Ýöne ol söýgüsini iş ýüzünde hem görkezdi. Isa şeýle diýdi: «Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur» (Ýah. 15:13). Ýehowa bilen Isa pygamberiň adamlary söýýändigi hakda oýlansak, olardan görelde almak isläris.

8. 1 Ýahýa 3:18-e görä, biz näme etmeli?

8 Biz Ýehowa bilen Isa pygambere gulak assak, olary söýýändigimizi görkezeris (Ýah. 14:15; 1 Ýah. 5:3). Isa: «Biri-biriňizi söýüň» diýip tabşyrdy (Ýah. 13:34, 35). Biz dogan-uýalary diňe bir sözde däl-de, iş ýüzünde hem söýmeli (1 Ýahýa 3:18-i okaň). Biz dogan-uýalary söýýändigimizi haýsy ýagdaýlarda görkezip bileris?

DOGAN-UÝALARY ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ

9. Ýahýa resul dogan-uýalary söýýändigi üçin näme etdi?

9 Ýahýa resul pul gazanmak we maşgalasyny eklemek üçin kakasy bilen balyk tutmagyny dowam edip bilerdi. Ýöne ol ömrüni Ýehowa we Isa pygamber hakda hakykaty wagyz etmäge bagyş etdi. Ýahýanyň saýlan ýoly aňsat däldi. Ýahýany wagyz edýändigi üçin yzarladylar, I asyryň ahyrynda, ýagny garran çagynda sürgün etdiler (Res. 3:1; 4:1—3; 5:18; Ylh. 1:9). Ýahýa resul sürgünde wagty hem dogan-uýalary söýýändigini görkezdi. Meselem, ol Patmos adasynda Ylham kitabyny ýazdy we şol kitaby dogan-uýalara iberip, «tizden boljak zatlary» habar bermek isledi (Ylh. 1:1). Ýahýa Patmos adasyndan boşap gelenden soň, Isanyň ömri we wagzy hakdaky Hoş habary ýazan bolmaly. Şeýle-de dogan-uýalary ruhlandyrmak we berkitmek üçin ýene üç hat ýazdy. Dogrudanam, Ýahýa resul bütin ömrüne janyny aýaman gulluk etdi. Biz ondan näme öwrenip bileris?

10. Adamlary söýýändigiňizi nädip görkezip bilersiňiz?

10 Siz saýlan ýoluňyz bilen adamlary söýýändigiňizi görkezip bilersiňiz. Şeýtanyň dünýäsi özüňi bilip ýaşamaga, bar güýjüňi we wagtyňy sarp edip, at-abraý gazanmaga höweslendirýär. Ýöne janaýamaz wagyzçylar başga ýoly saýlaýar. Olar hoş habary wagyz edip, adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin köp wagtyny sarp edýärler. Käbirleri bolsa wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine bar wagtyny sarp edip, uzak wagtly gulluk edýärler.

Biz maşgalamyzy we dogan-uýalary söýýändigimizi iş ýüzünde görkezýäris (11, 17-nji abzaslara serediň) *

11. Dogan-uýalar Ýehowany we imandaşlaryny söýýändigini nädip görkezýärler?

11 Hudaýa wepaly dogan-uýalar gazanç etmek we maşgalasyny eklemek üçin uzakly gün işlemeli bolýarlar. Ýöne olar Hudaýyň halkyny goldamak üçin elinde baryny edýärler. Meselem, olar betbagtçylyk bolan ýerde kömek edýärler, gurluşyk işlerine gatnaşýarlar we bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul sadakalaryny berýärler. Olar şu işleri Hudaýy we ýakynyny söýýändikleri üçin edýärler. Hudaýa wepaly dogan-uýalar ýadaw bolsalar-da, ýygnaklara yzygiderli gatnaşýarlar; biraz aljyrasalar-da jogap berip, biri-birini söýýändigini görkezýärler. Olaryň kynçylyklary bolsa-da, ýygnakdan öň we soň dogan-uýalary ruhlandyrýarlar (Ýew. 10:24, 25). Biz şeýle dogan-uýalaryň edýän ýagşy işlerini görüp örän begenýäris.

12. Ýahýa resul dogan-uýalary söýýändigini ýene nädip görkezdi?

12 Ýahýa resul dogan-uýalary söýýändigi üçin öwýärdi we gerekli maslahatlary berýärdi. Meselem, ol hat ýazyp, dogan-uýalary ýagşy işleri we Hudaýa wepalydyklary üçin öwýärdi. Şeýle-de olar günä etmez ýaly berk maslahat berýärdi (1 Ýah. 1:8—2:1; 3 Ýah. 3—7). Bizem Ýahýa resuldan görelde alyp, dogan-uýalary söýýändigimiz üçin, olaryň ýagşy işlerini öwmeli. Olaryň erbet garaýşynyň ýa-da endiginiň bardygyny bilsek, mähir bilen maslahat hem bermeli. Dostuňa maslahat bermek üçin batyrgaýlyk gerek, sebäbi Mukaddes Kitapda hak dostlaryň biri-birini ýiteldip, düzetmelidigi aýdylýar (Nak. 27:17).

13. Dogan-uýalary söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

13 Biz käte dogan-uýalary söýýändigimizi görkezmek üçin sabyrly bolmaly. Meselem, olar göwnümize degse, derrew öýkelemän, ýürekden bagyşlamaly. Geliň, Isa pygamberiň ýerdäki ömrüniň ahyrynda bolan waka seredeliň. Ol şägirtlerine ýaşaýşa gowuşmak üçin «bedenimi iýip, ganymy içmelisiňiz» diýdi (Ýah. 6:53—57). Şägirtleriň köpüsi Isanyň sözlerini eşidip ör-gökden geldiler we ony taşlap gitdiler. Ýöne Ýahýa ýaly Isanyň wepaly dostlary ondan ýüz öwürmedi. Olaram Isanyň sözlerine geň galdylar, manysyna düşünmediler, ýöne öýkeläp gitmediler. Sebäbi Isa ynanýardylar, aýdýan sözleriniň hakykatdygyny bilýärdiler (Ýah. 6:60, 66—69). Geliň, bizem dostumyzyň aýdan sözi üçin derrew öýkelemäliň, gaýtam düşünişmezligi çözmek üçin dostumyz bilen gürleşeliň (Nak. 18:13; Nes. 7:9).

14. Dogan-uýalary näme üçin ýigrenmeli däl?

14 Ýahýa resul dogan-uýalary ýigrenmäň diýip maslahat berdi. Eger şu maslahata eýermesek, onda Şeýtana özümizi oýnadarys (1 Ýah. 2:11; 3:15). I asyryň soňlarynda Şeýtan Hudaýyň halkynyň arasynda bölünişik döretmek we biri-birini ýigrenmekleri üçin elinde baryny etdi. Ýahýanyň ýygnaklara hat ýazan döwri, Şeýtanyň duzagyna düşen Diýotref ýaly adamlar dogan-uýalaryň arasynda bölünişik we agzalalyk döredýärdi (3 Ýah. 9, 10). Ol ýolbaşçylyk maslahatynyň iberen wekillerine hormat goýmaýardy. Olary myhman almak isleýänleri ýygnakdan çykarjak bolýardy. Diýotref örän tekepbir adamdy. Şeýtan şu günlerem Hudaýyň halkynyň arasynda agzalalyk we ýigrenç döretmek üçin elinde baryny edýär. Geliň, hiç haçan Şeýtanyň duzagyna düşmäliň!

MAŞGALAŇYZY SÖÝÜŇ

Isa Ýahýa resula ejesiniň aladasyny edip, imanyny berkitmegi tabşyrdy. Maşgalabaşylar hem aýalynyň we çagalarynyň aladasyny etmeli (15, 16-njy abzaslara serediň)

15. Maşgalabaşylar nämä düşünmeli?

15 Aýalyny we çagalaryny söýýän maşgalabaşy olary eklemek üçin zähmet çekýär (1 Tim. 5:8). Ýöne ol maşgalasynyň Ýehowa bolan imanyny berkitmegiň hem wajypdygyna düşünýär (Mat. 5:3). Isa maşgalabaşylara gowy görelde görkezdi. Ýahýanyň hoş habaryna görä, Isa jebir pürsünde asylgy durka-da, ejesiniň aladasyny etdi. Şol wagt Isanyň ýanynda ejesi Merýem we Ýahýa resul durdy. Ol ejir çekýänem bolsa, ejesi Merýemiň aladasyny etmegi Ýahýa tabşyrdy (Ýah. 19:26, 27). Isanyň süýtdeş doganlary Merýemiň iýjek-içjegini ýetirip durardylar, ýöne olar Isanyň şägirdi däldiler. Şonuň üçin Isa Ýahýa resula ejesiniň aladasyny edip, Ýehowa imanyny berkidip durmagy tabşyrdy.

16. Ýahýa resulyň nähili jogapkärçiligi bardy?

16 Ýahýa resulyň köp jogapkärçiligi bardy. Ol resul bolandygy üçin wagyz işine ýolbaşçylyk edýärdi. Ýahýanyň maşgalasy hem bolandyr. Ol maşgalasyny eklemek we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek üçin jan edendir (1 Kor. 9:5). Maşgalabaşylar Ýahýanyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

17. Maşgalabaşylaryň nähili jogapkärçiligi bar?

17 Maşgalabaşylaryň köp jogapkärçiligi bar. Olar maşgalasyny eklemek üçin yhlas bilen zähmet çekip, Ýehowany şöhratlandyrýar (Efes. 6:5, 6; Tit. 2:9, 10). Maşgalabaşylaryň ýygnakda-da köp jogapkärçiligi bar. Meselem, çopançylyk idegini edip, dogan-uýalary ruhlandyrýarlar we wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler. Şeýle-de maşgala okuwyny yzygiderli geçirýärler. Hawa, olar maşgalasyny ekleýärler, ruhlandyryp durýarlar we Ýehowa imanyny berkidýärler. Maşgalabaşylaryň edýän tagallasyny aýaly we çagalary örän gymmat saýýar (Efes. 5:28, 29; 6:4).

«MENI HEMIŞE SÖÝÜŇ»

18. Ýahýa resul nämä ynanýardy we näme üçin?

18 Ýahýa resul durmuşynda her dürli wakalary başdan geçirdi, uzak ömür sürdi. Şeýle-de ol imany gowşadyp biljek köp kynçylyklara-da duş geldi. Ýöne ol Isanyň dogan-uýalary söýüň diýen tabşyrygyna eýermek üçin elinde baryny etdi. Şonuň üçin Ýahýa Ýehowanyň we Isanyň özüni söýýändigine asla şübhelenmeýärdi. Ýahýa olaryň kynçylyklarda güýç berip goldajakdygyna ynanýardy (Ýah. 14:15—17; 15:9, 10; 1 Ýah. 4:16). Şeýtan-da, onuň dünýäsi-de Ýahýa resulyň dogan-uýalara söýgüsini sowadyp bilmedi. Ol söýgüsini sözde we iş ýüzünde görkezýärdi.

19. 1 Ýahýa 4:7-ä görä, näme etmeli we näme üçin?

19 Bizem Ýahýa resul ýaly hiç kimi söýmeýän Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýarys (1 Ýah. 3:1, 10). Şeýtan biziň dogan-uýalara bolan söýgimizi sowatmak isleýär. Ýöne ol bizi mejbur edip bilmeýär. Şonuň üçin, geliň, dogan-uýalary söýmegi, söýgimizi sözde we iş ýüzünde görkezmegi ýüregimize düweliň. Şeýtsek, Ýehowanyň halkynyň arasynda bolmak bize şatlyk berer. Mundan uly bagt ýok bolsa gerek! (1 Ýahýa 4:7-ni okaň).

88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret

^ par. 5 Ýahýa resul Isanyň «gowy görýän şägirdi» hasaplanýar (Ýah. 21:7). Onuň ýaşlygyndan gowy häsiýetleri bardy. Ýahýa resul garran çagynda, Hudaýyň ylhamy bilen söýgi barada köp zatlary ýazdy. Şu makalada Ýahýanyň ýazan hatlaryna serederis we onuň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

^ par. 59 SURAT: maşgalabaşy betbagtçylyk bolan ýerde kömek edýär, bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul sadakasyny berýär, maşgala okuwyna dogan-uýalary çagyrýar.